Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow migrasiýa we raýatsyzlyk meseleleri boýunça halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman biziň ýurdumyza ýene bir ýola gelip, häzirki zamanyň möhüm wezipelerini oňyn çözmek maksady bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýan wekilçilikli maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşaldygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän sebitleýin we ählumumy möçberdäki netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guramagynda Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki maslahatyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň—Ýerine Ýetiriji sekretarynyň belleýşi ýaly, türkmen tarapy maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň bu ulgamdaky oňyn tejribesi bilen tanyşmak üçin möhüm şerti üpjün edipdir.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen dürli ugurlarda, şol sanda gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Özüniň bar bolan mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýä bileleşigini tolgundyrýan meseleleriň çözgüdine degişli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Onuň binýadynda Arkalaşygyň ýurtlarynýň halklaryny baglanyşdyrýan gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bar. Milli Liderimiziň belleýi ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assorsirlenen agza bolmak bilen, mundan beýläk-de GDA-nyň giňişliginde ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine işjeň ýardam berer.
Gürrüňdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sport festiwalyny guramak bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasynda düzdi. S.Lebedewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç Arkalaşygyň döwletleri tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we GDA-nyň Ýerne Ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretara özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi,onuň köpugurly mümkinçilikleri we döredilýän şertler ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.