Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün hormatly myhman hökmünde windsörfing boýunça 2014-nji ýylyň dünýä Kubogynyň tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Biziň ýurdumyz şu ýaryşlar bilen ýelken sporty boýunça halkara bäsleşikleriniň senenamasyna ilkinji gezek girdi.
Hazaryň türkmen kenarynda badalga alýan windsörfing boýunça 2014-nji ýylyň dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry sportuň suw görnüşleri ugrunda abraýly halkara ýaryşlarynyň biridir. Her ýyl Professional windsörfing assosiasiýasy (Professional Windsurfing Association — PWA) tarapyndan dünýä ýaryşy görnüşinde geçirilýän bu bäsleşikler «Ýelken» ýaht-klubunyň binýadynda guraldy. 2013-nji ýylda onuň açylmagy bilen Türkmenistanda gyzykly, ýokary tizlikli, adaty bolmadyk suw sport görnüşleriniň ösüşiniň, Awazada professional ýahta düzüminiň kemala gelmeginiň hem-de şypahananyň halkara ýelkenler klublarynyň ulgamyna goşulyşmagynyň başy başlandy.
Milli Liderimiziň biziň ýurdumyzda geçirilen ähmiýetli ýaryşlara, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşiklere ençeme gezek gatnaşandygyny bellemelidiris. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky gyşky sport toplumynyň münberinden hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň finalçylaryny mübäreklemäge we goldamaga gelipdi. Şol ýaryşlar ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda döredilipdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň sportuň köp görnüşleri — atçylyk sporty, welosiped we awtomobil sürmek, gündogaryň başa-baş söweşleri we beýleki görnüşleri bilen gyzyklanýandygyny, bedenterbiýe maşklary bilen işjeň meşgullanýandygyny hemmämiz bilýäris. Türkmenistanlylaryň köpüsi hormatly Prezidentimiziň ýygy-ýygydan at üstünde gezelenç edýändiginiň, Saglyk ýoluna çykýandygynyň, uzak aralyklara ylgaýandygynyň şaýatlary bolýarlar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin sport çärelerine we ýaryşlaryna gatnaşýar.
...«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär: türkmenistanlylar dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köpsanly myhmanlary mübärekleýärler. Şu günler bu ýere 22 ýurtdan türgenleriň 80-ne golaýy, şeýle hem dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlary şöhlelendirýän žurnalistleriň onlarçasy, eminler toparlary, tälimçiler, köpsanly janköýerler we beýlekiler geldiler. Ähli ýerler dürli reňkdäki baýdaklar we owadan şarlar bilen bezelipdir, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar.
«Ýelken» şäherçesiniň girelgesine gelen döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Olaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy bar. Milli Liderimize gül desselerini gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çägine baryp, ilki bilen «Ýelken» ýaht-klubunyň edara jaýyna tarap ugraýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Polimeks» kompaniýasynyň hödürleýän täze taslamalary bilen tanyşýar. Tanyşlygyň öňüsyrasynda bu kompaniýanyň ýolbaşçysy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bu ýerde goýlan planşetlerde Awazada gurulýan kongres merkeziniň bezeginiň görnüşleri we geljekki desgalaryň çyzgylary, şol sanda inžener -tehnologik uniwersitetiniň, opera teatrynyň, konserwatoriýanyň, jemgyýetçilik merkeziniň, sazçylyk mekdebiniň, sport merkeziniň baş meýilnamalary, şeýle hem Aşgabatda metro ýoluny gurmagyň taslamasy ýerleşdirilipdir.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalaryň görnüşleri bilen tanşyp, olar babatda anyk bellikleri hem-de käbir teklipleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz türkiýeli hyzmatdaşlara birnäçe maslahatlary aýdyp, ähli taslamalar durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikir hem-de innowasion tehnologiýalar, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşme esasy ugurlar bolmalydyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyryş çäresine gatnaşýan Türkmenistanyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz bu babatdaky gürrüňi dowam edip, täze binalaryň hem-de desgalaryň keşbinde we bezeginde häzirki zaman binagärliginiň we bezeginiň ýörelgeleriniň hem-de milli binagärligiň äheňleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
«Polimeks» kompaniýasyna bildirýän ynamy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Erol Tabanja döwlet Baştutanymyzyň ähli maslahatlarynyň we teklipleriniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk hem jogapkärli çemeleşer.
«Polimeksiň» ýolbaşçysy kompaniýanyň gurýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hem hasabat berip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz deňziň kenar ýakasyna tarap ugrady. Ýolugrunda milli Liderimiz çägeden taýýarlanan heýkelleriň özboluşly sergisiniň golaýynda saklanyp, täsin eserleriň ekspozisiýasyny gyzyklanma bilen synlady. Bu ýerde milli sungatyň äheňleri boýunça kompozisiýalary görmek bolýar. Ýöne olaryň arasynda arzuwlaryň hem-de täze belentliklere tarap ymtylmalaryň nyşany hökmünde ýelkenler esasy çeperçilik keşbi bolup çykyş etdi.

Şol ýeriň golaýynda, ýörite meýdançalarda kenarýaka futboly we woleýbol, frizbi boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen döwletiniň Baştutanyny ýaryşa gatnaşyjylar — türgenler, şol sanda geçen ýyllaryň PWA Kubogynyň eýeleri mübärekleýärler. Olaryň hatarynda windsörfingiň hakyky ýyldyzy, rekordsmen, dünýäniň 20 gezek çempiony Antuan Albo (Fransiýa) bar. Milli Liderimiz olar bilen söhbetdeş bolup, olaryň sport durmuşy bilen gyzyklandy. Türgenleriň hünär ussatlygynyň esaslaryny kemala getirmek barada hem gürrüň edildi. Şol türgenleri «tolkunlaryň we ýeliň ussatlary» diýip atlandyrýarlar. Çünki sportuň bu görnüşi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Windsörferler assosiasiýasynyň başlygy Jimmi Diaz hem mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz onuň bilen Hazaryň türkmen kenarynda ýelken sportuny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda halkara ýaryşlaryny geçirmek we Awazany halkara widsörfing ulgamyna çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Jimmi Diaz Türkmenistanda PWA Kubogynyň şu tapgyryny geçirmäge goldaw berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistan özüne 60-a golaý ýurdy birleşdirýän bu Assosiasiýanyň agzasy boldy.
Şu gün bu ýere ýygnananlaryň arasynda PWA — 2014 dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşa hyzmat edýän eminler, şeýle hem daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýöriteleşdirilen halkara neşirleriniň wekilleri bar. Olaryň žurnalistleri üçin, türgenler ýaly, ilkinji gezek şu dünýä ýaryşynyň düzümine girizilen Türkmenistan möwsümiň esasy «açyşy» boldy.
Soňra türgenleriň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz olar bilen ýadygärlik surata düşýär. Milli Liderimiz olara bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezmegi arzuw edip, ýaryşlaryň başlanmagyna badalga berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz windsörfingleriň nyzama düzülen gämi duralgasyna gelýär. Hormatly Prezidentimiz olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, türgenlerden bu nusgalaryň tehniki häsiýetnamalary, ýelkenleri dolandyrmagyň usullary barada sorady.
Soňra deňziň kenarynda ýörite enjamlaşdyrylan, tomaşaçylar üçin niýetlenen münber ýerleşdirilen platforma geçip, milli Liderimiz Awazanyň kenarýaka suwlarynda ýaýbaňlandyrylan suw sport şüweleňine tomaşa edýär.
Bu ýerde sýörfingiň ussatlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Türgenler suw lyžalarynda we tagtalarda tolkunlaryň üstünden başarjaňlyk bilen hereket edip, özleriniň batyrgaýlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrýarlar. Akwabaýkerler ýokary tizlik görkezmekde bäsleşdiler. Aýratyn hem «uçýan» gidrosiklistler tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Özi-de, olar diňe bir «uçmak» bilen çäklenmän, eýsem böküşleri we beýleki dürli tilsimleri amala aşyrdylar.

Suw sport şüweleňi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu köp günlük ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berip, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Ertir bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylaryň slalom görnüşinde ilkinji bäsleşikleri geçiriler. Olara bütin dünýäde meşhur bolan türgenler bilen birlikde, ilkinji gezek türkmen türgenleri hem gatnaşar. Bu ýaryşa Argentina, Awstraliýa, Awstriýa, Çehiýa, Daniýa, Ispaniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ysraýyl, Ýaponiýa, Gollandiýa, Polşa, Portugaliýa, Russiýa, Türkiýe, Ukraina, ABŞ, Wenesuela ýaly ýurtlar wekilçilik edýärler. Umuman, Awaza ýaryşlaryna 77 türgen çykyş eder.
Slalom boýunça ýaryşlar 14 deňiz uzeline barabar bolan ýelde geçirilýär. Munuň özi sekuntda 7 metre golaýdyr. Raýderler deňiz tolkunlaryny böwsüp, belli bir menzilde gurnalan bellikleriň gapdalyndan geçýärler. Şeýle hem slalomda «sekizlik» diýlip atlandyrylýan bäsleşik usuly ulanylýar. Şonda türgenler menzili suw üstünden töwerek görnüşinde däl-de, 8 san görnüşinde geçýärler.
«Awaza PWA World cup Turkmenistan» — maý aýynyň ahyrynda Ispaniýada Ortaýer deňziniň Kosta Brawo kenar ýakasynda badalga alan üçünji ýaryşyň şu tapgyrynyň resmi ady şeýledir. Ikinji tapgyr Niderlandlaryň Karib deňzindäki Boneýr adasynda (Karib Niderlandlary) geçirildi. Öz nobatynda Awaza estafetany Kanar adalarynyň biri bolan Gran — Kanariýa adasyna geçirer. Umuman, dünýä çempionaty dürli ýurtlarda ýaryşlaryň 15-sini özüne birleşdirýär we şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder.
Ýelkeniň aşagyndaky sport tagtasyny döretmek pikiri amerikaly Nýuman Darbä degişlidir. Ol baryp geçen asyryň 40-njy ýyllarynda tolkunlaryň üsti bilen hereket etmegiň ýeňil ýelkenli serişdesini işläp taýýarlamaga girişdi.
Windsörfingi konstrkutor — gidrodinamik Jim Dreýk we işewür Hoil Şweýser esaslandyrdylar. Kaliforniýadan bolan bu adamlar sýörfingi we ýahtingi sportuň bir görnüşine birleşdirip, 1968-nji ýylda sýörfing üçin tagtada berkidilen maçtaly uniwersal şarniri işläp taýýarladylar we bellige aldyrdylar.
Sportuň täze görnüşi tolkunlaryň üstünde typmagy halaýanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy we hatda fanbording, weýw-seýling, windglaýder ýaly köpsanly sport ugurlarynyň peýda bolmagyna getirdi.
Windsýörfing boýunça ilkinji halkara ýaryşlary 1973-nji ýylda geçirildi. Şonda Germaniýada Ýewropa çempionaty geçirildi. Şondan bir ýyl geçenden soň bolsa, Islandiýada eýýäm ilkinji dünýä çempionaty geçirildi, 1984-nji ýylda ýelkenli tagtanyň üstündäki ýaryşlar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi: «windglýaýder» sýörf — tagtasy ilkinji olimpiýa derejesi boldy.
Windsörfing üçin açyk giňişliklerde emele gelýän oňat ýel zerur bolup durýar. Awazada deňziň ýel ýagdaýynyň özboluşlylygy bu ýerde sörfing merkeziniň döredilmegine oňaýly täsir edýär. Şu çempionatyň tomaşaçylaryň örän köp sanlysynyň ünsüni özüne çekjekdigi hem-de Türkmenistanda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda suw sportuny ösdürmäge uly goşant goşjakdygy gürrüňsizdir. Özüniň ýelken sprort mekdebi bolan «Ýelken» ýaht-klubunyň açylmagy bilen ýaşlarda sportuň bu görnüşi bilen has içgin meşgullanmagy üçin ajaýyp mümkinçilik döredi.

Windsörfing boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi dünýäniň sport durmuşynyň merkezi hökmünde Türkmenistany has belent derejelere çykarmakda möhüm ädim bolar. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty hem iri sport ýaryşlaryny guramakda ýurdumyzyň tejribesini artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Biziň döwletimiz mundan beýläk hem sport ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, hünärmenleriň hyzmatdaşlyk etmegine, köpugurlar boýunça tejribe alyşmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine sport bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli girizip, ony halkara hyzmatdaşlygynyň we ýurdumyzyň durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hataryna goşýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda sportuň muşdaklarynyň sany barha artýar, jemgyýetde onuň wajypdygy we ähmiýeti ýokarlanýar. Şu babatda Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen möhüm ädimleri ätmek bilen, beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär. Bu syýasatyň üstünlikleri we aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işiniň milli Liderimiziň hem-de halkymyzyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň netijesidigini görkezýär.
Sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylaryň bedenterbiýe bilen çagalykdan meşgullanmagyny gazanmak biziň borjumyzdyr we ilkinji nobatdaky wezipämizdir diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtaýar hem-de öz sözlerini anyk işler bilen berkidýär, şahsy göreldesi bilen ildeşlerimizi ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň söweş sungatynyň belent atlarynyň — Bütindünýä karate federasiýasy tarapyndan berlen gara guşagyň altynjy danynyň, şeýle hem taekwondo boýunça 7-nji derejeli gara guşagyň eýesidir. Halkara sport hereketiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Baştutanyna Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy — Hormat ordeni gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar», giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy okgunly ösüşe eýe boldy, mähriban Diýarymyzda iri halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegine hem-de türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine has işjeň gatnaşmagyna kuwwatly itergi berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda biziň howa şertlerimiz üçin adaty bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri — hokkeý we buzda figuralaýyn typmak görnüşleri ösdürilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça sportuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Her ýyl täze sport desgalarynyň onlarçasy, şol sanda kämil enjamlar bilen üpjün edilen sport mekdepleri we stadionlar ulanmaga berilýär. Olar şäher we oba ýaşlarynyň sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Şu ýylyň aprel aýynda olaryň binýadynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin çäre geçirildi. Bu çäre türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, olimpiýa hereketiniň esasyny düzýän gymmatlyklaryň — sportuň, parahatçylygyň, dostlugyň, döredijiligiň we ösüşiň daşynda has-da berk jebisleşdirdi!
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketiniň öňbaşçysy bolup we oňa ählihalk häsiýetini berip, özüniň şahsy göreldesi bilen diňe bir saglygyňy berkitmäge we sportda ýokary netijeleri gazanmaga däl, eýsem, asylly maksatlar bilen ruhlanan şahsyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge çagyrýar. Sport bolsa maksada okgunlylygy kemala getirmekde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň netijesinde ähli arzuwlar hasyl bolýar.
Şu gün agşam «Ýelken» ýaht-klubunyň çäginde deňziň kenarynda gurnalan sahnada windsörfing boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň üçünji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli belli estrada aýdymçylarynyň, halk sazlaryny, tanslaryny we folklor eserlerini ýerine ýetiriji ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Artistleriň çykyşlary hakyky dostlaryň şatlykly baýramçylygyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Joşgunly aýdym-sazlar türkmen halkynyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana bolan buýsanç duýgusynyň hakyky beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan hakyky gülläp ösüş eýýamyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly eýýamy başdan geçirýär.