Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

view-icon 787
Ozal habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 8-20-nji iýul aralygynda dynç alyşa çykmaga ygtyýar berýändigini aýtdy. Şu gün, dynç alşyň ilkinji gününde boş wagtlaryny sport, at üstünde gezim etmek, täze kitabyň üstünde işlemek bilen meşgullanmaga bagyşlamagy özi üçin endige öwren milli Liderimiz öz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, at münmek bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi.

Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Milli Liderimiz halypa çapyksuwar, “behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan we olaryň edim-gylymlaryna, hüý-häsiýetlerine belet bolmak bilen, däbe görä, bedewler bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna at çapmagyň inçe tilsimleri, eýerde ykjam oturmalydygy, jylawyň tutuş usullary, şeýle hem at çapýanyň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy bilen baglanyşykly birnäçe öwüt-ündewleri berdi. Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň agtygy atasynyň göreldesine eýerip, hoşgylaw we duýgur atlara uly kanagatlanma duýgusy bilen ideg etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň atlara bolan mähirli garaýşyny synlanyňda, milli Liderimiziň bedewlere bolan söýgi-mertebesiniň belentdigine göz ýetirýärsiň. Hut şonuň üçin milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şöhratly tohumynyň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar.

Ýeri gelende aýtsak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar, olar öz aýdyň netijelerini hem berýär.

Bulardan başga-da, ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, eýesine wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar we suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň agtygy Garahan atly bedewi bilen çapuw ýodasyna çykdy. Bu görnüş agtygyň at çapmak ýaly örän çylşyrymly we jogapkärli hünäre bolan höwesiniň hem-de yhlasynyň netijesidir.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançly wakadyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular nesilleriň yzygiderliligini alamatlandyryp, bedewe bolan söýginiň we sarpanyň ýaşuly nesilden ýaş nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda saklanýan bedewler bilen didarlaşyp, Dosthan atly ajaýyp bedewde gezelenç etdi.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz- tagallasy bilen “behişdi bedew” halkymyzyň ileri tutýan milli ugurlarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça berjaý edilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar, şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymy milli mukaddeslikleriniň dikeldilmegine gönükdirilen syýasatynda ahalteke bedewleriniň, türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň at-abraýynyň dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, şol mukaddeslikleriň arasynda ahalteke bedewlerine hem aýratyn orun degişlidir. Şol at-abraý türkmen çapyksuwarlarynyň halkara bäsleşiklerinde we ýaryşlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagynyň netijesinde barha artýar.

Gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňy heýjana salyp, buýsanç duýgusyny döredýän nurana bedewlerimiz ynsan gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşulyp, dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň birine öwrüldi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň bedew badyna meňzedilmegi hem ýöne ýerden däldir. Çünki eziz Watanymyzyň bu okgunly ösüşi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň: “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen watançylyk çagyryşyna joşgunly eýerýän türkmen halkynyň ruhubelentligini şöhlelendirýär.

Milli Liderimiz we agtygy atly gezelenji tamamlap, bedewleri athana alyp geldiler. Olara ideg etmek bilen, döwlet Baştutanymyz agtygy bilen bu ýerden ugradylar.