Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

view-icon 826
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Nagendra Prasady kabul etdi.

Resmi taýdan kabul etmäge wagt tapandygy hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat Türkmenistanyň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli sözlerini ýetirdi. Olar ähli esasy ulgamlarda netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Milli Liderimiz myhmany mähirli garşylap, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Günorta Aziýa döwletleri, hususan-da, sebit möçberinde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde strategik hyzmatdaş bolan Hindistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçä ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň we Hindistanyň möhüm halkara meselelerine çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň umumylygy ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kesgitleýär. Bu bolsa geçen ýyllaryň içinde ýola goýlan ähli ugurlar boýunça netijeli özara hereketleri mundan beýläk-de giňeltmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Iki ýurduň depginli ösýän milli ykdysadyýetine bar bolan özara gyzyklanmany hem-de biri-biriniň üstüniň ýetirilmegini hasaba almak arkaly ägirt uly mümkinçilige eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalaryň, ilkinji nobatda, yklymda iň iri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň geljegine ilkinji derejeli ähmiýet berildi. Bu taslama boýunça Ýolbaşçy komitetiň şu gün Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisi taslamany işjeňleşdirmäge bagyşlandy.

Şu ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginleriniň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek işini dowam etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Taraplaryň pikirine görä, däp bolan medeni-gumanitar aragatnaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemişelik esasda geçirilýän Medeniýet günleri, wekiliýetleriň özara alşylmagy, dürli ylmy we döredijilik maslahatlary ýardam edýär.

Mähirli kabul edilendigi hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumy boýunça geçirilen netijeli pikir alyşmalar üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, diplomat dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak hem-de Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin hemme tagallalary etjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine doly gabat gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşylgyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.