Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi

view-icon 685
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

Milli Liderimiziň egindeşleri — Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, Türkmenistanyň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna, türkmen halkynyň bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, asuda asman, ýurdumyzdaky parahatçylyk we durnuklylyk, sazlaşykly ösýän döwletimiziň sütünleriniň mizemezligine bolan ynam, ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy--bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, ýurdumyza we onuň Liderine bütin dünýäde uly abraý getiren ugrunyň dogrudygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz egindeşlerine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döredijilik we ösüş ýoly bilen üstünlikli ilerlejekdigine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan belent maksatlara çalt ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.