Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tomas Winklerden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Daniýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, dünýäniň beýleki döwletleri bilen köptaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, ählumumy oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini nygtady.
Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekil Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy hem-de ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we baştutanlygynda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň dünýä ykdysady hem-de maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýän ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Biziň ýurdumyzda sebitleriň durmuş ähmiýetli düzümlerini ösdürmäge, hususan-da, oba ýerlerinde häzirki zaman mekdepleriniň, hassahanalaryň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeni, sport we sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilýändigi nygtalyp geçildi.
Mejlisiň ýolbaşçysy milli parlamentiň düzümi we köptaraplaýyn işiniň ugurlary barada gürrüň bermek bilen, Mejlisiň işiniň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşine ýardam berýän özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.
Diplomat öz nobatynda Daniýada halkara syýasy derejesinde ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge we ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň işjeň ykdysady we demokratik ösüşlerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.
Türkmen-daniýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň nebitgaz çykarmakda, şol sanda deňiz çäklerinde uglewodorod serişdelerini gazyp almakdaky tejribelerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyldy. Iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde oba hojalygy, deňizde gämi gatnawlary görkezildi, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem deglip geçildi.
Şu gün Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tomas Winkler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Biziň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we türkmen paýtagtynyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.

* * *