Ï Türkmenistan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrýar

view-icon 2635
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze möhüm desgalaryň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatynyň merkezine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren desgalaryň birnäçesiniň açylyşyna gatnaşdy.

... Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Daşoguz şäheriniň howa menziline gonýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, din wekilleri we welaýatyň hormatly ýaşululary mähirli garşylaýarlar.

Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar, duz-çörek hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş arzuw edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş bolýar, olaryň iş-aladalary, ýaşaýyş-durmuşy, ýurdumyzda hem-de demirgazyk sebitde amala aşyrylýan özgertmeler baradaky pikiri bilen gyzyklandy, tekliplerini we arzuwlaryny diňledi.

Döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde milli aýdym-sazlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär. Bagşylaryň çykyşy aýdym-sazly dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň köp sanlysyny, şol sanda daşary ýurtly myhmanlary kabul edýän Daşoguz şu günler ýurdumyzyň döredijilik durmuşynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän esasy baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu şanly senä gabatlanyp geçirilýän çäreler hem-de senagat kärhanalaryny ulanmaga bermek dabaralary milli ykdysady syýasatymyzyň durmuş ugruna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol syýasat bolsa jemgyýetiň hem-de döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ruhy taýdan ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Daşogzuň howa menzilinden döwlet Baştutanymyz dikuçarda gurluşyk desgalarynyň açylyş dabaralarynyň başlanýan ýeri bolan Boldumsaz etrabyna ugraýar. Bu ýere, täze gurlan elewatoryň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler, döredijilik işgärleri, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar, gurluşykçylar we oba zähmetkeşleri ýygnandylar.

Işe giriziljek kärhananyň öňündäki meýdançada uly türkmen toýuna mahsus bolan baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Däp bolşy ýaly, bu toýa köp sanly dostlar, goňşular we myhmanlar gatnaşýar. Bu gün dabaranyň geçirilýän ýeri baýramçylyk lybasyna beslenipdir, ähli ýerde baýdaklar parlaýar, dürli reňkli şarlar özboluşly gözellik döredýär. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem türkmen halkynda täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralary giň gerimde we şatlyk-şagalaňa besläp geçirmek ajaýyp däp hasaplanylýar. Munuň özi asylly başlangyçlaryň rowaç tapýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde bu ajaýyp däpler aýawly saklanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary täze desganyň golaýyndaky meýdança gonýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk lybasyna beslenen elewatoryň dabara meýdançasyna gelýär. Aýdym-sazly we tansly kompozisiýany ýerine ýetirýän döredijilik toparlarynyň çykyşy ruhubelentlik ýagdaýyny döredýär. Artistler täsirli çeperçilik keşplerinde sahawatly türkmen topragynyň — ak bugdaýyň mekanynyň bereketini, bol hasyly ýetişdirýän daýhanlaryň zähmetsöýerligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýikligini, halkymyzyň Arkadagymyz bilen bitewiligini ussatlyk bilen açyp görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow münberiň ýanyna gelip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz şu günler ýurdumyzda möhüm ähmiýetli baýramyň — Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Medeniýet hepdeliginiň geçirýändigini belläp, Türkmenistanda giňden bellenilýän bu baýramçylyk bilen hemmeleri gutlady. Bu baýramçylyga birnäçe möhüm ähmiýetli çäreler, şeýle hem, täze gurlan iri önümçilik we medeni -durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralary gabatlanyldy.

Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe örän uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli pudaklarda özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi ýylsaýyn artýar. Geçirilýän işler öz oňat netijelerini hem berýär. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň hatarynda ynamly öňe barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halkara abraýy hem barha artýar. Ýer ýüzüniň döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Watanymyzyň dünýädäki tutýan ornuny yzygiderli berkidýär, täze ösüşleri gazanmaga oňat mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda eziz Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek barada Prezident maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen köp sanly maksatnamalar amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň welaýatlaryny, şol sanda Daşoguz welaýatyny hem tanalmaz derejede özgerdýär.

Döwlet Baştutanymyz 2011-nji ýylda «Daşoguz welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» ýörite kararyň kabul edilendigini ýatlatdy. Häzirki döwürde bu karara laýyklykda welaýatda netijeli işler alnyp barylýar, köp sanly önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Ine, şu günler hem Daşoguz welaýatynda birnäçe möhüm ähmiýetli iri desgalar ulanmaga berilýär.

Milli Liderimiz şeýle hem düýn telekeçileriň guran köp sanly iri desgalarynyň, şol sanda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda gurlan, kuwwaty ýylda 2000 tonna süýt we süýt önümlerini we 30 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berlendigini belledi. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan bu toplum hususy pudagyň oba hojalygyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, halkymyzy özümizde öndürilen azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde ilatymyz öz guşgursak ak bugdaýymyzyň uny, çörek we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Biz indi özümizden artýan bugdaýyň we bugdaý ununyň belli bir möçberlerini daşary ýurtlara hem ýerleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýdy.

Biz daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini hem zaýa etmän, bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap elewatorlary we un öndürýän kärhanalary yzygiderli gurýarys. Şu maksatlardan ugur alyp, geçen ýyl hem birnäçe täze elewatory açyp, ulanmaga berdik. Ine, şu gün hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan jemi 8 sany elewatory teleköpri arkaly dabaraly açarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu desgalar, olaryň kuwwatlyklary hem-de gurluş düzümi barada aýdyp, bu elewatorlaryň halkara hyzmatdaşlygy netijesinde, türkmen we türk gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda Türkiýäniň «Tepe Türkmen» kompaniýasy tarapyndan gurlandygyny belledi. Täze elewatorlaryň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda öndürilýän galla hasylynyň möçberlerini artdyrmaga, döwletimiziň azyk howpsuzlygyny berkitmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda suw üpjünçiliginiň möhüm orny bar. Ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda iri we döwrebap suw hojalyk desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şu işleriň çäklerinde Mary welaýatynda ýerleşýän «Zähmet — Türkmengala» abzal ýabynyň suw göteriji beketleriniň durkuny täzelemek barada 2012-nji ýylda ýörite karar kabul edildi. Häzirki döwürde bu kararda göz öňünde tutulan işler doly tamamlandy. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi Mary welaýatynyň ekin meýdanlaryny suw bilen ýeterlik üpjün etmäge, welaýatda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga uly itergi berer.

Biz maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa et we süýt önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ilatymyzy özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek diňe bir azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem halkymyzyň saglygyny goramakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şu maksatlardan ugur alyp, biz ösen tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny gurýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu ugurda Daşoguz welaýatynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Welaýat ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan sebitleriň biridir. Welaýatyň çäklerinde ýurdumyzyň iri şahly mallarynyň ýarysyna golaýy saklanýar. Welaýatda maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen, biz S.A.Nyýazow etrabynda täze maldarçylyk toplumyny gurduk. Bu toplum jemi 500 baş iri şahly tohum maly saklamaga we ýylda 2000 tonna süýdi, 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu ýerde et we süýt önümleriniň, şol sanda şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri öndüriler.

Maldarçylyk toplumy Şweýsariýada, Germaniýada we Türkiýede öndürilen iň kämil tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu toplumyň gurluşygy «Cotam enterprises» kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde pagtany gaýtadan işleýän we dokma senagaty pudaklarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ýurdumyzyň amatly howa şertleri bize pagtany, şol sanda ýokary hilli inçe süýümli pagtany köp möçberlerde öndürmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, biz pagtany gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalary yzygiderli gurýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Köneürgenç etrabynda «Engin Group» kompaniýasy tarapyndan gurlan, tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän täze kärhana hem şeýle desgalaryň biridir. Kärhanada Ýewropada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda öndürilen iň kämil tehnologiýalar we enjamlar ornaşdyryldy. Bu ýerde ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagta gaýtadan işlenip, 15 müň tonna golaý ekişe ýaramly tohumlyk çigit öndüriler.

Biz şu gün Köneürgenç etrabynda iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýene-de bir täze kärhanany — ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen pagta egriji fabrigi hem açyp, ulanmaga bereris. Türkiýäniň «Norsel» kompaniýasy tarapyndan gurlan kärhanada Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Italiýanyň dünýä belli, ýokary öndürijilikli häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy. Fabrikde bir ýylda 6 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenip, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän 6 000 tonna ýokary hilli nah ýüplük öndüriler. Bu kärhanada öndüriljek önümleriň esasy bölegi daşary ýurtlara iberiler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda başga-da birnäçe desgalar ulanmaga berler. Şu günki açylýan desgalardan başga-da, ýene-de bir möhüm desga açylar. Milli Liderimiz bu meselä geçip, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, dynç alyş-sagaldyş we şypahana ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sagaldyş merkezlerini we şypahanalary yzygiderli gurýarys. Şeýle döwrebap şypahanalaryň biri Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda guruldy. Bu şypahana dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen iň kämil, döwrebap lukmançylyk enjamlary we serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde adamlaryň saglygyny dikeltmek dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak arkaly öňdebaryjy netijeli usullara esaslanar.

Umuman, täze gurlan desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirer. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen ýüzlerçe täze iş orunlary dörär. Iň esasy zat bolsa, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Milli Liderimiziň çykyşy şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

...Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan teleköpri arkaly Lebap, Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň etraplarynda gurlan elewatorlaryň, şeýle hem Mary welaýatynda «Zähmet-Türkmengala» abzal ýabynyň suw göteriji beketleriniň dabaraly açylmagyna ak pata berýär.

Bu ýerde gurnalan uly monitorlaryň, döwrebap alyp beriş enjamlarynyň kömegi bilen bu desgalaryň dabaraly açylyşlarynyň barşyna syn etmek bolýardy.

Alyp baryjy nobatma-nobat olaryň her biri bilen tanyşdyrýar. Telearagatnaşyga yzly-yzyna täze kärhanalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri çykýarlar. Şol desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitlerde durmuşa geçirilýän we ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ädimdir.

Teleköpri arkaly täze desgalaryň açylyşyny özüne birleşdiren dabaranyň başyny Ahal welaýatynyň Tejen we Babadaýhan etraplarynda gurlan elewatorlaryň açylyşyna gatnaşyjylar başladylar. Soňra nobat Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyna, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Beýik Türkmenbaşy etraplaryna, Mary welaýatynyň Altyn sähra we Garagum etraplaryna ýetýär. Şol etraplarda hem elewatorlar guruldy.

Welaýatlaryň hormatly ýaşululary özleriniň ildeşleriniň adyndan çykyş edip, milli Liderimizden täze kärhanalaryň işine ak pata bermegi haýyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz desgalaryň her biriniň işgärlerine ak pata berip, olary şanly waka bilen gutlaýar hem-de işlerinde uly üstünlikler arzuw edýär.

Teleköpri mahalynda täze kärhanalaryň işgärleri, şeýle hem dabara gatnaşýan welaýatlaryň häkimleri, türkmenistanlylar, zähmet adamlary barada edýän çuňňur aladasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öz kärdeşleriniň, welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň adyndan öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Azyklyk bugdaýyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we degişlilikde welaýatlarda döwrebap obasenagat düzümini döretmek döwletimiziň oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze elewatorlaryň gurluşygy amala aşyryldy. Şol elewatorlar «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça guruldy. Olaryň her biri dürli maksatly desgalary öz içine alýan toplumlardan ybaratdyr. Olara galla saklanýan ammarlar, bugdaýy guratmak üçin niýetlenen meýdançalar we gallany wagtlaýyn saklamak üçin telärler, edara binasy, barlaghana we beýlekiler girýär. Elewatora getirilýän bugdaý barlaghana seljermeleri, arassalaýyş we guradyş işleri geçirilenden soň, ýörite howa ýagdaýyny saklamak üçin abzallar bilen üpjün edilen dik bunkerlere ýerleşdirilýär. Gallany ölçemekden, hilini barlamakdan başlap, degirmenlerde degişli işleri geçirmäge çenli ähli çäreler doly awtomatlaşdyryldy.

Şeýle döwrebap desgalaryň sebitleriň esasy galla meýdanlarynyň golaýynda bolmagy welaýatlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gaýtadan işlemegiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de hasylyň talaba laýyk saklanmagyna ýardam eder.

Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplaryndaky, Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabyndaky elewatorlaryň göwrümi 50 müň tonna bugdaý saklamaga, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky we Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky elewatorlaryň bolsa göwrümi 30 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlarda obasenagat düzümini okgunly ösdürmek babatda öňe süren başlangyçlary diňe bir öndürilen gallany ýerinde gaýtadan işlemek we onuň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmek wezipesi bilen däl, eýsem, ýurdumyzyň däneçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, obada täze iş orunlaryny döretmek bilen şertlendirilendir.

Bu elewatorlaryň umumy tutýan meýdany 50 müň inedördül metre deň bolup, olarda saklanýan bugdaýlaryň hil görkezijilerine awtomatik usulda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän ýörite enjamlar oturdyldy. Elewatorlaryň çäginde kabul ediljek bugdaýyň nusgalaryny awtomatiki usulda alýan hem-de dänäniň hilini kesgitleýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana ýerleşýär. Mundan başga-da, bugdaýy ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan göterijileriň kömegi bilen awtoulaglardan hem-de demirýol wagonlaryndan kabul etmek üçin önümçilik kuwwatlylygy sagatda 100 tonna bolan ýörite ugur göz öňüne tutulan.

Şeýle hem bu elewatorlarda kabul edilýän bugdaýy arassalamak, dänäniň çyglylyk derejesini bellenen kada getirmek üçin ýörite guradyjy enjamlar hem-de siloslarda saklanýan bugdaýyň gyzgynlyk derejesini awtomatik usulda kesgitleýän we ýeterlik möçberde howa üfleýän howa beriji enjamlar gurnalandyr.

Bulardan başga-da elewatorlaryň her biriniň çäginde tohumlyk bugdaýy kabul etmek üçin göwrümi 5 müň tonna bolan bassyrma, sagatda 10–12 tonna ýokary hilli tohumlyk bugdaýy arassalap taýýarlaýan bölüm bolup, bu bölümlerde tohumlyk bugdaýlar arassalanyp dermanlanandan soňra, taýýar bolan tohumlyk bugdaýlar 25 we 50 kilogram agramda polipropilen haltalara ýörite enjamlaryň kömegi bilen gaplanylýar. Soňra haltalara gaplanan tohumlyk bugdaýlar göwrümi 2 müň tonna bolan ammarlara saklanyşa ugradylýar. Awtomatlaşdyrylan usulda gözegçilik edilýän öňüni alyş çäreleriniň ulgamy bolsa ähli önümçilik ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýynyň berk berjaý edilmegini üpjün eder.

Bir wagtyň özünde ulanylmaga berilýän elewatorlaryň 8-si, şol sanda Boldumsazdaky elewator 360 müň tonna bugdaý hasylyny ýokary hilli saklamaga niýetlenendir. Umuman, ulanmaga berilýän elewatorlaryň ählisinde 352 sany täze iş orny döredildi.

Elewatorlardan soň, nobat ýene-de bir möhüm desga — durky düýpli täzelenen «Zähmet-Türkmengala» abzal ýabynyň suw göteriji beketleriniň üçüsine ýetýär.

«Zähmet-Türkmengala» abzal ýaby ýeriň relýefini göz öňünde tutmak arkaly, Garagum derýasynyň suwuny Gindiguş suw howdanyna akdyrmak üçin suwyň onlarça metre çenli ýokary göterilmegini üpjün edýän çylşyrymly inženerçilik desgasy bolup durýar. Derýadan suwuň akdyrylmagy suw sorujy beketleriň basgançak görnüşinde ýerleşdirilmegi arkaly amala aşyrylýar, munuň özi ahyrky netijede suwy 32 metrlik bellige çenli ýokary götermäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen, bu beketleri döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň hilini we netijeliligini häzirki döwrüň talaplaryna ýetirmek baradaky işleriň geçirilmegi uzynlygy 50 kilometre ýetýän abzal ýabynyň welaýatyň birnäçe etraplarynyň oba hojalykda ulanylýan meýdanlarynyň 45 müň gektardan gowragyny we köpsanly ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda ulanmaga berilýän bu suw göteriji beketlerde oturdylan täze kuwwatly we döwrebap enjamlar suw akabasynyň her bir derejesinde suwuň göz öňünde tutulan möçberlerde akdyrylmagyny kepillendirmäge mümkinçilik döreder. Suw akabasynyň 9-njy kilometrinde ýerleşýän ýokary göteriji birinji beketde 53 kub metr suwy sekuntda 10,5 metr belentlige çenli ýokary götermäge ýardam berer. Ýene-de 10 kilometr geçilenden soňra, suw sorujy ikinji beketde 48 kubmetre barabar suw sekuntda 10,5 metre çenli ýokary galýar. Ýene-de 20 kilometrden soňra — üçünji beketde 43 kubmetrlik suw sekuntda 11 metre çenli ýokary göteriler.

Şeýlelikde, abzal ýabynyň durkunyň täzelenmegi, döwrebap we kuwwatly suw göteriji beketleriň ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ekerançylygyň netijeliligini artdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklaryny durnukly ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde, suw serişdelerini rejeli ulanmakda, suwarymly ekerançylygyň netijeliligini artdyrmakda, suw hojalygynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda öňde goýlan möhüm ähmiýetli wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli berjaý edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüldi.

Teleköpri tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň nobatdaky desgalaryny ulanmaga bermek çäresiniň indiki desgalaryň açylyşy bilen dowam etdiriljekdigini habar berdi.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde beýleki köp sanly çäreler hem guralýar. Olara biziň myhmanlarymyz — dürli ýurtlardan gelen döredijilik işgärleri gatnaşýarlar. Şenbe güni, 28-nji iýunda Daşoguz şäheriniň seýilgähinde sungat ussatlarynyň, şol sanda daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlary Boldumsaz etrabynda gurlan elewatoryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Dabaraly pursat gelip ýetýär — döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda täze kärhananyň önümçilik binasynyň girelgesiniň öňünde dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.

Hormatly Prezidentimiz gallany kabul edýän we arassalaýan seh ýerleşen jaýyň içine girýär.

Milli Liderimiz bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler hem-de önümçilik bilen tanşyp, işleriň ähli tapgyrlary bilen jikme-jik gyzyklanýar. Kärhananyň hünärmeni bu ýerde işiň guralyşynyň aýratynlyklary, bugdaýyň oňat saklanmagyny üpjün etmek üçin ulanylýan tehnologiýalar we usullar, beýleki hil görkezijileri barada jikme-jik gürrüň berýär.

Şol pursat elewatordaky däne kabul edilýän ýere uly ýük awtomobili — 20 tonnalyk «MAZ» ulagy gelip saklanýar. Ondan şu ýylyň hasylynyň bugdaýy düşürilýär. Bu ýerde galla deslapdan arassalanylýar, guradylýar we işlenip bejerilýär, soňra bolsa saklamak üçin niýetlenen gaplara ugradylýar.

Milli Liderimiz bu işe syn edip, gelip gowuşýan bişen bugdaý dänelerini eline alyp görýär we onuň dykyzdygyny belleýär. Munuň özi bugdaý tohumlarynyň ulanmaga ýaramlydygynyň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen hem tanyşýarlar. Onda bugdaýdan taýýarlanan dürli görnüşli önümler, şol sanda çörek önümleri görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz täze kärhana bilen tanyşlygy tamamlap, bu ýere ýygnananlaryň ählisini ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, täze elewatoryň işgärlerine işlerinde üstünlikler arzuw etdi we dikuçarda iş saparynyň nobatdaky ýerine tarap ugraýar.

Hormatly Prezidentimiz dikuçarda Köneürgenç şäherine baryp, soňra awtoulagynda işe girizilmäge taýýar edilen nobatdaky desga — Köneürgenç etrabynyň dolandyryş merkezinde ýerleşen tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen topluma tarap ugur aldy.

Iň gadymy oba hojalyk ekini bolan pagta köpden bäri «ak altyn» diýlip atlandyrylýar. Onuň taýýarlanylyşy müňlerçe ýyl gadymyýete kök urýar. Häzirki wagtda taryhy däpleri dowam edip, ýurdumyz dünýäde öňdebaryjy çig mal öndürijileriň biri bolup durýar, pagta bolsa türkmen topragynyň baýlyklarynyň biridir. Innowasion tehnologiýalara esaslanan önümçiligiň häzirki zamanda guralmagynda pagta süýümi gymmatly çig mal, daşary ýurtlara ugradylýan harytlaryň iň amatlylaryň biri bolup durýar. Çünki egin-eşige hem-de ekologik taýdan arassa tebigy pagtadan taýýarlanan örän giň görnüşli önümlere dünýäde isleg gyşarnyksyz artýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýan ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine 2013-nji ýylda döwlet harmanyna 1 million 200 müň tonna töweregi pagta çig malyny tabşyran Watanymyzyň pagtaçylarynyň gazananlary şaýatnama öwrüldi. Bereketli hasylyň ýygnalmagynda Daşoguz welaýatynyň zähmetkeşleriniň uly paýy bardyr.

Şu ýylda daşoguzlylar pagtanyň 230 müň tonnasyny taýýarlamagy borçlanýarlar. Ony gaýtadan işlemek üçin sebitiň çäklerinde eýýäm pagta arassalaýjy zawodlaryň 9-sy hereket edýär. Ine bu gün bolsa Köneürgenç etrabynda pudagyň iň kämil täze ýöriteleşdirilen kärhanasy dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylar.

Täze desga «Türkmenpagta» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Engin Group Consorcium Ltd.» kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Ol Daşoguz welaýatynyň senagat pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek we pudagyň gaýtadan işleýän kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, welaýatda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde guruldy. Obasenagat toplumynda bolsa pagtany gaýtadan işleýji ulgam öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Sebitlerde hereket edýän pagta arassalaýjy zawodlardan tapawutlylykda bu kärhana ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iň döwrebap kärhanany hem-de 10 müň tonna pagtany saklamaga niýetlenen pagta kabul ediji harmanhanany birleşdiren ýurtda ilkinji iri senagat toplumdyr.

Täze kärhana, ilkinji nobatda, Daşoguz welaýatynyň pagta öndürijilerini gowaçanyň ýokary hilli tohumlyk çigidi bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol bolsa pagtanyň geljekki hasyly bagly bolan we umuman, pagtaçylyk ýaly oba hojalygyň möhüm pudagynyň durnukly ösmeginde zerur önümdir. Gymmatly tohumyň esasan-da, aňrybaş tohumyň sarp edilişiniň şeýle peseldilmegi, gowaçany ýekelemek işlerine sarp edilýän zähmetiň azaldylmagy ýurdumyzyň pagtaçylygynda agrotehnikanyň düýpli gowulandyrylmagyna, onuň netijeliginiň ýokarlanmagyna täsir eder.

Umumy meýdany 17 gektarda ýerleşen täze desga, iki gatly ak mermerli dolandyryş binasyny, önümçilik toplumyny özünde birleşdirýär. Şeýle hem bu ýerde taýýar önüm saklamak üçin, ekiş üçin niýetlenen tohumlyk pagta çigitleri saklanýan aýratyn ýer, çig mal saklamak üçin ammar ýerleşendir, şeýle hem toplumyň durmuş üpjünçiligine degişli desgalar — transformator bekedi, ýangyna garşy gullugyň jaýy, suw desgasy, mehaniki abatlaýyş ussahanasy bar.

Toplumyň çäkleriniň köp bölegi pagta kabul etmek üçin meýdança bölünip berilipdir.

Bu gün bu ýerde, pagta arassalaýjy kärhananyň baýramçylyk görnüşinde bezelen çäklerinde baýramçylyk ruhy höküm sürýär, aýratyn şatlykly ýagdaýy döredýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Ýörite bezeg serişdeleri täze zawodyň merkezi girelgesini has-da gelşige getirýär.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar, hormatly ýaşulular düz-çörek hödür edýärler. Milli Liderimiz hormatly aksakallary mähirli mübärekleýär we welaýatyň döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlaryny synlaýar. Olar aýdym-sazly, tansly çykyşy ýerine ýetirip, topraga taşlanan tohumdan ak pagtanyň gozalarynyň peýda bolşyny — pagtanyň emele gelşiniň taryhyny beýan etdiler.

Artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyna minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň önümçilik binasynyň girelgesine tarap barýar. Dabara gatnaşyjylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär hem-de täze önümçilik bilen tanşyp başlaýar.

Tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyza hünärmenleriň habar berişleri ýaly, önümçilik binasynda tehnologik işiň bütin halkasynyň bölümleri: pagta çig malyny guradyjy we arassalaýyjy, pagta çigdinden süýmüni aýyryjy, pagta süýümini arassalaýjy we kipe gaplaýyjy, pagta çigdini arassalaýjy, pagta lintini we ulýugyny arassalaýyjy sehleri, ekiş üçin niýetlenen tohumlary himiki usulda arassalamagyň goşmaça sehi, şeýle hem haltalara gaplaýjy bölüm göz öňünde tutulandyr. Bu tehnologik işleriniň bütin halkasyny bu ýerde oturdylan, wideorolikler görkezilýän monitordan hem synlamak boldy.

Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hem-de ABŞ-nyň we Ýewropanyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli enjamlary arkaly enjamlaşdyrylmagynyň netijesinde, el işi örän az mukdarda ulanylar we dolandyryşyň hemme işleri awtomatik usulda alnyp barylýar. Ilkinji gezek ýurdumyzda bu ýerde tehnologiki enjamlara pagta teleskopiki iýmitlendirijiniň kömegi arkaly berilýär we gysyjy enjamynda pagta süýümi gaplananda kipleriň guşaklary awtomatiki usulda daňylýar. Bu ak kipler ýurdumyzyň dokma kärhanalary üçin niýetlenen taýýar önüm hökmünde degişli ugurlara iberilýär.

Her sehde peýdalanylýan materialyň fizika-himiýa görkezijilerini, çykarylýan taýýar önümleriň hilini gözegçilikde saklaýan barlaghananyň enjamlaşdyrylandygyny hem bellemek ýerliklidir.

Önümçilik binasynda bölümleriň işi bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz pagta kabul edýän bölüme tarap barýar. Bu ýerde 60 tonna çenli pagtany kabul etmäge ukyply bolan awtomatlaşdyrylan elektron terezilerde getirilýän çig-malyň deslapdan agramy çekilýär.

Nobatdaky önümçilik bölüminde kärhananyň hünärmeni ekiş üçin niýetlenen ýokary hilli pagta çigidini taýýarlamak işini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän, tohumlaryň pagta übtüginden ýöriteleşdirilen himiki usul arkaly ikinji gezek arassalanýan öňdebaryjy tehnologiýalar barada milli Liderimize gürrüň berdi. ünsüni çekdi. Hünärmeniň düşündirişi ýaly, tohumlaryň ekişe ýokary hilli işlenip taýýarlanyşy täze kärhananyň esasy wezipesi bolup durýar.

Önümçilik bölüminiň işine badalga berildi we bu ýerde gurnalan monitordan öňdebaryjy tehnologiki enjamlaryň kömegi arkaly himiki maddalar bilen awtomatik usulda garylan tohumlyk çigitleriň guradylyp, onuň daşyndaky übtügi aýyrylyp, daşy arassalanan çigitler göwrümi we agramy boýunça saýlanylýandygy görünýär. Ondan soňra arassalanan çigitler zyýankeşlere garşy dermanlanyp, uly bolmadyk kagyz haltajyklara gaplanylýar. Olar soňra 20-25 kg. ölçegdäki uly haltalara salynýar. Şol gabyň daşyna çykarylan tapgyry alamatlandyrýan degişli ştrih-kod goýulýar.

Önümçilige ornaşdyrylan tohumlaryň ekişe taýýarlanylyşynyň täze netijeli usuly häzirki wagtda gowaça ekişinde ulanylýan tohumlyk çigitleriň 1 gektara sarp edilýän möçberiniň birnäçe esse tygşytlanmagyna mümkinçilik berer. Mundan başga-da, gowaçany ýekelemek ýaly köp zähmeti talap edýän el işlerini aradan aýyrar we öndürilýän önümiň harajatlarynyň azalmagyna ýardam edip, taýýar önümiň düşýän gymmatyny peselder.

Gowaçanyň ap-ak gozalary — diňe bir ýüplük, mata we egin-eşik däldir. Ol lukmançylyk pamygydyr we kosmetika serişdeleridir, öýde ulanylýan dokma önümleri we dokama däl materiallardyr, tehniki ähmiýetli önümlerdir. Hut şu süýümden «kagyz pullary» ýasalýar. Pagta gymmatly azyk önümleriniň hem gözbaşydyr. Olaryň hatarynda hakyky türkmen palawy taýýarlanýan pagta ýagy, ajaýyp antioksidandyň bejerijilik häsiýetlerine eýe bolan pagta baly bar. Bu bölümde ýaýbaňlandyrylan sergi Watanymyzyň öndürijileriniň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdyrýar.

Täze döwrebap pagta arassalaýjy kärhananyň ulanyşa tabşyrylmagy Daşoguz welaýatynyň pagta öndürijilerini gowaçanyň ýokary hilli tohumlyk çigdi bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge hem-de täze iş ýerleri bilen 230 töweregi adamy goşmaça iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.Kärhanada hemme täze senagat desgalarynda bolşy ýaly, howpsuz önümçilik üçin we işgärleriň mynasyp dynç almagy üçin hemme şertler döredilendir. Oňaýly enjamlaşdyrylan tehniki otaglar, naharhana, lukmançylyk otagy olaryň hyzmatynda. Töwerekdäki meýdançalar abadanlaşdyrylan, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen, gök baglyklar täze desganyň töweregi boýunça ýerleşdirilendir.

Şeýlelikde, ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hilli tohumyny taýýarlamagyň döwrebap düzümi döredilýär. Innowasion tehnologiýalar Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda hereket edýän pagta arassalaýjy zawodynyň täze önümçiliklerinde hem ulanylar. Şu gün bu ýerde ýene-de bir seh açyldy. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň esasy oba hojalyk sebitlerinde bu ulgamyň ýene-de birnäçe desgalaryny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalar, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň çägindäki täze önümçilik sehi bar.

Gowaçanyň ýetişdirilmegini täze derejä çykarmaga niýetlenen bu kärhanalar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, iň oňat görnüşde ýokary hilli tohumlaryň taýýarlanmagyna gönükdirilip, has ýokary hasyl almagyň esasyna öwrüler.

Soňra şu ýerde tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen toplumyň tehnologik işleri bilen tanyşlygyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz ýörite taýýarlanan ýere geçýär hem-de teleköpri arkaly Köneürgenç etrabynda gurlan täze pagta egriji fabriginiň dabaraly açylmagyna ak pata berýär.


Täze senagat desgasynyň ulanyşa tabşyrylmagy dokma senagatyny yzygiderli ösdürmekde, ony öňdebaryjy sepgitlere çykarmakda, daşary bazarlarda bäsleşige ukyply hem-de arassa pagtadan bolan ýokary hilli önümleriň hiline gabat gelýän önümleri çykarmagyň hasabyna netijeliligini artdyrmakda nobatdaky ähmiýetli ädim bolup durýar.

2014-nji ýylyň eýýäm milli ykdysadyýetimiziň daşary ýurda ugurlanan pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolan şeýle wakalary bilen alamatlanandygyny ýatlamak ýerliklidir. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňýanynda Seýdi şäherinde döwrebap pagta egriji fabrik we Türkmenabat şäherinde düýpli durky täzelenen şonuň ýaly fabrik pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi.

Şu gün işe girizilen dokma kärhanasy «Norsel International Inşaat Dis Ticaret Sanai Limited» türk kompaniýasynyň iň oňat inžener çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary göz öňüne tutulyp bina edildi. 4,5 gektar umumy meýdany eýeläp, täze desga önümçilik binasyny, iki gatly dolandyryş binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, ammar binalaryny, inžener--tehniki düzüminiň we önümçiligiň durmuş üpjünçiliginiň birnäçe desgalaryny özünde birleşdirýär. Bu ýerde ekologiýa howpsuzlygynyň hemme talaplary berjaý edilendir. Töwerekdäki meýdança bagy-bossanlyga bürenendir we abadanlaşdyrylandyr.

Kärhana her ýylda pagta ýüplüginiň 6 müň 700 tonnasyny gaýtadan işlär we 34/1 belgili «Open End» pnewmomehaniki usul arkaly taýýarlanan ýokary hilli nah ýüplüginiň 6 müň tonnasyny çykarar. Ol dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Öndürilýän önümiň köp bölegini daşary ýurtlara ugratmak niýetlenýär.

Fabrigiň önümçilik bölümleri Germaniýanyň öňdebaryjy «Trützschler» we «Schlafhorst» kompaniýalaryndan bolan dürli görnüşli ýokary öndürijilikli egriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Çig mal serişdelerini tygşytlananda, energiýa sarp edijiliginde, örän az ýer tutýan meýdanda örän tygşytly ýerlemek arkaly ýokary öndürijilik bu kompaniýalaryň awtomatlaşdyrylan enjamlarynyň we stanoklarynyň artykmaçlyklary bolup durýar. Iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar göz öňünde tutulyp bina edilýän, dokma desgalarynyň ählisinde, tehnologiýa tapgyrlarynyň halkalarynda hil gözegçiliginiň ulanylýandygyny bellemek möhümdir.

Kompýuterleşdirilen barlaghana «Uster» şweýsar firmasynyň dürli görnüşli barlaýjy-ölçeýji abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýokary takyklykdaky abzal diňe bir fabrige gelip gowuşýan pagta ýüplügine hakyky seljeriş we baha bermän, eýsem-de, onuň mundan beýläk ulanylmagyndaky aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, öndürilýän ýüplügiň hiline baha bermäge, önüm çykarmagyň ýerine ýetirilýän möçberini düýpli çaklamaga mümkinçilik berýär.


Kärhananyň 160 işgäriniň zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, howa arassalaýjy we sowadyjy ulgamlar oturdylandyr, naharhana, lukmançylyk otagy oňat enjamlaşdyryldy.

Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin ulanyşa tabşyrylan gaýtadan işleýji täze kärhanalaryň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň we pudagyň zähmetkeşlerini bu waka bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, bagt, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Şol ýerden Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň düzümine şu gün girizilýän beýleki bir desganyň — S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan täze maldarçylyk toplumynyň ýerleşýän ýerine tarap ugraýar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary maldarçylyk toplumynyň golaýyndaky ýörite taýýarlanan meýdança gonýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Aýdym-sazly we tansly çykyşlar döwrebap toplumy ulanmaga bermek dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz açylyş toý bagyny kesýär, şu dabaraly pursatdan täze kärhananyň zähmet terjimehaly başlanýar.

Milli Liderimiz toplumyň sygyr sagylýan bölümine barýar. Şol ýerde kärhananyň hünärmeni bu bölümiň işi bilen tanyşdyrýar. Onda esasy işleri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän enjamlar oturdylypdyr.

Bu maldarçylyk toplumy 500 baş tohum maly saklamaga we ýylda 2 müň tonna süýdi hem-de 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Maldarçylyk toplumynda saklanýan mallaryň ot-iým binýadyny döretmek maksady bilen, 350 gektar ekerançylyk ýerleri berkidildi. Ol ýerlerde arpa, mekgejöwen, ýorunja we beýleki ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýagyş ýagdyrmak usulynda suwarylýan ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyryldy hem-de zerur bolan oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjün edildi. Bu döwrebap maldarçylyk toplumynda ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlar gurnaldy.

Toplumyň sehlerinde ýokary öndürijilikli enjamlar we tehnologiki ulgamlar ornaşdyryldy. Bu maldarçylyk toplumyna «Golştin» tohumyndan bolan sygyrlar getirildi. Şeýlelikde, sygyr sagylýan bölümde Şweýsariýanyň «DeLaval» kompaniýasynyň robotlaşdyrylan ulgamlary gurnaldy. Ol süýt önümçiligi ugurly maldarçylygy ösdürmekde iň döwrebap çözgütleri hödürleýär. Onuň robotlary tehnologiýalaryň doly awtomatlaşdyrylan toplumlarydyr. Olar sygyrlardan süýdüň kämil usulda alynmagyna mümkinçilik berýär. Sagylýan sygyrlar üçin ýatak — 250 baş sagylýan sygyr saklamaga niýetlenen ýatak dört bölekden ybarat bolup, olaryň her birinde bir robot oturdylandyr. Ol operatorlaryň işini has-da ýeňilleşdirmäge we süýdüň hilini hem-de peýdaly häsiýetlerini saklamaga mümkinçilik berýär. Dünýäniň tejribeli fermerleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, süýt sagýan robotlar maldarçylyk hojalyklary üçin örän netijelidir. Bilermenleriň çaklamalaryna görä bolsa, pudagyň geljegi hut robotlara degişlidir.

Galyberse-de, şeýle tehnologiki täzelikler obada hyzmat edýän hünärmenleriň peýda bolmagy, ykjam hyzmatlaryň degişli ulgamlarynyň döredilmegi we işgärleriň hünär derejesiniň kämilleşmegi üçin mümkinçilikleri açýar. Munuň özi oba ýaşlarynyň özleri üçin döwrebap inžerençilik hünärlerini we bilimlerini ele almagyny aňladýar. Eýýäm şu gün etrabyň kärhanasynda iş orunlarynyň 92-si döredildi, geljekde bolsa kuwwatlygyň artmagy we has öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bu san artyp biler.

Onuň düzüminde sygyr sagylýan bölümden başga-da, mallaryň umumy saklanýan bölümi, göleler üçin jaýlar, ot-iým ammary, sygyrlaryň göleleýän binalary, weterinar binasy, eti we süýdi gaýtadan işleýän bölümler, şeýle hem köpsanly hojalyk we kömekçi desgalar bar. Şeýle hem toplumyň düzüminde awtoulaglary dezinfeksiýa etmek üçin niýetlenen ýerler, ussahana we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Maldarçylyk toplumy öndürilen et we süýt önümlerini söwda nokatlaryna daşamak üçin sowadyjylar bilen abzallaşdyrylan awtoulaglar hem-de beýleki ýükleri daşamak üçin ýük awtoulaglary we ýörite tirkegler bilen üpjün edildi. Bulardan başga-da, oba hojalyk toplumyny dökünler bilen üpjün etmek üçin dersi aýyrmak we gaýtadan işleýän, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ulgamy hem göz öňünde tutulypdyr.


Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ulanylýan döwrebap tehnologiýalar önümçiligi ykdysady taýdan bähbitli, bu toplumyň ähli bölümleriniň işini has oňaýly etmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ornaşdyrylmagy diňe bir etrabyň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitiň möçberinde uly ähmiýetli wakadyr. Çünki olar geljekde süýt öndürmäge niýetlenen maldarçylygy ösdürmegiň strategiýasyny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz kärhanada işleriň guralyşy bilen tanyşlygy dowam edip, onuň önümçilik bölümine barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza gurnalan enjamlar görkezilýär.

Hususan-da, etiň gaýtadan işlenilýän bölüminde ýylda 120 tonna eti gaýtadan işlemek arkaly dürli görnüşli şöhlat önümleri öndüriler. Süýdüň gaýtadan işlenilýän bölüminde bir gije-gündizde 7500 litre çenli süýt kabul ediler, ondan pasterizirlenen süýt, gatyk, aýran, ýogurt, gaýmak, mesge ýagy, dorog, peýnir ýaly süýt önümleriniň 20 görnüşi öndüriler.

Döwlet Baştutanymyz süýt önümleriniň işlenip taýýarlanylyşy, olaryň gaplanylyşy, şeýle hem et-süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşýar. Milli Liderimiz şeýle hem barlaghana baryp gördi we şol ýerde hünärmenler bilen söhbetdeşlikde azyk önümleriniň ýokary hiliniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygy tamamlap, täze kärhananyň işgärleri bilen bolan gürrüňdeşlikde şeýle maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebit we tutuş ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän wajyp bolan maldarçylyk ýaly pudagy ösdürmäge kuwwatly itergi berýär diýip belledi. Şol taslamalarda bolsa tehnologiki, ykdysady we guramaçylyk çözgütleriniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maldarçylyk toplumynyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw edip, şu günki dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär.