Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

view-icon 885
>(Aşgabat şäheri, 2014-nji ýylyň 7-nji iýuly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda biziň öňümizde durýan, çözülmegini talap edýän wezipeler barada durup geçmek isleýärin.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda we jemgyýetde ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzy häzirki zamanyň ösen döwletleriniň hataryna goşmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözýär. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek, öňküsi ýaly, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýar.

Sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň pugta binýadyny döretmek boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalarynyň uzak möhletli maksatlarynyň gabat gelmegi biziň amala aşyrýan daşary syýasatymyzyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralarynyň birnäçesiniň düzümine saýlanmagy biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň dünýä bileleşiginiň öz öňünde goýýan wezipelerine laýyk gelýändigine we netijelidigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň uly abraýly edaralarynyň – Ilat we ösüş komissiýasynyň, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Neşe serişdeleri baradaky komissiýasynyň, Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Ösüş boýunça ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, Durmuş taýdan ösüş baradaky komissiýasynyň düzümine saýlanmagy bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we çözgütlerini goldamak arkaly bu komissiýalarda netijeli işleri alyp barýarys. Aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, dünýäde agzybirligi we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryny we çözgütlerini goldaýarys. Mysal üçin, Türkmenistan energiýa howpsuzlygy, raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we raýatsyzlygyň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek baradaky başlangyçlary ilkinjileriň hatarynda öňe sürdi. Biz 2011-nji ýylda 3318 adamy ýurdumyzyň raýatlygyna kabul etdik. Ýaňy-ýakynda bolsa, ýene-de 786 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky Permana gol çekdim.

Bitarap Türkmenistan üç sany esasy şerte – ygtybarlylyga, açyklyga we howpsuzlyga esaslanýan, sebit we ählumumy derejelerdäki meseleleri çözmäge ýardam berýän parahatçylyk söýüji syýasaty işjeň alyp barýar. Döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyk we dünýäniň dürli ýurtlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Şu maksatlardan ugur alyp, biz birnäçe halkara saparlaryny amala aşyrdyk. Şeýle hem, dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetlerini kabul etdik. Şol saparlaryň dowamynda ykdysadyýetde, bilim, medeniýet, ylym ulgamlarynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň birnäçe ugurlary boýunça döwletara ylalaşyklaryna gol çekdik.

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda Ýewropa Birleşiginiň ýurtlary, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, şeýle hem, doganlyk we goňşy ýurtlar bolan Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan we beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge aýratyn üns berdik.

Şu ýyl biz özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, dünýäniň birnäçe döwletine sapar bilen gideris. Şeýle hem, daşary ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlary kabul etmäge taýýarlyk görýäris. Biz geljekde hem berkarar Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbitlerinden ugur alyp, sebitde we dünýä giňişliginde alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatymyzy öňküsi ýaly dowam ederis!

Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz barada aýdylanda bolsa, ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryndan görnüşi ýaly, şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňküsi ýaly ýokary depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär. Biziň ähli ugurlarda – önümçilik pudaklarynda, durmuş we gumanitar ulgamlarda amala aşyrýan özgertmelerimiz daşary syýasy we daşary ykdysady strategiýamyz bilen utgaşykly alnyp barylýar we öz oňat netijelerini berýär. Bu strategiýa, ilkinji nobatda, ýurdumyza maýa goýumlaryny mümkin boldugyça has köp çekmäge, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem, bu strategiýa öz işini öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda alyp barýan iri daşary ýurt kompaniýalaryny özara bahbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýurdumyza çekmäge we bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda iri kärhanalary, zawod-fabrikleri, howa menzillerini we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary gurmaga niýetlenendir.

Biziň yzygiderli amala aşyrýan makroykdysady syýasatymyz jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Biz ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegi göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary amala aşyrmak arkaly jemi içerki önümiň yzygiderli artmagyny gazanýarys.

Häzirki döwürde hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandygyny bellemek isleýärin. Hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga we zähmet bölünişigine, netijede bolsa, iş orunlaryny artdyrmaga uly itergi berdi. Ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Hususy pudaga we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artýar. Geçen döwür bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 8,3 göterim artdy. Ortaça zähmet haklary hem 10,7 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar.

Şu ýerde men mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýän iki sany esasy görkeziji barada durup geçmek isleýärin. Bu görkezijiler: birinjiden jemi içerki önümiň artmagydyr; ikinjiden, ortaça zähmet haklarynyň möçberleriniň köpelmegidir.

Ýurdumyzda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi 19 müň amerikan dollaryna golaýdyr. Ýurdumyz boýunça ortaça zähmet haklarynyň möçberi hem, ilata mugt berilýän tebigy gaz, elektrik energiýasy, agyz suwy, nahar duzy, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary, howa ulaglarynyň, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlary, gurluşyk materiallary, gozgalmaýan emläge berilýän karzlar üçin bellenen ýeňillikli nyrhlar we beýleki ýeňillikler nazara alnanda, bir müň amerikan dollaryndan geçýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biz iri halkara we içerki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagy dowam edýäris. Şu ýylyň birinji ýarymynda täze gurlan desgalaryň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda 15 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi. Ýaňy-ýakynda täze gurlan senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi bolsa, bize 4 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Üstünlikli amala aşyrylýan bu işler giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Häzirki döwürde milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap durmuş-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça anyk maksatlara gönükdirilen, giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar Watanymyzyň ähli ýerlerinde köp sanly binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berildi, köp sanly desgalaryň gurluşygy bolsa, üstünlikli dowam edýär. Şolaryň hatarynda kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýoluny, häzirki zaman howa menzillerini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalary görkezmek bolar.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, ýaşaýyş jaýlary, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, döwrebap çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeniýet öýleri, sport desgalary we senagat kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Soňky on ýylyň dowamynda ýetilen ýene-de bir belent sepgit barada belläp geçmek isleýärin: bu döwürde biz, ilkinji nobatda, bilimiň hilini ýokarlandyrdyk. Bu görkezijiniň bolsa, ähli ugurlarda alyp barýan işlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň esasyny düzýändigini ynam bilen aýdyp bileris!

Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçirýäris. Şonuň bilen birlikde, ykdysady taýdan durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmünde häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge aýratyn üns berýäris. Bu möhüm ugurda döwletimiz tarapyndan iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen uly möçberli maýa goýumlary Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge niýetlenendir!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Şu ýylda başlan işlerimiziň depginini birjik-de peseltmän tamamlamak üçin biz entek köp işleri etmelidiris. Gynansak-da, häzirki döwürde dünýäniň ykdysadyýeti durnuksyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Dürli döwletlerde bolup geçýän ýaramaz hadysalar, ösüş depgininiň pese düşmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine we maliýe ýagdaýyna hem belli bir derejede öz täsirini ýetirýär.

Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysadyýetimize täsir edýän daşarky we içerki hadysalary düýpli seljermelidirler. Içerki bazary zerur harytlar we önümler bilen doly üpjün etmek boýunça ähli çäreleri öz wagtynda görmelidirler hem-de bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmelidirler.

R.Meredow, Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen köp ugurly, çeýe we sazlaşykly strategiýany amala aşyrmagy dowam etmeli.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýarys. Dünýäniň dürli ýurtlary, aýratyn hem, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly üns berýäris. Türkmenistan geljekde hem Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmalydyr we sebitde möhüm orny eýelemegini dowam etmelidir.

Biz şu ýylyň ikinji ýarymynda iri halkara maslahatlarynyň birnäçesini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň mejlisini geçirmegi, daşary ýurtlara saparlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys. Şeýle hem, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini ýurdumyzda kabul ederis. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçireris. Şoňa görä-de, şu ýylyň ikinji ýarymynda göz öňünde tutulýan ähli syýasy we guramaçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede geçirmeli.

A.Goçyýew, ykdysadyýet we maliýe toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzda makroykdysady dolandyryşy has-da gowulandyrmak üçin ähli tagallalary etmeli. Maliýe we bank ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli alyp barmaly.

Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmäge we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda zähmet haklarynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy dowam etmeli. Kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaly. Göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň bellenen möhletlerde amala aşyrylmagyny gazanmaly. Bilelikdäki kärhanalary döretmek, iş orunlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamaly.

A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu ugurda geçirilýän işleri diňe bir dowam etmek bilen çäklenmän, ýakyn döwür üçin göz öňünde tutulan maksatlardan ugur alyp, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça anyk we netijeli işleri alyp barmaly.

A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, häkimler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge häzirden girişmeli. Geljek ýylyň Döwlet býujeti ýokary derejede durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydyr. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Biz şu ýyl Ýaşulularyň maslahatyny Lebap welaýatynda geçireris. Bu maslahaty geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görmeli. Ýaşulularyň maslahatyny ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna çenli geçireris. Bu maslahatda biz 2015-nji ýylda öňümizde durýan möhüm ähmiýetli wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Ýurdumyzda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri öňküsi ýaly ýokary depginler bilen dowam etmeli.

S.Toýlyýew, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow, geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmaly. Ylym ulgamynyň işini döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirmeli. Şu maksatlardan ugur alyp, biz Aşgabat şäherinde döwrebap Tehnologiýalar merkezini gurup, ulanmaga berdik.

Biziň döwlet derejesinde alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilmelidir. Bu ugurda esasy wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň ylmy - tehniki mümkinçiliklerini artdyrmakdan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

S.Toýlyýew, Bilim ministri G.Mämmedowa, ýakyn wagtlarda bilim işgärleriniň öňünde ulgamda geçirilýän özgertmeleriň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmakda örän möhüm çäre – talyplary ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek wezipesi durýar. Bu çäräniň ýokary derejede, aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir kemçiliklere we bidüzgünçiliklere ýol berilmän, talaba laýyk geçirilmelidigini degişli ýolbaşçylaryň ählisine ýene-de bir gezek duýdurýaryn. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli we zähmetsöýer ýaşlar bilim almalydyr.

Okuw ýylynyň başlanmagyna çenli täze gurlan mekdepleri açyp, ulanmaga bermeli. Ýurdumyzyň ähli ýokary we orta mekdepleriniň binalarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli.

Ýurdumyzda ýene-de möhüm ähmiýetli baýram – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýetip gelýär. Bu baýramy ýokary derejede we guramaçylykly geçirmeli. Bu baýram mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynda täze gurlan desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmeli.

A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Siziň öňüňizde hem möhüm wezipeler durýar. Oba hojalygynda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Biz ýaňy-ýakynda Ahal we Daşoguz welaýatlarynda täze gurlan, döwrebap maldarçylyk toplumlaryny dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň her bir etrabynda şeýle häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Häzir ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda oňat pagta hasyly ýetişdirilýär. Şoňa görä-de, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmeli. Ýetişdirilen pagta hasylyny güýzde gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak üçin, oba hojalyk tehnikalaryny ýygym möwsümine doly taýýar etmeli.

A.Ýazmyradow, M.Artykow, A.Goçyýew, ýylyň gurak gelendigini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnama täzeden seretmeli. Eger gerek bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmaly. Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak bilen bagly meseläni hem öwrenmeli.

Oba hojalygynda suwy tygşytly ulanmaga aýratyn üns bermeli. Suwy tygşytlaýjy häzirki zaman suwaryş ulgamlaryny, şol sanda ýagyş ýagdyrmak usulynda we damjalaýyn usulda suwaryş ulgamlaryny ekin meýdanlarynda giňden ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biridir.

M.Artykow, gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri! Milli gurluşyk kärhanalarynyň we gurluşyk senagaty pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we kuwwatyny artdyrmagyň möhüm wezipedigine siziň ünsüňizi ýene-de bir gezek çekmek isleýärin. Ilkinji nobatda, binalaryň we desgalaryň gurluşygyna milli gurluşyk kompaniýalaryny we firmalary, şol sanda hususy kompaniýalary giňden çekmeli. Bu bolsa, bize milli gurluşykçy hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Binalaryň we desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlap, ulanmaga bermeli. Bu ugurda biziň öňümizde ýeňil bolmadyk wezipeler durýar. Sebäbi, biz şu ýyl umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 419 sany iri desganyň gurluşygyny tamamlamagy göz öňünde tutýarys. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Aşgabat şäherinde gurulýan desgalara aýratyn üns bermeli.

Täze okuw ýylyna çenli tabşyrmak we baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna çenli ulanmaga bermek göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň gurluşygyny doly tamamlamaly. Ýurdumyzyň baş baýramyna – Garaşsyzlyk gününe ýokary derejede we gowy taýýarlyk görmeli. Biz bu baýramy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanyp, belent sepgitlere ýetip garşylamalydyrys!

B.Ereşow senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Bar bolan senagat kärhanalaryny innowasiýalaryň binýadynda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaly. Täze kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermeli. Hususy pudaga degişli senagat kärhanalaryna ýakyndan goldaw bermeli. Ýokary hak tölenýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri talap edýän iş orunlarynyň sanyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Ýurdumyzyň dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmeli. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň binýadynda önümçilik toplumlaryny döretmeli we ösdürmeli. Gurluşyk pudagyna degişli täze kärhanalary döretmäge, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli.

Şu ýerde men siziň ünsüňizi käbir sanlara çekmek isleýärin. Häzirki döwürde biz ýurdumyzda dürli taslamalary ýerine ýetirýändikleri üçin daşary ýurt firmalaryna 40 milliard amerikan dollaryna golaý töleg geçirýäris. Bu serişdeleriň esasy bölegi ýurdumyza dürli önümleri daşary ýurtlardan getirmek üçin sarp edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda hem öndürip bolar diýip pikir edýärin. Biz bu meseläni çözmegi başarsak, onda milliardlarça amerikan dollaryny ýurdumyzda iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirip bileris!

M.Ýazmuhammedowa, Medeniýet ministrliginiň, gazet-žurnallaryň we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylary! Medeniýet ulgamynyň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda döredilen maddy-enjamlaýyn binýady doly möçberde we netijeli ulanmaly. Täze gurlan teatrlar, muzeýler, kitaphanalar entek ýurdumyzyň medeni durmuşynyň merkezlerine öwrülip bilmeýärler. Taýýarlanýan telegepleşikler milli öwüşginlere baýlygy we many-mazmuny, täsirliligi bilen tapawutlanmaýar.

Siziň baş maksadyňyz medeniýet ulgamyny ösdürip, täze derejä çykarmakdan, biziň ýurdumyz bilen sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybabartdyr. Şeýle hem, siz zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmak we dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça zerur işleri alyp barmaly. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek siziň esasy wezipeleriňiziň biridir.

Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna çenli teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek üçin gyzykly we täsirli gepleşikleri taýýarlamaly. Teatrlarda täze sahna eserlerini goýmaly. Merdana halkymyzyň ýeten belent sepgitlerini, şan-şöhratyny wasp edýän täze eserleri, şol sanda sahna eserlerini we aýdym-sazlary döretmeli.

B.Hojamuhammedow, Ý.Kakaýew we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Nebit we gaz geçirijileri ýokary hilli gurmaly. Täze nebitgaz ýataklaryny açmaga, açylan ýataklary özleşdirmäge aýratyn üns bermeli.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Aragatnaşyk tehnologiýalaryny, aýratyn hem, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmeli. Täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn üns bermeli. Siziň ýolbaşçylyk edýän pudaklaryňyzyň ählisinde müşderilere we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli. Aýratyn hem, demir ýol we howa ulaglary ulgamlarynda edilýän hyzmatlaryň hiline uly üns bermeli.

Biz «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygyny oktýabr aýynda hökman tamamlamalydyrys. Bu demir ýoly ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly açyp, ulanmaga bermek boýunça geçiriljek çärelere häzirden gowy taýýarlyk görmeli.

P.Taganow, söwda toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň telekeçilerine giňden goldaw bermek, hususy gazet-žurnallary döretmek boýunça alnyp barylýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Öz çykyşymy tamamlamak bilen, umuman, şu ýylyň alty aýynda ähli ugurlar boýunça oňat netijeleriň gazanylandygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem beýleki ýolbaşçylaryň ählisine 8-nji iýuldan 20-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýärin. Eger isleseňiz, siz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilersiňiz. Eger-de, kim islese, beýleki şypahanalarda – Arçmanda, Ýylysuwda we beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde hem dynç alyp biler. 20-nji iýulda ýurdumyzda Galla baýramyny dabaraly belläp geçeris. Bu baýrama degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmalydygyny men size ýatladýaryn.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin!