Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 693
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine galla oragynyň barşy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem durmuş ulgamy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda galla oragynyň barşy, möwsümi guramaçylykly geçirmek hem-de gallaçylaryň ygtyýarynda bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz galla oragyny bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri seljerip, oragyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz gowaçalaryň hatarara bejergisi, olary iýmitlendirmek, suwarmak, harmanhanalary möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly çärelere toplumlaýyn çemeleşmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny üpjün etmek, esasan-da, ilatly ýerleriň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze okuw ýylyna çenli mekdeplerde abatlaýyş işini guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite meýilnamany düzmek işlerine jogapkärçilikli girişilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, esasan-da, galla oragynda işleriň ýagdaýy, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň barşy bilen gyzyklandy we welaýatda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamak işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine häkimiň ünsüni çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde bar bolan umumybilim berýän mekdepleri abatlamak işine guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny aýtdy. Welaýatda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň, şeýle hem dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini, şonda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini aýratyn tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň demirgazyk sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda, galla oragynda durmuşa geçirilýän işler baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Häkim galla oragy bilen bir hatarda, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler barada hem aýtdy. Mundan başga-da, ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, gönüden-göni milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu gün Daşoguz welaýatynda badalga berilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragynda alnyp barylýan işleri seljerip, onuň depginini has-da ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Pagta ýygymyna netijeli taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz gowaçalaryň hatarara bejergi we olara ösüş suwuny bermek bilen baglanyşykly çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlygy bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda ýörite iş meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Daşoguz welaýatynda şu gün badalga berilýän Medeniýet hepdeligini örän guramaçylykly geçirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz çykyşyny häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň barşy, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri baradaky hasabatdan başlady. Hususan-da, ol welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, sebitde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri gowulandyrmak, şeýle hem desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginlerine ünsi çekmek bilen, welaýatda galla hasylyny ýygnamak işleriniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara ideg etmek bilen bir hatarda, pagta ýygymyna degişli derejede taýýarlyk görmek, harmanhanalary, pagtany kabul ediş bölümlerini we ýygymda işlediljek tehnikalary döwrüň talabyna laýyklykda taýýarlamalydygyny nygtady.

Sebitiň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak, täze mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtady. Welaýatda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda aýdylanda bolsa, bu döredilen ýörite iş toparlary meýilnama esasynda yzygiderli iş alyp barmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny netijeli tamamlamak we gowaçalara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Esasan-da, ol welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, sebitde gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň netijeliligini artdyrmak babatda görülýän gaýragoýulmasyz çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Galla oragy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, pagta ýygymyna taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Welaýatyň ilatynyň durmuş düzümini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, mekdepleri täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlamak, täze desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek wezipeleriniň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Şu günler howanyň yssydygyny göz öňünde tutup, welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz häkime ýangynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri geçirmegi hem-de degişli iş toparlarynyň netijeli hereketiniň üpjün edilmegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde abadançylygy, arassaçylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we şanly seneler mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň mekdeplerini täze okuw ýylyna taýýar edilmegine degişli meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegi hem-de täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan abadançylyk, arassaçylyk işleri bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň şu yssy günlerde öňde durýan jogapkärli wezipedigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowy hem-de ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganowy çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz olaryň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany ýerine ýetirmek babatda degişli düzümlerde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen wise-premýer A.Ýazmyradow şu günlerde galla oragynyň depginleri, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň umumy ýagdaýy, dürli sebitlerde suw gorlaryny döretmek, welaýatlarda gurulýan we gurulmagy göz öňünde tutulýan suw süýjediji we arassalaýjy desgalarynyň gurluşyklarynyň barşy, olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi we bu ugurda işlenip taýýarlanylan ýörite çyzgylary görkezdi. Şeýle hem ol Balkan, Ahal, Mary welaýatlarynda şeýle desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, esasan-da, ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Ministr häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Ol ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, ministrligiň düzüminde ýörite müdirligiň döredilendigini, onuň bu babatda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.

Milli Liderimiz ministrligiň ähli düzümleriniň ýerine ýetirýän işleriniň halkymyzyň abadançylygyna, ilatyň durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň köçelerinde ýokary derejedäki arassaçylygyň ýola goýulmagy, suw üpjünçiliginiň berjaý edilmegi döwrüň möhüm meselesidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow häzirki döwürde ministrlik boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň düzümleriniň alyp barýan işleriniň, hususan-da, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişiniň döwrüň talabyny ödemeýändigini belläp, onuň işine nägilelik bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan işleriň ata Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňe gitmegini şertlendirmelidigini, bu babatda örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny aýratyn nygtady hem-de ministrligiň işini talabalaýyk guramak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.