Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

view-icon 724
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň barşynda käbir resminamalaryň taslamalaryna, ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ugurlaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary, desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýylykda, kadalaşdyryjy – hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, döwlet kärhanalaryny we desgalaryny hususylaşdyrmak, olaryň binýadynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, telekeçileriň maliýe serişdelerini ykdysadyýete giňden çekmek, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy eýeçiligiň paýyny artdyrmak hem-de önümçilikleri hususylaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda senagat önümçiligini artdyrmak, onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyny ýokary depginde ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň halkymyzyň abadançylygynyň has-da gowulandyrylmagyny, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini şertlendirýändigini belledi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelerde, ýurdumyzyň häzirki zaman hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýän ýörelgelerde hususy telekeçiligiň möhüm ornunyň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň, işewürleriň yzygiderli artýandygyny nazarda tutup, welaýatlarda Daşary işler ministrliginiň wekilhanalaryny açmak bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary, abraýly halkara guramalary we öňdebaryjy sebitleri bilen ýola goýýan ýygjam gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi, umuman, oňlap, bu babatda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň döwrebap kanunçylyk – hukuk binýadyny döretmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek boýunça parlamentňi öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli bolmagy ugrunda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly seneler mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän dabaralar, halkara derejesindäki medeni hyzmatdaşlygyň meýilanamalary we beýleki medeni çäreleri guramagyň medeni maksatnamalary we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň has-da baýlaşmagyny üpjün etmek boýunça medeniýet we sungat ussatlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiz şu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda guralýan medeni çäreleriň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olarda halkymyzyň baý medeni-ruhy mirasyny, asylly dessurlaryny açyp görkezmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmeginde, Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagynda şypahana ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini nygtap, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, dynç alyş-şypahana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmelidigini aýtdy we bu babatda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulgamyň işini kämilleşdirmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak we bu ugra telekeçileri işjeň çekmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, möhleti geçen oba hojalyk tehnikalarynyň 3 müň 657-siniň hasapdan öçürilendigini, olary kärendeçilere we ýer eýelerine bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän obasenagat toplumynyň pudaklarynyň işine täze usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz kärendeçilere we ýer eýelerine hasapdan öçürilen oba hojalyk tehnikalaryny tölegsiz bermek bilen baglanyşykly meseleleri, umuman, oňlap, wise-premýere bu babatda welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Esasan-da, wise-premýer raýatlardan gelip gowuşýan arzalary, ýüztutmalary öwrenmek hem-de seljermek we degerli netije çykarmak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuş üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna, bu ugurda zerur şertleriň döredilimegine gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalaryň degişli düzümler bilen bilelikde seljerilmelidigini, olarda öňe sürülýän pikirleriň, başlangyçlaryň içgin öwrenilip, olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra bilelikdäki mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, ulgamyň köpugurly esasda ösdürilmegini üpjün edýän zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Kuwwatly energetika döwleti bolup durýan Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere bu pudagyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulgamynyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, onuň häzirki döwürdäki ähmiýeti barha ýokarlanýar, hut şu nukdaýnazardan ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi, olaryň täze ugurlarynyň açylmagy möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa ýol-gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze ýollary gurmak, ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerine örän jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidigini nygtap, milli Liderimiz döwlet we halkara ähmiýetli ulag ýollaryny çekmek, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçilikleriniň has-da artmagyny şertlendirjekdigini aýratyn belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine täze bellenen B.Ereşowa ýüzlenip, Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň bökdençsiz amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň senagat düzümine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmagyň, olaryň önümçiliginiň depginlerini ýokarlandyrmagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipesidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow öz gezeginde gözegçildik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap Söwda merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulmagy meýilleşdirilýän kottejler toplumynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, Türkmenistanda öndürilen önümleri daşary ýurt bazarlaryna ugratmak bilen baglanyşykly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berilýän Söwda merkeziniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gurulýan we gurluşygyna badalga berilýän döwrebap desgalarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi, olarda zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň mejlise gatnaşýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdan umumy hasabatyny diňledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri umumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak hem-de döwlet ösüşiniň meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, bu ulgamlarda ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, harby gullukçylar, olaryň maşgalalary üçin iň amatly gulluk we durmuş şertlerini üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy. Watandaşlarymyzyň rahat we abadan durmuşy ýaly mukaddesligi goraýan harbylaryň harby we watançylyk terbiýesini hemişelik kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işlere jogapkärçilikli çemeleşemek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikde geçirilýän mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň häzirki döwürde sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, paýtagtymyzy durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, adamlaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini nygtap, bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz, esasan-da, welaýatlaryň häkimlerine sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini hem-de ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwarymly ekerançylygyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de ekinleriň her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini saýlap almak bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini-de meýdanda galdyrman ýygnap almak, hasyly göwnejaý derejede saklamak we işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, sebit merkezlerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän derejedäki köp gatly awtoduralgalary gurmak, her welaýatda ýolagçy ulag terminallaryny bina etmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek we degişli düzümler bilen bilelikde şu wezipelerden gelip çykýan meseleleri çözmek, zerur taslamalary işläp taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa ýüzlenip, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde has netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda döwrüň talabyna laýyk gelýän çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.