Ï Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 862
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rada Liwiu Horumbani kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, milli Liderimize soňky ýyllarda hil taýdan täze, ýokary derejä çykan türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Rumyniýanyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar deňhukukly, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça üstünlikli ösýän döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, umumy bähbitlere gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge ilçiniň mynasyp goşant goşandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we rumyn ilçisi uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Munuň özi ähli ugurlarda — söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklary görkezildi, Türkmenistanyň bu möhüm ugurlarda başyny başlaýan sebit we halkara ähmiýetli giň gerimli taslamalary barada nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň täsirli guraly hökmünde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-rumyn toparynyň möhüm orny bellenildi. Daşary işler ministrlikleriniň yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleri hem döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam edýär.

Şunda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman netijeli gumanitar gatnaşyklary höweslendirmegiň, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belläp, iki ýurduň halklaryny birek-biregiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadynda bilelikdäki çäreleri guramak işini dowam etmek barada pikirlerini beýan etdiler. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz üçin beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy şanly waka beslendi. Oňa gabatlanan dabaralar Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýär. Bu şanly sene Rumyniýada hem bellenildi, bu ýerde geçen ýyl türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrynyň rumyn dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysy çapdan çykdy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Rada Liwiu Horumbe döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Ilçihanasynyň işine berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we şol goldawy öz işinde hemişe duýandygyny aýtdy. Parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn özgertmeleri bilen dünýäde tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny bellemek bilen, ilçi ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Rumyniýanyň Prezidentine we dostlukly ýurduň halkyna mähirli salamyny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti we rumyn ilçisi hoşlaşanlarynda, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taraplaryň erk-islegine daýanmak bilen geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşyp, üstünlikli we işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.