Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýa resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýa resmi sapary tamamlandy

view-icon 884
Wengriýa resmi saparynyň jemleýji gününde döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi we Gahrymanlar meýdançasynda Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Onuň üstünliklere beslenmegi iki döwletiň we halklaryň dostluk, özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli erk esasyna daýanýan doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyk etdi.

Budapestde gol çekilen resminamalaryň toplumy söwda-ykdysady, gumanitar we beýleki ulgamlardaky netijeli gatnaşyklary artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny äşgär etdi.

Häzirki ykdysady we syýasy ýagdaýlary nazara almak bilen, iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde bolşy ýaly, sebitleýin möçberdäki halkara hyzmatdaşlygyna täze çemeleşmeleri kesgitlediler. Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Wengriýa biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly daşary syýasat başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Döwrüň esasy meseleleri, öňi bilen bolsa ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek wezipeleri babatda taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassyklamak bilen, Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň Liderleri ynsanperwer ýörelgeleriň baglanyşdyryjy güýjüne, ýokary ahlak gymmatlyklaryna daýanmak arkaly häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmakda pikirleriň birdigini bellediler.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlary iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary babatda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika toplumyndaky, oba hojalygyndaky, şeýle hem ulag, aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylan ugurlara öwrüldi.

Ilkibaşda dostluk, deňhukuklylyk, hoşniýetlilik esaslarynda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda taraplaryň meýilleri milli Liderimiziň Wengriýanyň Milli ýygnagynyň başlygy Laslo Kýower bilen bolan duşuşygynda beýan edildi. Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň zerurdygy bellenildi.

Şeýlelikde geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda özara düşünişmegiň ýokary derejesi we dostlukly halklaryň bähbidiniň doly möçberleri hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan taýýarlygy aýdyňlygy bilen äşgär edildi.

Özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen dürli derejede geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň söhbetdeşleri häzirki zaman meselesine we energiýa serişdeleriň howpsuz hem-de durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly milli Liderimiziň başlangyçlaryna degip geçdiler. Ýeri gelende aýtsak, duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesi Türkmenistanyň bu ýörelgesini goldaýandygyny aýtdylar. Munuň özi milli Liderimiziň bu babatda yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ol milli Liderimiziň başlangyçlaryna dünýäniň abraýly işewür we syýasy toparlarynyň bu möhüm wezipäniň tiz wagtda we oňyn çözgüdine gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň jemleýji güni «Four Seasons Hotel Gresham Palace» myhmanhanasynyň «Seçenii» zalynda döwlet Baştutanymyzyň Wengriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary bilen başlandy we ol Ýewropada umumykrar edilen işewür ertirlik görnüşinde geçdi.

Bu ýere Wengriýanyň döwlet we maliýe düzümleriniň, iri korporasiýalarynyň, firmalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Olaryň hatarynda «Gedeon Richter», «MVM», «Concorde Travel» we beýlekiler ýaly kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bar.

«Seçenii» zalyna girelgäniň ýanynda milli Liderimizi Wengriýanyň Premýer-ministri Žolt Şemýen garşylady we häzirki döwürde Türkmenistan bilen Wengriýanyň hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynda durýandygyny nygtady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wenger işewürleriniň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga meýillerini goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de dostlukly ýurduň hökümetiniň wekili milli Liderimizi resmi ertirlige gatnaşmaga çagyrdy.

Wengriýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dik durup el çarpyşmalar bilen garşyladylar we milli Liderimizi saparyň üstünlikli jemlenmegi bilen gutladylar. Şeýle hem olar ýokary derejede geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler we ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan ýokary gyzyklanmalarynyň bardygyny bellemek bilen, wenger kompaniýalarynyň ýolbaşçylary türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, hususan-da, häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine we olaryň enjamlaşdyrylmagyna, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna, ulag-aragatnaşyk düzüminiň, maglumat tehnologiýalarynyň, oba hojalygynyň, dokma, himiýa we derman senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Wengriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşýandygyna şatdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz duşuşygy guraýjylara Wengriýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy we maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga döreden mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň ýaly işewür duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly bolup durýar, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy munuň subutnamasydyr. Türkmenistan amatly geosyýasy we geoykdysady orny eýelemek bilen, ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär we Aziýa, Ýewropa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin oňyn şertleri döredýär. Birwagtlar ýurtlary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly häzirki döwürde durmuşa geçirilýän netijeli tagallalar arkaly täzeden dikeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn we netijeli syýasaty Türkmenistany dünýäniň doly üpjünçilikli we sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykmagyny şertlendirdi. Hut şunuň ýaly öňdengörüjilikli syýasat netijesinde soňky ýyllarda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgini saklanýar. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmasynyň ösmegini şertlendirýär. Olar biziň ýurdumyza geljegi uly bazar hökmünde bolşy ýaly, bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdy hökmünde garaýarlar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň halkara işewürlik ulgamynda mynasyp hyzmatdaşlardygyny we hoşniýetlilik hem-de ýokary işewürçilik esaslaryny anyk berjaý edýän gatnaşyklary alyp barýandyklaryny nygtady. Biz mundan beýläk-de iki ýurduň arasyndaky işewür gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn goldamaga meýillidiris diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi Türkmenistan bilen Wengriýanyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň we firmalarynyň arasynda göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we onuň ösdürilmegini şertlendirer.

Türkmenistanyň Baştutany türkmen-wenger işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, Budapestde ýokary derejeli geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada durup geçdi. Biz Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Ader bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, şonda iki ýurduň hususy ulgamynyň uly kuwwatyna aýratyn üns berdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Wengriýanyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegi, ýurdumyzy ykdysady taýdan özgertmek işine işjeň goşulyşmagy üçin oňat mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady strategiýany ösdürmäge çemeleşmelerini beýan edip, häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgeleri esasynda guralýandygyny hem-de onuň ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmäge, iň gowy halkara tejribesini ulanmaga we dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge ugrukdyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Lideri abraýly halkara düzümleriniň görkezijileriniň hem türkmen ykdysadyýetiniň oňat depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Ählumumy ykdysady çökgünligiň netijelerine garamazdan, häzirki Türkmenistan ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär. Milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy görkezijileri halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda, şeýle hem durmuş ulgamynda möhüm milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir. Bu şertlerde ýokary maýa goýum işjeňligi ýurdumyzda ykdysady ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Milli pulumyzyň alyş-çalyş hümmetiniň hem durnukly saklanylmagy kesgitleýji şertleriň biri bolup durýar.

Amatly ykdysady mümkinçilikler we berk maliýe ýagdaýy ykdysady özgertmeleri çaltlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri hem-de bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyk gelýän ýokary netijeli ulgamy döretmek üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Wengriýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda maýa goýum işini işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy delillerini getirip, maýa goýumlary üçin özüne çekiji bolan türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň birnäçesini görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biz nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmak arkaly önümçilik düzüminiň desgalaryny gurmak babatda özüniň gerimi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreleri amala aşyrýarys. Ýataklary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we gaýtadan işleýän pudaklary has-da ösdürmäge uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «açyk gapylar» syýasatynyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Mysal üçin, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) we «TOÝO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň arasynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak hakyndaky üçtaraplaýyn ylalaşyk gazanyldy.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegi, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtlaryň işewür toparlary, şol sanda Wengriýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we köp ulgamlara, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly pudaklara dünýä tejribesini giňden çekmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklar barada durup geçip, biziň ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşýändigini, möhüm yklymara söwda ýollarynyň çatrygy bolup durýandygyny ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan beýleki döwletler hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde ulag-aragatnaşyk geçelgelerini geçirmek boýunça iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, şeýle geçelgäniň Ýewropa ugry Günorta –Kawkaz geçelgesi arkaly Türkmenistany Wengriýa bilen baglanyşdyrýan ugra gönükdirilendigini belledi. Şeýlelikde, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty möhüm ulag merkezi bolup hyzmat eder. Şol merkez arkaly ýükler Ýewropa, şeýle hem Aziýa ugurlary boýunça daşalar diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak ýaly möhüm ulag düzüminiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny belledi

Türkmenistanyň himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we okgunly ösýän pudaklarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgama goýulýan serişdelerden garaşylýan düşewüntlilik örän ýokarydyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz kärhanalary bilelikde gurmaga uly gyzyklanma bildirýärler diýip, Türkmenistanyň Baştutany wengriýaly işewürleri giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.

Derman senagatynda, hususan-da, «Gedeon Rihter» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Bu kompaniýa özüni iň gowy tarapdan görkezmegi başardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda dokma senagatynda iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy.

Milli Liderimiz gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçip, häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň çalt özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň milli nusgasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşyk senagatyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň netijeliligi we derwaýyslygy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerime eýe bolmagyny, täze düzümleriň hem-de önümçilikleriň döredilmegini şertlendirdi.

Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ähli şertler bar. Munuň özi gurluşyk ulgamynda ägirt uly maýa goýumlary, ýurdumyzda esasy gurluşyk kompaniýalaryny, materiallary, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileri çekmäge ýardam edýän amatly maýa goýum ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamda hususy telekeçiligi goldamaga uly üns berilýär. Gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin Türkmenistanda ägirt uly serişdeler jemlenendir. Ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwletimizde gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin ähli serişdeler hem-de mümkinçilikler bar, şoňa görä-de, geljekde täze taslamalary amala aşyrmak üçin enjamlaryň hem-de tehnologiýalaryň getirilmegi babatda amatly şertnamalaryň baglaşylmagy uly ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň paýtagty Merkezi Aziýanyň iri işewür hem-de medeni merkezi, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, döwrebap, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasyny özünde jemledi. Bu şäherde gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymy däp-dessurlary aýratyn sazlaşyk döredýär. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasy döwrebap şäheriň ähli ulgamlaryny – senagat, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank, ýaşaýyş jaý-jemagat, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny öz içine alýar. Aşgabat paýtagt hökmünde, Türkmenistanyň ykdysady sebitleri, şeýle hem Ýewropadaky, Merkezi Aziýadaky, Ýakyn we Uzak Gündogardaky döwletler bilen aragatnaşygy üpjün edýän ulag merkeziniň möhüm ähmiýetli wezipesini berjaý edýär. Bu ýerden, ýurduň merkezinden Aşgabat-Mary-Türkmenabat, Aşgabat Daşoguz, Aşgabat-Türkmenbaşy awtoulag ýollarynyň şahalary geçýär, bular döwlet derejesinde möhüm ähmiýetli ýollaryň ählisi ýaly, halkara ülňülerine laýyk gelýär.

Döwrebap şäherleri gurmak boýunça halkara tejribesi göz öňünde tutmak arkaly, paýtagtymyzyň aýry-aýry etraplarynda binalar has oňaýly görnüşde gurulýar. Ýaşaýyş jaý toplumlary onlarça binalardan ybarat görnüşde gurulýar. Taslama boýunça bular bitewi we sazlaşykly binagärlik toplumlarydyr. Şeýlelikde, bu ýere göçüp gelen ýaş nesle öz öýleriniň ýanynda ýerleşýän çagalar baglaryna we mekdeplere gatnamaga mümkinçilik döredildi. Galyberse-de, her bir ýaşaýyş jaý toplumynda söwda merkezleri, awtoulag duralgalary, oýun oýnalýan we sport meýdançalary hem gurulýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri geçen ýylda dünýäniň ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp ýerleşýän şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlary Ginnesiň kitabyna birnäçe gezek girizildi. 2003-nji ýylda oňa elde dokalan «Altyn asyr» atly haly dünýäde iň äpet haly hökmünde goşuldy. 2008-nji ýylda bolsa, Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň binasynyň öňünde dünýäde iň belent baýdak sütüni oturdyldy. Soňra türkmen paýtagtynyň ýene-de üç sany gözel ýerleri— «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezindäki Oguzhanyň äpet ýyldyzy we Aşgabadyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki aýlaw halkasy dünýäniň rekordlarynyň täsin galdyrýan sanawyna goşuldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli mesele barada durup geçip, biziň ýurdumyzyň Wengriýanyň syýahatçylyk pudagy boýunça toplan baý tejribesiniň we ýörelgeleriniň ulanylmagy babatda gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Wengriýanyň kompaniýalarynyň tejribesi we mümkinçilikleri Türkmenistanda uly möçberli taslamalary amala aşyrmakda, şol sanda Hazar deňziniň kenar ýakasynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ulanylyp bilner.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin elmydama açykdygyny belläp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýerinde öwrenmek maksady bilen, Wengriýanyň işewür toparlarynyň wekillerini ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda, döwletleriň ösüşiniň täze tapgyrynda, Türkmenistan we Wengriýa däbe öwrülen hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşde ileri tutulýan ugurlara we her bir tarapyň milli bähbitlerine dolulygyna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetirmäge çalyşýandygyny görkezýärler. Döwletara ylalaşyklarynyň toplumyna gol çekilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol ylalaşyklar ileri tutulýan we özara uly gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň tutuş toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy içgin üns berlip diňlenildi hem-de duşuşyga gatnaşanlaryň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.

Wengriýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Žolt Şemýen öz gezeginde türkmen Liderine Türkmenistanyň ykdysady ösüşini we iki ýurduň hyzmatdaşlygyna degişli mümkinçilikleri jikme-jik beýan edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan beýan edilen ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan we Wengriýa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynyň bosagasynda durýar. Wengriýanyň işewür toparlarynyň sazlaşykly depgin bilen ösýän türkmen ykdysadyýeti babatda uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, dostlukly döwletiň hökümetiniň wekili Türkmenistanyň örän uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurtdugyny hem-de gurply we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi.

Jenap Žolt Şemýen biziň halklarymyzyň baý medeniýetiň we däp-dessurlaryň mirasdüşerleri bolup durýandygyny hem-de biziň zehinli we zähmetsöýer ata-babalarymyzyň bilimlerini we başarnyklaryny nesilden-nesle geçirmek arkaly baýlaşdyrýandygymyzy belledi.

Wenger tarapyna Türkmenistanda eýýäm belli bolan hem-de geljegine uly umyt bildirilýän türkmen bazaryny öwrenýän iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriň 20-den gowragynyň wekilçilik etmegi şu duşuşyga möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Biznes-lança gatnaşyjylaryň hemmesi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasynda hil taýdan täze many-mazmun we sazlaşykly ösüş arkaly baýlaşdyrylýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri hakynda bir pikiri aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara netijeli pikir alşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlar bilen hoşlaşdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gahrymanlaryň meýdançasyna tarap ugrady, bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýmak dabarasy boldy.

Gahrymanlaryň meýdançasy Budapestiň esasy gözel künjekleriniň biri hasaplanýar. Galyberse-de, bu meýdança Ýewropanyň şäherleriniň ХIХ asyryň ahyryna—ХХ asyryň başyna degişli uly toplumlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär.

Wengriýanyň paýtagtyndaky iň uly meýdançanyň toplumynda Müňýyllygyň binasy, Nepis sungatyň muzeýiniň binalary we Mýuçarnogyň Sergi zaly bar. Meýdançanyň merkezinde Müňýyllyga bagyşlanan 36 metrlik sütün ýerleşýär. Ol karrar mermerinden ybaratdyr we ýokarsynda arhangel Gawriiliň heýkeli goýlupdyr.

Müňýyllygyň sütüniniň arka ýüzünde ýarym aýlawly sütünleriň ikisi ýerleşýär. Bular Wengriýanyň gahrymanlaryna bagyşlanan ýadygärlikdir. Sütünleriň her biriniň boýy 85 metre barabardyr. Sütünleriň arasynda çepden saga Wengriýanyň taryhyndaky gahrymanlaryň 14-siniň, şol sanda patyşa Iştefan I, ХV asyrda hökümdarlyk süren patyşa Matiaş Korwiniň, 1848-1849-njy ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşde baştutanlyk eden Laýoş Koşutyň heýkelleri ýerleşýär.

Meýdançanyň merkezindäki daş plita jahan uruşlarynda gurban bolan wengriýaly esgerlere bagyşlanan ýadygärlikdir. Milli baýramçylyklaryň bellenilýän günlerinde bu ýerde hormat garawuly durýar hem-de gül desseleri goýmak dabaralary geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Gahrymanlaryň meýdançasyna gelýär. Ol ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.

Soňra Näbelli esgeriň guburyna gül dessesini goýmak çäresi boldy. Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan milli gahrymanlara hormat goýmak hökmünde, ýadygärlige ajaýyp gül dessesini goýýarlar.

Bu dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Budapest şäheriniň «Ferens List» halkara howa menziline bardy. Türkmenistanyň Prezidenti şol ýerden ata Watanymyza ugrady.

... Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýa bolan resmi sapary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzakmöhletleýin köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna we ösdürilmegine, biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulmak ýagdaýyny ilerletmäge gönükdirilen täze syýasatynyň durmuşa geçýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hökümet agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Milli Liderimizi dabaraly garşylamak çäresine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Wengriýa bolan resmi saparyň üstünliklere beslenendigi bilen gutladylar we saparyň şowly tamamlanmagy netijeli gatnaşyklaryň rowaç almagynyň baş şertidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-wenger gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde möhüm ädime öwrülendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmekde bu saparyň uly ähmiýetiniň bolandygyny aýtdy.

***

Soňra howa menziliniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açmak bilen, Wengriýa bolan resmi sapar bilen baglanyşykly meseleler boýunça öňde durýan wezipelere degip geçdi hem-de hasabat bermek üçin wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer sözüniň başynda Wengriýa bolan resmi sapar mahalynda döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmeginde we halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Wengriýanyň degişli düzümleriniň wekilleriniň ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge meýillidigini bellemek bilen, ýurdumyzyň daşary işler ministri dürli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň Ýewropa ugry boýunça gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýelejekdigini aýratyn nygtady.

Esasan-da, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga Türkmenistan ýaly Wengriýanyň hem uly ähmiýet berýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek babatdaky başlangyjyny, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny bellemek bilen, wise-premýer bu ugurda netijeli işleri alyp barmak üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oňyn mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Wengriýa Respublikasy bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we gatnaşyklary ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli gulluklaryň işjeň hereket etmelidigini belledi. Esasan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek babatda hyzmatdaşlygyň wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda tejribe we tehnologiýalary alyşmak, enjamlary, serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň, suw arassalamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şeýlelikde, Wengriýa bolan resmi sapary iki ýurduň arasyndaky uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine täze itergi berer. Şeýle hem ol türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykmagyny şertlendirer.

Wengriýa bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek, esasan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, oba hojalygynda, syýahatçylykda, sport ugrunda, bilim- ylym ulgamynda, medeni-gumanitar ugurda gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurlar boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar özleriniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdiler. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary häzirki döwürde milli ykdysadyýetmiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy we dürli ulgamlarda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdiler.

Şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy we harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen ýurdumyzda tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna we häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Esasan-da, önümçilik desgalarynda, senagat we durmuş ulgamynda, gurluşykda, oba hojalygynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz ylym-bilim ulgamynda, medeni ugurda durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekmek bilen, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynda eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýäniň ähli ýurtlary bilen açyklyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.