Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 588
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahaty açyp, hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy we şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradowy hem-de B.Italmazowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara ideg etmegiň we galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň derejesi, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurulýan möhüm desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň guralyşy boýunça hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylyşyna ünsi çekip, durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen ykdysady meseleleri bark arabaglanyşyklykda toplumlaýyn çözmegiň zerurdygyny belledi. Bu işde şeýle hem sebitleriň durnukly ösüşiniň esasy şertleriniň biri hökmünde ekologiýa meselelerini hasaba almak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, öňde boljak Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýatda çäreleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bugdaý oragyna badalga bermek hem-de gowaçalara ideg etmek boýunça hem anyk görkezmeleri berdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklaryny taýýarlamak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişine degişli meseleleri gozgap, ýurdumyzyň dokma senagatynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak üçin zerur bolan bu gymmatly çig malyň önümçiligine ünsi güýçlendirmegi talap etdi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumyna dahylly wezipeleri, şol sanda ekin meýdanlaryny suwlulandyrmak üçin suw bilen üpjün etmegi hemişelik gözegçilikde saklamagy talap edip, serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hem-de hojalygy dolandyrmaga öňdebaryjy usullary çekmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak maksady bilen görülýän çäreler barada, ekerançylaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilişi, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy welaýatda pile gurçuklaryny taýýarlamak boýunça önümçilik meýilnamasynyň berjaý edilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täze desgalaryň gurluşygy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň tomusda dynç almagy üçin degişli şertleriň döredilişi barada habar aýdyldy.

Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz sebitiň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynyň, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň deňiz ýakasyndaky sebitiň örän uly mümkinçiligini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulgamlaýyn meseleleriň oýlanyşykly çözülişine baglydygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem welaýat boýunça alnyp barylýan oba hojalyk çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri gerekli derejede ýola goýmagy, pile taýýarlamagyň bellenen möçberlerde üpjün etmegi talap etdi.

Tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek meselesine degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Awazanyň we bütin welaýatyň çagalar sagaldyş merkezlerini öz içine alýan işleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna doly gabat gelmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitde, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, gowaça ideg etmegiň depginleri, şeýle hem bugdaý oragyna guramaçylykly başlamaga taýýarlyk barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň ýolbaşçysy sebitiň ýüpekçilik pudagyndaky häzirki önümçilik görkezijileri hem-de onuň gurluşyk ulgamy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň, netijeliligini artdyrmak boýunça tabşyryklary berip, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlary esasynda ekerançylygyň medeniýetini we tejribesini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem pile öndürmek boýunça wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bugdaý oragynyň guramaçylykly geçirilişinde sebitiň ýolbaşçylarynyň üstüne uly jogapkärçilik düşýär diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu möwsümiň barşyny hemişelik gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Milli Liderimiz şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alşynyň ýokary guramaçylyk derejesini, desgalaryň gurluşygynda ýokary hil talaplarynyň hem-de bellenen möhletleriniň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty diňlenildi. Ol özüniň hasabatyny welaýatyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem häkim häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, gowaçalara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Mundan başga-da, welaýatyň durmuş-senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak we täze desgalary gurmak babatda alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pile tabşyrmak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirendigi bilen häkimi hem-de sebitiň ýüpekçilerini gutlady. Dokma senagatynyň döwrebap derejede ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýän ýüpekçilik pudagynda gazanylan zähmet ýeňşiniň öz işiniň ussatlarynyň joşgunly we sazlaşykly zähmetiniň netijesidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek, bugdaý oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebiti ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hasabat berip, gowaça meýdanlaryndaky işler hem-de bugdaý oragyna başlamaga taýýarlyk barada habar berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, durmuş pudagyny we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.

Netijeli çözülmegi sebitiň oňyn depginli ösüşini kesgitlejek gyssagly we strategik wezipeleriň toplumyny kesgitläp, döwlet Baştutanymyz welaýatyň serişdeler mümkinçiliginiň ýurduň ykdysadyýetine onuň goşandyny artdyrmaga, onuň senagat we oba hojalyk şertlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Milli Liderimiz şeýle hem ýakyn günlerde badalga beriljek bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmek, möwsümiň ähli ulgamlarynyň üznüksiz işini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berip, şunuň bilen birlikde pagtaçylar barada alada hem-de “ak altynyň” geljekki hasylyny taýýarlamaklyga ünsi gowşatmazlygy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak boýunça şertngamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri üçin hem ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, oba hojalyk möwsümleriniň barşyny — ýakyn günlerde başlanýan bugdaý oragyny hem-de gowaça ýetişdirilýän ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz bugdaý meýdanlarynda orak möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde başlanmagy, gallanyň kabul edilişi we ýetişdirilen hasyly degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýüpekçilik pudagynda öndürijiligi has-da höweslendirmegiň zerurdygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý eden Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň üstünliklerini ýene-de bir gezek belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Italmazowa taýýarlanan piläni kabul etmegiň hem-de senagat çig malynyň soňra gaýtadan işlenmeginiň takyk ulgamyny ýola goýmagy, bu önümçilik işinde täze tehnologiýalary peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtda işleriň ýagdaýy, onuň binagärlik we düzümleýin ösdürilmegi boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi, şeýle hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde täsin binagärlik keşbiniň emele gelendigini belledi. Onuň ykdysady mümkinçiligi giňelýär, türkmen paýtagtynyň halkara derejesinde orny pugtalanýar. Şunda hemme durmuş-ykdysady, şähergurluşyk özgertmeleriniň esasy wezipesi aşgabatlylaryň oňaýly durmuşy üçin iň oňat şertleriň döredilmegi bolup galýar. Paýtagt — bu biziň umumy buýsanjymyz, umumy işimiz we wezipämiz diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ösüşiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Paýtagtda ähli desgalaryň gurluşygynyň hilini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, döwlet Baştutanymyz şäher giňişligini guramakda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Bu işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda Aşgabady gülläp ösýän ajaýyp bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan üznüksiz işler görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli şi maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.