Ï Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady

view-icon 664
Şu gun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherniň Halkara howa menziline geleninden soňra, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadýetimiziň ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklaryny ösdürmegiň ugurlaryna, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda alnyp barylýan köp taraply işlere ünsi çekmek bilen, sebitde nebitgaz pudagyny, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň üstünde durup geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer bu toplumda işleýänleriň zähmet we durmuş şertlerini yzygiderli ýagdaýda gowulandyrmak boýunça welaýatda görülýän çäreler, hususan-da, nebitçileriniň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygy, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda jaýlaryň ýene-de ikisiniň gurluşygyna badalga berlendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmek, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklarda bolşy ýaly, nebitgaz ulgamynda hem işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, işgärler üçin amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyz tarapydan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän möhüm ähmiýetli gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wajyp ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň depginlerini mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýeriň öňünde täze tehnologiýalardan, ýokary netijeli enjamlardan, tehnikadan has giňden peýdalanmak bilen bagly wezipleri goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer öz nobatynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan çäreler, şeýle hem deňiz menzilini ösdürmek we özgertmek boýunça taslamalaryň tanyşdyryş dabarasyna görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli bu desganyň gurluşygyna örän düýpli hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy barada aýdyp, ekologiýa boýunça talaplary berjaý etmegiň, deňiz menziliniň daşky gurşawa oňaýlsyz täsirini ýetirmegine ýol bermezlik üçin has netijeli we ylmy esasdaky işläp taýýarlamalary ulanmagyň möhümdigini belledi hem-de halkara deňiz menziliniň binalar toplumynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemek boýunça birnäçe tabyryklary berdi.

Öz gezeginde wise-premýer B.Italmazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, Balkan welaýatynyň çäklerinde hereket edýän we milli ykdysadyýetiň senagaty üçin örän möhüm ähmiýetli himiýa kärhanalarynyň işi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň, olaryň görnüşlerini artdyrmagyň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Dokma pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli ýagdaýda goldaw berilýändigine garamazdan, öňde goýlan wepzipeleri berjaý etmekde haýal-ýagallyga ýol berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işiniň depginini ýokarlandyrmagy wise-premýerden talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, awtoulag ýollarynyň durkuny tapgyrlaýyn täzelemek we gurmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýollary gurmak hem-de ulanylýan ýollaryň ýagdaýyny göwnejaý derejede saklamak boýunça geçirilýän işleriň depginleri we hili babatda nägilelik bildirip, bellenilen meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp derejede ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň ösdürilmegine baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilýän işleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi hem-de şol işleriň häzirki döwürdäki iň ýokary ülňülere laýyk gelmelidigini, ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hil derejede alnyp barylmalydygyny, şolaryň ulanmak üçin göwnejaý ýagdaýda saklanmalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň, ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlar boýunça harytlaryň bolelinliginiň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi. Mill Liderimiz şu meselä we ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna elmydama içgin üns berilmelidigini aýtdy we wise-premýere bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynda gazanylanlary tejribä giňden ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, pudagyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi. Milli Liderimiz ýetip gelýän galla oragy barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisiniň oňat hilli we belenilen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini nygtady hem-de şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnika laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitiň senagat pudagynda, oba hojalygynda we durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obalary özgertmegiň milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat bermegiň barşynda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň senagat düzümini we durmuş ulgamyny, oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekdi hem-de şäherlerde we obalarda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşynyň derejesiniň pesdigini aýdyp, nägilelik bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde geçiren iş maslahatyny jemlemek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de kabulhanasyna tarap ugrady.