Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün «ENI» meşhur italýan nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Klaudio Deskalsini kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläkki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, pursatdan peýdalanyp türkmen döwletiniň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we bagt, berk jan saglyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başyny başlan beýik işlerini durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi. Hyzmatdaşlyk ýolunda ýetilen ägirt uly sepgitleri belläp, Klaudio Deskalsi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmen bazary ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyny hem-de ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyny göz öňünde tutanyňda geljegi örän uludyr.
Döwlet Baştutanymyz «ENI» kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga döredijilikli çemeleşmesine ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Ýewropa Bileleşiginden bolan hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň özenini düzýän pudaklary, ilkinji nobatda, nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde olaryň tejribesini we tehnologiýalaryny işjeň çekmäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşykda dünýä ähmiýetli nebitgaz serişdelerine eýe bolup, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu bolsa türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlarynyň ösen ulgamynyň kemala getirilmegini, nebitiň we gazyň gazylyp çykarylyşynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny we ugurdaş düzümiň döredilmegini göz öňünde tutýar. Milli Lideriniň munuň diňe bir maýa goýumlaryny däl-de, dünýäniň bu pudakda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň iş tejribelerini-de talap edýändigini — nygtady hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlardan, şol sanda dünýäniň onlarça ýurtlarynda gazyň gözleg işlerini we çykarylyşyny alyp barýan «ENI» italýan kompaniýasyndan gelip gowuşýan tekliplere gyzyklanmasyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we iri nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy «ENI» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň arasynda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.
Klaudio Deskalsi bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň depginli ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.