Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 841
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobadaky mejlisini geçirdi, şonda şu ýylyň 5 aýynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň jemlerine, şeýle hem gündelik döwlet syýasatyna degişli ilkinji nobatdaky meselelere we möhüm ähmiýetli resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol 2014-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe gazanylan üstünlikleriň ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň esasy görkezijisine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly artýar. Şeýlelikde, bu görkeziji 110,3 göterim derejede üpjün edildi. Jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň tutýan paýy 50 göterim emele geldi.

Bäş aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,7 göterim üpjün edildi.

Milli önümçiligi ösdürmäge, haryt bolçulygyny üpjün etmäge hem-de ilatyň girdejilerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, ýanwar-maý aýlarynda 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 18,3 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda deňhukuklylyk we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2014-nji ýylyň 5 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 107,7 göterime barabar boldy.

Wise-premýer maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýalary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, bu görkezijiniň 108,2 göterime barabar bolandygyny belledi. Onuň jemi içerki önümi bolan gatnaşygy 40,6 göterim möçberde emele geldi.

Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada habar berildi. Şu maksatnama laýyklykda, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň 410- synyň, 546 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň netijeleri boýunça jemi 3,1 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumy özleşdirildi we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,1 göterim artdy.

Hasabat döwri Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim ýerine ýetirildi. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk zähmet haky 111,8 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklarda durnukly ösüş depginini üpjün etmek maksady bilen, ykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini nygtap, wise-premýerden ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Maliýe ministrligi hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň kärhanalarynyň we edaralarynyň maliýe hem-de hojalyk işiniň talabalaýyk seljerilmeýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere we bu ministrlikleriň ýolbaşçylaryna nägilelik bildirip, şol düzümleriň işini seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga degişli wajyp strategiki wezipelere çekip, edara-kärhanalar üçin oňaýly şertleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasat Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň barşynda Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeň we üstünlikli ösdürýändigi bellenildi.

Şu ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara guran saparlary, şeýle hem birnäçe daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Hasabat döwründe geçirilen gepleşikler we ýokary derejedäki duşuşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolundaky täze netijeli ädime öwrüldi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Hasabat döwründe geňeşmeleriň, şeýle hem bilelikdäki hökümetara toparlaryň maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen medeni-gumanitar gatnaşyklaryna hem işjeň häsiýet mahsus boldy.

Wise-premýeriň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň hasabatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň geljek hepdä meýilleşdirilen Wengriýa resmi saparyna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda türkmen-wenger gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna taraplaryň meýillerine laýyk gelýär. Ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine we onuň mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi. Şonuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň sazlaşykly häsiýete eýedigi bellenildi. Koreýa Respublikasynyň iri bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan dünýä belli kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý topary döredildi. Ikitaraplaýyn medeni-gumanitar gatnaşyklar ýola goýuldy.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 2007-nji we 2013-nji ýyllarda degişlilikde Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy açyldy. Şunda 2008-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet sapary dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany ýazdy we türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-de pugtalandyrjak resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar.

Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçirjekdigini we sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady.

Geljek hepdede geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejedäki türkmen-wenger gepleşikleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde onuň möhüm ornunyň bardygyny belledi. Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Wengriýa boljak saparyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmen-koreý gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň sazlaşykly ösüşe eýedigini, şeýle hem dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyryna badalga beren we deňhukuklylyk, özara bähbitlilik uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegini şertlendirýän ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemlemek bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň hökümet toparynyň Wengriýa boljak resmi saparyna we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şol döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda we döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde milli kanunçylygynyň binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen köpsanly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen kanunlaryň ençemesiniň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ilerledilmeginiň bähbidine milli kanunçylygyň binýadyny berkitmek, şeýle hem kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň aýratyn ornuny nygtady. Biz bu ulgamyň, hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze döredilen Tehnologiýalar merkeziniň öňünde innowasion ylmy ösdürmek, onuň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak wezipelerini goýýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň ünsüni Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etjek täze kanunçylyk resminamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şeýle hem Aşgabat şäheri boýunça 2014-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen paýtagtynyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere ägirt uly üns bermegi netijesinde, Aşgabatda toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumyny özleşdirmegiň ösüş depgini 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 178,3 göterime deň boldy. Merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna bu görkezijileriň ýerine ýetirilişiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 238,9 göterime barabar boldy.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna 1908,4 million manatlyk serişde özleşdirildi. Munuň özi 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 171,4 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna 60,5 million manat özleşdirildi. Şeýlelikde, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 143,4 göterime deň boldy.

Şeýle hem, paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygy habar berildi. Şu ýylyň bäş aýynda paýtagtymyzyň Köşi şäherçesiniň günorta künjeginde, şeýle hem Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi gurlup, ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu künjeklerde gurluşyk işleri dowam edýär.

Wise-premýer 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat bermek bilen, bu ugurda toplumlaýyn işleri geçirmek, şol sanda paýtagtymyzyň ulag ýollarynyň durkuny täzelemek işleriniň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmak, bar bolan desgalary degişli derejede saklamak, köçeleriň yzygiderli arassaçylygyny, yşyklandyrylyşyny üpjün etmek, şeýle hem ulag ýollarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu babatda Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleriniň işine düýpli nägilelik bildirdi. Ylaýta-da Köpetdag etrabynyň häkimine işini pes derejede guraýandygy we öz işinde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Çandybil etrabynyň häkiminiň işi gowşak alyp barýandygy üçin birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tankydy belliklerden degerli netije çykarmak üçin Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýewe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýerden gurulýan desgalardaky alnyp barylýan işleri, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy berk talap etdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýazmyradow şu ýylyň 5 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň netijeleri barada hasabat berip, tutuş oba hojalyk toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgininiň 101,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Oba hojalyk ministrligi boýunça şu görkeziji 107 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 102,3 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 103,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 110,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 104,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,8 göterime deň boldy.

Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda alnyp barylýan galla oragy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde ähli welaýatlarda gowaça ideg etmek dowam etdirilýär, hatarara bejergi, otag we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Oba hojalyk topluma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň kärhanalarynda könelişen we ulanmaga ýaramsyz köpsanly dürli tehnikalaryň: traktorlaryň, kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň ýagdaýyny düýpli seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ulanmaga ýaramsyz tehnikalary hasapdan öçürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny hem-de hasapdan öçürilen tehnikalary kärendeçilere tölegsiz bermek meselesine garalmalydygyny belledi. Galyberse-de, ýurdumyzyň etraplarynyň döwrebap oba hojalyk tehnikasy bilen üpjünçiligini düýpli seljermegiň möhümdigi hem-de zerur bolan ýagdaýynda bu tehnikanyň satyn alynmalydygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýerler A.Goçyýewe we A.Ýazmyradowa ýüzlenip, kärendeçi daýhanlara geljekki hasylyň hasabyna karz serişdelerini bermek bilen bagly meseläni öwrenmegi we zerur resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz eger-de zerur bolsa, bu ugurda gerek bolan kanunçylyk namalarynyň kabul edilmelidigini aýdyp, bu çäreleriň kärendeçi daýhanlaryň tehnika bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we olaryň işini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işlerine ünsi çekip, gallaçylaryň ýadawsyz zähmet çekmegi arkaly ýetişdirilen bugdaýyň hasylyny soňky dänesine çenli ýygnamak üçin, galla oragynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Munuň üçin mehanizatorlaryň, ulaglaryň sürüjileriniň we galla oragyna gatnaşýan ähli adamlaryň işini göwnejaý guramak gerek. Döwlet Baştutanymyz “ak altynyň“ bol hasylyny ýetişdirmegiň girewi hökmünde gowaça bellenilen möhletlerde we oňat hilli ideg edilmegini üpjün etmegiň hem möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýeriň hasabatda görkezişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 100,3 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy bolsa 110,3 göterime barabar boldy. Şunda “mawy ýangyjyň” eksporta ugradylýan möçberi 11,5 göterim artdy.

Nebiti gaýtadan işlemegiň, nebit önümleriniň önümçiliginiň, şol sanda awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň, tehniki çalgy ýaglarynyň öndürilişi ýokarlandy.

Ruhabatdaky turba zawodynyň önümçilik kuwwaty artýar. Kärhanada polietilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 108,6 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabatyň dowamynda guýulary burawlamak, maýa goýumlaryny özleşdirmek, senagat we durmuş ulgamlarynda gazyň harçlanylyşyny ölçemek üçin gurallary oturtmak boýunça meýilnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, iri düzümleýin taslamalara täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine, şol sanda täze nebitgaz känleriniň özleşdirilmegi, energetiki ulgamlaryň we döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, sebit we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşine täze itergi berlendigini belledi. Täze desgalar ulanmaga berildi, neşirýat işi işjeňleşdirildi, halkara derejesinde iri medeni çäreler geçirildi, şeýle hem döredijilik alyşmalary dowam etdirildi.

Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan edebi-çeper we aýdym-sazly çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Geçen bäş aýyň dowamynda döredijilik işgärlerimiz, alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dürli ýurtlarda geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Wise-premýer milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 139 görnüşiniň, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 60-dan gowrak görnüşiniň, şeýle hem meşhur türkmen ýazyjylarynyň eserleriniň, Magrupynyň “Döwletýar” dessanynyň, “Kowusnama” kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine degişli kitaplaryň çap edilendigi habar berildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa bardaky döwlet komitetiniň işi barada durup geçip, tele we radio gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny göni alyp görkezmegi guramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Žurnalistler daşary ýurtlarda hünäri ýokarlandyryş okuwlarynda boldular hem-de halkara maslahatlaryna gatnaşdylar.

Wise-premýer şeýle hem 23-29-njy iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berip, däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilýän bu giň möçberli medeni çärä sungat ussatlarynyň gatnaşjakdygyny aýtdy. Hepdeligiň çäklerinde milli ruhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ahlak hem estetiki taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň gazananlaryny daşary ýurtlarda wagyz etmekde möhüm orun eýeleýän medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçüliklein habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmak, medeniýet düzümini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, wise-premýere paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde ýöriteleşdirilen kitap dükanlarynyň ulgamyny giňeltmek meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, bu möhüm çäräniň çäklerinde meýilleşdirilen döredijilik çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň onuň belent ruhuna we ähmiýetine laýyk gelmelidigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynyň şu ýylyň 5 aýyndaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn we toplumlaýyn özgertmeler syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy hem-de degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy. Netijede, Türkmenistanyň şu ugurlarda halkara at-abraýy barha beýgelýär.

Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe täze çagalar baglarynyň 15-siniň gurlandygy we ulanmaga berlendigi bellenildi. Şeýle hem okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 142-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, şolardan 67-si neşir edildi. Ýanwar-maý aýlarynda türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 113 medala, şol sanda 21 altyn, 29 kümüş we 63 bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle hem ýurdumyzyň talyplary halkara aň-bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli medallara eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda we daşary döwletlerde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ajaýyp nusgawy şahyryň eserleriniň dünýäniň halklarynyň 15-siniň dillerine terjime edilendigini, bu kitaplaryň tanyşdyryş dabaralarynyň we bu şanly senä bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň geçirilendigini aýtdy. 14-16-njy maýda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat guraldy.

Wise-premýer milli saglygy goraýşyň we derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça edilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, degişli ministrligiň buýurmasy boýunça döwrebap desgalaryň 19-synyň gurlandygyny aýtdy. Bularyň arasynda saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň 12-si, derman senagatyna degişli kärhanalaryň 5-si, derman saklanýan ammar, ýaşaýyş jaýy bar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna degişli meseleler barada hasabat berip, şu döwürde türkmen hünärmenleriniň halkara bäsleşikleriniň birnäçesine gatnaşandygyny hem-de üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň sport boýunça gazananlarynyň üstüni ýetirendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda maksada okgunly çäreler amala aşyrylýar we olar anyk we oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda ileri tutulýan ugurlara döwlet tarapyndan elmydama içgin üns beriljekdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, şu ugurlar boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň, dünýäde toplanan iň oňat tejribäniň öwrenilmeginiň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmek boýunça Türkmenistanda görülýän çäreleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, şu ugur boýunça öňde durýan wezipeleri yzygiderli berjaý etmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny we ylmy has-da kämilleşdirmek barada durup geçip, bu babatda özgertmeleri amala aşyrmagyň barşyna berk gözegçilik etmegi, aň-düşünjeli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, halkymyzyň aň-bilim kuwwatyny artdyrmak we şolardan dolulygyna peýdalanmak bilen bagly meselelere içgin üns bermegi tabşyrdy hem-de bularyň ýurdumyzy yzygiderli ösdürmegiň esasy şertleriň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 123,7 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 109,6 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 113,3 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 147,7 göterime, Jemagat hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 117,5 göterime barabar boldy.

Şeýle hem wise-premýer ulag ýollarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şol sanda Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda öňegidişlikleriň bolandygyny belledi. Ýöne oňyn ösüşi berkitmek hem-de pudagyň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek zerurdyr. Şol çäreler bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdyp, ýurdumyzyň taryhynyň bütin dowamynda entek awtomobil ýollaryny gurmak boýunça işleriň şeýle gerimde alnyp barylmandygyny nygtady. Milli Liderimiz häzirki wagtda Farap-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollarynyň dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýandygyny aýdyp, şu desgalaryň gurlyşygynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň hem-de iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplardygyny belledi.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak bilen baglanyşykly işlere jogapkärli çemeleşmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berip, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň söwda toplumynda gazanylan esasy görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ilkinji nobatda, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda söwda ulgamynda sazlaşykly ösüş gazanylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň möçberi 53,7 göterim ýokarlandy.

2014-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 83-si geçirildi. Şol sanda umumy möçberi 28 milliard 424,2 million manatlyk möçberindäki halkara söwda we gurluşyk şertnamalary hasaba alyndy. Birža boýunça daşary ýurt walýutalarynyň gelip gowuşmagynyň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça 8 sergi we 6 maslahat geçirildi. Hyzmatlaryň ösüş depgini 111 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda senagat önümleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 34 göterim artyk öndürildi. Şeýle hem oba hojalyk önümçiligi şu döwürde 63 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gurluşyk-gurnama işleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,4 esse artyk ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça haryt dolanyşygy 2,5 esse ýokarlandy. Ilata edilýän hyzmatlaryň ösüş depgini bolsa 231 göterime deň boldy. Şeýle hem 2014-nji ýylyň başyndan bäri täze iş orunlarynyň 61 müň 400-si döredilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, önüm öndürijileriň önümlerini daşary ýurt bazarlaryna ugratmak boýunça halkara söwda şertnamalaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Pudaklaýyn toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek, toplumyň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwrüň şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän ugry hökmünde, telekeçiligiň gurluşyk pudagy, dokma senagaty, obasenagat toplumy ýaly möhüm ugurlarda ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny göz öňünde tutmak bilen, onuň sazlaşykly ösdürilmegine içgin üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2014-nji ýylyň 5 aýyndaky işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýer ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlaryň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgininiň 109,6 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Hususan-da, hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy. “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň “Bereket-Etrek” demir ýolunyň 237,3 kilometri guruldy, ýurdumyzyň içerki demir ýollarynyň 55,2 kilometr aralygynda göterme, aralyk bejergi we düýpli abatlamak işleri ýerine ýetirildi. Demir ýoluň ugrunda beketleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň we köprüleriň gurluşyk işleri dowam edýär.

Ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 100,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 114,1 göterime we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 121,5 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 103,1 göterime deň boldy, tutuş ýurdumyzda ýanwar-maý aýlarynda 267 müňden gowrak täze telefon nokatlary 63 müňden gowrak telefon belgilik göwrümi bolan sanly awtomatik telefon beketleriniň 60 – sy gurnaldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, berjaý edilýän döwrebap hyzmatlaryň gerimini giňeltmek arkaly ösdürmegiň aragatnaşyk boýunça milli düzümi kemala getirmegiň esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini aýdyp, wise-premýere şu topluma degişli kärhanalaryň işiniň ýokary hilli alnyp barylmagynyň üpjün edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu mejlisini jemlemek bilen, ýurdumyzyň alyp barýan içeri syýasatynyň käbir meseleleri barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz siziň bilşiňiz ýaly, biz önümçilik pudaklarynda, durmuş we medeni ulgamlarda, umuman, ähli ugurlarda düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys diýip aýtdy. Geçirilýän özgertmeler öz oňat netijelerini hem berýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär. Geçen döwürde jemi içerki önümiň möçberi hem ep-esli artyp, onuň ösüş depgini 10,3 göterim derejede durnukly saklanýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy pudagyň ösüşinde hem ileri tutulýan ugurlaryň emele gelýändigini we munuň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde we döwrebap ýagdaýa getirmekde döwlet we hususy pudaklaryň özara hyzmatdaşlyk etmeginde strategik ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozalkysy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini belledi. Geçen döwür bilen deňeşdirilende dürli pudaklara goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artyp, 15 milliard manada golaý boldy. Zähmet haklarynyň möçberi hem 11,8 göterim köpeldi. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanyldy.

Milli Liderimiz oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýandygyny we şu ýyl gowaçanyň oňat gögerişiniň alnandygyny hem-de bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda orak möwsümi dowam edýändigini hem-de ýetişdirilen bol galla hasylyny ýygnamak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu bolsa, şu ýyl hem oba hojalygynda oňat netijeleriň gazanylyp, gallanyň we pagtanyň bol hasylynyň ýygnaljakdygyny aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz biz iri halkara taslamalaryny hem, içerki taslamalary hem üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam edýäris diýip, häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň şertnama boýunça umumy bahasynyň 42 milliard amerikan dollaryna golaýdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenbaşy şäherinde iri deňiz portunyň gurluşygyna başlanandygyny aýratyn belledi. Bu örän möhüm ähmiýetli port geljekde Hazar deňziniň kenarynda iri ulag merkezine öwrüler. Ýurdumyzda himiýa senagatyna degişli täze kärhanalaryň hem gurluşygyna başlandy. Şonuň ýaly-da, türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberini diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmagyň pugta binýadyny döretmäge niýetlenen zawodlaryň gurluşygy hem üstünlikli alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk  Günorta» demir ýolunyň gurluşygynda hem işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça kabul eden maksatnama laýyklykda täze elektrik stansiýalary gurulýar. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem täze ýataklary özleşdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Gurluşyk pudagynda hem işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, durmuş ähmiýetli binalar we desgalar - institutlar, muzeýler, hassahanalar, mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki köp sanly möhüm ähmiýetli desgalar yzygiderli gurulýar diýip aýtdy. Ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda hem işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Milli Liderimiz wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek maksady bilen, ähli zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de şu ýylda başlanan işleriň depginini birjik-de peseltmän, geljekde hem dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz siziň bilşiňiz ýaly, geljek ýyl döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 20 ýyl dolýar diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu şanly senäniň diňe bir baýramçylyk çärelerini geçirmek arkaly däl-de, eýsem ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetip, ajaýyp üstünlikleri gazanmak arkaly hem bellenilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbaşdak, erkin, garaşsyz, bitarap döwletiň öz ösüşinde taryh üçin örän gysga döwürde nähili belent sepgitlere ýetip biljekdigini bütin dünýä görkezmelidiris diýip aýtdy. Milli Liderimiz wise-premýerlere ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Ýubileý ýyly mynasyp garşylanmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ösüşi bilen bagly meselelere Ministrler Kabinetiniň 6 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde has doly we giňişleýin garaljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şol mejlisde aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň alyp baran işleriniň netijelerine hem baha beriljekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna Ministrler Kabinetiniň 6 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň birnäçesine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň rowaçlygy we türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.