Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tharit Çarungwatdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Taýlandyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikler arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Taýland Patyşalygynyň ýolbaşçylygynyň hem-de hökümetiniň adyndan mähirli salamy we iň oňat arzuwlary beýan etdi. Jenap Tharit Çarungwat iki ýurduň —Türkmenistanyň we Taýlandyň dostlukly halklarynyň abadançylygyna we ählumumy parahatçylygyň bähbidine gönükdirilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky oňyn gatnaşyklary geljek-de hem dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlary, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milletimiziň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdyryldy.
Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň okgunly ösüşine, dünýäniň ykdysady we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýän ylym we bilim ulgamlarynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi.
Taýlandyň ilçisi şeýle hem türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk işi we düzüm gurluşy, halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirmek bilen, Taýlandyň doly ygtyýarly wekili parahatçylyk söýüjilikli, durmuş-ykdysady we medeni ugurlarda haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan ýurtda öz döwletine wekilçilik etmegi özi üçin uly mertebe hasaplaýandygyny nygtady.
Türkmenistan bilen Taýlandyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, diplomat ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem öz ýurdunda bilelikde hereket etmegi hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-gumanitar ulgamlar görkezildi.
Şu gün Taýland Patyşalygynyň wekiliýeti Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi jenap Tharid Çarungwatyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.

* * *