Ï Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi

view-icon 888
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlise bu Aziýa oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkara sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýy günsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin Türkmenistanda zerur bolan ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär, şunda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ülňülerine gabat gelýän degişli döwrebap düzümi döretmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, türkmenistanlylary we ozaly bilen ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça maksada gönükdirilen ädimler ädilýär.

Bu babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň halkara sport abraýyny artdyrmaga ýardam etmek, bu ileri tutulýan ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda olimpiýa oýunlaryny wagyz etmäge, ýurdumyzyň türgenlerini täze sport belentliklerini eýelemäge bolan höwesini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi. Wise-premýer V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, guramaçylyk babatda, şeýle hem ýurdumyzyň sport kuwwatyny berkitmek, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýä belli hünärmenler bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu işlerde “Aziada-2017” taslamasyny maglumat taýdan üpjün edilmegine uly üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “John Tibbs and Assosiates /JTA/” /Beýik Britaniýa/ kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde eýýäm ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin sport media forumynyň iki tapgyry geçirildi.

JTA—bu kommunikasiýalar we halkara gatnaşyklary boýunça iri konsalting agentligi bolup, ol sport ulgamynda brendleri we çäreleri ilerletmäge ýöriteleşdirilendir. Aşgabat Aziadasy babatda agentlik tarapyndan halkara düzümleri we bilermenleri, şol sanda Sport Metbugatynyň Halkara Assosiasiýasy bilen özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Galyberse-de, Halkara media-forumynyň Internet-saýty – tis. mf. com döredildi. Bu saýtda onuň işi, oňa gatnaşyjylar baradaky habarlar we beýleki maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.

Türkmenistanda sportuň we olimpiýa hereketiniň ösüşi, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habarlar daşary ýurt habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilýär. Bu paýtagtymyz Aşgabatda boljak sport wakasy barada halkara giňişligini habarly etmäge mümkinçilik berýär.

Köptaraply işiň esasy ugurlarynyň biri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki halkara sport guramalary, şeýle hem dünýä we sebit derejesindäki sport çärelerini geçirmäge gatnaşan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar.

Şu ýylyň aprelinde türkmen paýtagtynda “Aşgabat-Aziýada-2017-niň paýtagty” atly halkara sport sergisi ýokary derejede guramaçylykly geçirildi we oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalaryň 60-dan gowragy gatnaşdy. Şol aýda şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuw seminary geçirildi. Maý aýynda bolsa Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany telegepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty geçirildi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň V Aziýa oýunlaryna meýletinçileri taýýarlamak boýunça beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti, Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndan daşary ýurt dillerini oňat bilýän, V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak sport wekiliýetlerine we myhmanlara hyzmat etmäge ukyply meýletin ýardamçylary seçip almak boýunça bäsleşikler geçirildi. Olaryň netijesinde 800-den gowrak meýletin ýardamçylar saýlanyp alyndy we olar bilen okuw sapaklaryny geçirmek ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdeplerinde meýletinçileri okatmak üçin merkezler döredildi.

Bulardan başga-da, meýletin ýardamçylary taýýarlamagyň halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen ýaş meýletin ýardamçylardan düzülen türkmen wekiliýeti Soçi şäherinde Gyşky Paralimpiýa oýunlarynyň geçýän döwründe Meýletinçileriň 10-njy halkara ýygnanyşygyna gatnaşdylar. Şeýle hem meýletin ýardamçylary HHR-niň Nankin şäherinde geçiriljek II tomusky Ýetginjekler Olimpiýa oýunlaryna hem-de Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek XVII Aziýa oýunlaryna meýletinçi hökmünde gatnaşmaga hödürlenildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda dürli diller boýunça ýörite gepleşik sözlükleriniň we sport sözlükleriniň taýýarlanandygy we olaryň çapa iberilendigi, Aziýa oýunlarynyň alawyny ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginden paýtagtymyza çenli göterip geçmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanýandygy barada hem habar berildi.

V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjek türgenleri häzirki döwürden taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen türgenleri beden taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Köýtendagda we Gökderede okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Milli derejeli eminlerimizi we tejribeli eminlerimizi daşary ýurtlarda geçirilýän seminar maslahatlara ýollap, olaryň derejelerini ýokarlandyrmak işleri hem yzygiderli dowam etdirilýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde sport žurnalistlerini, teleradiogepleşiklerini guraýjy, alyp baryjy ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada hem habar berdi. Ýaryşlary şu ýylyň 19-24-nji noýabry aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň sportuň başa-baş söweşler görnüşleri boýunça binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde şeýle hem 2015-nji ýylda sportuň dzýudo we kuraş görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek we bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, degişli ýolbaşçylar we hünärmenler daşary ýurtlara iş saparlaryna, şol sanda Rio-2016 Olimpiýa oýunlarynyň geçjek ýeri bolan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherine, Pekine, Londona, Soçi şäherine, şeýle hem Kuweýt döwletine we Horwatiýa Respublikasyna iberildi.

Häzirki wagtda V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasyny düzmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň teklipleri öwrenildi. Beýik Britaniýanyň “CSM Strategies” kompaniýasynyň teklibi amatly hasap edildi.

Soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň öňdegörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösen milli ulgamy döredilýär, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz köpçülikleýin sportuň gülläp ösýän hem-de sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ajaýyp mekanyna öwrüldi. Sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen 30-dan-da gowrak döwrebap sport binalary we desgalary öz içine alýan Olimpiýa şäherjigi Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň artmagyny şertlendiren, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan toplumlaýyn strategiýasynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek we ussat türgenleri taýýarlamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugurda geçirilýän uly işler halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy diýlip bellenildi. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdiň 2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlary bilen ýurdumyzyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna ýokary taýýarlykly gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredilýär.

Zehinli ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin seçip almak, sportuň Olimpiýa we beýleki görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussat türgenleri taýýarlamak babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde, “Olimp” orta sport mekdebinde ýokary derejeli türgenleri, tälimçileri, bedenterbiýe mugallymlaryny, sport žurnalistlerini hem-de meýletinçileri taýýarlamak üçin doly mümkinçilikler bar.

Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ajaýyp dereleri we jülgeleri, jana şypaly dag çeşmeleri bolan Gökderede we Köýtendagda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary yzygiderli guralýar. Türgenleriň ussatlyklaryny hem-de tejribelerini artdyrmak üçin daşary ýurtlarda guralýan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna, halkara ýaryşlaryna hem ýurdumyzyň sport wekilleri yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmaga we tejribe toplamagyna ýardam edýär.

Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda milli derejeli eminleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat bermek bilen, bu babatda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda hem-de ýerlerde sport guramalary tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Eminler tejribesini artdyrmak üçin ýurdumyzda geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşýarlar. Tapawutlananlar Halkara federasiýalarynyň eminler üçin guraýan okuw-maslahatlaryna we synaglaryna gatnaşyp, iri halkara ýaryşlaryna-da eminlik edýärler.

Şeýle hem bedenterbiýäniň we sportuň ynsanyň beden hem-de ruhy taýdan kämilleşmeginde uly täsiriniň bardygyny milli Liderimiziň hut şahsy göreldesi bilen görkezýändigi nygtalyp, munuň türgenlerimiz üçin nusgalyk görelde bolup durýandygy bellenildi. Şeýle göreldä eýerip, türgenlerimiz dürli derejeli ýaryşlara gatnaşmak bilen uly üstnülikler gazanýarlar. Sportuň V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýän görnüşleri boýunça olaryň ýeňiş gazanmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň ajaýyp netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen sport desgalarynda şu ýylyň noýabr aýynda synag ýaryşy hökmünde guşakly göreş hem-de türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda hormatly Prezidentimiziň taryhy karary örän ähmiýetlidir. Bu waka biziň halkymyz üçin örän guwançly we buýsançly waka bolup durýar diýip, Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge berýän ähli goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýewe söz berildi. Ol milli Liderimiziň öňde goýan anyk wezipeleri babatda bu düzümiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu komitet hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabrynda Aziýada-2017-iniň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisiniň barşynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda döredildi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 9-njy martynda we 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň jogapkär işgärleriniň, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Milli sport merkezleriniň wekilleriniň we türgenleriň gatnaşmagynda medallaryň, nyşanyň we alawyň tanyşdyrylyş hem-de saýlap almak dabaralary geçirildi, şeýle hem bu babatda gelip gowuşýan teklipler öwrenildi.

Hasabat berlişi ýaly, V Aziýa oýunlarynyň resmi Internet saýtyny döretmekde degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň teklipleri öwrenilýär. Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek we ýerinde tanyşmak maksady bilen daşary ýurtlaryň birnäçesine iş saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we bu ugurda tejribe alyşmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen türkmen wekiliýeti şu ýylyň 26-27-nji marty aralygynda Kuweýt Döwletinde iş saparynda boldy. Saparyň barşynda maslahat geçirildi. Onda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen baglaşylan ikitarapalaýyn Ylalaşykdan gelip çykýan meseleleriň birnäçesine hem-de Aziýada-2017-ä degişli meselelere garaldy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, tejribe alyşmak maksady bilen 2016-njy ýylda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanyp guralan “Açyk gapylar gününe” gatnaşmak üçin, türkmen wekiliýeti şu ýylyň 6-11-nji apreli aralygynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde iş saparynda boldy.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy şeýle hem Aziýada-2017-iniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Dünýäde iri sport çäreleri geçirmekde baý tejribesi bolan Beýik Britaniýanyň “CSM Sport & Entertarinment LLP trading as CSM Strategic” kompaniýasynyň işläp taýýarlan V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň gutarnykly nusgasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Roýal Mint” britan kompaniýasynyň çykaran medallarynyň hilini we bezegini öwrenmek üçin şu ýylyň 18-23-nji maýy aralygynda London şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Mundan başga-da, bellenilişi ýaly, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri bilen baglanyşykly işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan hem alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oňa ýygnananlara ýüzlenmek bilen, V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwrüne çenli az wagtyň galandygyny nygtady. Häzirki wagtda bu oýunlary geçirmäge taýýarlyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu uly sport ýaryşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň indiki, nobatdaky tapgyryna girişmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu ýaryşa gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi we degişli düzümleriň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport baradaky döwlet komitetine hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen bagly esasy meseleleri kesgitleýän Baş meýilnamany düzmegi ýakyn wagtda tamamlamagy we tassyklamaga bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, olara V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak ýurtlary resmi taýdan kesgitlemek, şeýle hem bu Oýunlaryň maksatnamasyna giriziljek sportuň görnüşlerini kesgitlemek üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen ýazmaça ylalaşygy baglaşmak maksady bilen, bu resminamany gol çekmek üçin taýýarlamak barada tabşyryk berildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sportuň haýsy görnüşleri boýunça zerur bolsa, ýakyn wagtlarda milli federasiýalary döretmek wajypdyr. Bu federasiýalaryň degişli halkara sport federasiýalary tarapyndan hasaba alynmagyny gazanmak möhümdir. Şeýle hem milli sport federasiýalarynyň düzümini berkitmek we şunuň bilen bagly meseleleri gysga wagtyň içinde çözmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe işe çekiljek tälimçiler toparyny döretmegi, 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň we toparlaryň köp sanly halkara ýaryşlaryna we dünýä derejeli ýaryşlara gatnaşmaklaryny üpjün etmegi, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça eminleriň wezipesine dalaşgärleri saýlap almagy we olary taýýarlamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli bolan toplumlary boýunça türgenler barada maglumatlar binýadyny döretmek, şeýle hem üstünlikli çykyş edýän türgenleri saýlap almak we olary ýaryşlarda çykyş etmek üçin taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimligine paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, degişli elektron ekranlarda görkezmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagy, şeýle hem V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çenli galan wagtyň hasabyny ýöredýän elektron görkezijileri şäheriň kesgitlenen ýerlerinde ýerleşdirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlaryny alamatlandyrýan görkezijileri, suratlary we duralgalarda ýerleşdirmäge niýetlenen bezegleri taýýarlamak, şeýle hem olary ýerleşdirmek göz öňünde tutulan ýerleri taýýar etmek, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnajak ugurlaryny, gatnawyň öň bar bolan we täze açyljak ugurlaryny kartalarda bellemek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwründe Olimpiýa toplumynyň binalaryny we desgalaryny talaba laýyk ulanmak maksady bilen, jogapkär işgärleri bellemegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde ýerleşýän, gurluşyk işleri tamamlanan desgalary ulanjak edara gutarnykly kabul etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Aziada – 2017-ä taýýarlyk görmek babatda Oýunlaryň geçirilýän ýerlerine barýan esasy köçeleri we ýollary abadanlaşdyrmak hem-de bu köçeleriň ugrunda ýerleşýän jaýlary abatlamak we timarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşýan işgärler üçin V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan ýörite eginbaşlaryň nusgalaryny taýýarlamaga girişmek, Oýunlaryň geçiriljek döwründe Olimpiýa şäherjiginde we türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde arassaçylyk işlerini geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamak we bu işleri talaba laýyk guramak babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem türkmen hem-de iňlis dillerindäki ýol belgileriniň we ýazgylarynyň nusgalaryny taýýarlamak, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe meýletin işlejek ýardamçylaryň aragatnaşyk merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitlemek, bu merkeziň üpjünçilik ulgamlaryny taýýarlamak wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet migrasiýa gullugyna Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri bilen tomaşaçylara, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, Oýunlara gatnaşyjylara, tehniki işgärlere we türgenlere rugsatnamalary (wizalary) bermegiň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna V Aziýa oýunlary baradaky maglumatlary ibermek barada görkezme berdi. Bu wekilhanalar öz ýerleşýän ýurtlarynda Aziýa oýunlary bilen bagly mahabat çärelerini guramalydyr. Döwlet Baştutanymyz Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin Daşary işler ministrligine Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hormatly myhmanlaryň bu Oýunlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurluşyk we binagärlik ministrligine 2017-nji ýyla çenli paýtagtymyzyň abadanlaşdyrmak zerur bolan çäklerini, köçeleri we ýollary kesgitlemek, olary abadanlaşdyrmagyň maksatnamasyny we býujetini düzmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maliýe ministrligine V Aziýa oýunlarynyň býujetini düzmäge we bu ugurda zerur bolan meseleleri ylalaşmaga girişmegi, Aşgabat şäherinde töleg kartlaryny (Visa–Mastercard) ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmagy, Olimpiýa şäherjiginde, türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde we Aşgabadyň kesgitlenen beýleki ýerlerinde erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň bankomatlaryny ýerleşdirmegi tabşyrdy. Halkara bank amallaryny geçirmegi guramak maksady bilen türgenleriň ýaşamagy üçin niýetlenen şäherjikde bankyň şahamçasyny açmak möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde ýurdumyza gelmegine garaşylýan daşary ýurtly myhmanlaryň takmynan sanynyň hasabyny çykarmak, şol hasaplamalardan ugur alyp, bu ugurda geçirilmeli işleriň meýilnamasyny düzmek barada tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlarda Türkmenistan bilen, şeýle hem Aşgabat şäheri bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek üçin zerur bolan resminamalary we mahabat materiallaryny taýýarlamagy, kitaplary, beýleki neşir önümlerini, telewizion gepleşikleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediljek materiallary taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Olimpiýa alawynyň alnyp geçiljek ýolunyň kartasyny taýýarlamak, bu kartada durlup geçiljek ýerleri bellemek we şol ýerlerde halkara çärelerini geçirmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň öňünde hem anyk wezipeleri goýdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary hem-de myhmanlary ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamy bilen tanyşdyrmak üçin aýratyn üns bermeli meseleleri kesgitlemegi, şeýle hem Türkmenistanyň we Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kartasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda geçirmeli işleriň maksatnamasyny düzmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Awtomobil ulaglary ministrligine we „Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugyna ulag meselelerini öz wagtynda çözmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine türgenlere we myhmanlara hödürlenjek tagamlaryň görnüşleriniň sanawyny kesgitlemegi, Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenlere we myhmanlara ýokary derejede hyzmat edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Bilim ministrliginiň öňünde duran wezipeler barada aýdyp, hususan-da, Oýunlara hyzmat etmek üçin meýletinçileriň talaba laýyk taýýarlanmagyny üpjün etmek, olara daşary ýurt dillerini öwretmegiň meýilnamasyny taýýarlamak, şeýle hem Medeniýet ministrligi bilen bilelikde mekdeplerde V Aziýa oýunlary we bu oýunlaryň çäklerinde geçiriljek sport çäreleri bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramaga we şu maksat bilen ýörite maksatnamany işläp taýýarlamaga, gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagyna (dopinge) garşy göreşmek baradaky bütindünýä agentligi bilen gepleşikleri geçirip, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň tertipnamasyny taýýarlamaga degişli tabşyryklary berdi.

Aragatnaşyk ministrligine V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Oýunlara gatnaşyjylary we myhmanlary ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlary, şol sanda Internet hyzmatlary bilen üpjün etmek we munuň üçin ähli degişli çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligine V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde, şeýle hem bu Oýunlaryň geçirilýän döwründe milli türgenlerimize, Guramaçylyk komitetiniň hem-de daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalaryna beriljek dokma we mahabat önümleriniň ähli görnüşlerini taýýarlamaga häzirden girişmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine V Aziýa oýunlary babatda, şol sanda V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe sport ýaryşlaryny telewideniýede we radioda göni ýaýlym arkaly bermäge häzirden taýýarlyk görmek, dokumental filmleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugyna hem V Aziýa oýunlaryna degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Energetika ministrligine V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän we Oýunlaryň geçirilýän döwründe Olimpiýa şäherjigini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça taýýarlyk işlerine häzirden girişmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. (Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlän sözi gazetiň şu sanynda dolulygyna çap edilýär).

Soňra “GSM Sport & Entertainment LLP trading as CSM Strategic” kompaniýasynyň (Beýik Britaniýa) çäreleri meýilleşdiriş boýunça direktory jenap Kristofer Uilýam Pollarda söz berildi. Ol şu mejlise gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Meşhur britan kompaniýasynyň ýolbaşçy düzüminiň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn ösüşine hem-de şu ugurda gazanylýan täze ajaýyp üstünliklere haýran galýandygyny belledi. Ol her gezek ýurdumyza gelende şeýle üstünlikleriň şaýady bolýandygyny aýtdy.

Myhmanyň belleýşi ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geljekde halkara sport ýaryşlaryny geçirmek babatda Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýe bolar. Aziada-2017 ýaly çärelerde üstünlik gazanmak üçin esasy iki ugurda – degişli düzümi döretmekde hem-de Oýunlary guramak boýunça tagallalar boýunça möhüm çäreleri görmek zerur bolup durýar. Şunda jenap Kristofer Uilýam Pollard ýurdumyzyň bu ugurda zerur bolan çäreleri görüp, Aşgabatda Olimpiýa toplumyny ösdürendigini nygtady. Türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesi bütin dünýäde iň gowy sport toplumlarynyň biridir diýip, myhman aýtdy we sport ulgamynda halkara hünärmenleriniň bu pikiri goldaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “GSM Sport & Entertainment LLP trading as CSM Strategic” kompaniýasynyň ýolbaşçy düzüminiň wekili V Aziýa oýunlarynyň ähli babatda, şol sanda guramaçylyk babatda üstünlikli boljakdygyna hem-de adamlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda jenap Kristofer Uilýam Pollard Aziýada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň şu günki mejlisinde çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, britan kompaniýasynyň işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz tarapyndan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklar, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Aziada--2017-ni geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek nygtap, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasyny taýýarlamak hakynda” karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň “CSM Sport and Entertainment LLP trading as CSM Strategic” kompaniýasy bilen ady agzalan baş meýilnamany işläp taýýarlamak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň düzümini tassyklamak hakynda” Karara gol çpekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek abraýly halkara ýaryşlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.