>(Aşgabat şäheri, 2014-nji ýylyň 27-nji maýy)
Hormatly adamlar!
Hormatly Guramaçylyk komitetiniň agzalary!
Şu gün biz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Mejlise bu Aziýa oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň ýolbaşçylaryny çagyrdyk.
V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwrüne çenli az wagt galdy. Häzirki wagtda bu oýunlary geçirmäge taýýarlyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Emma bu uly sport ýaryşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, biz indi bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň indiki, nobatdaky tapgyryna girişmeli. Şu maksat bilen, men ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi tabşyrýaryn. Şunuň bilen bagly siziň öňüňizde birnäçe möhüm wezipeler durýar.
Sport baradaky döwlet komiteti hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet:
– 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen bagly esasy meseleleri kesgitleýän Baş meýilnamany düzmegi ýakyn wagtda tamamlamaly we tassyklamaga bermeli.
– V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak ýurtlary resmi taýdan kesgitlemek, şeýle hem bu Oýunlaryň maksatnamasyna giriziljek sportuň görnüşlerini kesgitlemek üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen ýazmaça ylalaşygy baglaşmak maksady bilen, bu resminamany gol çekmek üçin taýýarlamaly.
– Sportuň haýsy görnüşleri boýunça zerur bolsa, ýakyn wagtlarda milli federasiýalary döretmeli. Bu federasiýalaryň degişli halkara sport federasiýalary tarapyndan hasaba alynmagyny gazanmaly.
– Milli sport federasiýalarynyň düzümini berkitmeli. Olaryň işgär sany, guramaçylyk düzümi we enjamlar boýunça üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmeli. Bu federasiýalary iňlis dilini bilýän işgärler bilen, şeýle hem edara binalary bilen üpjün etmek boýunça bar bolan meseleleri gysga wagtyň içinde çözmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe işe çekiljek tälimçiler toparyny döretmeli.
– 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň we toparlaryň köp sanly halkara ýaryşlaryna we dünýä derejeli ýaryşlara gatnaşmaklaryny üpjün etmeli.
– Sportuň dürli görnüşleri boýunça eminleriň wezipesine dalaşgärleri saýlap almaly we olary taýýarlamaly. V Aziýa oýunlary geçirilenden soň hem ýokary taýýarlykly eminleriň gerek boljakdygyny göz öňünde tutup, bu ugurda zerur işleri geçirmeli.
– Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli bolan toplumlary boýunça türgenler barada maglumatlar binýadyny döretmeli.
Üstünlikli çykyş edýän türgenleri saýlap almaly we olary ýaryşlarda çykyş etmek üçin taýýarlamaly.
– V Aziýa oýunlarynyň dowamynda diňe bir türgenleriň ýa-da tehniki işgärleriň däl-de, eýsem Ýerine ýetiriji komitetiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, şeýle hem ministrlikleriň ýolbaşçy işgärleriniň tejribe toplamagyny gazanmak maksady bilen, halkara federasiýalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä çempionatlaryna we beýleki sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklaryny guramaly.
Aşgabat şäheriniň häkimligi:
– Paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.
– V Aziýa oýunlaryna degişli mahabatlandyryjy wideoşekilleri elektron ekranlarda görkezmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmaly.
– V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çenli galan wagtyň hasabyny ýöredýän elektron görkezijileri şäheriň kesgitlenen ýerlerinde ýerleşdirmäge taýýarlyk görmeli.
– Aziýa oýunlaryny alamatlandyrýan görkezijileri, suratlary we duralgalarda ýerleşdirmäge niýetlenen bezegleri taýýarlamaly. Şeýle hem, olary ýerleşdirmek göz öňünde tutulan ýerleri taýýar etmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnajak ugurlaryny, şeýle hem gatnawyň öň bar bolan we täze açyljak ugurlaryny kartalarda bellemeli. Kartalary yzygiderli täzeläp durmaly. Bu kartalary şäheriň belli-belli ýerlerinde ýerleşdirmeli.
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwründe Olimpiýa toplumynyň binalaryny we desgalaryny talaba laýyk ulanmak maksady bilen, jogapkär işgärleri bellemeli. Bu işgärleri desgalaryň ähli üpjünçilik ulgamlary bilen tanyşdyrmaly hem-de olaryň gysga wagtyň içinde öz wezipelerine girişmeklerini gazanmaly.
– Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde ýerleşýän, gurluşyk işleri tamamlanan desgalary ulanjak edara gutarnykly kabul etmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýerlerine barýan esasy köçeleri we ýollary abadanlaşdyrmaly. Bu köçeleriň ugrunda ýerleşýän jaýlary abatlamak we timarlamak boýunça zerur işleri geçirmeli.
– Şäheri abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşýan işgärler üçin V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan ýörite eginbaşlaryň nusgalaryny taýýarlamaga girişmeli.
– Oýunlaryň geçiriljek döwründe Olimpiýa şäherjiginde we türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde arassaçylyk işlerini geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamaly we bu işleri talaba laýyk guramaly.
– Türkmen hem-de iňlis dillerindäki ýol belgileriniň we ýazgylarynyň nusgalaryny taýýarlamaly.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe meýletin işlejek ýardamçylaryň aragatnaşyk merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitlemeli. Bu merkeziň üpjünçilik ulgamlaryny taýýarlamaly.
Döwlet migrasiýa gullugy:
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmeli. Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri bilen tomaşaçylara, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, Oýunlara gatnaşyjylara, tehniki işgärlere we türgenlere rugsatnamalary (wizalary) bermegiň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmaly.
Daşary işler ministrligi:
– V Aziýa oýunlaryndan öň we bu Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýurdumyza gelýän ýokary derejeli (VIP) myhmanlary, ýagny döwlet wekillerini, Halkara Olimpiýa komitetleriniň wekillerini, halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny garşylamagyň we olaryň gatnaşjak çäreleriniň protokol düzgünlerini kesgitlemek üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gepleşikleri geçirmeli.
– Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna V Aziýa oýunlary baradaky maglumatlary ibermeli. Bu wekilhanalar öz ýerleşýän ýurtlarynda Aziýa oýunlary bilen bagly mahabat çärelerini guramaly.
– V Aziýa oýunlaryna hormatly myhmanlary, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny çagyrmaly. Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hormatly myhmanlaryň bu Oýunlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi:
– 2017-nji ýyla çenli paýtagtymyzyň abadanlaşdyrmak zerur bolan çäklerini, köçeleri we ýollary kesgitlemeli. Bu çäkleri, köçeleri we ýollary abadanlaşdyrmagyň maksatnamasyny we býujetini düzmeli.
Maliýe ministrligi:
– V Aziýa oýunlarynyň býujetini düzmäge we bu ugurda zerur bolan meseleleri ylalaşmaga girişmeli.
– Aşgabat şäherinde töleg kartlaryny (Visa–Mastercard) ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmaly.
– Olimpiýa şäherjiginde, türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde we Aşgabadyň kesgitlenen beýleki ýerlerinde erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň bankomatlaryny ýerleşdirmeli.
– Halkara bank amallaryny geçirmegi guramak maksady bilen türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde bankyň şahamçasyny açmaly.
– V Aziýa oýunlarynyň býujetini düzmeli we bu ugurda zerur bolan meseleleri ylalaşmaly.
Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti:
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde ýurdumyza gelmegine garaşylýan daşary ýurtly myhmanlaryň takmynan sanynyň hasabyny çykarmaly. Şol hasaplamalardan ugur alyp, goşmaça gerek boljak ýaşaýyş jaýlarynyň, restoranlaryň, dynç alyş merkezleriniň we beýleki desgalaryň takmynan sanyny kesgitlemeli. Bu ugurda geçirilmeli işleriň meýilnamasyny düzmeli.
– Daşary ýurtlarda Türkmenistan bilen, şeýle hem Aşgabat şäheri bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek üçin zerur bolan resminamalary we mahabat materiallaryny taýýarlamaly.
– Ýurdumyz bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek üçin zerur bolan resminamalary, kitaplary, beýleki neşir önümlerini, telewizion gepleşikleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediljek materiallary taýýarlamaga girişmeli. Şol maglumatlary we neşir önümlerini ýaýratmak üçin şäheriň dürli ýerlerinde mahabat sütünlerini (nokatlary) gurnamaly.
– Olimpiýa alawynyň alnyp geçiljek ýolunyň kartasyny taýýarlamaly. Bu kartada durlup geçiljek ýerleri bellemeli we şol ýerlerde halkara çärelerini geçirmeli.
Medeniýet ministrligi:
– V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary hem-de myhmanlary ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamy bilen tanyşdyrmak üçin aýratyn üns bermeli meseleleri kesgitlemeli.
– Ýurdumyza geljek myhmanlar, şeýle hem uçarlaryň ýolagçylary üçin niýetlenen ýörite žurnallary, kitapçalary we ýol görkezijileri taýýarlamaly.
– Ýurdumyza geljek wekiliýetler we daşary ýurtly myhmanlar üçin Türkmenistanyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kartasyny taýýarlamaly. Wekiliýetleri we daşary ýurtly myhmanlary paýtagtymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmaly. Bu ugurda geçirmeli işleriň maksatnamasyny düzmeli. Şeýle hem, ýokary derejeli ýolbeletleri we terjimeçileri taýýarlamaly.
Awtomobil ulaglary ministrligi:
– Paýtagtymyzyň howa menzilinden Olimpiýa şäherjigine, myhmanhanalara, sport desgalaryna çenli barýan ýollaryň, şeýle hem bu desgalardan howa menziline barýan ýollaryň kartasyny düzmeli. Jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketiniň we ugurlarynyň meýilnamasyny taýýarlamaly.
– V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde oýunlaryň geçirilýän döwründe gerek boljak jemgyýetçilik ulaglarynyň takmynan sanyny kesgitlemeli. Şol hasaplamalardan ugur alyp, myhmanlary sport desgalaryna eltip-getirmegiň meýilnamasyny düzmeli.
– Taksileriň duralgalarynyň we taksi hökmünde ulanyljak ulaglaryň sanyny kesgitlemek bilen bagly meselä seretmeli.
– Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe mümkinçiligi çäkli adamlar üçin gerek boljak jemgyýetçilik ulaglarynyň sanyny kesgitlemeli.
– Paýtagtymyz bilen tanyşdyrmak we gezelenç etmek üçin, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary üsti açyk awtobuslar bilen ýeterlik üpjün etmeli.
«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy:
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak üçin, degişli edaralar bilen gepleşikleri geçirmeli.
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde oýunlaryň geçirilýän döwründe ulaglaryň gerek boljak sanyny kesgitlemeli. Ulaglaryň myhmanlara talaba laýyk hyzmat etmegini guramaly.
– «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň ýolagçylara ýerleýän peteklerinde, neşir edýän žurnallarynda, kitapçalarynda we beýleki neşir önümlerinde Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrýan ýazgylary we şekilleri ýerleşdirmeli. Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryny uçarlaryň daş ýüzüne ýerleşdirmek bilen bagly taýýarlyk işlerine girişmeli.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi:
– Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gepleşikleri geçirip, türgenlere we myhmanlara hödürlenjek tagamlaryň görnüşleriniň sanawyny kesgitlemeli. Soňra oýunlara gatnaşjak türgenlere we ýurdumyza geljek myhmanlara şu sanawa laýyklykda hyzmat etmeli. Eger bu hyzmatlar ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan ediljek bolsa, onda häzirden taýýarlyk işlerine başlamaly. Eger bu hyzmatlar daşyndan çekiljek edaralar tarapyndan ediljek bolsa, onda bu edaralar üçin tehniki tabşyryklary taýýarlamaly.
– Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary we myhmanlary ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlyk işlerine girişmeli.
– Ýaryşlaryň geçiriljek ýerlerinde, şeýle hem ýaryşlara gatnaşýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde söwda nokatlaryny guramak bilen bagly taýýarlyk işlerine başlamaly.
Bilim ministrligi:
– Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşjak, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet tarapyndan kesgitlenen işgärler (döwlet işgärleri, daşary ýurtly işgärler) üçin rus we iňlis dillerini öwretmegiň meýilnamasyny taýýarlamaly.
– Medeniýet ministrligi bilen bilelikde mekdeplerde V Aziýa oýunlary we bu oýunlaryň çäklerinde geçiriljek sport çäreleri bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmeli.
– Oýunlar geçirilýän döwründe meýletin ýardamçylar bolmaga höwesli we ukyply okuwçylara iňlis, rus we arap dillerini öwretmeli.
– Mümkinçiligi çäkli adamlara hyzmat etmek maksady bilen, meýletin ýardamçylara el hereketleri arkaly düşündirmegi, şeýle hem Braýlyň elipbiýini öwretmeli.
– V Aziýa oýunlary barada düşündiriş berýän maglumatlar kitabyny taýýarlamaly we neşir etmeli.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi:
– V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirjek saglygy goraýyş işgärleriniň düzümini kesgitlemeli. Türgenlere hyzmat etmegiň we olara lukmançylyk kömegini bermegiň aýratynlyklaryny olara öwretmeli. Bu lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirjek işgärleri halkara saglygy goraýyş edaralarynda okatmagy ýola goýmaly.
– Ministrlik V Aziýa oýunlary bilen bagly ýörite meýilnamany işläp taýýarlamaly. Bu meýilnamada V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary lukmançylyk ulag serişdeleri, ýagny tiz lukmançylyk kömegi ulaglary, nähoşlary alyp gitmek üçin zerur bolan serişdeler we enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutmaly.
– V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde Oýunlaryň geçirilýän döwründe gerek boljak lukmançylyk enjamlarynyň we esbaplarynyň sanawyny kesgitlemeli.
– Gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagyna (dopinge) garşy göreşmek baradaky bütindünýä agentligi bilen gepleşikleri geçirip, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň tertipnamasyny taýýarlamaly. Bu Tertipnamany V Aziýa oýunlaryna çenli bellenen tertipde tassyklamaly we güýje girizmeli.
Aragatnaşyk ministrligi:
– Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň kesgitlän ýerlerinde ýokary hilli, häzirki zaman Internet hyzmatlaryny ýola goýmaly.
– Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyza, şol sanda paýtagtymyza köp gelýändigini göz öňünde tutup, şäherde «GSM» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmaly.
– Halkara aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän guramalar bilen telefonlary we Internet ulgamyny bökdençsiz ulanmagy ýola goýmak boýunça zerur işleri geçirip, degişli ylalaşyklary baglaşmaly. Şeýle hem, bu guramalar bilen öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň halkara (rouming) görnüşi bilen üpjün etmek barada şertnamalary baglaşmaly.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Oýunlara gatnaşyjylary we myhmanlary ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan kesgitlenen ýerlerde köpugurly öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny tehniki taýdan we kanun esasynda düzgünleşdirmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe gije-gündiziň dowamynda hereket edýän ýörite merkezi döretmeli. Bu merkezi dürli hünärli we ýörite taýýarlykly işgärler bilen üpjün etmeli. Bu merkezde işlemek üçin haýsy ugurlar boýunça hünärmenleriň gerek boljakdygyny we olaryň sanyny V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti kesgitlemeli. Bu merkez zerur bolan halatynda dürli hünärli işgärleri çagyrmagy we olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmeli.
– Internet ulgamynda işlemäge ukyply we ýörite taýýarlykly hünärmenleriň toparyny döretmeli. Bu hünärmenleriň esasy wezipesi Internet ulgamynda V Aziýa oýunlary barada galp maglumatlaryň ýaýradylmagyna garşy göreşmekden ybarat bolmalydyr. Şeýle hem, Internetde V Aziýa oýunlarynyň resmi Internet-saýtyny taýýarlamaly. Ýörite taýýarlykly hünärmenler 24 sagadyň dowamynda bu Internet-saýtyň işini talaba laýyk guramaly. Internet ulgamynda işlejek hünärmenleri degişli halkara okuw merkezlerinde taýýarlamaly. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly işlere häzirden girişmeli.
Dokma senagaty ministrligi:
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde, şeýle hem bu Oýunlaryň geçirilýän döwründe milli türgenlerimize, Guramaçylyk komitetiniň hem-de daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalaryna beriljek dokma we mahabat önümleriniň ähli görnüşlerini taýýarlamaga häzirden girişmeli. Bu önümleriň görnüşlerini we bezegini V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti taýýarlamaly.
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti:
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada dokumental film döretmeli.
– V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler bilen ilaty wideoşekilli ýazgylar arkaly yzygiderli tanyşdyryp durmaly. Bu ugurda geçiriljek işleriň tertibini V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti kesgitlemeli.
– Meşhur türkmen türgenleriniň, şeýle hem V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak daşary ýurtly türgenleriň sportda gazanan üstünliklerini beýan edýän dokumental filmleri taýýarlamaly we teleýaýlymlarda görkezmeli.
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe sport ýaryşlaryny telewideniýede we radioda göni ýaýlym arkaly bermäge häzirden taýýarlyk görmeli.
– Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ýerlerinde ýörite ekranlary ýerleşdirmeli. Bu ekranlaryň üsti bilen V Aziýa oýunlarynyň geçirilişi baradaky wideo gepleşikleri bermeli we sport ýaryşlaryny göni alyp bermegi guramaly.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy:
– V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini zerur maglumatlar bilen üpjün etmeli. Şu maksat bilen, sportuň her görnüşi boýunça maglumatlary taýýarlajak habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellemeli. Bu wekilleriň sanyny V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti kesgitlemeli.
– Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek çäreler we sport ýaryşlary bilen tanyşdyryş dabarasyny geçirmeli. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmagyny gazanmak maksady bilen, zerur işleri geçirmeli.
Energetika ministrligi:
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän we Oýunlaryň geçirilýän döwründe Olimpiýa şäherjigini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça taýýarlyk işlerine häzirden girişmeli. Şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge bize mümkinçilik berer.
Hormatly adamlar!
Şunuň bilen V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirip gutarýarys. Men Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin!