Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Margaret Çeni kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň direktory Žužanna Ýakab gatnaşdy.
Ýüzbe-ýüz duşuşykda soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, iri halkara guramasynyň ýolbaşçylary ilatyň saglygyny goramak ulgamynda Türkmenistanda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, BSGG-niň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa ugrukdyrylan syýasatyny tutuşlygyna goldaýandygyny nygtadylar we mundan beýläk hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça iri möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmekde netijeli goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli garşylap, Türkmenistanyň BMG we onuň iri düzümleri, şol sanda BSGG bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini, bu gurama bilen ýurdumyzy köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, muňa lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň tutuş toplumynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de Türkmenistana ýurdumyzyň bu ugurda gazananlarynyň ykrarnamasy hökmünde halkara güwänamalarynyň birnäçesiniň gowşurylandygy hem mysal bolup biler.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, onuň ileri tutulýan ugurlary hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy, umumy tagallalar netijesinde bu ugur täze ösüş depginlerine eýe boldy.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna uzak ýyllaryň dowamynda baştutanlyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ugurlarda, şol sanda eneligi we çagalygy goramak boýunça, azyk önümlerini baýlaşdyrmak we ilaty ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün etmekde iri möçberli milli taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändikleri, şeýle hem çagalara kesellere garşy sanjym etmek çäresini geçirmäge ýardam edendikleri üçin BSGG-niň ýokary wezipeli wekillerine aýratyn minnetdarlygyny beýan etdi. Türkmenistan çagalara kesellere garşy sanjym etmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde öňdeligi eýeleýär.
Türkmen Lideriniň BSGG bilen hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin, özara gyzyklanma bildirmek esasynda ýola goýmak meselesine oňyn çemeleşmelerini makullamak bilen, hanym Margaret Çen Türkmenistanda bu ugurda amala aşyrylýan çärelere, hususan-da, örän zyýanly bolan temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan işlere ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça ýurtlarynyň ministrler derejesinde geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly maslahatyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy, onuň çäklerinde türkmen Lideri ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny temmäki tüssesiniň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şu ýyllaryň dowamynda temmäkä garşy işjeň göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda temmäkä garşy giňişleýin hereket ýaýbaňlandyryldy, ol alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde görlüp-eşidilmedik häsiýete eýe boldy. Mysal üçin, 2008-nji ýylda gündogar halklary üçin mahsus bolan temmäki önümi, adam saglygyna zyýanly täsir edýän nasy öndürmegi, ýerlemegi, peýdalanmagy we ýurdumyza getirmegi gadagan etmek hakyndaky Perman kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisi BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012—2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy» işlenip taýýarlanyldy, ol häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem köpsanly beýleki milli maksatnamalar amala aşyrylýar, olaryň hatarynda «Saglyk» döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň şypahana-bejeriş ulgamyny ösdürmek boýunça Milli maksatnama» we beýlekiler bar. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça çäreleriň dowam etdiriljekdigini nygtap, durmuşa geçirilýän ähli çäreleriň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli wagyz edýän çäreler, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge göniden-göni ýardam berjekdigini belledi.
BSGG-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny üçin ýene bir gezek hoşallyklaryny beýan edip, hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we türkmen Liderine öz halkynyň bagtyýarlygyna, saglygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynda täze üstünlikler arzuw etdiler.
Soňra duşuşyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýolbaşçylarynyň, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, olary ýurdumyzyň myhmany bilen tanyşdyryp, Türkmenistanda adam we onuň saglygyny goramak baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny hem-de şu ugurda Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen içgin hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn belledi. Bu guramanyň Baş direktory hanym Margeret Çen ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysyny «Türkmenistana hoş geldiňiz» diýen sözler bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň 1992-nji ýylda Bütindüýnä saglygy goraýyş guramasynyň agzalygyna kabul edilendigi aýtdy. Şondan bäri bu abraýly halkara guramalary bilen birlikde Türkmenistanda adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we eleminasiýa etmek boýunça uly işler berjaý edildi. 2000-nji ýylda amala aşyrylan çäreleriň netijesinde, Türkmenistan drakunkulýozyň eleminasiýasy boýunça halkara güwanamasyny aldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly möhüm ähmiýetli ugur boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň oňyn netijeleri berýändigini aýtdy. Hususan-da, şu ugurda 2002-nji ýylda Türkmenistanda çagalygyň polimiýeti dolulygyna aradan aýyrmak boýunça oňyn netijeleri gazanyldy, ýurdumyza bu ugur boýunça halkara güwanamasy gowşuryldy.
Nahar duzuny ýodlaşdyrmak boýunça hem netijeli işler geçirildi. Bu bolsa ýod we demir ýetmezçiligi sebäpli döreýän keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Geçirilen işleriň netijesinde 2004-nji ýylda Türkmenistanda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagynyň gazanylandygy barada halkara güwänamasy alyndy. Ýurdumyzda gyzzyrma keseli (maleriýa) hem doly ýok edilip, Türkmenistana 2010-njy ýylda degişli halkara güwänamasy berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde hem ýurdumyzda birnäçe keselleriň öňüni almak üçin hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, «Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda häzirki döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen işlerine ýakyndan ýardam berýär. Milli Liderimiz muňa mysal hökmünde 2013-nji ýylyň dekabrynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça ýurtlarynyň ministrleriniň derejesinde Aşgabat şäherinde geçiren «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly halkara maslahatyny görkezdi. Bu maslahatda Aşgabat jarnamasy kabul edildi hem-de şunda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çäklerinde ýurtlaryň bilelikdäki işiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belledi. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge, ömür dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy, hanym Margaret Çene söz berdi.
Hanym Margaret Çen türkmen Liderine, dabara gatnaşýanlaryň ählisine ýüzlenip, Türkmenistanda temmäki önümleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmekde uly üstünlikleriniň gazanylmagy bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we bu guramanyň Ýewropa sebiti boýunça bölümleriniň adyndan gutlady.
Myhman ýurdumyzyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory we uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk etmek arkaly, döwlet tarapyndan şu ugurda ozal görlüp-eşidilmedik derejede goldaw beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp şahsy işleri bitirendigi aýratyn belläp, ýurdumyzda uny demir bilen baýlaşdyrmak we nahar duzuny ýodlaşdyrmak, immunlaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalary we beýleki çäreleri amala aşyrmakda işleriň netijeliligi barada aýratyn durup geçdi.
Ýurdumyzda ilatyň saglygynyň goralmagy boýunça köp ugurly öňüni alyş işiniň çäklerinde temmäkä garşy göreşilmegine aýratyn üns berilýär, çünki temmäkini ulanylmagy adamlaryň saglygy üçin esasy töwekgelçilikleriň biri bolup durýar. Bu ýagdaý köpsanly keselleriň döremegine hem-de her ýylda tutuş dünýäde 6 milliona golaý adamlaryň pida bolmagyna getirýär. Hanym Çen bu howpuň öňüni alyp boljakdygyny hem-de her bir ýurduň hökümetiniň muňa işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Şunda olaryň esasy meýilleri saglygy goramak bilen çäklenmän, köp sanly edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyna gönükdirilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ugurda geçirilýän işler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de bu işleriň döwlet Baştutanlarynyň we hökümetleriň gös-göni gatnaşmagynda şu ugurda tagallalaryň jemlenmegini örän netijeli bolup durýandygyny aýdyň mysaldygyny belledi.
2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasyna — temmäkä gözegçilik etmek boýunça halkara standartlaryny we ugur edinýän esasy ýörelgeleri belleýän şertnama goşuldy. Köpsanly ýagdaýlar şol şertnamanyň netijeliligini, hususan-da, temmäkä garaşly adamlaryň sanynyň azaltmagyna gönükdirilen bu ýuridiki taýdan düzgünleşdiriji resminamalaryň kadalarynyň ulanylmalydygyny aýdyň görkezýär. Hanym Çen şu ugurda entek tagallalaryň jemlenmeginiň möhümdigini belläp, öz çykyşynda temmäkäniň garşysyna ählumumy çäräniň esasy ugurlary barada durup geçdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy bu göreşde gazanylan her bir ýeňşiň, raýatlary temmäki önümleriniň zyýanyndan goramakda gazanylan her bir üstünligiň örän möhüm ähmiýetlidigini we muňa ýardam berilmelidigini aýtdy.
Myhman 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekilmegini gadagan edilmegini, şeýle hem 2013-nji ýylda «Raýatlaryň saglygyny temmäkiniň tüssesiniň we temmäki onümlerini ulanylmagyň netijelerinden goramak hakyndaky « Kanunyň kabul edilmegini Türkmenistanyň şu ugurda gazanan esasy üstünlikleriniň hatarynda görkezdi. Şu Kanundaky düzgünler arkaly, onuň esasy düzgünleri boýunça netijeli we utgaşdyrylan işiň alnyp barylmalydygy aýratyn bellenildi.
Türkmenistanda satylýan temmäki önümleriniň nyrhlarynyň ýokary bolmagy ýene-de bir esasy ýagdaý hökmünde görkezdi, ýurdumyzda temmäki onümleriniň nyrhy Merkezi Aziýadaky we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky ýurtlardan has gymmatdyr. Hanym Çen saglyga ýetirýän zyýanyň diýseň gymmatly bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň jemleriniň tassyklamagyna görä, şu çäreleriň amala aşyrylmagynyň ilatyň uly ýaşly adamlarynyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramagynyň derejesiniň Ýewropa sebiti boýunça iň pes bolmagyna getirendigini görkezdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyňy baş direktory Türkmenistanda görülýän bu çäreleriň ýurduň halkyna uly we uzakmöhletleýin peýda getirjekdigini aýdyp, temmäkä garşy işjeň göreşiň we oňa berk gözegçilik edilmeginiň tejribeden görnüşi ýaly, hassahana ýürek-damar, respirator keselli, wagtyndan öň çaga dogurmak, demgysma bilen bagly keseller bilen düşýänleriň sanynyň iki esse azalýandygyny görkezýändigini belledi. Şeýle hem temmäki onümleriniň ulanylmagy netijesinde döreýän keselleriň sany azalýar.
1988-nji ýyldan başlap her ýyl Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy temmäkä garşy göreşmek boýunça syýasaty durmuşa geçirmäge uly goşant goşan döwlet işgärlerini, alymlary we hünärmenleri her ýylda sylaglaýar. Hanym Margaret Çen BSGG-niň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, ýörite baýrak bilen sylaglamagy karar edendigini yglan etdi.
BSGG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna ýüzlenip, häzirki wagtda bu ugurda gazanylan üstünlikleriň geljekde hem öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmek üçin esas boljakdygyny, sebäbi Türkmenistanyň hökümeti BSGG bilen bilelikde 2025-nji ýyla çenli ýurtda temmäki serişdeleriniň ulanylmagyny aradan aýyrmak boýunça bilelikde tagalla edýärler.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň aýratyn Ýadygärlik medaly we Minnetdarlyk Şahadatnamasy gowşurylýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany çykyş edip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine adamyň saglygyny goramakda yzygiderli we ynsanperwerlik işiň alnyp barylýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary sylaglarynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň temmäkiniň garşysyna ählumumy göreşinde gazananlarynyň BSGG tarapyndan ykrar edilmeginiň nyşanydyr we hökmünde bizi mundan beýläk-de şu ugra degişli wezipeleri ýene-de has giň gerim bilen amala aşyrmaga borçly edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Ilatyň saglygy — ýurduň baýlygy» diýen şygary ugur edinmek arkaly, biziň döwletimiziň adamyň saglygyna iň ýokary baýlyk hökmünde baha berýändigini belläp,Türkmenistanda ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça uly işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy döredildi. 2008-nji ýylda ýurdumyzda Temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy göreşmek baradaky Perman kabul edildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy. Bu abraýly halkara guramasy we Ýewropanyň sebitleýin býurosy bilen bilelikde «2012—2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreşmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy, häzirki wagtda bu meýilnama ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygyny temmäkiniň tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Milli Liderimiz ilatyň saglygyny berkitmek, temmäki önümlerine garaşlylyga garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn işe degişli bu resminamalaryň möhüm ähmiýetlidigini belläp, adamyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen köpsanly başlangyçlaryň we taslamalaryň türkmenistanlylaryň arasynda giňden goldanylýandygyny we halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz jemgyýetde şu işiň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde temmäki önümlerini ulanýan adamlaryň sanynyň ep-esli azalandygyny belledi. Mysal üçin, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Ýewropa sebitinde geçirilen barlaglara esaslanyp aýdanyňda, Türkmenistan temmäkini has az ulanýan ýurt bolup durýar we şuňa degişli görkeziji 8 göterime barabardyr. Statistika ýüzlenip aýdanyňda, ýurdumyzda ýokary oktanly benziniň bir litri 62 teňňä, çilimiň bir gaby 10 manada barabardyr. Görşümiz ýaly, çilim benzinden 18 esse gymmatdyr. Şeýle hem şunuň ýaly mysallaryň kändigini belläsimiz gelýär.
Ýurdumyzda ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uýgunlaşdyrmagyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça görülýän çäreleriň göwnejaýlygyny artdyrmak boýunça esasy netijeleriň birine öwrüldi. Biziň raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygy 72 ýaşdan geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adamyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň ykrar edilýändigi üçin Bütindünýä saglyk guramasyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu abraýly gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini tassyklady hem-de bu guramanyň Baş direktory hanym Margaret Çene berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
...Bütindünýä saglyk guramasynyň ýokary sylagynyň türkmen Liderine berilmeginiň ýurdumyzyň adamlaryň saglygyny goramak boýunça gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmegini, dünýä bileleşiginiň biziň döwletimiziň temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy göreşiniň goldanylmagyny görkezmek bilen çäklenmän, şu möhüm ähmiýetli ugur boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde wezipeleriň we maksatlaryň umumydygyny äşgär edýär, şu ýyllarda bu gurama bilen birlikde, häzirki döwürde lukmançylyga degişli dürli ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
2013-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» boýunça syýasatynyň kadalaryna laýyklykda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Ýewropanyň Ministrleriniň maslahatynda şu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategiki ugurlarynyň tassyklanylandygyny ýatladasymyz gelýär. Şol maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Türkmen paýtagtynda lukmançylyk ylmynyň tanymal işgärleriniň, şu ugur boýunça esasy halkara guramalarynyň wekilleriniň, Ýewropa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi saglygy goraýşy ösdürmegiň meselelerini çözmekde Türkmenistanyň at-abraýynyň barha artýandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasatynyň gazanýan üstünlikleriniň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we töwekgelçilikli ýagdaýlary aradan aýyrmak arkaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. 2000-nji ýyldan başlap, temmäki çekilmegine garşy işjeň göreş alnyp barylýar. Şu ugurda eýýäm onyň netijeler gazanyldy, munuň özi temmäki önümlerinden peýdalanýan adamlaryň sanynyň ep-esli azalmagyna getirdi.
2004-nji ýyldan başlap ýurtda nasyň ulanylmagy gadagan edildi. 2008-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti nasyň öndürilmegini, ýurda getirilmegini we ýaýradylmagyny gadagan edýän Permana gol çekdi. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkiniň çekilmegine garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy.
Ýurdumyzda temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy göreşiň strategiýasyny we hereketleri kesgitlemek boýunça kabul edilen kanunçylyk we maksatnamalaýyn resminamalar esasynda, 2012-nji ýylyň ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen birlikde çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi. 2012-nji ýylyň fewralynda «Ynam» atly merkezleriň 9-sy (Aşgabatda 4-si we welaýat merkezlerinde 5-si) döredildi, bu ýerlerde isleg bildiren adam hünärmenden ýaramaz endiklerden dynyp, çilim çekmegi taşlamak babatda maslahat alyp biler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş boýunça maglumatlar merkeziniň we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan talyplaryň, orta bilim berýän mekdepleriň ýokary synplarynda okaýanlar, Türkmenistanyň fabrikleriniň we zawodlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň arasynda ýaramaz endikleriň öňüni almak boýunça bejeriş-wagyz etmek işi yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar.
2013-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýraýşy boýunça barlaglary geçirmek üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň Aşgabatdaky işi guraldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we durman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen bilelikdäki işiň geçirilen mahalynda ýokanç däl keseller boýunça «STEPS» atly barlagy amala aşyrmagyň jikme-jik meýilnamasy düzüldi, şunda temmäki önümlerini ulanmak esasy töwekgelçilikleriň biri hökmünde görkezildi. Barlaglar 2013-nji ýylyň sentýabrynda we 2014-nji ýylyň ýanwarynda tutuş Türkmenistan boýunça 6 müň maşgalanyň arasynda geçirildi. Häzirki wagtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň kömek bermeginde maglumatlar işläp taýýarlanylýar.
2014-nji ýylyň 23-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «2014 —2020-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Aşgabatdaky Jarnamada öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek ugrundaky Milli strategiýany tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Şol resminamada göz öňünde tutulan giň gerimli işler Türkmenistanyň temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy işjeň göreşýän hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça tutuş dünýä görelde görkezýän ýurt bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň Margaret Çeniň gatnaşmagynda dabaraly ýygnak boldy.
Dabaraly maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Forumyň barşynda hanym Çen şu günki wakanyň we Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de bu günki gün ýurdy gysga möhletlerde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary sepgitlerine ýetirmegi başaran meşhur milli Lidere ýokary sylagy gowşurmagyň miýesser edendigini belledi. Myhman döwrebap düzümleriň we dünýäde lukmançylyk ylmyna degişli iň oňat işläp taýýarlamalara we tejribä esaslanýan binýatda milli saglygy goraýşyň netijeli nusgasynyň döredilendigini, ilatyň lukmançylyk boýunça ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün edilýändigini, eneligi we çagalygy goramagyň ulgamynyň ösdürilýändigini, jemgyýetde ýaramaz endiklerden, hususan-da. temmäki önümleriniň ulanylmagyndan ýüz öwrülmegini ileri tutýan ýörelgeleriň berkarar edilýändigini milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda gazanylýan esasy üstünlikleriň hatarynda görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Margaret Çen tarapyndan sylagyň gowşurylmagy adamlaryň saglygyny goramak boýunça döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasatyň netijeliligini beýan edýän ýene-de bir ýagdaýdygyny hem-de ýurdumyzyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň göwnejaý netijelere getirýändigine berlen mynasyp baha bolup durýandygyny äşgär etdi.
Soňra myhman «Ählumumy saglygy goraýyş boýunça diplomatiýa» diýen mesele babatda çykyş etdi. Bu çykyş duşuşyga gatnaşyjylara içgin gyzyklanma döretdi.
Çykyş edenler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary sylagynyň Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesilleriniň saglygynyň goramagynda gönükdirilen tagallalarynyň birgiden ýurtlaryň hökümetleri we jemgyýetleri üçin göwnejaý nusga bolup durýandygyny bellediler. Munuň özi 2013-nji 3-4-nji dekabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrleriň türkmen paýtagtynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça geçirilen maslahatynda ýokary wezipeli wekiller tarapyndan-da bellenildi. Şonda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda ilaty temmäkiniň ulanylmagynyň ýaramaz netijelerinden goramak baradaky işiň täsirligini güýçlendirmegiň hemmeleriň we her bir adamyň saglygyny gowulandyrmakda esasy çäreleriň biri hökmünde görkezildi. Taraplar şu ugurda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki ähli ýurtlarda temmäkiniň garşysyna göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň dolulygyna berjaý edilmegine gönükdirilen işiniň netijeliligini güýçlendirmegi borç edinip, beýleki ýurtlary hem goşulmaga çagyrdylar.
Türkmenistan jarnamadaky kadalary dolulygyna oňlaýar hem-de milli we köptaraplaýyn derejede ähli hyzmatdaşlar bilen bilelikde, möhüm ähmiýetli borçlaryň biziň ýurdumyzda anyk işlerinde öz beýanyny tapmagy üçin ähli çäreleri görmegi niýet edinýär. Türkmenistan bu köp ugurly işde öňdebaryjy hökmünde çykyş etmek arkaly geljekde-de indiki hereketleri kesgitlemäge we amala aşyrmaga taýýar. Şeýle hem ýurdumyz dünýäde temmäkini ulanylmaýan ýerleri köpeltmek ugrundaky işiň dowam etdirilmegine önjeýli goşýandyny goşmagy göz öňünde tutýar. Aşgabat jarnamasy Ýewropa sebitinde häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny gowulandyrmak we maddy-hal ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça köpçülikleýin hereket etmegine badalga berýär.
Şu ýylyň iýulynda BMG Nýu-Ýork şäherinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, şol sanda temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy durmak boýunça ýagdaýyň hemmetaraplaýyn seljerilişine bagyşlanan maslahaty geçirer. Şol maslahatda hökümetleriň, halkara hyzmatdaşlaryň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hereketlerini çalt depgin bilen amala aşyrmak üçin tagallalaryň birikdirilmegine badalga berýän binýat bilen tanyşdyrylar.
Türkmenistanyň toplan tejribesi, bu maksatnamalaýyn hereketleri amala aşyrmakda has oňyn netijeleriň durmuşa degişli syýasat bilen utgaşdyrylmagyna gönükdirilýär, şunda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar etmek, saglyk boýunça döwrebap düzümiň, şol sanda diňe bir şypahana edaralaryny we sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş boýunça pudagy ösdürmek bilen çäklenmän, bedenterbiýe, sagaldyş hereketini pugtalandyrmak möhüm pugtalandyrmak arkaly gazanylýandygyny görkezýär. Bularyň ählisi jemgyýetde esasy baýlyk diýlip hasaplanýan ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Maslahatda ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň saglygyny goramak boýunça konstitusion hukuklarynyň durmuş-ykdysady we lukmançylyk çärelerine degişli ulgamdan has dolulygyna peýdalanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak arkaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýşyň meselelerine giň gerim bilen çemeleşilmegini tejribä ornaşdyrandygy nygtaldy. Şol çemeleşme adamyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça strategiki mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmagyna esaslanýar. Çünki saglygy goraýyş biologiýa, demografiýa, medeni we ruhy ösüş babatda birgiden ugurlaryň goşulyşmagyny özünde jemleýär. Şeýle hem hil boýunça bu esasy görkezijiniň durmuşda öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek. Ömrüň dowamlylygy, keselleýiş, adamlaryň beden taýdan ösüşiniň derejesi her niçik bolsa-da, halkyň däp-dessurlaryna we tebigy —howa şertlerine, galyberse-de, jemgyýetiň sowatlylygynyň we onuň bilimliliginiň derejesine baglydyr.
Häzirki wagtda bu sanawa häzirki döwrüň ählumumy derejedäki meseleler bilen bagly beýleki görkezijiler hem goşulýar, şolaryň biri temmäkiniň ulanylmagy netijesinde döreýän ýagdaýlar bilen baglydyr. Türkmenistan hem şol meseleleriň çözülmegi boýunça halkara derejesindäki gepleşige doly hukukly gatnaşmak arkaly ýer ýüzünde ählumumy ösüşe we yzygiderli rowaçlyga özüniň önjeýli goşandyny goşýar.
Şu gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çen we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin guramasynyň ýolbaşçysy Žužanna Ýakab Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Saglyk merkezinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherindäki «Ene mähri» merkezinde guralan dabaraly duşuşyklaryň hormatly myhmanlary bolup, bu ýerlerde lukmançylyk edaralarynyň işiniň guralyşy bilen tanyşdylar.
Şeýle hem myhmanlaryň Türkmenistanyň Hökümetinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, şol duşuşyklaryň barşynda saglygy goraýyşy ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

* * *