Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 614
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, welaýatlaryň we Aşgabat şäherleriň häkimleri, käbir ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Iş maslahatynyň barşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny we pudaklaýyn meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky gündelik işler, şol sanda derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgelerine, köpçülikleýin bedenterbiýe –sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine wise-premýeriň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda gymmatly derman serişdelerini öndürmek üçin çig malyň örän uly gorlarynyň bardygyny, şonuň ilatyň ekologiýa taýdan arassa tebigy dermanlyk otlardan taýýarlanan dermanlyk serişdeleri babatdaky zerurlyklaryny üpjün edip biljekdigini hem-de uly girdeji getirjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz buýandan derman serişdeleriniň öndürilmegi barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eger şu ugurdaky işler dogry we bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlanda, buýandan derman serişdelerini öndürýän tutuş bir pudagy döredip boljakdygyny aýdyp, şu ulgamyň ýolbaşçylaryna bu iş boýunça öňden bäri gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen bilelikde buýandan derman serişdelerini öndürýän döwrebap toplumy gurmagyň meselesini jikme-jik öwrenmegi we ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz buýandan derman serişdelerini öndürýän kärhananyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň, bu kärhanany gurmak we şol kärhana üçin önümçilik çig malyny döretmek maksady bilen karz almagyň meseleleriniň seljerilmegini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, hökümetiň şu ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde şu ugurda edilen işler barada hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowy we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň, şol sanda Türkmenbaşy-Garabogaz awtoulag ýoluny döwrebaplaşdyrmak we täze ýoly gurmak baradaky meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Soňra “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýew özüne ynanylan düzümdäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, awtoulag ýollaryny gurmak we olardan netijeli peýdalanmak barada durmuşa geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýol gurluşygy boýunça amala aşyrylýan maksatnama boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak we täze ýollary gurmak boýunça işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, halkara we döwlet ähmiýetli ýollary çekmek bilen birlikde, welaýat we etrabara derejeli awtoulag ýollaryny gurmak boýunça işleriň depginini we hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol gurluşygy boýunça döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur aragatnaşyk ulgamlaryny geçirmek bilen bagly meseleleriň oýlanyşykly çözülmelidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sazlaşykly we çalt depgin bilen ösdürmekde möhüm ähmiýet berilýän ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegine degişli wezipeler berjaý edilende, degişli edaralaryň sazlaşykly işlemeginiň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýollaryň ýokary hilli we geljekde-de ulanmaga ýaramly bolmagyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli talap bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet konserniniň işine düýpli nägilelik bildirip, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talabalaýyk ýola goýmagy talap etdi. Hormatly Prezidentimiz awtoulag ýollarynyň ýagdaýynyň ýaramazdygyna ünsi çekip, M.Artykowdan şu ýagdaýy gysga möhletlerde düzetmek boýunça anyk çäreleri görülmegini talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy bilen bilelikde konsernde işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak boýunça görlen çäreler barada hasabat bermegi hem-de konserniň işiniň depginini has-da güýçlendirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowyň hasabatyny diňledi, ol gözegçilik edýän pudaklarynyň işi hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamlaryna degişli kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli ulgamlarynyň ösdürilmegine degişli meselelere yzygiderli goldaw berýändigini nygtap, şu ugurda amala aşyrylýan degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz ulag kärhanalary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary we döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede bolmagyny üpjün etmek ýaly möhüm meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnadýan ulaglaryň işiniň hemmetaraplaýyn seljerilmegini hem-de ilata hyzmat edilişini göwnejaý guramak üçin degişli çözgütleriň işlenip taýýarlanmagyny talap etdi. Milli Liderimiz munuň ilkinji nobatda ýolagçy awtobuslarynyň bökdençsiz hereketiniň üpjün edilmegine degişlidigini aýtdy. Ýolagçylara medeniýetli hyzmat edilmegine, ulagda, şeýle hem awtobus duralgalarynda arassaçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilmegine aýratyn üns bermek gerek.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda Ylymlar gününe taýýarlyk bilen bir hatarda, şäherde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de göwnejaý derejede abadanlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz şäheriň binagärlik ulgamynda, şol sanda köp gatly belent jaýlary we ýollary gurmakda bu ugurdaky iň täze çözgütleriň, öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy. Öňde boljak şanly senelere toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş masldahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol milli Liderimize ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim gowaça ideg etmek, dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hem-de möwsümiň öz wagtynda ýokary hilli tamamlanmagyna aýratyn ünsi çekip, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz ulanylmagyny, ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny gazanmak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz galla oragynda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gallaçylara medeni we beýleki hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, suwarymly ýerleriň suw bilen üpjün edilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýratyn nygtady. Sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz binalaryň ýokary hilli gurulmagynyň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojammämedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynda işledilýän tehnikalaryň bökdençsiz ulanylmagyny ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek babatda işlenip taýýarlanylan milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işler, şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini güýçlendirmek we möwsümi öz wagtynda, ýokary hilli tamamlamak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragynda işledilýän tehnikalaryň üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň sazlaşykly işledilmelidigini, orakda işleýänler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, iş üstünde tehniki we medeni hyzmatyň yzygiderli ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçip, bu babatda ylmy işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim galla oragyna guramaçylykly girişmek, gowaçalara ideg etmek, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler barada aýtdy. Mundan başga-da, ol welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri hem-de Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli guralýan çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitde göz öňünde tutulan ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berip, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe hem-de welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeligine taýýarlyk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Daşoguzda oba hojalygy boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň alan bilimlerini okuw-önümçilik tejribeleri arkaly berkitmekleri bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, milli Liderimiz olaryň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalara erk etmegine uly ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, bu wajyp oba hojalyk möwsüminiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleri, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, oba hojalyk toplumynda möhüm möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmek, oňa degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde gowaçalara ideg etmegiň derejesi, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi we sebitde desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekip, bu barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ylymlar gününe ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz çykyşyny sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem welaýatyň gurluşyk desgalaryndaky işleriň depginini boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol galla oragynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurda sazlaşykly işleri üpjün etmek, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak hem-de gallaçylaryň işi boýunça zerur şertleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine degişli meseleleriň üstünde durup gçemek bilen, işiň ýokary öndürijiligi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça agrotehniki işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Marydaky Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň şu ugur boýunça dünýäde ylmy taýdan gazanylanlary, şeýle hem ýurdumyzda dünýä derejesinde gazanylanlary göz öňünde tutmak arkaly gurulýan döwrebap elektrik beketlerinde, şol sanda Mary döwlet elektrik bekedinde toplanan öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi hem-de şu ugurdaky ýokary tehnologiýalary özleşdirmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu işde döwrebap işläp taýýarlamalaryň hem-de kämil tejribeleriň talyplar üçin elýeterli bolmagyna jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekiili iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da sazlaşykly ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna gönükdirilen wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.