Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 813
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hem-de ýurdumyzyň we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy “deňiz derwezesini” ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, Hazaryň kenarynda guruljak ulag düzüminiň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Serdar” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, daşary ýurtly işewürler garşylaýarlar.

Tanyşdyrylyş çäresinden öň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen mähirli görşüp, şu ýyllaryň içinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Ahmet Çalyk türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag we senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri maksatnamalar amala aşyrylýar.

Duşuşygyň barşynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamalary barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal aýdan bellikleri we beren tabşyryklary nazara alnyp, şol taslamalaryň üstünde täzeden işlenildi.

Holdingiň düzümine girýän “Gap Inşaat” türk kompaniýasy bu iri düzümleýin desganyň baş potratçysy bolup durýar. Ol geçen ýyl geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Işewür iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň berip, döwlet Baştutanymyzy şertnamalaýyn borçnamalaryň ählisiniň birkemsiz ýerine ýetiriljekdigine we bu möhüm desganyň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün ediljekdigine ynandyrdy. Bu desga netijeli, özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, ulag ulgamyny işjeň hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň möhüm ugry barada aýdyp, deňiz port düzüminiň ähli desgalarynyň ylmy-tehniki gazananlaryň we innowasiýalaryň nazara alnyp, gurulmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we olary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunda taslamanyň ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Bu taslama ähli görkezijiler babatda daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ygtybarly hyzmatdaşlygymyzyň goldaw bermeginde Hazaryň kenarynda guruljak ýurdumyzyň täze “deňiz derwezesiniň” uly ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, onuň diňe bir sebitiň iri logistiki merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň medeni-gumanitar taýdan ýakynlaşmagyna ýardam edýän özboluşly köpri boljakdygyny belledi.

Duşuşyk tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz “Serdar” myhmanhanasynyň zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň düzümine girýän dürli maksatly desgalaryň çyzgylary ýerleşdirilen ýörite planşetler we maketler ýerleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde “Inros Laсkner AG” kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) wekilleri garşylaýar. Bu kompaniýa hem halkara bäsleşiginde üstün çykyp, häzirki wagtda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň taslamasyny düzmek we toplumlaýyn gurmak boýunça işleriň barşyna gözegçilik edýär.

Bu ýerde bolan gysgajyk söhbetdeşligiň barşynda “Inros Laсkner AG” kompaniýasynyň tehniki bölüminiň müdiri jenap Tobias Gunsell we geňeşçi Alekseý Alekseýew hormatly Prezidentimize taslamany durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri, guramaçylyk-tehniki çäreleri, ony netijeli ulanmagyň, port hojalygynyň tehniki üpjünçiligi we iş aýratynlyklary, dolandyrmak ulgamlary barada habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz bu habary gyzyklanma bilen diňläp, hyzmatdaşlaryň ünsüni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de beýläk-de ösdürmek meselelerine çekdi. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, bu ulag toplumynyň desgalarynyň taslamalary düzülende we olaryň ýerleşjek ýeri kesgitlenende geljekde portuň terminallarynyň işiniň artjakdygy, onuň wezipeleriniň giňeljekdigi göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ulgamda iň täze ylmy işläp taýýarlamalary, iň kämil tehnikalary ulanmak wajypdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow milli Liderimize tanyşdyrylyş çäresine taýýarlanan taslamalar barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny häsiýetlendirip, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny, şeýle hem Türkmen deňiz söwda flotyny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalar baradaky umumy maglumatlary hem-de olaryň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolmak bilen, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýän möhüm şerti hökmünde özüniň üstaşyr-ulag kuwwatyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen döwrebap “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ulag kommunikasiýalarynyň ulgamy, şol sanda deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlary döredilýär. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Göz öňünde tutulan meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portuna uly ähmiýet berilýär. Öň bu örän ähmiýetli taslama babatda köp pikirler aýdylypdy. Şol taslama gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany bolsa örän köpdi. Mälim bolşy ýaly, geçirilen bäsleşikleriň netijesinde “GAP Inşaat” we “Inros Laсkner AG” konsalting kompaniýalary üstün çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, täze Halkara deňiz portunyň gurulmagy bilen, ulaglaryň beýleki görnüşlerinden, ýagny howa, awtomobil we demir ýol ulaglaryndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde ulaglaryň ähli görnüşleriniň sazlaşykly utgaşýan bitewi merkezi emele geler.

Hususan-da, Farap – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň, Demirgazyk – Günorta demir ýolunyň gurulmagy bu ýerden dürli ugurlara çykylmagyna mümkinçilik berer. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Ýaponiýadan Türkmenbaşa gelýän ýükler soňra Russiýanyň Astrahan şäherine, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine we Eýranyň Bender-Abbas portuna ugradylyp bilner.


Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslama ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak boýunça 2030-njy ýyla çenli niýetlenen maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder hem-de ykdysady taýdan örän bähbitli bolar.

Bu iri möçberli maýa goýum taslamasynda parom, ýolagçy we konteýner terminallaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Topluma umumy ýük ýükleýiş terminaly, ürgün ýükler terminaly, şeýle hem gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary girer. Köpugurly portuň umumy meýdany 1 million 385 müň inedördül metrden gowrak bolar. Onuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 15 million tonna deňdir. Şunda suw akwatoriýasyny çuňaltmak, hususan-da, gämileriň duralgalara geçmegi üçin deňziň düýbüni çuňaltmak işleriniň barşynda 7,5 million kub metr topragy çykarmak işlerini ýerine ýetirmek zerur bolup durýar.

Duralga ulgamynyň umumy uzynlygy 3 müň 689 metre barabar bolar. Gidrotehniki duralga desgalarynyň gurluşygyndan başga-da, kenarýaka düzüminiň köpsanly desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu düzüm bolsa özüne ulag üpjünçiligini – umumy uzynlygy 3 müň 450 metre barabar bolan awtomobil ýoluny hem-de 20 müň 295 metrlik demir ýoly birleşdirýär.

Täze deňiz portunyň tehniki düzümi barada aýdylanda bolsa, ol ýük daşalmagynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan döwrebap maksatnama-enjam toplumy bilen üpjün ediler. Portuň çäginde we daş-töwereginde gämileriň hereketine, ýükleri ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik awtomatlaşdyrylan ulgamlar hem-de elektron tehnologiýalar arkaly amala aşyrylar.

Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyrylar. Taslama “Ýaşyl port” (Green port) halkara standartyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Taslamanyň durmuşa geçirilişini 2017-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Tanyşdyryşyň barşynda döwlet Baştutanymyz Halkara deňiz portunda öňki ýyllarda gurlan polipropilen saklanýan we ugradylýan ýöriteleşdirilen terminaly döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyna garady. Bu önüm Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan nebit önümleriniň sanawynda möhüm orun eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köpsanly şertnamalar hem muňa şaýatlyk edýär.

Türkmen polipropilenini ulanýan ýurtlar örän köpdür. Olaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan hem-de beýleki alysdaky we golaýdaky ýurtlar bar. Eksport üçin niýetlenen harydyň esasy bölegi deňiz arkaly ugradylýar. Mundan başga-da, şu ýylyň aprel aýynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän ýene-de bir döwrebap toplumyň gurluşygyna badalga berildi. Polipropilen terminalynyň geçirijilik ukybyny ýylda 120 müň tonna önüme çenli giňeltmek zerurlygy hem hut şunuň bilen şertlendirilendir. Onuň umumy meýdany 62 müň inedördül metre, gämi duralgasynyň uzynlygy bolsa 750 metre barabar bolar. Bu ýerde bir wagtyň özünde ýük göterijiligi 5 müň tonna barabar bolan gämileriň 3-isine hyzmat ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem paromlara, şol sanda demir ýol düzümlerini gatnadýan paromlara hyzmat etmek üçin niýetlenen terminaly döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyna garady. Hususan-da, bu ýerde ýöriteleşdirilen ulgamy täzelemek zerur bolup durýar. Bu ulgamyň kömegi bilen demir ýol wagonlary gämileriň trýumlaryna ugradylýar. Şeýle hem bu ýerde iki gämi üçin niýetlenen döwrebap duralga we beýleki desgalar gurlar.

Portyň düzümine ownuk ýükler terminaly girer. Onuň taslamadaky kuwwaty ýylda ortaça 3 million tonna ýüke niýetlenendir. Ol 180 müň inedördül meýdanda ýerleşer. Bu desga dürli çig mal materiallaryny, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminiýni, kömri, ot-iýmleri, dökünleri, dänäni, şekeri, duzy we beýleki önümleri geçirmek üçin ulanylar. Şol önümleri saklamak üçin ammarlar we bunkerler gurlar. Uzynlygy 440 metre barabar bolan gämi duralgasy ýük göterijiligi 5 müň tonna barabar bolan gämileriň birbada üçüsine hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Terminalda 280 adam işlär.

Iň uly terminallaryň biri – umumy ýükler terminaly 261 müň inedördül meýdanda ýerleşer. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Ol dürli gurluşyk materiallaryny, demiri, polady, agajy, maşynlary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ugratmaga niýetlenendir. Bu terminalyň gämi duralgasynyň diwarynyň uzynlygy 625 metre barabardyr. Bu ýerde bir wagtyň özünde ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň 4-isine hyzmat edip bolar. Kuwwatly rels we ykjam port kranlary ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde hem 265 iş orny dörediler.

Indiki desganyň – konteýner terminalynyň ortaça ýyllyk kuwwaty 40 müň TEU barabardyr (TEU şertli standart konteýneri aňladýar). Bu strategiki desga sebitiň eksport-import logistiki ulgamyna Türkmenistanyň mynasyp goşandy bolar. Multimodal logopark howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak we toplumlaýyn işläp geçmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirer we şol ýükleriň suw ulagyna ýüklenilmegini hem-de düşürilmegini üpjün eder. Bu ýerde ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň birbada 3-sine hyzmat ediler.

Port ýüklere hyzmat etmek üçin iň täze enjamlar we ýük galdyrýan ulag tehnikalary bilen üpjün ediler. Bu ýerde paýlaýjy merkez (CFS – Container Freight Station) gurlar. Onuň maksady dürli ugurlar boýunça ýükleri seljermekden ybaratdyr. Bu terminalyň ähli gulluklarynda jemi 512 adam işlär.

Ýene-de bir döwrebap terminal ýylda 300 müň ýolagça hem-de 75 müň awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Onuň uzynlygy 265 metre barabar bolan gämi duralgasyna gämileriň birbada 2-si we platformalaryň hem 2-si ýerleşip biler. Şol platformalaryň biri awtoulaglar, beýleki bolsa otlular üçin niýetlenendir. 400 orunlyk ýolagçylar terminalynyň binasy portuň esasy binagärlik desgalarynyň biri bolar. Şeýle hem portuň ýanynda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak meýilleşdirildi. Bu ýerde döwrebap migrasiýa we pasport gözegçiligi ulgamlary hem-de beýleki zerur bolan gulluklar dörediler.

Gämi gurluşyk zawody milli ykdysadyýetimiz üçin düýbünden täze kärhana bolar. Bu kärhananyň işe girizilmegi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň kemala gelmegini alamatlandyrar. Bu desga 166 müň inedördül metr meýdany eýelär. Onda önümçilik meýdançalary, edara, tehniki we hyzmat ediş binalary hem bolar. Zawodyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwaty halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnologiki enjamlary we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak arkaly ýylda 4-6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýokary tehnologiýaly kärhanada dürli maksatly gämileri – tankerleri, gury ýükleri daşaýan we tirkeg gämilerini abatlamak işleri geçiriler. Şeýlelikde, geljekki zawodda 1 müň 106 adam işlär. Bu kärhana Türkmen deňiz söwda flotunyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalaryň her biri bilen içgin tanşyp, olar babatda birnäçe anyk teklipleri aýtdy we käbir üýtgetmeleri girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli ykdysadyýetimiziň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu port Ýewropa-Kawkaz-Merkezi Aziýa halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr merkezleriniň birine öwrüler.

Ýurdumyzyň çägi Gündogar-Günbatar ugry boýunça amatly ulag geçelgesi bolup durýar. Ol dünýäniň iri bazarlaryna çykalgany üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hazaryň kenarynda gurulýan, iň kämil tehnikalar bilen üpjün ediljek täze deňiz porty döwrebap ulag düzümini döretmegiň möhüm bölegine öwrüler. Ol Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleri açar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ünsüni ulag toplumynyň esasy we kömekçi desgalarynyň, şol sanda energetika desgalarynyň, inžener-tehniki düzümiň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna çekdi. Şol desgalar bolsa iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” düzümini we flotuny okgunly ösdürmek Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Demir ýol ulaglary minitstrliginiň meýilnamalary, kenarýaka şäheriniň häkimligi, bir söz bilen aýdylanda, Hazar sebitinde iş alyp barýan ähli düzümleri bilen utgaşdyrylmalydyr we özara baglanyşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna deňiz arkaly ýük daşamagy we ýolagçy gatnatmagy guramakda dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmek we iş ýüzünde ulanmak, deňiz portlaryny ulanmak, ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” ähli desgalarynyň gurluşygyna döwlet tehniki gözegçiligini amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz türkmen topragynyň täsin we ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Tanyşdyrylyş çäresi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz “Serdar” myhmanhanasyndan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli gurluşyk işleriniň geçiriljek ýerine ugrady. Ýol ugrunda milli Liderimiz şäheriň günorta böleginde aýak çekdi. Şol ýere Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri geçirilen mahaly deňziň düýbünden alnan toprak getiriler.

Ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşy bogazynda suwuň düýbüni çuňaltmak boýunça geçirilen işleriň barşynda çykarylan topragyň nusgalary görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu bogaz ýalpakdyr we gämileriň deňiz portuna geçmegi üçin ýörite nawigasion akaba guruldy. Ýörite gidrografiki enjamyň kömegi bilen bu akabanyň çuňlugyna yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar. Topragyň seljermeleriniň netijesi deňziň çäginiň ekologiýa arassalygynyň örän ýokary derejededigini görkezdi.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu ýerleriň topragynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi üsin amatlydygy, şol sebitiň ekologiýa ýagdaýyna hiç hili ýaramaz täsir etmeýändigi anyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen topraklaryň her biri bilen içgin tanşyp, olaryň gidrogeografiki düzümi we aýratynlyklary barada hünärmenler bilen pikir alyşdy. Hünärmenleriň pikirine görä, geçirilen barlaglaryň netijeleri bu topragyň deňiz giňişliginiň ekologiýa taýdan arassalygyny tassyklady.

Deňziň bu künjegindäki ak gar ýaly guwlar bu ýere ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, deňziň bu ýerdäki çäginde ýylyň bütin dowamynda guwlaryň bolmagy Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa taýdan örän arassadygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, deňziň bu künjegini adamlaryň bähbidine ulanmagyň, suwa düşülýän ýerleriň, seýilgäh zolaklarynyň döredilmeiniň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Halkara deňiz portuny ösdürmek we özgertmekk boýunça gurluşyk işleri ynanylan kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyga gurluşyk işleri geçirilen mahalynda deňiz çäkleriniň ekologiýa ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýylyň bütin dowamynda amatly howa ýagdaýyny döretmek üçin degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.

Daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ykdysady we durmuş ulgamynda, ekologiýa babatda wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek onuň esasyny düzýär. Munuň özi adamlaryň ähli babatda abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine hem-de abraýly halkara bilermenleriniň netijenamasyna görä, häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassa hasaplanylýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky iri möçberli taslama munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslama sebitiň syýahatçylyk kuwwatyndan doly peýdalanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Deňziň kenarynda gurulýan desgalaryň ählisiniň hökmany suratda daşky gurşawyň howpsuzlygy babatdaky talaplara laýyk gelmegi onuň esasy düzgünleriniň biridir.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologiýa taýdan goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet bermegi, ilkinji nobatda, ösümlik we haýwanat dünýäsi baý bolan Hazar deňzniň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir.

Mysal üçin, deňiz bogazlary we Hazar döwlet goraghanasynyň toplumyna girýän suw – batgalyk ýerler guşlaryň dürli görnüşleriniň – gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, gogurlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň mekan tutýan we gyşlaýan ýeri bolup hyzmat edýär. Şol ýerler halkara ähmiýetli ýerleriň derejesi bolan Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Mundan başga-da, Hazaryň türkmen bölegi balyklaryň köp görnüşleriniň, şol sanda bekre balyklarynyň gyşlaýan ýeridir. Onuň ýalpaklygynda we köpsanly bogazlarynda balyklaryň köp görnüşi tebigy ýagdaýda mesgen tutýar.

Gojaman Hazary türkmenistanlylaryň geljekki nesilleri üçin aýawly saklamak esasy wezipelerimiziň biridir. Biz özümiziň tebigy baýlyklarymyzy rejeli ulanmak bilen, olary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdireris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglydykda, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrine, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygyna, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara degişli tabşyklar, şol sanda balyklary we guşlary köpeltmek, howanyň arassalygyna yzygiderli gözegçilik etmek, daşky gurşawy goramak, durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan senagat taslamalarynyň ekologiýa barlagyny geçirmek babatda tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam etdi we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna geldi.

Döwlet Baştutanymyz deňiz portunyň çägini gözden geçirip, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň edarasyna tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnanan hökümet agzalaryna, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, daşary ýurtly işewürlere ýüzlenip, Türkmenistanda kemala gelýän döwrebap ulag-kommunikasiýa düzüminiň möhüm bölegi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara portunyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Bu düzüm ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini, onuň halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “deňiz derwezesiniň” geljegi barada aýdyp, deňziň kenarynda köpugurly gämi duralgalary bolan täze terminallary gurmagyň gaýragoýulmasyz wezipedigini nygtady. Şol gämi duralgalary islendik kysymly we dürli ýük göterijilik ukybyna eýe bolan gämileri kabul etmäge ukyplydyr. Terminallar üstaşyr ýükleri işläp geçmek we saklamak hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek üçin ammarlar bilen üpjün edilmelidir. Olar kuwwatly ýük düşürýän we ýükleýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow portuň tehniki we tehnologiki üpjünçiliginiň ýokary derejesi gojaman Hazaryň ekologiýa abadançylygyny kepillendirmelidir diýip aýtdy. Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana zolagynyň döredilmegi bilen baglylykda, bu wezipe örän wajypdyr.

Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak möhümdir. Döwletimiz mundan beýläk hem nebit önümlerini, gury ýükleri daşamak üçin tankerleri, ýolagçy gatnadýan paromlary, balyk awlaýan gämileri satyn alar. Şeýlelikde, döwrebap gämileriň hasabyna deňiz flotunyň kemala getirilmegi Türkmenistanyň söwda ýollarynyň ulgamyny giňeltmäge mümkinçilik berer hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Karara gol çekip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp toplumlaýyn gurmak barada “Gap Inşaat Ýatirim we Diş Tijäret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen port üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de awtomobil we demir ýollaryny gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine etirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berdi.

Dabara gatnaşyjylar Halkara deňiz porty ýaly iri logistiki merkeziň döredilmeginiň türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýändigini nygtadylar. Bu porty döwrebaplaşdyrmaga.... möçberdäki serişde bölünip berilýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bildiren ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, taslama boýunça öz işini birkemsiz ýerine ýetirmek üçin ähli taglalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Dabara tamamalanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, wakanyň bolan ýerinden Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.