Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara demir ýolunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady we Bereket-Etrek – Akýaýla demir ýolunyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli düzümiň döredilişi bilen tanyşdy. Bu ýol Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli demir ýolunyň möhüm bölegi bolup durýar. Irden döwlet Baştutanymyz dikuçarda bu halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşen Etrek stansiýasyna tarap ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Bereket-Etrek demir ýolunyň 256 kilometr uzynlykdaky bölegini çekmek işi tamamlandy. Onuň ugrunda degişli inženerçilik desgalarynyň, stansiýalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 11-nji maýynda halkara demir ýolunyň Demirgazyk-Günorta üstaşyr- ulag geçelgesiniň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berlendiginiň bellemek gerek, onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça bu uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär hem-de sebit we ählumumy derejede netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berer.
Galyberse-de, Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýoly ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmekde, Aziýada durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna, netijellilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgelere esaslanmak arkaly, goşulyşmagyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermekde geosyýasatyň möhüm ähmiýetli ýagdaýy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ulag ulgamy ählumumy ykdysadyýetiň esasy düzümleriniň biri bolup, dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we kadalaşdyrylmagyna gös-göni täsirini ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde, bu taslama iş ýüzünde maksadalaýyk bolmak bilen çäklenmän, durmuşda-da möhüm ähmiýete eýedir, çünki şunda demir ýolunyň ugrunda ähli zerur we döwrebap düzümi hem-de täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyz geografiki taýdan amatly ýerde – sebitdäki we sebitara gatnaw ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr geçirmek we ulag babatda örän uly kuwwata eýe bolup, şondan dolulygyna peýdalanmaga çalyşýar. Milli pudaklaýyn maksatnamalar, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen anyk halkara başlangyçlar hut şuňa gönükdirilendir. Bularyň arasynda Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesini döretmegiň taslamasy we başga-da birnäçe netijeli teklipler bar. Hususan-da , şol teklipler Gündogar-Günbatar ugry, şol sanda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini öz içine alýan täze ugry döretmek arkaly, ulag ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyna degişlidir. Şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman-Katar ulag geçelgesi halkara üstaşyr-ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmelidir. Bu düzümi döretmek baradaky ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde gol çekildi.
Türkmenistanyň TRASEKA – Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmagy-da ykdysady taýdan örän peýdaly bolup durýar. Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň portlaryndan Ýewropanyň uly portlaryna çenli adaty ugur bilen deňeşdirip aýdanyňda, türkmen ulag ulgamynyň oňa goşulmagy ýükleri ýetirmegiň ýolunyň has-da gysgaldylmagyna ýardam berer. Geçen ýylyň iýunynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan –Owganystan—Täjigistan demir ýoly hem şu ugurlara goşulan halatynda, ýurdumyzyň sebit we yklym derejesinde üstaşyr- ulag düzümi hökmündäki ähmiýetiniň has-da artjakdygyny ynamly aýtmak bolar.
Şeýlelikde, Türkmenistan müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa halklaryny baglaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde möhüm orun eýeleýär. Täze taryhy eýýamda bu gadymy ugruň täzeden dikeldilmegi halkara söwdasynyň möçberlerini artdyrmak we ýükleri üstaşyr daşamak boýunça harajatlary azaltmak üçin örän oňaýly şertleri döredýär, munuň özi ählumumy abadançylyk we ösüş ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän Etrek stansiýasyndaky ýörite taýýarlanan meýdançada gondy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz şu ýylyň oktýabr aýynda bu halkara demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamak we häzirden başlap onuň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmäge girişmek baradaky wezipäni öňde goýdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri, Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti alnyp barylýan gurluşyk we beýleki degişli işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Bereket-Etrek demir ýolunyň ugrunda gurulýan demir ýol we inžener – tehniki düzümleriniň desgalarynyň taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň we Uzen – Gyzylgaýa - Bereket – Etrek – Gorgan transmilli demir ýolunyň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow we Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Milli Liderimiziň garamagyna Etrek stansiýasynyň demir ýol menziliniň ýolagçylara niýetlenen garaşylýan otagynyň umumy görnüşiniň, merkezleşdirilen rele ulgamynyň, otlulara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin deponyň desgalarynyň, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen hem-de agyr ýükli konteýnerleri kabul etmäge we ugratmaga niýetlenen meýdançanyň binalar toplumynyň, teplowozlary yzyna döndüriji ýük göterijiligi 280 tonnalyk aýlawyň, Etrek menzilindäki wagonlaryň teker jübütleriniň çalşylýan meýdançasynyň, Akýaýla menzilindäki barlag-goýberiş nokadynyň binasynyň we beýleki desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Bereket-Etrek demir ýolunda döwrebap inženerçilik-tehniki düzüm, şol sanda energiýa we aragatnaşyk üpjünçiligi ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimize demir ýoluň ugrunda gurulýan birnäçe köprüleriň taslamalarynyň görnüşleri hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olar babatda anyk bellikleri we teklipleri aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz demir ýol düzüminiň desgalarynyň ählisiniň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmelidigini hem-de ähli görkezijiler boýunça halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze demir ýolda işlejek hünärmenleriň we işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi. Etrek stansiýasynyň demir ýol menzili barada aýdylanda bolsa, Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň ugrunda ýerleşen beýleki menzillerde bolşy ýaly, bu ýerde hem ýolagçylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň we desgalaryň binagärlik çözgüdi hem-de içki bezegi barada durup geçip, bu babatda hem öňdebaryjy inžener –tehniki işläp taýýarlamalaryň hem-de milli binagärligiň we bezegiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykda täsin bezeg pikiriniň iş ýüzünde ulanylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk-Günorta demir ýoluny gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça ähli işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň hem-de onuň ähli desgalaryny öz möhletinde ulanmaga bermegiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhedine çenli baryp ýetýän Bereket-Etrek-Akýaýla demir ýol böleginiň 256,5 kilometre barabardygyny (sowma we goşmaça ýollar bilen – 325,5 kilometr) bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, tutuşlygyna alanyňda, gazak sähralaryndan başlap, Garagumuň üstünden geçýän polat ýoluň uzynlygy Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gülistan daglyk welaýatyna çenli 928 kilometre deňdir. Onuň iň uzyn şahasy-- 700 kilometrden gowrak bolan uzynlykdaky bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär. Türkmen demir ýol gurluşykçylary gysga wagtyň içinde Bereket şäherinden Gyzylgaýa ilatly ýeriň üstünden Serhetýaka stansiýasynyň ýerleşän ýeri bolan Gazagystanyň serhedine çenli 444 kilometr uzynlykdaky demir ýoly gurdular. Häzirki wagtda günorta ugry boýunça işler güýçli depginde dowam etdirilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýüzugra demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygyny, bu ýerde bar bolan iň häzirki zaman, döwrebap tehnikalary synlady. Şol tehnikalar demir ýoluň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Şondan soň hormatly Prezidentimiz otla münüp, ýolugra gurulýan desgalary, şol sanda demir ýoluň işgärleri hem-de oňa hyzmat edýän işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Milli Liderimiz Bereket-Etrek ýolunyň ugrunda gurulýan köprüniň gurluşygynda alnyp barylýan işlere hem üns berdi. Bu desgada işler döwlet Baştutanymyzyň golaýda gol çeken Kararyna laýyklykda alnyp barylýar.
Otlynyň üstünde hormatly Prezidentimiz bu ýerde dürli maksatlara niýetlenen desgalaryň, hususan-da, demir ýollaryň gurluşygynyň ýokary hilli bolmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz häzir gurulýan halkara demir ýolunyň ýokary talaplara doly laýyk gelmelidigini aýratyn belledi.
Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ekologiýa meselesine hem üns berdi. Türkmenistan bu giň möçberli taslamanyň başyny başlamak bilen, onuň halkara ülňülerine laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmagyň esasynda, ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmek arkaly durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.
Tebigata aýawly garamak, türkmen topragynyň baý haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň we iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň bilen berk baglanyşyklydyr.
Sahawatly türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriniň köp görnüşleri, şeýle hem mineral çeşmeleri bilen meşhurdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda şypahana kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär, tebigy baýlyklary adamlaryň hyzmatynda goýmaga ýardam edýän şypahana we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ýolugra hormatly Prezidentimiz demir ýoluň ugrunda gurulýan ýene-de bir köprüniň golaýynda saklandy. Bu köprüniň gurluşygynda işleriň eýýäm ýarysy ýerine ýetirildi. Milli Liderimizi bu ýerde işçiler, bu desganyň potratçysy bolan “Nata” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz täze köprüniň gurluşygynda işleýän gurluşykçylar bilen mähirli salamlaşyp, soňra bolan söhbetdeşlikde olaryň netijeli işlemegi we durmuşy üçin döredilen şertler, işleriň depgini, täze desganyň zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilişi, täze tehnikalaryň hem-de ýörite enjamlaryň artykmaçlyklary bilen gyzyklandy.
Köpriniň gurluşygynda işleýän işçiler netijeli we öndürijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu desganyň möhletinde we ýokary hilli gurulmagy üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Bu ýerde milli Liderimizi “Consolidated Consultants Engineering and Environment” konsalting kompaniýasynyň (Iordan Haşimit Patyşalygy) wekili garşylady. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň fewral aýynda gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bu kompaniýa bilen degişli maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşdy.
“Consolidated Consultants Engineering and Environment” kompaniýasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi ýaly möhüm meselä aýratyn üns berdi. Munuň özi degişli halkara resminamasynda berkidilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde söhbetdeş bolup duran pursadynda, bulut gelip, ýagyş sepeledi. Tomsuň ortaky aýynda döwlet Baştutanymyz gelende, gudrat bilen nur ýagmagy gowulygyň, ýagşylygyň, rowaçlygyň alamatydyr. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň şagadamynyň düşen ýeriniň rysgal-berekede beslenýändiginiň şaýatnamasydyr. Bu bolsa türkmeniň döwletliliginden nyşandyr.
Milli Liderimiz gurulýan köprini gözden geçirmegi dowam edip, onuň inžener-tehniki häsiýetleri, betonyň we armaturanyň hili bilen gyzyklandy, şeýle desgalaryň ygtybarlylygyny we uzak wagtlap netijeli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, ähli zatlaryň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny nygtady.
“Nata” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza Gyzylgaýa – Bereket – Etrek demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň ugrunda 13 demir ýol köprüsiniň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak barada türkmen tarapy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Şunda döwlet Baştutanymyz Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň häzirki wagtda gurulýan döwrebap awtomobil ýoly bilen kesişmeginiň meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, demir we awtomobil ýollaryny, şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portuny ulanmagyň mümkinçilikleriniň netijeli utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan has doly we netijeli peýdalanmaga hem-de ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolan döwrebap logistika düzümini kemala getirmäge ýardam eder.
Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýolçy işçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Hormatly Prezidentimiziň adyndan desganyň gurluşygynda işleýän işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz köprüniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşlygy tamamlap, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we olara işinde üstünlikler arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz otla münüp, yzyna, Etrek stansiýasyna tarap ugrady.
Etrek stansiýasyna gelenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol pudagynyň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny synlady. Bu binalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Polat gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulýar.
Döwlet Baştutanymyz jaýlaryň howlusyny gözden geçirip, binalaryň taslamalary taýýarlanan mahaly we ýaşaýyş jaýlary gurlanda binagärleriň geljekki öý eýeleriniň teklipleriniň öwrenilmelidigini nygtady. Bir söz bilen aýdylanda, ýaşaýjylar üçin adaty türkmen maşgalasy üçin häsiýetli bolan şertleriň ählisini döretmek wajypdyr.
Milli Liderimiz kömekçi jaýlary üns bilen synlap, olaryň bezeginiň oňatdygyny hem-de geljekki öý eýeleri üçin amatly ýerleşendigini belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içki otaglary, şol sanda döwrebap aşhanany ähli zerur zatlar bilen üpjün etmegi maslahat berdi.
Milli Liderimiz çagalar üçin niýetlenen otagy hem-de beýleki otaglary gözden geçirip, türkmen telekeçileriniň işine, umuman, kanagatlanma bildirdi. Muňa garamazdan, döwlet Baştutanymyz olara howanyň iň yssy günlerinde hem salkyn bolar ýaly, aýazly günlerde bolsa ýyly bolmagy üçin enjamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we timarlaýyş işleriniň hilini, jaýlaryň oýlanyşykly ýerleşişini, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylyşyny, şeýle hem ýerli gurluşyk serişdeleriniň maksadalaýyk seçilip alynmalydygyny we ulanylmalydygyny, munuň bolsa gurluşygyň hiline zyýan ýetirmezden, bahasynyň arzanlamagyna ýardam edýändigini belläp, türkmen telekeçileriniň uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýän bu oňyn tejribäniň işjeň öwrenilmäge hem-de iş ýüzünde ulanylmaga mynasypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary işlenip düzülen mahaly geljekki ýaşaýjylaryň isleglerini göz öňünde tutup, ähli zatlara oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy. Munuň özi täze ýaşaýyş jaýlarynyň has oňaýly bolmagyny üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz tanyşlygyny tamamlap, bular barada birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de dürli maksatly desgalar, jaýlar gurlanda işleriň hiline aýratyn üns berilmelidigi hem-de wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň jemlerini jemläp, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ygtybarly köpri, häzirki döwrüň sebit we halkara ulag düzüminiň aýrylmaz bölegi boljak Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň ähmiýetini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäkleri örän iri dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýän Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugry boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ykdysady nukdaýnazardan hem, wagty tygşytlamakda hem ýükleri ugratmagyň has bähbitli ugruny üpjün eder.
Täze transmilli demir ýolunyň ulanmaga berilmegi taslamany amala aşyrmaga gatnaşýan ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bularyň ählisi adamlaryň abadançylygyny ösdürmäge, durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň we şu wezipeler bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunda milli Liderimiz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüşe üstünlikli goşuluşmagyna ýardam berjek häzirki zaman yklymüsti üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala gelmeginde möhüm baglanyşdyryjy desga hökmündäki ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde-de demir ýol ulgamyny ösdürmek, bu pudagy döwrebap tehnika – teplowozlar, ýolagçy we ýöriteleşdirilen ýük wagonlary, sisternalar, beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmek, demir ýol arkaly gatnawlary artdyrmak we bularyň çägini giňeltmek bilen bagly meselelere içgin üns berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, dikuçar meýdançasyna tarap ugrady.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy milli lybasdaky gyzlar ter gül desseleri bilen garşyladylar. Milli Liderimiz dikuçaryna münmezden öňürti şol gyzlar bilen gürrüňdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz olaryň näme bilen meşgullanýandyklary, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary, umuman, oba durmuşy bilen içgin gyzyklandy.
Gyzlar özleriniň tikinçilik bilen meşgullanýandyklaryny, el işlerini ýöretmek ýaly ene-mamalardan miras galan bu hünäriň eýeleridiklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar. Şunuň bilen baglanyşykly gürrüňini dowam edip, döwlet Baştutanymyz oba ýaşlarynyň, haýsy hünärler bilen gyzyklanýandyklaryny sorady. Gyz-gelinleriň esasan haly dokamak, tikin tikmek işlerini ýerine ýetirýändiklerini, erkek kişileriň bolsa maldarçylyk, kärendeçilik, demir ýol ulgamynda zähmet çekýändiklerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz gyzlaryň ene-atalarynyň, maşgala agzalarynyň hal-ahwallary, ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
Gürrüňdeşligiň barşynda gyzlar adamlaryň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy bilen gurulýan Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň doly işläp başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny, onuň ulanmaga tabşyrylmagynyň örän bähbitli boljakdygyny tüýs ýürekden syzdyryp aýtdylar we munuň üçin döwlet Baştutanymyza obadaşlarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiz olaryň sözlerine minnetdarlyk bildirip, bu işleriň diňe halkyň we ýurduň bähbidi, raýatlarymyzyň abadan we eşretli durmuşyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýandygyny belledi. Täze demir ýol boýunça gatnawlar ýola goýlup, doly kuwwatynda işäp başlansoň, oba adamlary,esasan-da, ýaşlar üçin täze iş orunlary dörär diýip, hormatly Prezidentimiz şeýle işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Bu babatdaky gürrüňiniň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyny we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilen işler barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz obany düýpli galkyndyrmak, onuň ösen döwrebap derejeli durmuş düzümini kemala getirmek esasy aladamyzdyr diýip, döwletimiziň bu wajyp meselä geljekde hem uly üns berjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz obany toplumlaýyn ösdürmek barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa ýüzlenip, oba meseleleri boýunça, hususan-da, adamlaryň isleglerinden gelip çykýan anyk ýagdaýlary ýerinde öwrenmek üçin parlamentiň deputatlarynyň oba durmuşy, oba ýaşaýjylarynyň hal-ahwallary bilen has içgin tanyşmaklarynyň we durmuş ähmiýetli kanunlar işlenip taýýarlananda, şol esasdan ugur alynmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýerlerde medeniýet ulgamyny ösdürmek we bu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna ünsi güýçlendirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Gürrüňdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz gyzlara ýüzlenip: “Ene-ataňyza salam aýdyň” diýip, olar bilen hoşlaşmak bilen bu ýerden ugrady.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Türkmenbaşy şäherine ugrady.