Ï Türkmenistanyň Prezidenti iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 764
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow migrasiýa we raýatsyzlyk meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň baş direktory Uilýam Leýsi Swingi we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradakyÝokary komissarynyň orunbasary Wolker Turki kabul etdi.

Iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen döwletiniň Baştutanyna ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin bolsa türkmen tarapynyň başlangyjy bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça geçirilýän halkara maslahatlary ýardam berýär.

Myhmanlar Aşgabatda geçirilýän şu gezekki maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bilelikde guralýan bu maslahatyň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri ýaly ählumumy wezipeleri çözmekde täze tapgyr boljakdygyna ynam bildirdiler. Bu maslahata halkara guramalarynyň we dünýäniň ýurtlarynyň onlarçasynyň wekilleri çagyryldy.

BMG-niň bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen iri düzümleriniň ýokary wezipeli wekillerini mähirli garşylap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň soňky ýyllarda kemala gelen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we häzirki döwürde möhüm meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça, şol sanda Bosgunlaryň statusy hakyndaky konwensiýa we Apatridler hakyndaky konwensiýa ýaly möhüm halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşulmak bilen, üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerip, hakykatda gadymdan bäri türkmen halkyna mahsus bolan ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigi aýratyn nygtaldy, bu ýörelgeler bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe BMG-niň Baş assambleýasynyň belent münberinden yglan edilen oňyn başlangyçlarda öz beýanyny tapdy.

Şu ýyllar içinde biziň ýurdumyz, hususan-da, raýatlary kabul etmek we bosgun hem-de raýatlygy bolmadyk adamlara ýardam bermek boýunça baý oňyn tejribe toplady, bu tejribe bolsa gürrüňsiz suratda geljekde dünýä tejribesinde giňden ulanylar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu topara degişli adamlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün edýän milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini belledi.

Myhmanlar Türkmenistanyň bu meseleleri çözmekdäki işjeň ornuny belläp, muňa “Bosgunlar hakynda” we “Migrasiýa hakynda” Kanunlaryň kabul edilmegini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 786-syna Türkmenistanyň raýatlygynyň berlendigini mysal getirip, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň we Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň däp bolan hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler, bu hyzmatdaşlyk bolsa türkmen tarapynyň eýeleýän işjeň orny netijesinde aýratyn netijeli häsiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, şu gezekki wekilçilikli maslahatyň üçünji müňýyllygyň maksatlaryna ýetmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler, şol maksatlaryň iň möhümi bolsa dünýäniň köp halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän amatly durmuş şertlerini döretmekden ybaratdyr.