Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň barşy bilen tanyşdy, şeýle hem kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ilkinji nobatda adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny saklamagyň iň gowy serişdesine aýratyn garaýşy Türkmenistanyň yzygiderli ýöredýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şol syýasatyň maksady türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar. Sport — munuň özi saglygyň hem-de täze belentliklere tarap okgunlylygyň jemlenmesi bolup durýar. Hut şonuň üçin häzir Türkmenistanda sportuň tarapdarlary artyp, jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolýar we döwrüň esasy nyşanyna öwrülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär.
Ine, şu gün irden hem öz üýtgewsiz endigine eýermek bilen, milli Liderimiz sport bilen meşgullandy. Welosipedli gezelenje Mejlisiň başlygy we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary goşuldylar. Ugry deňiz kenarynyň gyrasyndan geçýän welosiped ýörişine ýolbaşçylyk etmek bilen milli Liderimiz nobatdaky gezek beden taplygyny görkezdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» gämisiniň üstüne çykdy hem-de Awazanyň kenaryna aýlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň barşy bilen tanyşdy.
Deňizde ýüzüp barýan gäminiň üstünden günsaýyn gözelleşýän dynç alyş merkeziniň görnüşi açylýar. Ony döretmek pikiri milli Liderimize degişli bolup durýar. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu maýa goýum taslamasy ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolup, welaýatlary toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi.
Syýahatçylyk senagatynyň okgunly ösmeginiň başyny başlamak bilen Awaza taslamasy Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň esasyny düzýän şertleriň birnäçesini — ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de amatly üstaşyr-ulag ýagdaýyny doly we hemmetaraplaýyn peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk şertlerini birleşdirýär.
Bu ýerde myhmanhanalar bilen birlikde, medeni dynç-alyş ulgamyndan başlap sport we maslahatlar — sergiler ulgamyna çenli döwrebap dynç-alyş zolagy kemala gelýär.
Döwlet Baştutanymyz deňiz kenarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimini synlamak bilen dynç alyş zolagynyň durmuş düzümini ösdürmegiň möhüm meselelerine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de bag ekmek işiniň aýratyn ähmiýetini belläp, bu ýerde bina edilýän desgalaryň daşky gurşaw bilen sazlaşmadygynyň bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýanynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Baştutanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berdiler.
Döwlet Bştutanymyzyň garamagyna bina edilýän hem-de bu ýerde gurmak meýilleşdirilýän täze desgalaryň çyzgylary we taslamalary hödürlendi. Öz hasabatlarynyň barşynda wise-premýerler ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilýän bäş ýyldyzly myhmanhanada işleriň ýagdaýy hem-de taslanylýan «Tolkun» kottežler toplumynda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurulýan ýokary derejeli myhmanhanada işleriň ýagdaýy, ulag we aragatnaşyk pudagynyň garamagyndaky 13 gatly myhmanhananyň taslamasy, söwda merkeziniň gurluşygy boýunça işleriň ýagdaýy, senagat pudagynyň buýurmasy boýunça işlenip taýýarlanan köpugurly sport toplumynyň taslamasy, şeýle hem Türkmenbaşy şäherine girilýän ýerde köpzolakly ulag ýolunyň gurluşygynyň taslamasy we beýlekiler boýunça hasabat berdiler.
Hasabatlary diňläp we hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz olar babatda birnäçe anyk teklipleri aýtdy hem-de käbir düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi hem-de olaryň ýerine ýetirilişiniň möhletiniň berk berjaý edilmegi bina edilýän desgalara bildirilýän esasy talap bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şunda her bir desganyň ekologiýa, gözellik we aýratynlygy babatda bildirilýän talaplara aýratyn üns berildi. Olaryň her biri ähli ölçegler boýunça häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidir.
Awazada geçirilýän köpçülikleýin-medeni çäreleriň ähmiýetine degip geçip, milli Liderimiz olaryň milli medeniýetiň däplerinde toplanan we saklanyp galan hemme ähli gowy zatlary aýawly saklap we köpeldip, ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen öňe barýan türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny şöhlelendirilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz dynç alyş merkeziniň esasyny düzýän sport ulgamyny ösdürmek, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda biziň ýurdumyzda indi ösüp başlaýan görnüşleri boýunça çäreleri geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ünsi çekdi. Elbetde, Awazanyň ilkinji gezek kabul edýän windsörfing boýunça dünýä derejesindäki häzirki ýaryşlary ýelkenli sportuň türkmen mekdebini kemala getirmek üçin uly itergi berer diýip döwlet Baştutanymyz belledi. Sportuň dünýä meşhur bu görnüşi suw lyžalary, baýdarkalarda we kanoede, ýelkenli gaýyklarda bäsleşmek we beýlekiler bilen bir hatarda Hazaryň türkmen kenarynda ösmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir diýip nygtamak bilen milli Liderimiz deňizýaka sebitinde köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek, oňa ýaşlary çekmek üçin onuň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «ekonom-klass» ýaly ugry, ýagny pes bahalar boýunça myhmanhana hyzmatynyň toplumyny ösdürmek boýunça çäreleri işjeň amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Bu jahankeşdeleriň artmagyny üpjün edip, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda açylýan mümkinçilikleri giňden peýdalanmaga ýardam eder. Myhmanhanalarda müşderiler üçin zerur hyzmatlaryň we bahalaryň sanawynda saýlap almak şertleriniň döredilmegi häzir bütin dünýäde, şol sanda syýahatçylyk merkezleri bilen tanalýan ýurtlarda giňden amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary boýunça bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, suw we oýun attraksionlary bolan seýilgäh dynç alyş toplumlarynyň, söwda we inžener-aragatnaşyk düzümleriniň desgalarynyň gurluşygyna degişli meseleleri gozgap, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Maksatnamasynda «bagy-bossan — şäher» döwrebap şähergurluşyk usullaryny peýdalanmak pikiri duran syýahatçylyk zolagynyň degişli desgalarynyň tutuş toplumynyň kemala getirilmegi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagynyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «Awaza» dynç alyş künjegi esasan sagaldyş ugurlydyr. Munuň özi deňizýaka sebitiň täsin howa şertleri, bu ýerde bejeriji suw mineral serişdeleriniň agdyklyk etmegi bilen şertlendirilendir.
Kenar ýakasynda alnyp barylýan iri möçberli bagy-bossanlyga büreýiş işleri hem adamlaryň saglygyna täsir etmekde mynasyp orny tutýar. Şu işleriň netijesinde elde döredilen tokaýlyklar emele gelýär, täze seýilgäh zolaklary barha ýaýbaňlandyrylýar, bedeniň saglygyna we işjeňligine amatly täsir edýän deňiz suwunyň fitonsidlerine we ionlaryna baý bolan has amatly mikroklimat döredilýär.
Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýakyn geljekde dynç alyş merkezleriniň hem-de dünýä derejeli ajaýyp myhmanhanalaryň ýene-de birnäçesi peýda bolar. Bu ýerde deňiz porty döwrebaplaşdyrylar. Kinoteatrlary, akwoparklary, ýaht we sport klublary bolan iri möçberli dynç alyş düzümleri dörediler. Bularyň bary watandaşlarymyzyň eşretine, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýanynda bolýan ýolbaşçylardan Hazar deňziniň ýakasynda halkara dynç alşyny we umuman, milli syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Awazada dynç alýanlara amatlylygyň we hyzmatlaryň iň ýokary derejesiniň hödür edilmelidigine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi tomsuň gelmegi bilen köpçülikleýin dynç alyş möwsüminde köpleriň bu ýere bütin maşgalalary, çagalary bilen bilelikde dynç almaga gelýändikleri sebäpli aýratyn möhümdir. Adamlaryň dynç almagy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin hemme şertleri üpjün etmek zerurdyr diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.
Ak gar ýaly ak reňkli «Galkynyş» gämisi asuda deňiz tolkunlaryny ýeňillik bilen böwsüp, yzyna tarap ugur alýar.
Kenara düşüp hem-de geçirilen gürrüňdeşligiň netijelerini jemläp, hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň türkmen kenar ýakasynyň syýahatçylyk serişdelerini dünýä derejesine çykarmaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygynyň artmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäkilere öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.