Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Ankarada, «Çankaýa» köşgünde bolan ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri uly üstünlige eýe bolup, iki dostlukly döwletiň giň gerimli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmäge we giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi we türkmen-türk hyzmatdaşlygyna, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyna, telekeçilik düzümleriniň özara gatnaşyklaryna täze itergi berjek ylalaşyklar gazanyldy. Käbir resminamalar ylym we syýahatçylyk babatda iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge degişlidir. Bu meseleler milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda hem beýan edildi. Şol duşuşyklarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary çalt amala aşyrmaga taraplaryň isleginiň bardygy nygtaldy.
Dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meseleleri şu günler Türkiýede geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň bäşinji mejlisiniň we türkmen-türk işewürler maslahatynyň barşynda hem gozgaldy.
Iki halkyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygy türkmen-türk dostlugynyň we doganlygynyň berk binýady köp ýyllyk özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkiýäniň Lideri Abdulla Güle Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çözgüt 15-nji maýda Aşgabatda geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahatynda yglan edildi. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Baştutanyna bu abraýly baýragy gowşurdy.
Ýeri gelende aýtsak, doganlyk türk halky beýik akyldar we şahyr Magtymgulynyň ýadygärligine beýik sarpa goýýar, ýurduň dürli şäherlerinde onuň hormatyna ýadygärlikler oturdyldy. Her ýylyň maý aýynda dostlukly ýurtda şahyryň hormatyna dabaralar geçirilýär, olar aýratyn-da şu ýyl giňden tutuldy. Bu ýyl Türkmenistan beýik şahyryň ynsanperwerlik maksatlaryna eýerýän dünýäniň ähli adamlary bilen bilelikde özüniň görnükli oglunyň 290 ýyllygyny belleýär. Düýn türkmen döwletiniň Baştutany Ankarada ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähine bardy we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna dowam edýän resmi saparynyň şu günki gününiň birinji ýarymynyň maksatnamasy gumanitar ulgamda, hususan-da, ylmy we öňdebaryjy tehnologiýalary ösdürmek babatda täze görnüşdäki özara gatnaşyklara bagyşlandy.
Irden döwlet Baştutanymyz Bilkent uniwersitetiniň «Bilkent Kiberpark» tehnologik merkezine bardy. Bu ýokary okuw mekdebi ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmak üçin bu ýerde bilim alýanlara örän giň mümkinçlikler döredilen ýokary okuw mekdep hökmünde ylmy toparlaryň arasynda belent abraýdan peýdalanýar. Uniwersitetiň ady türk dilinde «okuwlar we ylymlar şäheri» diýmegi aňladýar. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan daşary ýurtly talyplaryň ençemesi bilim alýar, dünýäniň 40-a golaý döwletinden bolsa mugallymlar işleýär.
Mälim bolşy ýaly, ylmy özgertmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ylym-bilim ulgamynda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we üstünlikli alnyp barylýan özgertmeler netijesinde türkmen döwletiniň innowasiýalara tarap saýlap alan ugrunyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýän üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz innowasion ykdysadyýeti gurmagyň, ylmy ösdürmegiň, senagaty ýokary tehnologiýaly önümçilige geçirmegiň strategiýasyna aýratyn üns berýär. Ýakyn wagtda açyljak Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini döretmegiň bir tapgyry bolmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze Tehnologiýa merkez ylymlary we tehnologiýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetini ilerletmäge ýardam edip, milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam eder. Şonuň üçin Türkmenistanyň Baştutanynyň Türkiýä saparynyň maksatnamasyna Ankaranyň iri Tehnologiýa merkezine baryp görmegiň goşulmagy kanunalaýyk bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Tehnologiýa parkynyň merkezi binasynyň girelgesiniň öňüne gelip saklanýar. Bu ýerde milli Liderimizi «Bilkent Kiberpark» tehnologiýa merkeziniň baş direktory hanym Janan Çakmakçy mähirli garşylaýar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy binanyň ikinji gatynda ýerleşen maslahatlar zalyna çagyrýar.
Bu ýerde belent mertebeli myhmana «Bilkent Kiberparkyň» düzümi we ugurlary barada aýdyldy. Ol Bilkent uniwersitetiniň 9 fakulteti, dört ýyllyk okuw maksatnamasy bolan tehniki hünärment mekdepleriniň ikisini hem-de iki ýyllyk maksatnamaly mekdebiň üçüsini birleşdirýän düzüm bölegi bolup durýar.
Tanyşdyryşyň barşynda 2002-nji ýylda esaslandyrylan we 100 000 inedördül metr meýdanda ýerleşen «Bilkent Kiberparkyň» Türkiýede çalt depginler bilen ösýän Tehnopark bolup durýandygy bellenildi. Ol ylmy-barlag merkezleriniň dokuzysyny öz içine alyp, olarda üç müň töweregi adam zähmet çekýär. Alymlaryň bu köpugurly ylmy merkezde geçirýän barlaglary ylmy-tehniki taýdan ösmäge we ylmy açyşlary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam edýär diýip, «Bilkent Kiberparkyň» ýolbaşçysy aýtdy. Türk işewürleriniň ylmy taslamalara we barlaglara maýa goýumga gyzyklanmalaryny belläp, Janan Çakmakçy, eýesi Bilkent uniwersiteti bolan Bilkent Holdinginiň işini mysal hökmünde getirdi. 40-dan gowrak kompaniýalar olaryň bölüm kärhanalary bilen birlikde holdingiň şygary astynda işleýär we öz işlerini gurluşyk, senagat, habar beriş we aragatnaşyklar tehnologiýalaryny, maýa goýumlar we hyzmatlar ulgamlarynda alyp barýarlar.
Dabara tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Tehnoparkyň çäginde ýerleşýän Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýalar ylmy-barlag merkezine (UNAM) baryp gördi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag laboratoriýasynyň işleri, bu ýerde geçirilýän baglaglar bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiz alymlaryň işleri, gazanan üstünlikleri bilen gyzyklandy. Hünärmenler bilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryny iş ýüzünde işjeň peýdalanmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ösüşlere beslenen iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz düzüm bölegidir. Şu günler ýokary derejede geçirilen türkmen-türk gepleşikleriniň barşynda gumanitar ulgamda netijeli özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda gazanylan möhüm ylalaşyklar muňa ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy ylmy hem-de ylym-bilim merkezleriniň, alymlarynyň we hünärmenleriniň arasyndaky gatnaşyklary göz öňünde tutýar. Bu bolsa düýpli ylmy-barlaglaryň we ykdysadyýetde hakyky işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmäge ýardam berer.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti merkeziň düzüm bölümleriniň ýene birine bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhmana lukmançylyk, biohimiýa ýaly ugurlarda amala aşyrylýan innowasion taslamalary durmuşa geçirmek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda hünärmenleriň geçirýän ylmy barlaglarlary bilen tanyşdyryldy.
Milli Liderimiz alymlar bilen söhbetdeşlikde olaryň alyp barýan ylmy işleriniň anyk netijeleri bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň durmuş ugurly ykdysady strategiýany amala aşyryp, lukmançylyk senagatyna öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de saglygy goraýyş ulgamyna innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga gyzyklanýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz türk hünärmenlerini türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge we tejribe alyşmaga çagyrdy. Hususan-da, Aşgabat şäherinde okuwlary iňlis dilinde okadyljak Gumanitar ylymlary we ösüş baradaky halkara uniwersitetini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk hünärmenlerini bu ýokary okuw mekdebinde professor-mugallym derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge, türk tehnoparkynyň wekillerini türkmen paýtagtynda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu dabara ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününe gabat gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tehnomerkezde geçirilýän ylmy işler barada beren gyzykly gürrüňleri üçin UNAM-yň we «Bilkent Kiberparkyň» ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Ankara şäheriniň «Esenboga» halkara howa menziline ugrady. Ol ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny ugratmaga we oňa ak ýol arzuw etmäge gelen Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar. Ýaşlara ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwlarynda uly üstünlikler arzuw edip, gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýan mähriban Watanymyzda olaryň hünär bilimleriniň örän zerur boljakdygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň dördünji ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň Bodrum şäherine ugrady. Ol duşuşyk döwlet Baştutanlarynyň derejesinde 5-nji iýunda geçiriler.
Bodrum şäheriniň «Milas» halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni özi üçin niýetlenen kabulhana — «Hilton Bodrum Türkübükü Resort & Spa» myhmanhanasyna ugraýar.
Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.
Agşam hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni «Paparazzi» restoranyna ugrady. Ol ýerde Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül tarapyndan öz belent mertebeli myhmanlarynyň — türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi däl agşamlyk nahary berildi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül we Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Halil Akynjy garşyladylar.
Agşam naharyndan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kabulhanasyna ugrady.
Ertir döwlet Baştutanymyz Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygynyň işine gatnaşar.