Ï Ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygy täze sepgitleri açar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygy täze sepgitleri açar

view-icon 855
Şu gün — 20-nji iýunda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelýän Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň arasynda gepleşikler geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «açyk gapylar» syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasatda bolsa baryp Beýik Ýüpek ýoly döwründe ýola goýlan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk däpleri beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän hut şu syýasatynyň üstünlikli bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň açylmagy, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda möhüm wakalar boldy. Şol saparyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň esasy bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 2013-nji ýylda Türkmenistan Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda ilçihanasyny açdy. Munuň özi uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam etdi.

Häzirki döwürde, öz ösüşiniň täze tapgyrynda ýurtlaryň ikisi hem köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, hyzmatdaşlygyň oňyn tejribäni, şeýle hem bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, bu hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmäge çalyşýarlar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriň, şeýle hem «Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gepleşikleriň» çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini bellemelidiris.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýunda bolan mejlisinde türkmen-koreýa gatnaşyklarynyň meseleleri barada durup geçip, bu gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini, şeýle hem dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz «Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär» diýip, döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyryna badalga berjek ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.

Şeýlelikde, taraplaryň ikisi hem öňümizdäki ýokary derejedäki duşuşyga iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyryň başlanmagy hökmünde garaýar. Bütin dünýäde meşhur bolan Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmagy hem däp bolan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taraplaryň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklap, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasaryny belledi. Munuň özi türkmen döwletiniň bu hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmen döwleti öz ösüşinde halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge aýratyn üns berip, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryna eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýär. Öz nobatynda, geljegi uly türkmen bazary bu dostlukly ýurduň iri işewürliginiň ünsüni özüne çekýär. Günorta Koreýanyň esasy kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi hem muňa şaýatlyk edýär. Olar hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň birnäçesinde, şol sanda nebitgaz ulgamynda, nebiti gaýtadan işlemekde, elektrik energetikasynda we gurluşykda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenýärler. Söwda, ekologiýa, bilim, dokma senagaty, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlar hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Okgunly ösýän iki döwletiň ykdysadyýetleriniň özara sazlaşygyny nazara almak bilen, bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň has netijeli boljakdygy äşgärdir.

Ykdysady meseleler bilen birlikde, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge, däp bolan dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Şol gatnaşyklar bolsa iki halkyň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Şunda Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasyna wajyp orun degişlidir. Ol möhüm medeni çäreleri — festiwallary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, döredijilik wekiliýetlerini alyşmak çärelerini yzygiderli guraýar.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn Heniň duşuşygynyň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekiler. Olar döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkider. Bu hyzmatdaşlygyň öňünde bolsa täze geljek açylýar.