Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit we tebigy serişdeler ministri jenap Şahid Hakan Abbasini kabul etdi. Ol “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilenligi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna Pakistanyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň mähirli salamyny gowşurdy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, jenap Şahid Hakan Ablasy ýyl-ýyldan ajaýyp keşbe girýän Aşgabat şäheriniň binagärlik gözelligine we türkmen döwletiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanda gazanylýan ägirt uly üstünilklere tüýs ýürekden buýsanýandygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistan bilen Pakistany deňhukuklylyk esasynda guralýan öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz özüniň “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirip, dünýäniň ähli döwletleri, ilkinji nobatda, möhüm sebit we sebitara ähmiýetli taslamalary, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bolup çykyş edýän ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, türkmen paýtagtynda TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň we Tehniki iş toparynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilýändigi, şeýle hem dünýäniň işewür toparlarynyň, hususan-da, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we geljekki maýadarlaryň ünsüni täze ýangyç geçirijisine çekýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Jenap Şahid Hakan Abbasi transmilli TOPH gaz geçirijisini gurmagyň möhümdigini aýratyn bellemek bilen, Pakistanyň bu iri möçberli taslamany tiz durmuşa geçirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini we bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň gaz ulgamynda oňyn döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etjekdigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň işine üstünlikler arzuw edip, ýakyn geljekde türkmen tebigy gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimdigini nygtady. Şol strategiýa bolsa energiýa serişdelerini dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze energetika köprüsi taslama gatnaşýan ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitlidir, şunuň bilen birlikde, onuň ähmiýeti has uludyr. Eýýäm häzirden TOPH taslamasy barada geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky hem-de tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy üpjün etmäge ukyply birleşdiriji we durnuklaşdyryjy ýagdaý hökmünde aýtmak bolar.
Duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tassaduk Hussain gatnaşdy.