Şu gün dynç alyş wagtyny işjeň geçirmegiň nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen welosipedli gezelenç etdi.
Säheriň sergin çagynda bu künjegiň howasynyň hoştaplygy, dag etekleriniň gözelligi, dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda ornuny berkidýän paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi ynsan ruhuny göterýär. Dag eteginiň bu künjeginden gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen nurana görke giren Aşgabadyň keşbi has-da aýdyň görünýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany – sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz edijisi şunda hemmelere aýdyň görelde görkezýär. Milli Liderimiz yzygiderli türgenleşik geçmegiň adamy diňe bir beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, özüňe erk etmegi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýär diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Ine, şu gün irden hem köpýyllyk endigine eýerip, milli Liderimiz sport bilen meşgullandy. Welosipedli gezelenje ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem goşuldy. Köpetdagyň eteginden başlanan welosiped ýörişine ýolbaşçylyk etmek bilen döwlet Baştutanymyz nobatdaky gezek kämil beden taplygyny görkezdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesilleriň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegine, uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama esasynda işjeň häsiýete eýe bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda birnäçe anyk we yzygiderli çäreler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda umumymilli oýunlaryň, sportuň durüli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we sport ulgamynyň maddy-enjamlaýn binýadynyň yzygiderdi pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň bu meşhur görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegine, ilatyň welosiped sporty bilen köpçülikleýin meşgullanmagyna gönükdirilen “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” kararyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy göreldesi bilen bu Kararyň ähmiýetini nygtap, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda watandaşlarymyzyň müňlerçesi bilen köpçülikleýin welosipedli gezelenje gatnaşdy, bu çäre ýurdumyzda sagaldyş herekedini ösdürmäge, welosiped sportuny goldamaga we tutuşlygyna sporty wagyz etmäge uly goşant boldy.
Bu gezekki welosipedli gezelenjiň ugry paýtagtymyzyň günorta böleginden hem geçdi, ol ýerde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbine aýratyn gözellik çaýýan ak mermerli binalar emele geldi. Oklaw ýaly göni we giň şaýollar, aýratyn bezegli çyralar, suw çüwdürimleri, gök zolaklar kalbyňda guwanç duýgusyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň bu künjeginde oturdylan, halkymyzyň milli buýsanjy we gymmatlygy bolan, keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilen meşhur Ýanardagyň ajaýyp suw çüwdürimli heýkeliniň töwereginden welosipedinde birnäçe gezek aýlaw edip, öz ýoluny dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz gezelenjiň barşynda öz ýanyndaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşlikde esgerleriň harby-watançylyk terbiýesiniň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmäge ünsi çekip, degişli çäreleriň işjeň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Bularyň ählisi Watan goragçylarynyň beden taýdan kämilligini we ahlak ruhuny ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň saglygyny üpjün etmäge, şeýle hem ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň netijeli durmuşa geçirilmegi häzirki döwüriň möhüm talaby bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki welosipedli gezelenjini tamamlamak bilen, diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak we wagyz etmek boýunça ähli çäreleriň geçirilmegi, munuň üçin soňky ýyllarda döredilen häzirki zaman sport desgalarynyň tutuş toplumynyň netijeli peýdalanylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe – türkmen döwletiniň iň täze taryhynyň häsiýetli aýratynlygy bolmalydyr diýip nygtady.