Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razagyň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman düýn ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.
Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana bu sapary özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, taraplaryň erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek meýline esaslanan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar.
Irden belent mertebeli myhman paýtagtymyzdaky kaşaň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyndan «Oguzhan» köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Türkmen Lideri we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany dostlarça salamlaşyp, «Oguzhan» zalyna barýarlar, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.
Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Belent mertebeli malaýziýaly myhman Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Malaýziýanyň Premýer-ministri şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz nobatynda, Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razagy «Altyn zala» çagyrýar, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp, Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz dostluk gatnaşyklaryna we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini nygtap, soňky ýyllarda türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň berkidilendigini, möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini belledi.
Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk hem-de işewür gatnaşyklar okgunly ösýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we Malaýziýanyň «Petronas Çarigali» meşhur kopaniýasynyň Türkmenistanda üstünlikli işleýändigini mysal getirdi. Bu kompaniýa ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda işläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlary işjeň ulanýar. Şunuň bilen birlikde, «Petronas Çarigali» türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça hem uly işleri alyp barýar.
Hormatly Prezidentimiz şu gepleşikleriň barşynda türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollarynyň kesgitleniljekdigine ynam bildirip, häzirki wagtda ýurdumyzda işewürligi alyp barmak üçin giň mümkinçilikleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň işewür toparlarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany gumanitar ulgamda — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklaryny umumy ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletleriň ikisinde hem syýahatçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, bu ugur boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Baştutany şu günki gepleşikleriň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Malaýziýanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Premýer-ministr Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özünde ýurdumyza bolan öňki saparyndan örän ýakymly täsirleriň galandygyny belledi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda uly özgerişlikler bolup geçdi, türkmen paýtagty — Aşgabat şäheri has gözelleşdi diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany bu saparyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňde goýlan maksatlara ýetjekdigini we öz ösüşinde belent sepgitleri eýelejekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak «Petronas Çarigali» kompaniýasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşýandygyny belledi. Munuň özi Malaýziýa tarapy üçin örän buýsançly ýagdaýdyr. Bu kompaniýa özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşip, Türkmenistana ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem ýardam edýär.
Malaýziýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp, ykdysady ulgamda, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň hasabyna gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze gurallary döretmegiň wajypdygyny aýtdy.
Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Taraplar özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ileri tutulýan ugurlar babatda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurdyň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki ugur bolan ýangyç-energetika toplumy ulgamynda gatnaşyk etmek meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler. Türkmen Lideri we Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutany oňyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýän hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän gumanitar-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýa jogap sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.
... Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine täze kuwwatly itergi berlendigini bellemek gerek. Netijede, möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, Aşgabatdaky şu ikitaraplaýyn duşuşyk ähli ugurlarda döwletara dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýar.
Daşary syýasat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýy gazanyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha bermekde hem, halkara durmuşynyň möhüm ugurlarynda özara hyzmatdaşlyk etmekde hem garaýyşlaryň birmeňzeşdigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Taraplar häzirki zaman halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesi boýunça umumy ýörelgelere we garaýyşlara eýerýärler. Şunda olar, ilkinji nobatda, dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde durnukly ösüş we howpsuzlyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyndan ugur alýarlar. Türkmenistan we Malaýziýa iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem Goşulmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassyklaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň we daşary ykdysady işlerinde strategik ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ASEAN bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýär hem-de bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar.
Gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň durnukly ösüşe, täze ählumumy howplara — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge ýardam bermek ýaly halkara durmuşynyň möhüm meselelerinde taraplaryň garaýyşlarynyň umumydygyny bellemelidiris. Olar bu ugurda esasy halkara guramalarynda bilelikdäki netijeli işleri dowam etmegi göz öňünde tutýarlar.
Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa, Malaýziýa Türkmenistanyň wajyp we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Indi köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz Malaýziýayň «Petronas Çarigali» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Munuň özi ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny netijeli amala aşyrmagyň anyk mysaly bolup durýar.
Şonuň bilen birlikde, ýangyç-energetika pudagyndan başga-da, hyzmatdaşlyk etmek üçin köp ugurlar bardyr. Bu ulgamlarda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi oňat netije berip biler. Şunda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, işewür gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şu babatda ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýalara esaslanýan pudaklaryna: energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, ulag we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny goýmagyň häzirki döwürde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemelidiris.
Şunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlary, şeýle hem işewürlik geňeşleri bu ugurda möhüm utgaşdyryjy ähmiýete eýe bolmalydyr. Bu düzümleriň döredilmegi geljekde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine goşmaça itergi berer.
Bank ulgamyny we şähergurluşyk pudagyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Türkmenistan özüniň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu ulgamda ýurdumyz degişli düzümi döretmekde Malaýziýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şu ugurda netije hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hususan-da, malaýziýaly hyzmatdaşlar Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşyp bilerler.
Gumanitar ulgamy türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde amala aşyrylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlugyň pugtalanmagyna ýardam edýän möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Türkmenistan bilen Malaýziýa baý we özboluşly medeniýetli ýurtlardyr. Bu ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi iki ýurduň halklarynyň has ýakynlaşmagyna we tutuş giň möçberli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hem türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi toplanyldy. Mysal üçin, häzirki döwürde ýurdumyzyň köp sanly talyplary Malaýziýada bilim alýar. Hususan-da, nebitgaz toplumy boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Petronas tehnologik uniwersitetine her ýyl Türkmenistanyň raýatlary okuwa iberilýär.
Bir söz bilen aýdylanda, bilim ulgamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek üçin ähli şertler bar. Bu hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam eder.
Şeýlelikde, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen şu türkmen-malaýziýa gepleşikleri döwletara hyzmatdaşlygyny täze, has ýokary derejä çykarmak maksadynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri döretmelidir...
Gepleşikler tamamlanandan soň, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri Bilelikdäki türkmen-malaýziýa beýannamasyna gol çekýärler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Söwda boýunça Türkmenistan-Malaýziýa bilelikdäki komitetiniň Ygtyýarlyklarynyň Teswirnamasyna, Medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga, Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama, Nebitgaz senagaty ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz we Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy «Baýram han» zalyna bardylar, bu ýerde metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemlerini beýan edip, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýändigi, uzak geljekde hem halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirilendigi bellendi. Şonuň bilen birlikde, häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň deňhukukly birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän pugta binýadyň esasynda ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, biz dürli derejelerde Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlaryny guramagyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň bar bolan tejribesini goldadyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmeginiň bardygyny, ýörelgeleriniň we garaýyşlarynyň meňzeşdigini aýdyň görkezdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge iki ýurduň hem çalyşýandygy tassyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu günki duşuşygyň barşynda Aziýada ynanyşmagyň ýörelgelerini pugtalandyrmaga, dawalara eltýän ýagdaýlara ýol bermezlik meselelerine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem döwletleriň arasynda halkara-hukuk kadalarynyň we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen degişli rezolýusiýalaryň esasynda gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin, bu sebitde pugta syýasy we hukuk şertlerini döretmegiň meselelerine uly ähmiýet berildi.
Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklarynyň adalatly we sazlaşykly ulgamyny döretmegiň doly tarapdarlary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gatnaşyklaryň bu ulgamy ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, ählumumy syýasatda ösýän ýurtlaryň ornuny pugtalandyrmaga esaslanandyr. Şu gün geçirilen duşuşyklar we gepleşikler bu maksatlara iki ýurduň eýerýändigini aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukukly we özara bähbitli häsiýete eýedigine ýokary baha berdiler. Bu gatnaşyklaryň gowy netijeleri Türkmenistan bilen Malaýziýanyň dünýä giňişliginde iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulmazlyk Hereketiniň çäklerindäki özara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar.
Şeýle hem taraplar halkara derejesindäki täze howplara we wehimlere garşy göreşmekde, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Geçirilen gepleşikler söwda-ykdysady we maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge iki ýurduň hem taýýardygyny aýdyň görkezdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde täze, iri möçberli önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikde netijeli işleri alyp barmak üçin şertleri döretmäge iki tarapyň hem çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny, şeýle hem Işewürler geňeşlerini döretmek bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegine öwrülip biler.
Şunuň bilen baglylykda, energetika, kommunikasiýa, bank ulgamlarynda, gurluşykda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk babatda we beýleki ugurlaryň birnäçesinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Taraplar gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygyny we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakda bar bolan mümkinçilikleri bellediler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. «Petronas Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýändigi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysalydyr. Bu kompaniýa Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda uglewodorod ýataklaryny ilkinji bolup işläp başlanlaryň biri boldy.
Şeýle hem iki ýurduň telekeçilik edaralarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeginiň, bilelikdäki maýa goýum işlerine gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda munuň üçin ähli amatly şertler döredilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunda türkmen tarapy Malaýziýanyň işewürleriniň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldar. Şeýle hem Türkmenistan Malaýziýada türkmen işewürleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçirilen gepleşiklerde medeni-gumanitar ulgama möhüm ähmiýet berildi. Şunda taraplar medeniýet ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Malaýziýanyň bu ulgamda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi saparynyň jemlerine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, gumanitar we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda, Premýer-ministre we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli işlenendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri öz gezeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeli bolandygyny belledi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy, ileri tutulýan ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze taslamalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan we Malaýziýa däbe öwrülen gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany belledi.
Şeýle hem halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak taraplaryň abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde geljekde hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ylym we bilim ulgamynda özara gatnaşyklary dowam etmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle-de belent mertebeli myhman Malaýziýanyň geljekde hem türkmen talyplaryny okuwa çagyrmakçydygyny tassyklady.
Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin özara mümkinçilikleriň bardygy hakynda bir pikire geldiler. Şonda «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistanda işleriniň gerimini giňeltmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Bu barada aýtmak bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministri iki ýurduň geljekde nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga meýillidigini belledi.
Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda gurluşyk, bank ulgamy, himiýa pudagy, aragatnaşyk ýaly ugurlarda giňeltmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň tekliplerini goldaýandygyny aýdyp, belent mertebeli myhman bu ugurlarda Malaýziýanyň kompaniýalarynyň baý tejribesiniň bardygyny, olaryň öz tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şonuň bilen birlikde, Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Premýer-ministr Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak Türkmenistana resmi saparynyň jemlerinden doly kanagatlanýandygyny aýdyp, Malaýziýanyň hökümet wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany sözüniň ahyrynda milli Liderimize giň gerimli döwlet işlerinde täze üstünlikler, Türkmenistana we biziň ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri «Baýram han» zalyndan çykdylar.
Belent mertebeli myhman «Oguz han» köşkler toplumyndan paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilen Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdy. Asylly däbe görä, Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Agşam döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, milli Liderimiz we Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy biri-biri bilen mähirli hoşlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak geçirilen gepleşikleriň jemlerine doly kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy, bu ýerden öz Watanyna ugrady.
Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary wagtynda onuň ýanynda bolan maşgalasy hanym Rozmah Mansor üçin medeni maksatnama guraldy. Onuň çäklerinde myhman paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdy, şeýle hem Gökderede ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň birine baryp gördi.

* * *