Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 967
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girjek täze desganyň-Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onuň ulanmaga berilmegi şanly senä-Ylymlar gününe gabat geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň işläp taýýarlan döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda innowasion ykdysadyýete — netijeli tehnologiýalarda birleşen düýpli nazaryýet bilimlerine we giňişleýin iş tejribesine esaslanan ykdysadyýete uly orun berilýär. Biz bu tehnologiýalary olarda täze sanly ulgamyň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň ulanylmagy üçin däl-de, eýsem olaryň ozaly bilen önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeliligini göz öňünde tutup, «ýokary» diýip atlandyrýarys.

Innowasion ykdysadyýet — bu, aslynda, ähli ykdysady prosesleri we segmentleri hil taýdan täzelemäge gönükdirilýän maýa goýumlarydyr. Innowasion görnüşli ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlary ugur edinýän ylmy-barlag edaralary, senagat innowasion klasterleri we netijeli maksatlaryň, teklipleriň, taslamalaryň özboluşly jemi hasaplanýan tehnologik merkezler şeýle ykdysadyýetiň düzüminiň aýrylmaz bölekleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Ýurdumyzyň ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetinde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylmyň täze, has ýokary sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň medeni derejesini we maddy ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Häzirki wagtda ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly we hemmetaraplaýyn ösmegi mümkin däldir».

Milli Liderimiziň bu çagyryşy ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin esasy ugry kesgitledi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň esasyny düzmäge gönükdirilendir. Bu Merkez adam serişdesini we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etmek bilen, ylmy çözgütleri, işläp taýýarlamalary bir bitewi ulgama birleşdirýän we olary önümçilige ornaşdyrýan esasy gurama bolar.

Şu gün bu ylmy-tehnologik toplum dürli reňkli toý baglary we howa şarlary bilen toý lybasyna beslendi. Toplumyň aýlawly merkezi binasynyň binagärlik çözgüdinde, bezelişinde inženerçilik-gurluşyk pikiri öz beýanyny tapyp, onuň gapdal binalary alymyň stolundaky kitaplary ýatladýan bir bitewi kublar görnüşinde gurlupdyr. Taslamaçylaryň döreden bu görnüşinde ylmy-tehnologik ösüşiň pikiri: düýpli esaslardan — ösüşiň täze sepgitlerine diýen pikir öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen birlikde, merkeziň tutuş toplumy daşky gurşaw bilen sazlaşyp, onuň görnüşinde ylmy gözleglere mahsus bolan açyklyk, hyjuwlylyk we esaslylyk ýaly häsiýetler utgaşýar.

Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, köpsanly ylmy edaralaryň işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Wakanyň bolýan ýerine gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli lybasly gyzlar gül desselerini gowşurýarlar. Milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç, Nobel baýragynyň eýeleri — ýapon alymy-himigi Ýeiçi Negişi we ysraýylly alym Ady Ýonat, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Margaret Çen Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular.

Tehnologiýalar merkeziniň baş girelgesiniň öňündäki meýdançada döredijilik we sungat ussatlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlanýar. Bu ýerde ilki bilen iň ýaşajyk artistler — geljekki alymlaryň keşbinde, biziň çylşyrymly we täsin ajaýyp dünýämize akyl ýetirmekde, dünýäniň gurluşy barada sowallara jogap tapmak ugrunda eýýäm ilkinji ädimlerini ädýän, professorlaryň ýörite lybasyna beslenen çagalar çykyş etdiler. Dünýä akyl ýetirmegiň esasy usuly-ylym. Bulary çagalar joşgunly goşgularynda, soňra ýerine ýetiren tanslarynda beýan etdiler.

Şonuň ýaly-da horeografiýa kompozisiýasy ylym mowzugyna bagyşlandy, tansçy toparlar ellerindäki şarlar bilen molekulalaryň gurluşlaryny, älem giňişligindäki ýyldyzlaryň toplumlaryny ýada salýan şekilleri döretdiler, artistleriň çykyşlarynda bolsa robotlaryň hereketlerini tanamak boldy. Ýaňlanýan «Sag boluň, alym Arkadag!» aýdymyň owazy astynda dürli öwüşginli edebi-sazly çykyşlar Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna baýramçylyk öwüşginini çaýyp, bu wakanyň ýurdumyzyň ylmy durmuşynda möhüm ähmiýetini görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ak mermere beslenen merkeziň baş girelgesine barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy mynasybetli söz sözleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisini Ylymlar güni we Tehnologiýalar merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, häzirki döwürde — XXI asyrda adamyň durmuşyny ylymdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldigini belledi. Häzir ylym we tehnika ýokary depginler bilen ösýär.

Ylmyň we tehnikanyň ösmegi halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda ylym ulgamyna hem innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, düýpli ylmy barlaglary geçirmek, umuman, ylmy döwrebap ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri öňde goýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda milli we umumyadamzat bähbitleri bilen sazlaşýan ylmy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmegiň uzak möhlete niýetlenen taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmakda ylmyň gazananlaryna daýanýarys.

2009-njy ýylda biz Ylymlar akademiýasynyň işini täzeçe ýola goýduk, ýurdumyzyň esasy ylmy edarasynyň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ylymlar akademiýasynyň täzeçe görnüşde işläp başlamagy ýurdumyzda bütewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmäge hem-de kämilleşdirmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga düýpli ýardam etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde köp ugurly, netijeli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Alymlarymyzyň geçirýän ylmy barlaglarynyň oňyn netijeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmaga, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda bäsleşige ukyply täze önümleri ylmy esasda öndürmekde gowy netijeler gazanylýar. Energiýa serişdelerini öndürmäge we tygşytlamaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri döredilýär. Garagum çölüniň we Hazar deňziniň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça hem giň gerimli ylmy işler geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüni, onuň şor suw akabalaryny hem-de bu köle ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda ulanmagyň tehnologiýalaryny döretmek boýunça hem düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Geçirilýän bu işler ýurdumyzyň hem-de tutuş Orta Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem döwletimizde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyna geçmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki zaman şäher gurluşygynda, ýollary we turbageçirijileri gurmakda ylmy - tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy şäherlerimiziň we obalarymyzyň görküni barha özgerdýär hem-de özboluşly binagärlik keşbini döretmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen hünärmenleri tarapyndan mineral suwlary, bejergi palçyklaryny, müň derde derman ösümlikleri netijeli peýdalanmagyň ylmy esaslary işlenip düzülýär. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdelerini öndürmek, lukmançylyk ylymlaryny düýpli ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şu gün açylyp, ulanmaga berilýän Tehnologiýalar merkeziniň hem ýurdumyzda ylmy ösdürmekde we täze sepgitlere çykarmakda uly ähmiýeti bolar. Garaşsyz döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwürmekde Tehnologiýalar merkeziniň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu merkeziň alymlarynyň esasy wezipesi bäsleşige ukyply ylmy oýlap tapyşlary amala aşyrmakdan we düýpli ylmy-barlaglary geçirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan bu merkezde ylmyň ileri tutulýan, esasan, 8 ugry boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barlar. Bu ugurlaryň hatarynda agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar boýunça, ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energetika, ýangyç we bu serişdeleri tygşytlamak boýunça geçiriljek ylmy barlaglary görkezmek bolar. Bulardan başga-da, himiki tehnologiýalar boýunça, bäsleşige ukyply täze önümleri döretmek, şeýle hem gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa babatda, lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek bilen bagly ylmy barlaglar hem alnyp barlar. Bu merkezde maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de ykdysady we gumanitar ylymlar boýunça hem ylmy-barlag işleri amala aşyrylar.

Dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp bina edilen bu Tehnologiýalar merkezinde alymlarymyzyň ylmy barlaglary alyp barmaklary, alnan ylmy netijeleri iş ýüzünde synagdan geçirmekleri, täze açyşlary amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredildi. Tehnologiýalar merkezinde 3 sany bölüm we 10 sany barlaghana bar. Merkeziň bölümleri we barlaghanalary Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Ýaponiýanyň iň kämil enjamlary, häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün edildi.

Bu merkeziň tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, tejribe hem-de taslama-konstruktorçylyk bölümlerinde kiçi göwrümli desgalaryň önümçilik-barlag işleri amala aşyrylar. Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçiriler. Ylmy taýdan esaslandyrylan önümleri öndürmek üçin senagat desgalaryny gurmak, tehniki, tehnologiki hem-de gurluşyk resminamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barlar.

Tehnologiýalar merkezindäki elektron kitaphana alymlary diňe bir zerur bolan edebiýatlar bilen üpjün etmän, maglumatlaryň täze, milli ulgamyny döretmekde hem uly ähmiýete eýe bolar. Merkeziň kompýuter enjamlary bilen doly üpjün edilen çaphanasy ylmy we okuw kitaplaryny ýokary hilli neşir etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanda ylmyň geljegi dünýäniň ylmy giňişligine çalt goşulyp, netijeli işleri alyp barmak, şeýle hem ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pugtalandyrmak bilen hem berk baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwlet tarapyndan halkara guramalary, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Biz geljekde türkmen alymlarynyň halkara taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny hem göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Özboluşly binagärlik keşbi bolan Tehnologiýalar merkeziniň gurlup, ulanmaga berilmegi berkarar döwletimiziň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we iki ýüzden gowrak alymyň we ylmy işgäriň zähmet çekjek bu Tehnologiýalar merkeziniň ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alymlarymyzyň netijeli işlemekleri we täze ylmy açyşlary etmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini şu günki dabaralar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, ylym ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa, alyp barýan ylmy gözleglerinde uly üstünlikleri we täze ylmy açyşlary tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda täze edarany açýar we binanyň içine girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkeziniň gurluşy, üpjünçiligi we iş aýratynlyklary bilen tanyşmaga başlaýar. Merkeziň düzümine ylmy-barlag barlaghanalary, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bölümi, taslama-gurluşyk we ygtyýarnama-maglumatlar bölümleri girýär. Mysal üçin, merkeziň barlaghanalarynda bio-, nano- we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalaryň fizika-himiýa häsiýetlerini düýpli öwrenmek, molekulýar we atom derejede bioserişdeleriň, uglewodorod çig malyň seljermesi amaly aşyrylar.

Energiýanyň alternatiw çeşmelerini senagat taýdan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, daşky gurşawyň, azyk önümleriniň seljermesini geçirmek, geografiki maglumatlar ulgamynda ylmy barlaglary geçirmek ýaly işler barlaghanalaryň wezipesine girýär. Bu ýerde oturdylan barlaghana enjamlarynyň we ulgamlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini bellemek gerek. Barlag işleri dolulygyna kompýuterleşdiriler we ýörite programmalar bilen üpjün ediler.

Tehnologiýalar merkezinde ylmy barlaglar milli ykdysadyýetimiziň oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk, himiýa we nebit himiýa senagatlary, şeýle hem ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ýaly esasy ugurlary boýunça geçiriler.

Milli Liderimiziň we dabara gatnaşyjylaryň täze toplum bilen tanyşlygy Merkezi barlaghanadan başlanýar. Bu ýerde ýaş hünärmen döwlet Baştutanymyza barlaghanada oturdylan enjamlaryň görnüşlerini jikme-jik görkezýär.

Şu gün hormatly Prezidentimize häzirki zaman derejesinde ylmy-barlaglary geçirmek üçin zerur bolan iň täze tehniki toplumlary, enjamlary we abzallary görkezenleriň ählisiniň daşary ýurtlarda — Stambulda we Ankarada, şol sanda Bilkent uniwersitetinde we «Kiberparkda» ýörite taýýarlygy geçendiklerini turuwbaşdan bellemek gerek. «Kiberpark» bu uniwersitetiň düzüm böleginiň biri bolup, ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkiýä bolan saparynyň barşynda oňa baryp gördi.

Ilki bilen döwlet Baştutanymyza ulaltmagyň möçberi 1000 essä çenli bolan ýöriteleşdirilen mikroskoplaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Bu abzallary giň ugurlarda, şol sanda ösümlikleriň, dürli tebigy serişdeleriň we maddalaryň öýjükleriniň gurluşyny öwrenmek üçin peýdalanyp bolar. Olar lukmançylyk, oba hojalyk we ykdysadyýetiň beýleki köp pudaklarynda barlaglary geçirmek üçin ulanylyp bilner. Ýaş hünärmen milli Liderimize mikroskoplaryň peýdalanylyşyny görkezýär. Olardaky wizual maglumatlaryň hemmesi kompýuteriň monitoryna geçirilýär. Barlag geçirmegiň dersi hökmünde ösümligiň ýapragy hem-de Garagumuň çägesi alyndy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron mikroskop-skanerler oturdylan otaga bardy.

Elektron mikroskoplary we analizatorlary ylmy-barlaglary geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Tehnologiýalar merkeziniň «Jeol» /Ýaponiýa/ firmasynyň önümi bilen enjamlaşdyrylan barlaghanasynda elektron mikroskoplarynyň, element analizatorlarynyň kömegi bilen 0,2 nanometr derejesinde ölçegler geçirmek, tebigy we sintetiki serişdeleriň dürli nusgalarynyň gurluşyny hem-de himiki düzümini öwrenmek bolýar.

Ine, döwlet Baştutanymyza narpyzyň ýapragynyň öýjükleriniň /hormatly Prezidentimiziň ensiklopediýasynda beýan edilen ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň biriniň nusgasy hökmünde/, Garagum çägesiniň /kremniniň esasynda işleýän gün batareýalaryny döretmek üçin geljegi uly çig malyň/ we bazaltyň /wulkaniki dag jynsy bolan bazaltyň esasynda türkmen hünärmenleri nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagatynda, awtomobil we maşyn gurluşygynda, elektroenergetikada, metallurgiýada, oba hojalygynda, gämi gurluşygynda, nebit-himiýada we beýleki pudaklarda degişli önümleri öndürmek üçin peýdalanylýan ýokary çydamly bazalt süýüminiň tejribe nusgasyny taýýarladylar/ nusgalarynyň gurluşynyň alnan şekilleri görkezildi.

Ýaş hünärmen ilki 160 esse, soňra 900 esse hem-de 7 müň esse görnüşlerde şekilleriň, şu ýerde ösümlikleriň öýjükleriniň gurluşynyň mysalynda tapgyrlaýyn ulaldylmagynyň barlaglary geçirmegiň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýändigini aýdyň görkezdi. Şu ýagdaýda narpyzyň ýapragynyň bölünip çykýan efir ýag öýjüklerini jikme-jik synlamak boldy. Hut şunuň özi hem bu dermanlyk ösümligine häsiýetli ys berýär.

Hormatly Prezidentimiz skanirleýji elektron mikroskopyň hem-de alnan şekilleriň seljerme işleriniň jikme-jiklikleri bilen gyzyklanyp, maglumatlary uly üns bilen diňledi. Hünärmenler bilen söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz barlaghanalardaky geçirilýän seljermeleriň iş ýüzündäki wezipelerine, şeýle kämil enjamlaryň şol işleriň netijeliligine ýardam etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi.

Umuman, Merkezi barlaghana ýurdumyzyň guramalary, edaralary tarapyndan isleg bildirilen islendik ylmy-barlaglary geçirmäge hem-de önümçiligiň çylşyrymly iş meselelerini çözmäge ýardam berýän ylmy meýdança hökmünde çykyş edýär. Barlaghananyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy islendik nano-, bio-, fizika-himiýa mikroskop barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghana «Joel» ýapon kompaniýasynyň elektron mikroskoplary, «Agilent Technologi» amerikan kompaniýasynyň molekulýar, atom derejesinde we himiki elementleriň derejesinde dürli maddalara barlag geçirmäge, antioksidantlary seljermäge, tebigy gazyň we nebitiň düzümini öwrenmäge niýetlenen gaz hem-de suwuklyk hromatograflaryň iň täze görnüşleri we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Mysal üçin, «Jeol» ýapon kompaniýasynyň JEM 1400 plus elektron mikroskopy ýokary kontrastly şekilleri almaga mümkinçilik berip, lukmançylyk we biologik barlaglary geçirilende bahasyna ýetip bolmajak enjam bolup durýar. Bu mikroskop nano bölekleriň we kristallaryň geometrik ululyklarynyň, integral mikroshemalaryň hiliniň, ýuka gurluşlaryň bozulmagynyň, atom derejesinde maddalaryň özeniniň çäkleriniň we ş.m. barabarlygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu elektron mikroskopy million essä ulaltmaga mümkinçilik berýär.

Indiki otagda hormatly Prezidentimize barlag geçirilýän maddanyň nusgalarynyň ulaldylan /1 million 200 müň essä çenli/ şekilini almak üçin niýetlenen şöhle geçiriji elektron mikroskopyň işini görkezdiler. Bu mikroskopyň işleýşi tejribe geçirilýän nusganyň tizlik bilen gönükdirilen elektronlaryň toplumy arkaly dolulygyna şöhlenenýänliginden ybaratdyr.

Ýaş hünärmen toprakda uglerodyň durnukly görnüşi bolup durýan, Türkmenistanda giňden ýaýran mineralyň — grafitiň mysalynda bu enjamyň mümkinçiliklerini görkezdi. Nusganyň şekili ulaltmagyň birnäçe görnüşlerinde — 3 müňden 6 müň essä çenli görnüşlerde görkezildi.

Şunuň ýaly köp esse ulaltmaklyk materiallaryň molekulýar gurluşyny, kristal gözenekleri görmäge, şeýle hem biologik dokumalary, öýjügiň içki gurluşyny — ýadrony, sitoplazmany we ş.m. barlamaga mümkinçilik berýär. Ine, 6 müň esse ulaldylanda lipidlerden we beloklardan ybarat bolan öýjügiň membranasyny görmäge mümkinçilik döreýär. Şöhle geçiriji elektron mikroskopy lukmançylykda, biologiýada, nanotehnologiýalary işläp taýýarlamakda /nanotrubkanyň 800 müň esse ulaldylmagy maddanyň atom gözeneklerini gözden geçirmäge mümkinçilik berýär/ peýdalanylýar.

Dürli abzallary ulanmagyň gerimi barada gürrüň beren ýaş hünärmeniň çykşyny diňläp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Margaret Çen hormatly Prezidentimize ýüzlenmek bilen, Tehnologiýalar merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna hem-de öz işlerinde iň döwrebap ylmy-barlag enjamlaryny peýdalanýan türkmen hünärmenleriniň taýýarlygyna ýokary baha berdi. Türkmen alymlarynyň ygtyýarynda bolan şeýle enjamlar bilen siziň ýurduňyzda ylym örän çalt depginler bilen öser diýip, hanym M.Çen aýtdy.

Soňra Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar dermanlyk serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalar barlaghanasyna baryp gördüler. Ol «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly neşiriniň dowamynyň üstünde işleýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu neşiriň ilkinji bäş kitaby çap edilen badyna dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýradyldy.

Bu barlaghanadaky iň täze enjamlar bilen tanyşdyrýan hünärmen şu ýerde ýerli çig maldan — ösümliklerden we minerallardan innowasion tehnologiýalar esasynda dermanlyk serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalarynyň işlenip taýýarlanyljakdygyny aýtdy. Barlaghana biohimiki analizatorlar, dürli mikroskoplar, spektrometrler, organiki birleşmeleri, derman serişdelerini öndürmek üçin enjamlar we beýleki abzallar bilen üpjün edildi.

Ýaş hünärmen bu ýere ýygnananlaryň şol ýerdäki enjamyň — ekstraktoryň kömegi bilen ösümliklerden ýaglary, ýag kislotalaryny, azyk senagatynda, lukmançylykda ulanmak üçin, şol sanda düýbünden täze derman serişdelerini döretmek üçin bioaktiw maddalary alyp boljakdygyny habar berdi.

Şu ýerde suwuk hromatografyň işi görkezildi. Onuň kömegi bilen ösümliklerden beloklar alynýar. Şol beloklar hem lukmançylykda we azyk senagatynda, sport tejribesinde we beýlekilerde ulanylýar.

Şol pursat ýurdumyzyň myhmany — Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň habarçy — agzasy, birnäçe ýurduň ylym-bilim merkezleriniň hormatly professory Mihail Mýasnikowiç Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory hanym M.Çenden häzirki zaman lukmançylygynda fitoterapiýa ýaly ugruň ösüşiniň geljegi barada sorady. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy lukmançylyk tejribesinde dermanlyk ösümlikleri ulanmagyň ähmiýetiniň artýandygyny belledi. Aýratyn hem melhemlik ösümlikleriň ösmegi üçin amatly tebigy şertleriň, şeýle hem ösen oba hojalygynyň ýurtlarynda munuň geljegi uludyr. Şol pudagyň binýadynda senagat esasynda dermanlyk ösümlikleri ýetişdirip bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňe goşulyp, Türkmenistanda saglyk üçin örän peýdaly bolan ösümlikleriň iňňän köp görnüşleriniň ösýändigini aýratyn nygtady. Olaryň saglygy bejeriş maksatlarynda ulanylmagy örän netijelidir. Döwlet Baştutanymyz mysal hökmünde buýan kökünden taýýarlanan ekstrakty görkezdi. Munuň özi bu ýerdäki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Şunda hanym M.Çen buýan köküniň örän gymmatly çig maldygyny aýtdy. Ondan taýýarlanylýan serişdeleriň eksport önümleri hökmünde giňden ýaýradylmagy üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Soňra Merkeziň açylyşyna gatnaşyjylar ýerli çig malyň, organiki we organiki däl, polimer we kompozit materiallaryň, taýýar senagat önüminiň fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemäge, şeýle hem saglygy goraýyşda, oba hojalyk senagatynda, himiýa, nebithimiýa senagatynda we gurluşykda ulanylýan ýerli çig maly ulanmak arkaly täze önümleriň sintezi boýunça işleri geçirmäge niýetlenen barlaghana baryp gördüler.

Bu barlaghananyň esasy wezipeleriniň biri Garagumuň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde oturdylan täze enjam awtomatiki usulda ýörite düzülen kompýuter programmasy esasynda himiki reaksiýalary ýerine ýetirmäge hem-de reaksiýalaryň iň amatly görnüşini saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Barlaghananyň işgäri döwlet Baştutanymyza Garagum çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasy barada gürrüň berdi. Bu tehnologiýa türkmen hünärmenleri tarapyndan ýapon alymlary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Synaglaryň netijesinde gazanylan netijeler bu tehnologiýany ulanmagyň uly geljeginiň bardygyny aýtmaga esas berýär. Onuň artykmaçlyklary çig maldan alynýan kremniniň ýokary derejede bolmagyndan, önümçilik üçin energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň pes bolmagyndan, ýurdumyzda çig mal binýadynyň baý bolmagyndan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, kremniý elektron tehnikasynyň esasy ýarym geçiriji materiallarynyň biridir. Ol alternatiw energiýanyň ekologiýa taýdan arassa çeşmesini — gün batareýasyny döretmek üçin binýatlyk himiki elementdir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hünärmenleriniň täze tehnologiýasynyň önümçilige ornaşdyrylmagy Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda gün elektrik energetikasynyň ösdürilmegine ýardam eder. Geljekde «gün» kremnisini eksport etmäge mümkinçilik dörär.

Tehnologiýalar merkeziniň dabaraly açylyşyna gatnaşyjylara görkezilen indiki otagda — Masspektrometr otagynda ýaş hünärmen gök önümlerde pestisidleri ýüze çykarmak boýunça geçirilen anyk tejribäniň mysalynda, şeýle hem grafikalar görnüşinde kompýuterde alnan maglumatlary görkezmek arkaly çylşyrymly abzalyň örän köp ýygyndysy barada gürrüň berdi. Ine, mysal üçin, Agilent 7700 masspektrometr enjamy ähli maddalaryň, şol sanda uglewodorod garyndylarynyň, nebitiň, nebit önümleriniň, azyk önümleriniň seljermelerini, düzüminde gurşun, marganes, demir, hrom, nikel bolan aromatik maddalaryň, düzüminde ýangyç bolan kükürdiň barlaglaryny geçirýär, nebit önümleriniň düzüminde organiki birleşmelerine seljeriş geçirýär.

Düzümine girýän kompýuter enjamlary we ýörite programmalaryň kömegi arkaly hromato-masspektrometr barlaghanasy awtomatik tertipde çylşyrymly erginleriň, birleşmeleriň /pestisidleriň, zäherli maddalaryň, organiki we elementorganiki birleşmeleriň, himikatlaryň, derman enjamlarynyň, neşe we psihotrop birleşmeleriniň/ düzüminde himiki elementleriň 300 müňden gowragyny ýüze çykarmaga we tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýalar merkezinde bar bolan ýokary netijeli suwuk hromatografiýa enjamy Agilent HPLS 1290 barlaghanada himiýada, biologiýada, biohimiýada, saglygy goraýyşda, biotehnologiýada möhüm himiki barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir. Bu hromatografiýa enjamy aminokislotalaryň, beloklaryň, fermentleriň, nuklein kislotalarynyň, uglewodlaryň, lipidleriň, gormonlaryň ýüze çykarylmagyna we arassalanmagyna, janly organizmlerde metaboliki işleri öwrenmäge, himiýa we nebit-himiýa sinteziniň önümlerine, reňkleriň, ýangyçlaryň, ýaglaryň, nebitleriň, akar suwlaryň düzümine seljeriş geçirmäge mümkinçilik berýär. Gaz hromatografy Agilent 7890B pestisidleri, derman önümlerini, hapalaýjy we beýleki dürli maddalary, howadaky uçujy we ýarym uçujy hapalaýjy maddalaryň möçberini kesgitleýär.

Spektrofotometr Agilent 8453 maddalaryň fiziki ululygyny kesgitleýän /ereýjiligi, dargaýjylygy, dykyzlygy/ ulgamdan ybarat bolup durýar. Agilent 7100 kapillýar elektroforez enjamy ýokary duýujylykly spektral seljermesini, organiki we organiki däl maddalaryň barabarlygyny awtomatik usulda amala aşyrýar, kapilýar elektroforeziniň dürli usullaryny ulanmak arkaly suwuklyklaryň anion we kation düzümini kesgitleýär. Şeýle hem bu enjam toksikologiýa barlaglaryny, gözegçilikde saklanýan biologik suwuklyklardaky birleşmeleriň hil we mukdar seljermesini, näbelli birleşmeleriň barabarlygyny amala aşyrýar.

Masspektrometr Agilent 7700 metallaryň suwdaky, toprakdaky, howadaky konsentrasiýasyny, azyk önümleriniň mikroelement düzümlerini, biomateriallaryň we derman serişdeleriniň himiki düzümini kesgitleýär. Mikrotolkun plazmaly atom-emission spektrometri bolan Agilent 4100 metallaryň dürli maddalarda, suwda, toprakda we azyk önümlerinde barabarlygyny kesgitleýär.

«Bruker» kompaniýasynyň D2 Phaser rentgen difraktometr enjamy kristal maddalaryň gurluşynyň, düzüminiň barabarlygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Barlaghanada ýokary hilli enjamlar himiýa, nebit-himiýa senagaty, şonuň ýaly-da, ekologiýa, lukmançylyk, azyk senagaty, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişi ýaly ugurlarda barlaglary geçirmekde giňden peýdalanylýar.

Merkeziň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlar, reaktiwler bilen enjamlaşdyrylmagy organiki we organiki däl garyndylaryň köptaraply çylşyrymly barlaglaryny, organiki däl kationlaryň we anionlaryň seljermesini hem-de molekulýar we atom derejelerinde beýleki barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Soňra Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar «ICP/MS» otagyna baryp gördüler. Ol iňlis dilinde «Inductively Coupled Plasma Mass Spectrometry» — induktiw — baglanyşykly plazmaly masspektrometriýany aňladýar. Daşary ýurtlarda okuw geçen ýaş türkmen hünärmenleriniň gürrüň berşi ýaly, ICP/MS tehnologiýasy köp artykmaçlyklara eýedir. Metallaryň mikro garyndylarynda barlaglary geçirýän barlaghanalar üçin özüne çekijidir. ICP/MS şol bir wagtyň özünde ýüze çykarmak derejesi pes we ultrapes bolan elementleriň köp mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän seljerişiň döwrebap usuly bolup durýar.

ICP/MS tehnologiýasyny daşky gurşawyň desgalaryny seljermek, suwda, howada toksin garyndylaryň bardygyny ýüze çykarmak, şeýle hem izotop seljermesi usuly arkaly desganyň ýaşyny we onuň gelip çykyşyny kesgitlemek üçin minirologiýa — geohimiki barlaglarda ulanmak bolar.

Nobatdaky polimerazyň reaksiýasy usuly arkaly barlaglar otagynda işgärler molekulýar biologiýada we genetiki barlaglarda ulanylýan synag usuly barada gürrüň berdiler. Ol polimerazyň fermentiniň kömegi bilen DNK-nyň belli bir bölegini köp gezek saýlama nusgasyny almakdan ybaratdyr. Munuň özi biologiki serişde DNK-nyň bölekleriniň kiçi möçberdäki jemlenmesini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu bölüm ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjüklerini, biologiki makromolekulalary, DNK-ny, RNK-ny, beloklary seljermek, biotehnologiýalar usullarynyň kömegi bilen oba hojalygynyň, azyk senagatynyň meselelerini çözmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde geçirilýän barlaglaryň netijeleri Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek üçin ulanylyp bilner.

Şu bölümiň binýadynda Şweýsariýada, Ýaponiýada, Amerikada we Germaniýada öndürilen ýokary duýgurlyga eýe bolan enjamlaryň kömegi bilen genetiki şikesleri we genleriň ekspressiýasyny, DNK-nyň metilirlenmegini, ösümlikleriň, haýwanlaryň seleksiýasynda genetiki özgerişlikleri, genetiki taýdan modifisirlenen önümleriň häsiýetlerini öwrenmek bolar. Merkeziň bu möhüm bölüminde ylmy tejribeler geçirilip, ösümlikleriň we haýwanlaryň seleksiýasy babatda biologik barlaglaryň, işleriň netijeleri synagdan geçiriler.

Tehnologiýalar merkeziniň düzümine maglumat — aragatnaşyk tehnologiýalar boýunça barlaghanalar hem girýär. Hünärmenler bu ýerde ykdysadyýetiň dürli pudaklary hem-de kärhanalary üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanar, çylşyrymly tehnologiki çözgütler barlanylar we sazlaşdyrylar, şeýle hem IKT ulgamynda amaly barlaglar geçiriler.

Geografiki maglumat ulgamy bölüminde Tehnologiýalar merkeziniň belent mertebeli myhmanlaryna uçarmansyz uçýan enjamyň kömegi bilen alnan maglumatlary halk hojalygynda ulanmagyň mümkinçilikleri görkezildi. Olary ulanmagyň mümkinçilikleri örän giňdir. Olar obasenagat toplumyndan başlap, ýangyç-energetika toplumyna çenli ulanylyp bilner.

Mysal üçin, hünärmeniň düşündirişi ýaly, uçýan enjamdan oba hojalygynda ekinleriň ýagdaýynyň we ösüşiniň, oba hojalyk önümleriniň hasylyny ýygnamagyň depginleriniň monitoringini amala aşyryp bolar. Bu usul ekologiýa we ýangyna garşy göreşmek çärelerinde, suw çeşmeleriniň, tokaýlyklaryň ýagdaýyna gözegçilik etmekde hem giňden ulanylyp bilner.

Meýdanlary kartografiýalaşdyrmak işi maksatlaýyn surata düşürmek arkaly ýerine ýetirilýär. Ol oba hojalyk işlerini geçirmegiň belli bir tapgyrlaryna laýyk gelýär. Munuň özi meýdanlaryň anyk şekillerini almaga mümkinçilik berýär. Şonda reňkleriň her biri belli bir görkezijä laýyk gelýär. Monitorda bu şekiller aýdyňlyk bilen görkezildi. Şol şekiller oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň derejesi, ol ýa-da beýleki bir dökünleriň ýetmezçiligi, belli bir meýdanlarda ekinleriň hasyla duruşy barada anyk düşünje berýär.

Bu barlaghana ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda GIS ulgamyny ulanmagyň, tebigy serişdelerden rejeli we netijeli peýdalanmagyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda nawigasiýalary ulanmagyň usullaryny işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Merkeziň düzümine şeýle hem daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalarynyň bölümi girýär. Onuň hünärmenleriniň ylmy-barlag işi topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny saklamagyň we olary dürli zyýanly maddalardan arassalamagyň, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur bolan çäreleri işläp taýýarlamagyň usullaryny öwrenmäge gönükdirilendir. Howanyň monitoringiniň awtomatik stansiýasy, elektroforez ulgamy, köp maksatly analizatorlar, spektrofotometrler, daşky gurşawyň desgalarynda bakteriýalary we wiruslary kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlaryň toplumlary, mikroskoplar, topragyň, suwuň, howanyň dürli analizatorlary barlaglary alyp barýan ekologlaryň hyzmatyndadyr.

Derman serişdelerini, azyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýalary boýunça barlaghanalardan başga-da, Merkeziň düzümine nanotehnologiýalar, energiýa önümçilik we energiýa üpjünçilik tehnologiýalary bölümleri girýär. Mundan başga-da, bu ýerde elektron kitaphana döredildi. Ol Internet ulgamy arkaly daşary ýurtlaryň ylmy kitaphanalary bilen birleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde çaphana göz öňünde tutulyp, ol döwrebap awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen enjamlar iblen üpjün edilipdir. Bu bolsa isleg bildirilýän mowzuklar boýunça ylmy-tehniki edebiýatlary ýokary çap usulynda neşir etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem bu ýerde çaphana we kiçi gabaraly önümçilik enjamlaryny döretmek hem-de synag önümleriniň nusgalaryny döretmek üçin ussahana göz öňünde tutuldy. Munuň üçin ussahanada ultrases, lazer, argon bilen kebşirlemek we kesmek üçin enjamlar, döwrebap frezer, tokar, ýylmaýjy, awtomatlaşdyrylan programma üpjünçilikli agajy gaýtadan işleýän stanoklar we beýlekiler bar.

Şu gün açylan Tehnologiýalar merkezi — bu köpugurly ylmy-barlag we ylmy-tehnologiki edaradyr. Bu ýerde innowasion işleri amala aşyrmak, zehinli ýaşlary ylmy, ylmy-tehnologiki, taslama-konstruktorçylyk işlerine çekmek, ylymy, bilimi, önümçiligi we işewürligi utgaşdyrmak üçin ähli şertler döredildi.

Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalary bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, onuň açylyşyna gatnaşyjylara uly bolmadyk sahna kompozisiýasy görkezildi. Beýik alymlar we şahyrlar Magtymguly hem-de Omar Haýýam bu sahnanyň gahrymanlary boldular.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze düzümleýin edarasynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerini kesgitledi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, Tehnologiýalar merkeziniň gurluşygyny amala aşyran «Polimeks» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu merkez Türkmenistanda ilkinji toplum bolup, bu ýerde bäsdeşlige ukyply, maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen ylmy ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek meseleleri bilen meşgullanarlar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmyny has-da ösdürmäge ýardam etjek täze Tehnologiýalar merkeziniň ähmiýetini belläp, onuň türkmen alymlarynyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň diňe başlangyjy bolup durýandygyny aýtdy. Bu merkezde amala aşyryljak ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar ýurdumyzyň ylmynyň dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam eder.

Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy G.Mezilow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi hem-de ylmy işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girýän ylmy edaralaryň geçirýän işleri hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylym ulgamyny häzirki günüň şertlerine we talaplaryna laýyklykda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň Türkmen döwletini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly girmegini üpjün edýän möhüm şert bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ylmyň ileri tutulýan wezipelerini çözmek, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny berkitmek we döwrebap tehnologiýalary çekmek, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly, ylmy-tehniki işleri has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ünsüni Tehnologiýalar merkeziniň öňünde durýan möhüm wezipelere çekip, täze toplumyň işini guramak bilen bagly meseleleri gozgady.

Merkezi barlaghananyň esasy wezipeleriniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz ylmy-tehniki ösüşiň häzirki döwrüniň jemgyýetiň öndüriji güýçleriniň düýpli özgermegi bilen häsiýetlenýändigini belledi. Häzir ylym öndüriji güýje öwrülip, tehniki we önümçilik bilen ysnyşykly baglanyşýar. Bu bolsa jemgyýetçilik önümçiliginiň keşbini, zähmet şertlerini, häsiýetini we mazmunyny, öndüriji güýçleriň düzümini üýtgedýär, durmuşyň ähli taraplaryna täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz degişli wise-premýere täze toplumyň Merkezi barlaghanasy bilen işi ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atom we molekulýar derejelerinde maddalaryň fiziki-himiýa barlaglaryny, nano materiallary öndürmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirmek üçin niýetlenen nanotehnologiýalar barlaghanasynyň işiniň esasy ugurlaryna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, bu ugurdaky işleri ýokary derejede geçirmegiň we nano tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz biotehnologiýalar barlaghanasynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi. Bu barlaghananyň hünärmenleri ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjükleriniň, biologik makromolekulalaryň, DNK, RNK, beloklaryň seljermesini amala aşyryp, biotehnologiýalar arkaly oba hojalygynyň, azyk senagatynyň meselelerini çözmek üçin olary önümçilikde ulanmagyň serjermesini geçirerler. Obasenagat toplumyny, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça milli we döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak üçin bu işleriň möhümligi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Täze maddalaryň sinteziniň tehnologiýalary barlaghanasynyň işine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu düzümiň esasy wezipeleri ýerli çig malyň, organiki we organiki däl, polimer we kompozit serişdeleriň, taýýar senagat önümleriniň fiziki-himiýa häsiýetlerini kesgitlemekde jemlenýär diýip belledi. Şunda saglygy goraýyşda, oba hojalyk senagatynda, himiýa, nebithimiýa senagatlarynda we gurluşykda ulanylýan ýerli çig maly peýdalanmak bilen täze önümleriň sintezi boýunça işleriň geçirilmegine üns bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Daşky gurşawy goramak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda obasenagat toplumynyň ösüşiň innowasion ýoluna geçmegi uly ähmiýete eýe bolup, ol hojalygy dolandyrýan subýektler üçin amatly boljak ekologiýa ugurly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen tapawutlanýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramagyň tehnolologiýalary barlaghanasynda ylmy-barlag işlerini guramagyň möhümdigini aýtdy.

Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň ençeme asyrlaryň dowamynda tebipçilikde üstünlikli ulanylyp gelnendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli barlaghanada geçiriljek işlerde innowasion tehnologiýalaryň esasynda ýerli çig maly, ösümlikleri we minerallary peýdalanmak gerek diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy wezipelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, ylmyň we tehnikanyň garyşyk ulgamlarynda häzirki zaman bilimlerini nazara almak bilen, azyk tehnologiýalary babatda ylmy işleri geçirmegiň we ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.

Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda GIS peýdalanmagyň, tebigy serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmagyň usullaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geografiýa maglumatlar ulgamy barlaghanasynyň işi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin täze maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp, häzirki döwürde olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde esasy güýç bolup durýar diýip nygtady. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin zerur bolan kompýuter maksatnamalaryny, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň innowasion usullaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra energiýa önümçiligi we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary barlaghanasynyň işiniň esasy ugurlary barada durup geçmek bilen döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag işleriniň netijelerini energetika pudagyny kämilleşdirmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny çäklendirmek, ýangyjyň sarp edilmegini azaltmak boýunça teklipler taýýarlananda peýdalanmak gerek diýip belledi. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhanalarda ýangyç-energiýa serişdelerini tygşytlamaga gönükdirilen köpçülikleýin-guramaçylyk işleriniň geçirilmegi ýangyjy we energiýany aýawly we rejeli peýdalanmagyň şertleriniň biri bolup durýar diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti M.Gurbannyýazowy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz maslahaty jemläp, häzir Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykarmak işinde ylma we ýokary tehnologiýalara aýratyn orun berilýär. Ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak degişli ugurda Türkmen döwletiniň öňde goýan baş maksatlary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwrebap kompýuter we barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen täze Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup, döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada eder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlara eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini, türkmenistanylaryň bagtly we eşretli durmuşyny üpjün etjek möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de maslahata gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

* * *

Şu günüň ikinji ýarymynda Tehnologiýalar merkeziniň uly maslahat zalynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy.

Forumyň açylyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara we Türkmenistanyň ähli ylmy jemgyýetçiligine Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ýurdumyzyň halkara guramalary we daşary ýurt ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga hem-de ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Häzirki forum hem şoňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Maslahat umumy mejlisden başlandy, onda ýurdumyzyň hormatly myhmanlary çykyş etdiler. Türkmen paýtagtyna dürli ýurtlardan görnükli alymlary ýygnan forum ertir öz işini bölümçeler boýunça dowam eder.

Şonda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetikada, himiýa we ýangyç senagatynda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalar» mowzugy boýunça bölümçe mejlisi geçiriler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde tebigy serişdeleriň tygşytly peýdalanylyşynyň meseleleri we obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşylar. Gumanitar ylymlary we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky meseleleri öz içine alýan mowzugy alymlaryň Türkmen döwlet medeniýet institutynda etjek çykyşlary kesgitlär. «Lukmançylyk we derman önümçiligi» atly bölümçe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiriler.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary meýilleşdirilendir.