Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

view-icon 738
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde täze gurulýan Hökümet binasynda işleriň barşy bilen tanyşydy.

Aşgabadyň binagärlik toplumy seýilgähleri we medeni-dynç alyş künjekleri bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň ýatda galyjy ajaýyp keşbini döredýär. Paýtagtymyzyň gözel keşbine inžener-tehniki düzüminiň desgalary, şol sanda Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň gözelligini artdyrýan özboluşly binagärlik sungatynyň nusgasy hökmünde, şol sanda ýol aýrytlary hem sazlaşykly goşulýar. Şunda Aşgabatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady adamlaryň ýokary durmuş ülňüleriniň üpjün edilmegi bolup durýar

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Görogly we Ç.Nurymow köçeleriniň arasynda bina edilýän Türkmenistanyň Hökümet binasyna geldi. Mälim bolşy ýaly, ony gurmak “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Bu kompaniýa ozal paýtagtymyzda döwrebap “Aşgabat” kino toplumyny gurdy.

Bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Hökümet binasynyň açylyş dabarasyna düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň Kemala gelýän tjäze binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilip bina edilýän desganyň aýratyn derejesine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş otaglaryny gözden geçirdi we olaryň içki bezeg işleri bilen gyzyklandy. “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň wekili Şarl Santer bu möhüm täze gurluşykda işleriň tamamlanandygy barada hasabat berip, häzirki wagtda binany iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede enjamlaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu ýerde iň döwrebap tehniki enjamlar oturdylypdyr we işgärleri üçin zerur bolan iş şertleri döredilipdir.

Hökümet binasynyň otaglary bilen tanyşmagynyň barşynda hormatly Prezidentimiz bezeg işleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz Hökümet binasynyň içki bezeglerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman öňdebaryjy gurluşyk usullarynyň sazlaşmalydygyny nygtady. Bu ýerde dürli mejlisleri we duşuşyklary geçirmek üçin hemme amatlyklar döredilmelidir. Mitlli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umuman, bu ajaýyp binanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeleriniň, onuň döredijilik mazmunynyň we belent ruhunyň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňini dowam edip, bu künjekde bina edilýän desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, meýdançada we seýilgäh zolagynda ugurdaş düzümleriň döredilmegine ünsi çekip, olarda oturdyljak yşyklandyryş sütünleriniň, ekiljek bag nahallaryň, dürli gülleriň şu künjegiň aýratynlygy, tebigy şertleri bilen utgaşmalydygyny belledi.

Soňra “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň wekili Şarl Santer hormatly Prezidentimize edilen işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, binada tamamlanyp barýan işler, şol sanda binanyň daşky bezegine, onuň töwereginiň abadanlaşdyrylmagyna we bagy-bossanlyga bürelmegine degişli alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy.

Häzirki wagtda ajaýyp köşkler, edaralar, amatly ýaşaýyş toplumlary bezeýän Aşgabady sebitiň “binagärlik merjeni” diýip, mynasyp atlandyrýarlar. Bu derejäni seýilgäh gözelligini döretmek ulgamynda innowasiýalar hem tassyklamalydyr. Şoňa görä-de, şäheriň seýilgäh zolaklarynyň bezeg işleri aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar.

Bu ýerde özleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ymtylmalarynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu fransuz kompaniýasy tarapyndan ýakyn geljekde Aşgabatda bina edimegi meýilleşdirýän täze desgalaryň taslamalary görkezildi.

Fransuz hyzmatdaşlaryň teklipleri bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy, olaryň käbirleriniň üstünde täzeden işlemegi, şeýle hem gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmalydygyny hem-de bina edilýän desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umuman, paýtagtyň desgalary we binalary barada aýtmak bilen, häzirki döwürde bu ýerde bina edilýän belent ak mermerli binalaryň bezeg işleriniň nusgalyk derejede amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunda milli Liderimiz olarda zähmet çekjekleriň netijeli işlemekleri üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, şeýle hem binalar gurlanda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşmagynyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde diňe sebitiň däl, eýsem, dünýäniň ykrar edilen parahatçylyk dörediji, işewür we medeni merkezi hökmünde Türkmenistanyň abraýy hemişe ýokary galýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz wekilçilikli halkara maslahatlaryny yzygiderli kabul edýär. Munuň özi bu wajyp çäreleri guramak we geçirmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutýan döwrebap binalaryň gurulmagyny şertlendirýär.

Şu babatda milli Liderimiz Aşgabadyň syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, sýahatçylyk we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara ähmiýetli merkeze öwrülendigine ünsi çekip, onuň ähli ölçegler boýunça öz ýokary derejesine laýyk gelmelidigini belledi.

Öz gezeginde “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyza Türkmenistandaky iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryna gatnaşmaga kompaniýa bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Fransuz kompaniýasynyň özüniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, ol kompaniýanyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny mundan beýläk-de mynasyp berjaý etmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Binany gözden geçirmegi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.