Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki Bin Haled Bin Faýsal Al-Haşry kabul etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili kabul etmäge wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdel Azize mähirli sözlerini aýtdy hem-de ilçä ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň giň ugry boýunça pikir alşyldy, onuň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýokary derejede özara hormat goýmak gatnaşyklaryna hyzmat eder. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa köp ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynda gazanylan möhüm ylalaşyklar we üstünlikler aýdyň şaýatlyk edýär.
Taraplaryň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga täze depgin berilmegine we onuň üstüniň ýetirilmegine meýillerini tassyklap, döwlet Baştutanymyz we Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly gabat gelýän söwda-ykdysady we medeni-gumanitar aragatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ynamlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Turki Bin Haled Bin Faýsal Al-Haşr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa işlän ýyllarynda beren ýardamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkyna bagt hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan hemme özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi.