Şu gün Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Ýusup-Züleýha» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow operanyň hormatly myhmany boldy. Türkmen opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Täze operanyň sahnalaşdyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli saz sungatyny kämilleşdirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolup, häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň okgunly ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň ileri tutulýandygyny tassyklady. Ajaýyp däbe görä, täze opera sahnasynyň görkezilişi Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň giňden bellenilip geçilýän gününe gabatlanyldy, çünki hut şol gün türkmen operasynyň gaýtadan dikeldilmeginiň senesi hökmünde milli sungatymyzyň taryhyna girdi.
Milli Liderimiz döwlet derejesinde bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen Gutlagynda häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan ähli uly üstünliklerde, ýetilen belent sepgitlerde medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, bagşy-sazandalaryň hem mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. «Döwletimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine uly ynam bildirýär, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, bu ulgamyň has-da kämilleşdirilmegini, şeýle hem täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde olaryň netijeli işleri alyp barmaklary, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli şertleri döredýär» diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.
Ýedi ýyl mundan ozal 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we ýakyndan goldaw bermeginde paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň sahnasynda ilkinji gezek gaýtadan dikeldilen «Şasenem we Garyp» operasy ýaňlandy. «Şasenem we Garyp» operasynyň ilkinji gezek görkezilen agşamynda milli baýram — Medeniýet we sungat işgärleriniň güni döredildi. Şondan bir ýyl geçenden soň, «Leýli we Mejnun» operasy, 2010-njy ýylda bolsa «Zöhre we Tahyr» operasy gaýtadan dikeldildi. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Arşin mal alan» sazly komediýasy üstünlikli görkezilýär. Soňra bolsa «Magtymguly» we «Görogly» operalary sahnalaşdyryldy. Häzir Türkmen milli sazly-drama teatrynyň repertuary halk rowaýatlarynyň esasynda döredilen ýene-de bir opera bilen ýetirildi. Artistleriň saparda eýýäm ikinji gezek çykyş edýändigini bellemek möhümdir. Geçen ýyl deňizýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň sahnasynda oýun görkezildi. Şu gün bolsa olar Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hökmünde Daşogzuň Ruhyýet köşgünde çykyş edýärler. Şu waka mynasybetli bu köşk baýramçylyk lybasyna beslendi.
Ruhyýet köşgüne hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, döredijilik ýaşlary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar — Halkara sungat sergisine gatnaşyjylar ýygnandylar.
Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Bu bagtyýar döwür türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Döwlet Baştutanymyz tomaşaçylary mähirli mübärekläp, özi üçin niýetlenen ýörite ýere barýar.
Sahnanyň perdesi galdyrylýar we tomaşaçylaryň öňünde gülzarlyga beslenen ýaýla açylýar — ülkämize bahar pasly, onuň bilen birlikde bolsa «Ýusup-Züleýha» dessanynda wasp edilen iki ýaş juwanyň söýgüsi gelýär. Bu dessan Andalybyň hem-de Gündogaryň beýleki beýik şahyrlarynyň ussatlygyň netijesinde aýratyn öwüşgin bilen ýaňlandy. «Ýusup-Züleýha» operasy ynsan gatnaşyklarynyň söýgüsiniň we gözelliginiň senasydyr. Söýginiň we hoşniýetliligiň ähli zatdan üstün çykýan güýji gahrymanlara hemme kynçylyklary we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam edýär.
Operanyň gahrymanynyň — ýaş we gaýduwsyz ýigidiň kalby ruhubelentlik hem-de ata Watana çäksiz wepalylyk duýgularyndan doludyr. Täze sazly sahna oýny Watana söýgini, gahrymanyň öz halkyna wepalylygyny wasp edip, häzirki döwrüň tomaşaçysyna gönükdirilen ägirt uly ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Munuň özi operanyň jemleýji sahnasynda has aýdyň ýüze çykýar. Şonda operanyň gahrymany Müsüriň patyşasynyň özüne peşgeş beren şa täjinden ýüz öwrüp, öz Watanyna gaýdyp gelýär.
Döredijilik toparyna sahna oýnunda şahyrana sözüň we sazyň özboluşly sazlaşygyny döretmek, keşpleriň milli aýratynlyklaryny ýetirmek başardypdyr. Täze sahnalaşdyrylan opera wakalara baýdyr, halkyň özboluşly däp-dessurlary, toýlarda we adaty günlerde ulanylýan däpler oýnuň saz we sahna özenini düzýär. Operany sahnalaşdyrmak üçin ýurdumyzyň ussat döredijilik toparlary çekildi. Milli saz sungatynyň ussatlary, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň artistleri bilen birlikde oňa ýurdumyzyň Döwlet Simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň toparlary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ssenografiýa operanyň, aýdym-sazyň we sahna keşpleriniň gözelligini beýan etmäge mümkinçilik berdi. «Ýusup-Züleýha» nusgawy we halk sazynyň utgaşdyrylmagy esasynda döredilen iň çylşyrymly opera eserleriniň biridir. Milli häsiýetlere, nusgawy sungatyň ähmiýetine oňat düşünilmegi, aýdymyň, bezegiň, dramaturgiýanyň we sazyň aýratyn sazlaşygy oýnuň üstünlikli bolmagyna, onuň tomaşaçylaryň göwnünden turmagyna ýardam etdi. «Ýusup-Züleýha» operasyny sahnalaşdyrmagyň baş maslahatçysy hökmünde Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa çykyş etdi.
Opera oýnunyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde watançylyk aýdymyny ýerine ýetirýärler. Bu aýdymda ata Watanymyzyň mukaddesligi, döwürleriň we nesilleriň, garaşsyz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine ähli tagallalary edýän hakyky watançylaryň ruhy arabaglanyşygynyň mizemezligi baradaky pikir öz beýanyny tapýar.
Sahna oýny ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Tolgunmak döwürleriniň başdan geçirýän tomaşaçylar watançylyk aýdymyny ör turup diňlediler. Olar täze sahnalaşdyrylan operada çykyş eden artistleriň ussatlygyna uzak wagtlap el çarpdylar.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze opera sahnasyny döredenlere ajaýyp gül dessesi gowşuryldy.
Soňra milli Liderimiz artistler we tomaşaçylar bilen hoşlaşyp, Ruhyýet köşgünden ugrady.