Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine seredildi.
Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, onda ýolbaşçy wezipelere bellemek hem-de wezipelerden boşatmak we beýleki möhüm meselelere garaljakdygyny, ikinji ýarym ýyl üçin wezipeleriň kesgitleniljekdigini aýtdy. Milli Liderimiz şu gün degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini we olaryň işine baha beriljekdigini belläp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Hasabat döwrüniň görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi äşgär görünýär. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiniň ösüş depgini 110,3 göterime barabar boldy. Jemi içerki önümde senagat pudagynyň paýy 48,8 göterime, gurluşygyň paýy 16,1 göterime, ulag-aragatnaşyk ulgamyňky 5-8 göterime, oba hojalygynyň paýy 5,4 göterime, söwda paýy 7,5 göterime, hyzmatlar ulgamynyň paýy bolsa 16,4 göterime deň boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Öndürilýän önümleriň ösüş depgini 113,5 göterim derejesinde üpjün edildi.
Şu ýylyň alty aýynyň jemi boýunça bölek haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18,3 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygy boýunça hem ýokary görkezijiler gazanylýar.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýum serişdeleriniň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda onuň ösüş depgininiň 108,3 göterime ýyllyk meýilnamanyň bolsa 48,2 göterime barabar bolandygyny belledi. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 42,8 göterime barabar boldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölendi.
Tutuşlygyna alnanda, makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilýändigininiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak barada degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, zerur çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginini saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň işine talabedijiligi güýçlendirmek bilen baglanyşykly wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
“Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky” Permana gol çekip, milli Liderimiz bu resminamanyň ýurdumyzyň bähbidiniň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara şu Permandan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2014-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ykdysady görkezijileri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende köpsanly önümleriň önümçilik mukdarynyň ýokary görkezijileri üpjün edildi. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 111,7 göterime, tebigy gazyň çykarylyşy 112 göterime, nebitiň çykarylyşy 101,1 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 103,9 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,1 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,2 göterime, kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,6 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 114,8 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 105,8 göterime, nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 125,3 göterime, ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 104 göterime, mineral dökünleriň öndürilişiniň ösüş depgini 121 göterime, sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 117 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 131 göterime, plastmassadan ýasalan we aýna süýümli turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime, nah ýüplükleriň öndürilişiniň ösüş depgini 107,3 göterime, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 115,8 göterime, lukmançylyk pamygynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 106,4 göterime barabar boldy.
Obasenagat toplumynyň pudaklary ýokary görkezijilere eýe boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini öndürmekde ösüş depgini duýulýar. Hususan-da, gök önümleriniň öndürilişi 2,4 göterim, etiň öndürilişi 1,8 göterim, süýt öndürilişi 3,3 göterim, ýumurtga alnyşy 2,3 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji iýulyndaky ýagdaýyna görä, 2013-nji ýylyň degişli senesine garanyňda mallaryň we guşlaryň baş sany köpeldi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk pudagynda gazanylýan ösüş depginleri barada hasabat bermek bilen, 2014-nji ýylyň ýanwar - maý aýlarynyň jemleri boýunça gurluşyk-gurnama we beýleki işleriň ýerine ýetirilişiniň 2013-nji ýylyň degişli döwründäkiden 18,1 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberleriniň ösüş depgini 10,7 göterime barabar boldy. Şol sanda awtomobil ulaglary bilen daşalan ýükleriň görkezijisi 7,6 göterim, howa ulaglary boýunça bu görkeziji 14,9 göterim, demir ýol ulaglarynda ýük daşamagyň görkezijisi 3 göterim, suw ulaglary boýunça ýerine ýetirilen işleriň görkezijisi 12,3 göterim, turba geçirijiler boýunça görkeziji bolsa 19,2 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmagyň umumy ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Şol sanda awtomobil ulaglary boýunça bu görkeziji 104,3 göterime, demir ýol ulaglary bilen ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 113,1 göterime, howa ulaglary bilen ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,3 göterime barabar boldy. Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna ilata edilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hasabat döwründe 2,5 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda bolup geçýän ýagdaýlaryň ählisine hemmetaraplaýyn seljerme bermegiň, alnan barlaglary umumylaşdyrmagyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş meýillerini kesgitlemegiň, bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz düzümiň ýolbaşçysynyň ünsüni işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere çekdi we bu babatda oňa birnçäe tabşyryklary berdi.
Soňra maliýe ministri D.Sadykow 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdejiler bölegi 117,4 göterim, çykdajylar bölegi bolsa 97 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 82,6 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi.
Habar berlişi ýaly, geçen döwürde ýerli býujetler girdejiler boýunça 110,9 göterim, çykdajylar boýunça 96,8 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýe ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilen işler barada hasabat berip, şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Merkezi, pudaklaýyn we sebitleriň balans toparlarynyň 59 mejlisiniň geçirilendigini habar berdi. Toparlaryň mejlisleriniň barşynda 14 ministrligiň we pudak edarasynyň, şeýle hem 244 kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maliýe durnuklylygyny üpjün etmegiň hem-de maýa goýumlarynyň gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini nygtady.
Mejlisi dowam edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow D.Sadykowy başga işe geçýändigi sebäpli, maliýe ministri wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Bu ministrligiň ýolbaşçy wezipesine maliýe ministriniň orunbasary bolup işlän M.Muhammedow bellenildi.
Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda milli walýutanyň hümmetini durnukly saklamak, şeýle hem karz pul syýasaty boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna harytlary daşary ýurtlara ibermegiň we hyzmatlaryň hasabyna gelip gowuşýan daşary ýurt pul serişdeleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, Merkezi bankyň ýolbaşçysy bu görkeziji boýunça meýilnamanyň 123,4 göterim ýerine ýetirilendigini we 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,4 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Gelip gowşan walýuta serişdeleriniň esasy bölegi tebigy gazy, nebit hem-de himiýa önümlerini, elektrik energiýasyny, pagta süýümini, dokma önümlerini, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň paýyna düşýär.
Döwlet Baştutanymyz karzlaşdyrmagyň we ilatyň goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman ulgamyny döretmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň dowam etdrilmeginiň möhümdigini nygtady. Ipoteka usulynda karzlaşdyrmak, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine geçirmek, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokardandyrmak, şeýle hem banklaryň işlerini kadalaşdyryjy kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek meseleleri ýaly ugurlar boýunça banklaryň işine berk gözegçilik amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Merkezi bankyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni ýurdumyzda öndürilýän harytlary eksport etmegiň möçberlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ileri tutulýan ugurlarpa çekdi. Ähli ýolbaşçylar bu ugurda zerur işleri geçirmeli. Biz bu meselä ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýene-de gaýdyp geleris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradow ýurdumyzda iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapan durmuş ugurly syýasaty türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.
Ministr gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen degişli işleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Boş iş orunlary baradaky maglumatlar her aýda ýerli gazetlerde çap edilýär we ministrligiň internet sahypasynda ýerleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň birinji ýarymynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna 38,5 müň adamyň ýüz tutandygy bellenildi. Munuň özi ýurdumyzyň zähmete ukyply ilatynyň bir göterimine barabardyr. Ýüz tutanlaryň 35,7 müňüsi ýa-da 92,8 göterimi işe ýerleşdirildi. Bar bolan boş iş orunlaryny hem-de zerur bolan hünärleri nazara almak bilen, raýatlarymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Raýatlarymyzy iş bilen üpjün etmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, sebitlerde işçi hünärleri taýýarlaýan gysga möhletli okuwlar guraldy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda ulanmaga berilmeli iri önümçilik we durmuş maksatly desgalar boýunça jemi 23,5 müňden gowrak iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar. Köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek bermek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň abadan durmuşy barada alada etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz raýatlarymyzy iş bilen üpjün etmek, dürli ulgamlarda we pudaklarda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, degişli hasabaty ýöretmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini öz wagtynda çözmäge oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde köpsanly iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýän täze senagat kärhanalarynyň, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny nygtap, ministre ilatymyzy iş bilen üpjün etmek, şeýle hem türkmenistanlylaryň durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ykdysadyýetimize gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 8,3 göterim ýokarlandy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, ministr düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 88,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Häzirki wagtda bu maksatnamanyň çäklerinde binalaryň we desgalaryň jemi 421-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda 42 binanyň, 178,4 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 1427 kilometr suw geçirijileriniň, 272,2 kilometr awtomobil ýollarynyň, 596,8 kilometr gaz geçirijileriniň, 1907 kilometr elektrik geçirijileriň, 1170 kilometr telefon ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.
Hasabat döwründe “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde suw arassalaýjy hem-da lagym arassalaýjy desgalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 12 kiçi we iki uly göwrümli suw arassalaýjy, 4 lagym arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, işjeň durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň welaýatlary senagatlaşdyrmaga, içerki bazarda ýerli önümleriň öndürilişini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we umuman, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz B.Taganowy başga işe geçmegi sebäpli, ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine W.Abdylhekimowy belläp, ony Ykdysady töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň başlygy wezipesine B.Bazarowy bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň ünsüni bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmegiň möhümdigine çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu agentligiň esasy wezipeleriniň biriniň bäsleşiklere gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalary we firmalary düýpli öwrenmekden ybaratdygyny aýdyp, öz borçlaryny ýerine ýetirmän, abraýdan düşen, maliýe serişdeleri ýeterlik bolmadyk kompaniýalaryň ýurdumyzda iş alyp barmagyna ýol berilmeli däldigini nygtady. Milli Liderimiz şu tabşyrygy talabalaýyk berjaý etmegi bu düzümiň täze ýolbaşçysyndan berk talap etjekdigini duýduryp, degişli resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Baş döwlet salgyt gullugynyň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, salgyt gullugy edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedowa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hasabat döwründe gözegçilik edýän düzümlerindäki işler, ulgamy gelajekde-de ösdürmek barada hasabat berip, olary anyk sanlar we has möhüm ähmiýetli wakalar arkaly beýan etdi. Ýarym ýyldaky möhüm ähmiýetli wakalaryň arasynda iýunda Daşoguz welaýtynda geçirilen Medeniýet hepdeligi aýratyn orun eýeleýär. Bu hepdelik ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösýändigini, şu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini we baýlaşýandygyny, milli mirasy aýawly saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.
Şu ýylyň maýynda Aşagabatda Aziýa-Ýuwaş ummany telerdiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahatynyň geçirilmegi türkmen telewideniesiniň we radiousynyň, ilkinji nobatda, sport žurnalistikasy ýaly ugruň ösüşine täzeden badalga berdi. Halkara derejesindäki beýleki çäreleriň arasynda aprelde geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalyny, Magtymguly Pyragynyň gününiň 290 ýyllygy mynasyebtli geçirilen giň gerimli dabaralary görkezmek bolar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň we Ermenistanyň Medeniýet günleri, Gazagystanda bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Medeniýet, ylym-bilim, döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň hünärmenleri Hökümet wekiliýetiniň düzüminde HHR-da saparda boldular.
Medeniet ulgamyna degişli edaralara işiň täze görnüşleri we usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýanwar-iýun aýlarynda bu edaralar tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça 22,5 müňden gowrak çäreler guraldy we geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 179 görnüşi, şeýle hem okuw edebiýatynyň 85 görnüşi çap edildi. Bu gulluk tarapyndan çap edilýän döwürleýin metbugat barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda gazetleriň 27 we žurnallaryň 23 görnüşi neşir edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyklary we gündelik medeni – köpçülikleýin işleri geçirmekde uly tejribäniň toplanandygyny belledi. Ýöne döwür we möhüm ähmiýetli wezipeler täze, döwrebap çözgütleriň tapylmagyny talap edýär, şol çözgütler bolsa ýurdumyzy medeni taýdan ösdürmek, bilim bermek, türkmen ýaşlarynyň döredijilik babatdaky işjeňligini höweslendirmek, milli mirasy öwrenmek, ruhy taýdan ösüş boýunça maksatlaryň ýetilmegine gönükdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz medeniýetiň döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýetli gumanitar ugry hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yziygiderli ösdürmegiň netijeli ulgamy bolup durýandygyny aýdyp, wise-premere bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny, döredijilikli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň dünýädäki şu ugra goşulyşan giň medeni we habar beriş ulgamyny kemala getirmekde öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Milli Liderimiz medeniýet ulgamyna döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, medeniýet ulgamyndaky işgärleriň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmagyň, olaryň başlangyçlaryna badalga bermegiň we hünär taýdan ussatlygyny kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, pudaklarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşini häsiýetlendirýän netijeler barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer hasabat döwründe Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 163-siniň çapa taýýarlanandygyny, olardan 93-siniň neşir edilendigini habar berdi.
Şol döwürde ders we taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 120 medala, şol sanda 21 altyn, 31 kümüş, 68 bürünç medala, halkara ders bäsleşiklerine, şol sanda halkara açyk Internet bäsleşiklerine gatnaşan talyplar jemi 62 medala, şol sanda 18 altyn, 18 kümüş we 22 bürünç medala mynasyp boldular. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda Gökderede, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem-de welaýatlarda 38 müň 750 çaga dynç aldy.
Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly maglumatlar hem getirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini 148 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 19 desganyň, şol sanda 12 saglyk binasynyň, 5 derman kärhanasynyň, bir döwrebap derman ammarynyň we bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy. Şu ýyl ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda “Daşoguz” şypahanasy bar.
Ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamynda hem maksada laýyk işler alnyp barylýar. Umuman, hasabat döwründe Türkmenistanda jemi 115 içerki ýaryş we 57 köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Biziň türgenlerimiz 89 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar we jemi 179 medala, şol sanda 61 altyn, 69 kümüş we 49 bürünç medala mynasyp boldular.
Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýakyn günlerde badalga beriljek okuwa kabul etmek boýunça çäre görmek baradaky mesele bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky buýrugyň taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň meýilnamasy barada hem habar berildi. Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 19 sany täze hünär açmak meýilleşdirilýär. Umuman, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 6 müň 861 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Munuň özi geçen ýyldakydan 761 adam köpdür. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen täze Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 14 hünär boýunça 280 talyp kabul etmek teklip edilýär.
Orta hünär okuw bilimi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň beýleki bir möhüm ugry bolup durýar. Şeýlelikde, häzir Türkmenistanyň 37 orta hünär okuw mekdebinde 12 müň 754 talyp okaýar. Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň resmi sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 2014-nji ýylda talyp kabul etmegiň sanyny 2013-nji ýyldaka garanyňda 1194 adam köpeltmek, ýagny 7 müň 716 adam kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem hojalyk hasaplaşygynda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sanyny täze açylan orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediljekler bilen birlikde 970 adam köpeltmek teklip edilýär. Mundan başga-da, öňümizdäki okuw ýylynda ýurdumyzyň 67 başlangyç hünär okuw mekdeplerine hem ýaşlaryň 30 müňüsiniň kabul edilmegine garaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz “2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakyndaky” Permana we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek baradaky Buýruga gol çekip, öňümizdäki umumymilli maslahatyň uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini belledi. Bu maslahatda ýurdumyzyň durmuşynyň gaýragoýulmasyz meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, möhüm çözgütler kabul ediler.
Soňra milli Liderimiz 2014-2015-nji okuw ýylynda Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talypldary kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak baradaky buýruga we okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak baradaky buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary bilim ulgamynda wezipelere bellemek meselesine hem degip geçdi. Döwlet Baştutanymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory B.Berdiýewi başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadýandygyny aýdyp, bu wezipä Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory wezipesinde işlän Gülşat Orazmuhammedowany belledi.
Golaýda döredilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Esen Aýdogdyýew bellenildi we ol Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy. Bu uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bolsa Myrat Begliýew bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip we täze wezipä bellenilen ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw edip, durmuş toplumynyň beýleki ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere geçdi.
Soňky döwürde biz köpsanly saglygy goraýyş edaralaryny gurýarys. Emma, muňa garamazdan, täze gurlan saglygy goraýyş edaralarynda işlejek hünärmenleri taýýarlamak işleri talabalaýyk alnyp barylmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan etdi.
Sport baradaky döwlet komitetiniň işinde hem birnäçe kemçilikler bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu edaranyň ýolbaşçysynyň öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýändigini aýtdy. Köp sanly täze gurlan sport mekdeplerinde mugallymlar ýetmezçilik edýär. Täze sport desgalary ýaramaz ýagdaýda saklanýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Soňky ýyllarda biz köpsanly sport mekdeplerini, stadionlary we beýleki sport desgalaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigini nygtady. Sportuň ilkinji nobatda, adamlaryň saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Sport halkymyzyň saglygynyň, abadan we bagtyýar geljeginiň girewidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýöne, muňa garamazdan, gurulýan sport desgalarynyň pes hilli sport enjamlary bilen üpjün edilýän pursatlary duş gelýär, olar bolsa tiz sandan çykýar, ulanmaga ýaramsyz bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze gurulýan sport desgalarynda ornaşdyrylýan sport enjamlarynyň ýokary hilli bolmagyny gazanmak möhümdir. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilmedik we rugsat berilmedik sport enjamlarynyň ýurdumyza getirilmegine ýol berilmeli däldir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gullugyň ýolbaşçysy A.Täçmämmedowa bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýer A.Goçyýewe, eger gerek bolsa, bu tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen bagly zerur resminamalary taýýarlamak barada görkezme berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow öz gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Geçen alty aýda gurluşyk materiallary, himiýa, dokma senagaty we halyçylyk pudaklarynda, şeýle hem balyk hojalygynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyp, wise-premýer öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamalarynyň bellenilen önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudaklarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde strategiki ähmiýete eýedigine garamazdan, bu ulgama gözegçilik edýän wise-premýeriň işinde çynlakaý kemçilikleriň bardygyny, pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeýändigini we munuň käbir ugurlary boýunça pes görkezijilere getirendigini belledi.
Dokma senagaty barada aýdylanda bolsa, döwletiň bu pudagy ösdürmäge uly goldaw berýändigine garamazdan bu pudagyň öndürýän önümleriniň eksporta iberilýän möçberleri hem azalýar. Şoňa görä-de, dokma senagatyna daşary ýurt pulunda gelýän girdeýjileriň möçberi hem kemelýär. Şu ýyl ýurdumyzda pile öndürmek boýunça tabşyryk hem ýerine ýetirilmedi.
Himiýa senagatynda hem köp sanly çözülmedik meseleler bar. Bu pudakda iri senagat desgalarynyň gurluşygy bellenen möhletlerden yza galýar. Bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine hem doly gözegçilik edilmeýär. Netijede, Mary şäherinde gurluşygy alnyp barylýan ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy hem bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmedi.
Ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän kärhanalaryň bardygyna garamazdan, biz oba hojalyk ekinleri üçin gerek bolan dökünleri daşary ýurtlardan satyn almagy dowam edýäris. Muňa köp möçberde daşary ýurt pulundaky serişdeleri sarp edýäris.
Berlen tabşyryga garamazdan, Senagat ministrliginde karýerleriň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça hem häzire çenli anyk işler alnyp barylmaýar. Netijede, awtomobil ýollarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda bökdençlikler döreýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz balyk hojalygy komitetiniň işinde hem häzirki wagta çenli ösüşiň duýulmaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamynda işleriň göwnejaý alnyp barylmaýandygyny aýdyp, B.Italmazowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak baradaky karara geldi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça Orunbasary wezipesine Batyr Ereşowy belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.
B.Italmazowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinden boşatmak baradaky hem-de bu wezipä B.Ereşowy bellemek baradaky degişli permanlara gol çekip, Milli Liderimiz täze bellenen wise-premýere öz gözegçilik edýän ministrliklerine we pudak edaralaryna ýolbaşçylary bellemek bilen baglanyşykly meselelere garamagy we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow 2014-nji ýylyň alty aýynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň netijeleri, olary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Ýanwar-iýun aýlarynda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň ösüş depgini 109,3 göterime barabar boldy.
Hususan-da, hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini 107,2 göterime deň boldy. Häzirki güne çenli “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýoluna degişli “Bereket-Etrek” demir ýolunyň 256 kilometri guruldy, inženerçilik desgalarynyň onlarçasyny, menzilleri we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler dowam etdirilýär, şeýle hem ýöriteleşdirilen demir ýol – gurluşyk tehnikasynyň 67-sini, ýük wagonlarynyň 103-sini we ýolagçy wagonlarynyň 138-sini satyn almak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Awtomobil ulaglary ministrliginde işleri we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini 106,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda – 112,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda – 119,5 göterime barabar boldy.
Hasabat bermegiň barşynda Türkmenabatda we Daşoguzda ähli zerur düzümli täze howa menzilleriniň gurluşygynyň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň ikinji ýolagçy terminaly ulanmaga berildi. Şeýle hem türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça gurlan “Boeing 777-200LR” kysymly uçar geldi.
Hasabat döwründe Aragatanşyk ministrliginde ýerine ýetirilen işleriň depgini 101,6 göterime barabar boldy, ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzda täze telefon nokatlarynyň 277 müňüsi gurnaldy, sanly telefon beketleriniň 60-sy guruldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ähmiýetli pudaklaryň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin geljekde-de ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny hem-de onuň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň wajyp ugry bolup durýandygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz başga işe geçýändigi sebäpli, M.Gurbandurdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Aýdogdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellemek we ony şol ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýew milli emeli hemrany döretmek boýunça taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň fransuz kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny we bu hemrany kosmos giňişligine çykarmak we işletmek maksady bilen, ýerüsti dolandyryş merkezlerini döretmek, şeýle hem ökde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly işleriň dowam etdirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany aragatnaşygyň milli emeli hemrasy bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegine degişli meselelere uly üns berilýändigini hem-de munyň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlarynyň, telewideniýäniň ösdürilmegini çaltlandyryljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, döwrebap tehnika oňat hilli hyzmat etmek we netijeli ulanmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň guramaçylykly hem-de göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Minsitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda ýanwar - iýun aýlaryndaky işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini 123,2 göterime barabar boldy.
2014-nji ýylyň alty aýynda Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini 110,0 göterime, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 111,9 göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini 142,2 göterime barabar boldy. Jemagat hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 121,9 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze derejä ýetirmek üçin, pudaklaýyn iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna ep-esli möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Şunda diňe bir senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, guramaçylyga degişli çäreleriň görülmegi möhüm ähmiýete eýedir, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan işleriň ýokary derejesiniň gazanylmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmek zerurdyr.
Milli Liderimiz awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe awtoulag ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň giň gerim bilen amala aşyrylýandygyny belledi. Häzirki wagtda möhüm ähmiýetli Farap-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz awtoulag ýollary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede gurulýar. Şu desgalary gurmakda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we has täze tehnologiýalary ulanmak esasy talap bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz M.Artykowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, jemagat hojalygynda işgärleriň ýetmezçiligine degişli meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňa wise-premýer S.Toýlyýew bilen bilelikde, jemagat hojalygynda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin instituty döretmek baradaky degişli teklipleri işläp taýýarlamagy hem-de soňra şu ugurda edilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewe söz berildi, ol ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şol sanda “Türkmenistanda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny 2014-2023-nji ýyllarda gurmagyň Maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde umumy uzynlygy 1676 kilometre deň bolan “Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat-Daşoguz”, uzynlygy 240 kilometr bolan “Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi”, degişlilikde uzynlygy 541 we 330 kilometre deň bolan “Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz” we “Mary-Serhetabat” awtomobil ýollaryny mundan beýläk-de tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täze awtomobil ýollaryny gurmak baradaky habar aýdyldy.
Milli Liderimiz ýol-gurluşygy ulgamy boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, ozal bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek maksady bilen, zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi we ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek babatynda birnäçe tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny 2014-2023-nji ýyllarda gurmagyň Maksatnamasyna” garap, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde aýratyn uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, degişli ýolbaşçylara bu resminama gaýtadan seretmegi we ähli teklipleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2014-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda söwda toplumyna degişli edaralaryň işleriniň aýdyp, bu işleriň esasy ugurlary boýunça jemleýji görkezijileri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,8 göterime barabar boldy. Bölekleýin haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 110,6 göterime, lomaý haryt dolanyşygy boýunça 100,6 göterime deň boldy. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüşi 146,7 göterime etdi.
Geçen alta aýda Döwlet haryt-çig mal biržasynda 104 birža söwdasy geçirilip, geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, hasaba alnan şertnamalaryň bahasynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 114,3 göterime barabar boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 23,5 göterim, girdejiniň ösüş depgini 147,8 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde hyzmat işlerini ýerine ýetirmekden alnan peýda 43 göterim artdy. Ýylyň başyndan bäri bu edara tarapyndan sergileriň onusy we maslahatlaryň ýedisi geçirildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 133 göterime, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 145 göterime barabar boldy. Telekeçiler tarapyndan berjaý edilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 2 esseden gowrak artdy. Türkmenistanyň Senagatçylr we telekeçiler birleşmesi boýunça haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 251 göterime, ilata edilýän hyzmatlaryň ösüş depgini 226 göterime barabar boldy.
Hasabat bermegi dowam etmek bilen, wise-premýer söwda degişli hyzmatlary berjaý edýän ulgamy kämilleşdirmek, şu işler boýunça täze we netijeli görnüşleri ornaşdyrmak we degişli düzümi giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, ulanmaga bermek üçin taýýar edilen nobatdaky desga - "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan “Awaza” söwda merkezi barada aýdyldy, bu ýerde söwdany we alyjylara ýokary derejede hyzmat edilmegini göwnejaý guramak üçin ähli şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynda sazlaşykly ösüş depginlerini saklamak üçin onuň düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegini dowam etdirmegiň möhümdigini hem-de şunda haryt boýunça teklipleri artdyryp, hyzmat etmegiň medeniýetiniň derejesiniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi, ol birinji ýarym ýyllykda gözegçilik edýän pudaklarynyň işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Hususan-da, bu maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawod ulanmaga berildi, onuň kuwwatlylygy ýylda 9 milliard kub metr gaza golaýdyr, munuň özi Amyderýanyň sag kenaryndaky ýataklaryndan Türkmenistan-Hytaý döwletara gaz geçirijisine ýetirilýän “mawy ýangyjyň” möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Hazar sebitinde, Gyýanly şäherçesiniň golaýynda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň düýbi tutuldy. “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça ikinji tapgyra degişli desgalaryň toplumynyň gurluşygyna girişildi. Bu toplum ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek üçin niýetlenendir.
2013-nji ýyldaky dereje bilen deňeşdireniňde, geçen alty aýda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 101,1 göterime, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini – 112 göterime barabar boldy. Şunda “mawy ýangyjyň” eksporty 14,7 göterim artdy. Gaýtadan işlenýän nebitiň we nebit önümleriniň, awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberleri artdy.
Guýulary burawlamak, maýa goýumlaryny özleşdirmek, senagata we durmuşa degişli desgalarda gazyň sarp edilýän möçberlerini ölçemek üçin abzallary oturtmak işleri barada aýdyldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetilirişi barada hasabat berip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky täze gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, wise-premýere nebitgaz senagatynda düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagy boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, düzüme degişli, täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç geçirijileri we döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine üns berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde iri energetika döwletleriniň hataryna goşulýan Türkmenistanyň örän köp ýangyç serişdelerinden netijeli ulanylmagynyň, milli ykdysadyýetimiziň uly mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna, energetika howpsuzlygyň üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine ýardam bermelidigini hem-de munuň sebit we ählumumy derejede durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşde möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler barada durup geçip, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasynda döredilýän halkara derejeli şypahanada täze binalaary gurmagyň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz gurluşyk işlerini göwnejaý hilli ýerine ýetirmegiň we bu işleriň bellenilen möhletlerde berjaý edilmeginiň desgalary gurmakda esasy talap bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we köpçülikleýin, şol sanda halkara derejeli medeni çäreleri geçirmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi welaýat häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedowa söz berdi. Häkim şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri we galla oragynyň barşy, şeýle hem gowaçalara ideg edilişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, ol sebitde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada durup geçmek bilen, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde hasabat döwründe welaýat boýunça şor suw akabalaryny çekmek işiniň 44,49 göterim, suwaryş akabalaryny çekmek işiniň bolsa 45,4 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Welaýatyň senagat kärhanalarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim sebit boýunça sement öndürilişiniň 108,1 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 119,1 göterim, ilatyň sarp edýän senagat harytlarynyň öndürilişiniň 107,4 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň örän möhümdigine ünsi çekip, gowaçalaryň hatarara bejergisi, olary iýmitlendirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, harmanhanalary möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleri wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň netijeleri, şeýle hem sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Balkan welaýatynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky maglumat häkimiň hasabatynyň özenini düzdi.
Şeýle hem ol oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşygy üçin maýa goýumlary özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 95,1 göterim ýerine ýetirilendigini, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 61,3 göterim ýokarydygyny habar berdi. Mundan başga-da, welaýatda täze senagat-önümçilik maksatly desgalaryň 8-siniň gurlup ulanmaga berlendigi, olaryň bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine oňyn täsiriniň bardygy aýdyldy.
Milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň zerur bolan durmuş düzümini üpjün etmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Magtymguly etrabynyň häkimine etrapda işleri talaba laýyk guraman, hususan-da, gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew özüniň çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, sebitiň obasenagat toplmynda alnyp barylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem häkim welaýatda ýerli býujetiň girdejiler 104 göterim, çykdajylar böleginiň bolsa 97 göterim ýerine ýetirilendigini, býujetde göz tutulan çäreleriň doly maliýeleşdirilendigini habar berdi. Şeýle hem ol hasabat döwründe medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda özleşdirilen maýa goýum serişdeleriniň ýyllyk meýilnamasynyň 65,6 göterim ýerine ýetirilendigi barada aýtdy.
Esasan-da, häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini, döwlet tarapyndan bellenilen meýilnamalaryň berjaý edilmelidigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň depginleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini aýratyn nygtady.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen bir hatarda, häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, welaýatyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatda senagat önümleriniň öndürilişiniň 78,4 göterime, içerki söwda boýunça bölekleýin haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117,8 göterime deň bolandygyny belledi. Lebap welaýaty boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamanyň 100,8 göterim ýerine ýetirilendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 32,1 göterim ýokary bolandygy barada aýdyldy.
Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada durup geçdi we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda bu babatda öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginlerini gazanmaga oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlleriň agrotehniki kadalara we döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň ähli ugurlary boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim obasenagat pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işleriniň depgini barada habar berdi.
Mundan başga-da, häkim welaýat boýunça 2014-nji ýylyň alty aýynda ýerli býujetiň girdejiler böleginiň 121 göterim, çykdajylar böleginiň bolsa 97 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hasabat döwründe welaýat boýunça döwlet salgytlary babatdaky meýilnama 120 göterim ýerine ýetirildi. Häkim hasabatyň çäklerinde welaýat boýunça sarp edijilere ugradylýan önümleriň umumy möçberiniň 103,4 göterimine barabardygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekmek bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, esasan-da, gowaçalara ideg etmegiň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz welaýatyň senagat düzümini, durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek barada häkime berk talap bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, umuman, ýurdumyzyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depginleri barada hasabat bermek bilen, bu ugurda önümçiligiň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102,8 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Hasabat döwründe Oba hojalyk ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda bu görkeziji 104,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 101,4 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 104,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime deň boldy.
Şeýle hem wise-premýer obasenagat toplumynda maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, onuň çäginden geçýän derýanyň kenar ýakalarynda bag ekmek boýunça alyp barýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda galla oragynyň netijeleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitlerde gowaçalara ideg etmek, hatarara bejergi geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwarmak işleri alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna obasenagat toplumynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda ulanyş möhleti geçen we hasapdan öçürmäge degişli bolan oba hojalyk tehnikalaryny kärendeçilere we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere muzdsyz bermek hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyny seljermegi, ilkinji nobatda bolsa galla oragyny üstünlikli tamamlamagy tabşyrdy. Ýygnanylan hasyly kada laýyk derejede saklamak, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pudaga häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak we obasenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine ylmy esasda çemeleşmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen oba hojalygyny özgertmek boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm wezipesidir we munuň üçin bar bolan ykdysady usullary we mümkinçilikleri işe girizmek zerurdyr.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň möhümdigine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirjekdigine, adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretjekdigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
“Oba hojalyk tehnikalaryny oba hojalyk önümlerini öndürijilere muzdsyz bermek hakyndaky” Kararyň taslamasyny umuman oňlap we oňa gol çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, welaýatlarda galla hasylyny ýygnamak işleriniň netijelerini göz öňünde tutup hem-de sebitleriň galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli, welaýatlaryň häkimlerine berk käýinç, A.Ýazmyradowa bolsa garamagyndaky pudaklarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan edilýändigi hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň käbir meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan birnäçe wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda we jemgyýetde ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzy häzirki zamanyň ösen döwletleriniň hataryna goşmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözülýär. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek, öňküsi ýaly, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunlukda milli Liderimiz sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň pugta binýadyny döretmek boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalarynyň uzak möhletli maksatlarynyň gabat gelmegi biziň amala aşyrýan daşary syýasatymyzyň esasyny düzýär diýip belledi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralarynyň birnäçesiniň düzümine saýlanmagy biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň dünýä bileleşiginiň öz öňünde goýýan wezipelerine laýyk gelýändigine we netijelidigine şaýatlyk edýär.
Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we çözgütlerini goldamak arkaly bu düzümlerde netijeli işleri alyp barýarys. Aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly başlangyçlary we çözgütleri goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa howpsuzlygy, raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we raýatsyzlygyň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek baradaky başlangyçlary ilkinjileriň hatarynda öňe sürdi. Şeýlelikde, 2011-nji ýylda 3318 adamy ýurdumyzyň raýatlygyna kabul etdik. Ýaňy-ýakynda bolsa, ýene-de 786 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, diýip milli Lideriwimz sözüni dowam etdi.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bitarap Türkmenistan üç sany esasy şerte – ygtybarlylyga, açyklyga we howpsuzlyga esaslanýan, sebit we ählumumy derejelerdäki meseleleri çözmäge ýardam berýän parahatçylyk söýüji syýasaty işjeň alyp barýar. Döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyk we dünýäniň dürli ýurtlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özygtyýarly Watanymyzyň we halkymyzyň bähbitlerini nazarda tutup, Türkmenistan mundan beýläk-de bu döredijilik ugruny dowam eder diýip belledi.
Ýurduň alyp barýan içeri syýasaty bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryndan görnüşi ýaly, şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňküsi ýaly ýokary depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Türkmenistanda ähli ugurlarda – önümçilik pudaklarynda, durmuş we gumanitar ulgamlarda amala aşyrýan özgertmeler ýurduň daşary syýasy we daşary ykdysady strategiýasy bilen utgaşykly alnyp barylýar we öz oňat netijelerini berýär. Bu strategiýa, ilkinji nobatda, ýurdumyza maýa goýumlaryny mümkin boldugyça has köp çekmäge, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu ugur kämil tehnologiýalary işjeň ulanýan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary çekmek arkaly özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Makroykdysady syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanda jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegi göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary amala aşyrmak arkaly jemi içerki önümiň yzygiderli artmagyny gazanýarys diýip bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandygyny nygtady. Hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga we zähmet bölünişigine, netijede bolsa, iş orunlaryny artdyrmaga uly itergi berdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, hususy pudaga we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artýar diýip hormatly Prezidentimiz belledi. Geçen döwür bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 8,3 göterim artdy. Ortaça zähmet haklary hem 10,7 göterim köpeldi, milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygyny alamatlandyrýan iki sany esasy görkezijilere ünsi çekdi. Olaryň birinjisi jemi içerki önümiň artmagydyr; Ikinjisi bolsa, ortaça zähmet haklarynyň möçberleriniň köpelmegidir.Ýurdumyzda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi 19 müň amerikan dollaryna golaýdyr. Ýurdumyz boýunça ilata berilýän ýeňillikleri nazara alanyňda, ortaça aýlyk hakynyň möçberleri bir müň amerikan dollaryndan geçýär.
Şunlukda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny belledi. Iri halkara we içerki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda täze gurlan desgalaryň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda 15 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi. Ýaňy-ýakynda täze gurlan senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi bolsa, 4 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Üstünlikli amala aşyrylýan bu işler giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap durmuş-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça anyk maksatlara gönükdirilen, giň gerimli işler amala aşyrylýar diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ähli ýerlerinde köp sanly binalaryň gurlup ulanmaga berlendigini, köp sanly desgalaryň gurluşygynyň üstünlikli dowam edýändigini nygtady. Şolaryň hatarynda yklymlary birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýoluny, häzirki zaman howa menzillerini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalary görkezmek bolar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, ýaşaýyş jaýlary, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, döwrebap çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeniýet öýleri, sport desgalary we senagat kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Soňky on ýylyň dowamynda ýetilen ýene-de bir belent sepgit barada belläp geçmek bilen, milli Liderimiz bu döwürde Türkmenistanda, bilimiň hilini ýokarlanandygyny, bu görkezijiniň bolsa, ähli ugurlarda alyp barýan işlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň esasyny düzýändigini belledi.
Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçirýäris, şeýle hem ykdysady taýdan durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmünde häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu möhüm ugurda döwletimiz tarapyndan iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen uly möçberli maýa goýumlary Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip. Milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylda başlan işlerimiziň depginini birjik-de peseltmän tamamlamak üçin biz entek köp işleri etmelidiris diýip belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dürli döwletlerde bolup geçýän ýaramaz hadysalary, ösüş depgininiň pese düşmegini nazara almak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysadyýetimize täsir edýän daşarky we içerki hadysalary düýpli seljermelidirler. Şunlukda hormatly Prezidentimiz Içerki bazary zerur harytlar we önümler bilen doly üpjün etmek boýunça ähli çäreleri öz wagtynda görmelidirler hem-de bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmelidirler diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, milli Liderimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen köp ugurly, çeýe we sazlaşykly strategiýany amala aşyrmagy dowam etmelidir diýip belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýarys, dünýäniň dürli ýurtlary, aýratyn hem, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Türkmenistan geljekde hem Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmalydyr we sebitde möhüm orny eýelemegini dowam etmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ikinji ýarymynda iri halkara maslahatlarynyň birnäçesini, Bitaraplyk güni mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň we oňa ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Mundan başga-da şu döwürde daşary ýurtlara birnäçe saparlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys, şeýle hem, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini ýurdumyzda kabul ederis diýip, milli Liderimiz belledi.
Wise-premýer A.Goçyýewe we ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, milli Liderimiz makroykdysady dolandyryşy has-da gowulandyrmak, maliýe we bank ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmäge we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda zähmet haklarynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy dowam etmelidigini nygtady. Kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki kärhanalary döretmek, iş orunlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, milli parlament kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda geçirilýän işleri diňe bir dowam etmek bilen çäklenmän, eýsem ýakyn döwür üçin göz öňünde tutulan maksatlardan ugur alyp, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça anyk we netijeli işleri alyp barmaly.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge häzirden girişmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti ýokary derejede durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydyr. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Ýaşulularyň maslahatynyň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini ýtladyp, bu maslahaty geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň, onda 2015-nji ýylda öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Ýurdumyzda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri öňküsi ýaly ýokary depginler bilen dowam etmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewiň, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilowyň ünsüni degişli meselelere çekdi. Biziň döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ij täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda esasy wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň ylmy - tehniki mümkinçiliklerini artdyrmakdan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmekden ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe, bilim ministri G.Mämmedowa ýüzlenip, ýakyn wagtlarda bilim işgärleriniň öňünde ulgamda geçirilýän özgertmeleriň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmakda örän möhüm çäre – talyplary ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek wezipesi durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ähli degişli ýolbaşçylara bu çäräniň ýokary derejede, aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir kemçiliklere we bidüzgünçiliklere ýol berilmän, talaba laýyk geçirilmelidigini ýene-de bir gezek duýduryp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli we zähmetsöýer ýaşlar bilim almalydyr diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem okuw ýylynyň başlanmagyna çenli täze gurlan mekdepleri açyp, ulanmaga bermegiň, öň bar bolan ähli ýokary we orta mekdepleriniň binalarynda abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzda ýene-de möhüm ähmiýetli baýram – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýetip gelýär. Bu baýram hem ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmelidir. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, baýram mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynda täze gurlan desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňüňde durýan möhüm ähmiýetli wezipeler barada durup geçmek bilen, şu ugurda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça, aýratyn-da maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine üns bermelidigini, şeýle hem gowaça ideg edilmegine we pagta ýygymyna taýýarlyk görülmegine degişli ähli meseleleriň göwnejaý çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz wise-premýerler A.Ýazmyradowa, M.Artykowa we A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnama täzeden garamagyň möhümdigini hem-de zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bu ugurda alnyp barylýan işlere gönükdirilýän serişdeleriň möçberine gaýtadan garamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynda suwyň tygşytly peýdalanylmagyna, ekin ekilýän meýdanlarda suwy tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna degişli mesedä ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa, gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, milli gurluşyk kärhanalarynyň we gurluşyk senagaty pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we kuwwatyny artdyrmagyň möhüm wezipedigine ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz binalaryň we desgalaryň gurluşygyna milli gurluşyk kompaniýalaryny we firmalary, şol sanda hususy kompaniýalary giňden çekmelidigini belledi.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň we desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlap, ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykdla, döwlet Baştutanymyz şu ýylda ýurtda umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 419 sany iri desganyň gurluşygynyň tamamlanylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Täze okuw ýylyna, şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramy -- mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna çenli bu senelere gabatlanyp, tabşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli desgalar gurlup gutarylmalydyr we ulanmaga berilmelidir. Ýurdumyzyň baş baýramyna – Garaşsyzlyk gününe ýokary derejede we gowy taýýarlyk görlüp, ony biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanyp, belent sepgitlere ýetip garşylamalydyrys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Milli Liderimiz senagat toplumyny ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, wise-premýer B.Ereşowy we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni bar bolan senagat kärhanalaryny innowasiýalaryň binýadynda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, täze kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmäge çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem hususy pudaga degişli senagat kärhanalaryna ýakyndan goldaw bermegiň, ýokary hak tölenýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri talap edýän iş orunlarynyň sanyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň binýadynda önümçilik toplumlaryny döretmek we ösdürmek üçin netijeli çäreleri görmek möhümdir. Gurluşyk pudagyna degişli täze kärhanalary döretmäge, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutjak önümçiligi ýola goýmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Minisitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa, Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, medeniýet ulgamynyň öňünde hem jogapkärli wezipeleriň birnäçesini goýdy. Bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy maksady ony täze, has belent derejä çykarmakdyr, biziň ýurdumyzyň dünýäniň durli döwletleri we sebitleri bilen medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdyr.
Hususan-da, milli Liderimiz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna çenli teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek üçin gyzykly we täsirli gepleşikleriň taýýarlanmalydygyny, teatrlarda biziň edermen halkymyzyň belent gazananlaryny wasp edýän täze sahna eserlerini goýmalydygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer B.Hojamuhammedowa, uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, nebit we gaz geçirijilerini ýokary hilli gurmagy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady . Şunda milli Liderimiz täze nebitgaz ýataklarynyň açylmagyna we öň bar bolanlarynyň özleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag we aragatnaşyk pudaklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine geçmek bilen, häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny çalt depginlerde ösdürmegiň, müşderilere we ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça maksada laýyk çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Wise-premýer S.Satlykowyň we ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge çekmek bilen, milli Liderimiz, hususan-da, oktýabr aýynda Demirgazyk–Günorta demir ýolunyň gurluşygyny hökman tamamlamalydygyny belläp, eýýäm häzirden bu halkara polat ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görmäge girişmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzyň telekeçilerine giňden goldaw bermegi, hususy gazet-žurnallary döretmek boýunça alnyp barylýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Öz çykyşymy tamamlap, umuman, şu ýylyň alty aýynda ähli ugurlar boýunça oňat netijeleriň gazanylandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna 8-nji iýuldan 20-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy. Şonda olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, beýleki şypahanalarda – Arçmanda, Ýylysuwda, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde hem dynç alyp bilerler. 20-nji iýulda bolsa ýurdumyzda Galla baýramy dabaraly belleniler diýip, döwlet Baştutanymyz bu baýrama degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmalydygyny ýatlatdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.