Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda uzalyp gidýän Awazadan 80 kilometr uzaklykda ýerleşýän we melhem suwly çeşmeleri bolan Garşy diýen ýere bardy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Gazagystan -Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň bir bölegi bolan Bereket-Etrek-Akýaýla demir ýolunyň we degişli düzümiň gurluşygyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Irden hormatly Prezidentimiziň dikuçary Hazaryň kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän “Garşy” sagaldyş toplumynyň ýanyndaky ýörite meýdançada gondy. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaralyr, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşylaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, hut milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli saglygy goraýyş we şypahana – sagaldyş ugurly edaralaryň – döwrebap lukmançylyk ylmy-kliniki edaralaryň, saglyk merkezleriniň, şypahanalaryň we dynç alyş öýleriniň gurluşygyna hem-de durkunyň täzelenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, bular üpjün edilişi we hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Hut döwlet Baştutanymyzyň howandarlyk etmegi bilen, düýpli döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde bu ulgam mümkinçiliklerini we serişdelerini ep-esli artdyrdy. Diňe bir soňky ýyllarda Türkmenistanda “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap” şypahanalarynyň durky täzelenildi we täze binalar ulanmaga berildi. Täsin galdyrýan “Mollagara” şypahanasynyň durky täzelenildi, Aşgabat şäherinde bolsa “Berzeňňi”şypahanasynyň täze binasy guruldy we ozal bar bolan binalaryň durky täzelenildi. Geçen aýda bolsa Daşoguzdaky şypahananyň täze we döwrebap binalary ulanmaga berildi.
Milli Liderimiz bejeriş-şypahana bilen bagly işiň kämilleşdirilmegine içgin üns berýär. Saglyga degişli ulgamy, sagaldyş-dynç alyş we syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň belli şypahanalaryny döwrebaplaşdyrmak we entek düýpli öwrenilmedik, ýöne bejeriş babatda uly mümkinçiliklere eýe bolan ýerleri özleşdirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite taýýarlana ýerde goýlan taslamalaryň ýanyna bardy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ýurdumyzda gurulmagy meýilleşdirilýän suw süýjediji desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Tanyşdyryşyň barşynda wise-premýer Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan we gurulýan ähli täze binalar ýaly, bu desganyň hem dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk geljekdigini aýtdy. Suwy süýjütmek boýunça Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 780 müň kub metre barabar suw süýjediji bu toplum döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Suwy süýjütmek, arassalamak, taýýarlamak we suw geçiriji arkaly akdyrmak boýunça tehnologik amallar ygtybarly kompýuter ulgamy bilen dolandyrylar. Şeýle hem bu ulgam arkaly şol işlere gözegçilik ediler. Has täze tehnologiýalar, hususan-da, süzüji ýörite desga we beýleki enjamlar süýjedilen suwuň arassalygynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün eder.
Toplumyň düzüminde suw ýygnaýjy desgalar bar, bular şeýle hem zawodyň işini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin dürli kuwwatlykly täze elektrik beketlerini gurmak göz öňünde tutulýar.
Suwu süýjetmek boýunça zawodyň gurluşygy inženerçilik-kommunikasion düzümi düýpli täzelemek baradaky iri maýa goýumly taslamanyň bir bölegi bolup durýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şol taslama welaýatda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A. Mezilow ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alymlaryň geçirýän işleri barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň suw serişdelerini ylmy esasda öwrenmek, suw arassalaýjy desgalar gurlanda ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak babatda geçirilýän işler barada aýtdy.
Suw hojalyk ministri S.Taganow ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler, ýurdumyzda täze suw desgalaryny gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow ekologiýa taýdan arassa türkmen tebigatyny gorap saklamak, täze gurulýan dürli maksatly desgalarda ekologiýa babatda howpsuzlygy üpjün etmek barada geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslama bilen tanşyp, birnäçe anyk teklipleri aýtdy we käbir düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz suw süýjediji toplumyň esasy, şeýle hem goşmaça desgalarynyň, şol sanda energetika, inženerçilik-tehniki düzüminiň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna hem-de bularyň iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Hususan-da, milli Liderimiz türkmenistanlylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada durup geçip, degişli ýolbaşçylara Baş maksatnamany yzygiderli berjaý etmegi tabşyrdy. Bu maksatnamada anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy we bularyň amala aşyrylmagyna ylmy taýdan we oýlanyşykly çemeleşilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek täze Tehnologiýalar merkeziniň uly ähmiýete eýedigini nygtap, munuň türkmen alymlarynyň ylym we döredijilik babatdaky örän uly mümkinçiliklerinden peýdalanylmagynyň başlangyjy bolup durýandygyny belledi. Şu merkezde ediljek ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar ýurdumyzyň ylmynyň dünýädäki ylmy giňişlige goşulyşmagyna güýçli itergi berer.
Dünýä ylmynyň gazananlaryny göz öňünde tutmak arkaly gurlan Tehnologiýalar merkezinde alymlarymyzyň täze açyşlar üçin ylmy barlaglary we synaglary geçirmegine üçin ähli şertler döredildi. Oba hojalygynda suw çeşmeleriniň ýagdaýy we artmagy boýunça seljerme işlerini amala aşyrmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleleriň döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna geçirmegiň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny hem-de şunda az galyndyly, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny we bularyň hojalygy ýöredýän taraplar üçin amatly boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary boýunça barlaghanada ylmy-barlag işlerini guramagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz tebigaty goramagyň we daşky gurşawy ýagdaýynyň gowulandyrmagyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ileri tutýan ugurlardygyny belläp, tebigy gurşawyň milli baýlygyň möhüm düzümi hökmünde durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna goşulandygyny hem-de ilatyň saglygyny, durmuş we ekologiýa abadançylygynyň bitewüdigini aýtdy.
Bu ýerde täze lukmançylyk edaralarynyň taslamalarynyň planşetleri goýlupdyr. Täze taslamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepeso hödürledi. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň döredilmeginiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine çykdy. Aşgabatda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze lukmançylyk edaralarynyň taslamalarynyň şu tanyşdyryşy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze Newrologiýa merkeziniň gurluşygynyň taslamasy hödürlenildi. Lukmançylyk edarasynyň binalarynyň umumy meýdany 23 müň 338 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde tehniki binanyň we awtomobiller üçin duralganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Ýer böleginiň umumy meýdany bolsa 4,5 gektara barabar bolar.
Döwlet Baştutanymyz Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň taslamasy bilen tanyşdy. Merkeziň binalar toplumyna bir bitewi üç ganatly bina toplumy girer. Onda edara binasy, barlaghana we sanjym serişdeleriniň ammary ýerleşer.
Milli Liderimiziň garamagyna Marfologiýa merkeziniň taslamasy hödürlenildi. Ol esasy üç binadan, şol sanda merkezi kazyýet lukmançylygynyň edarasynyň, merkezi patologiki anatomiýa edarasynyň, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birnäçe kafedralarynyň binalaryndan ybarat bolar. Hormatly Prezidentimiz Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň taslamasy bilen hem tanyşdy. Bu merkeziň düzümine okuw merkezli edara binasy, barlaghanalar, wiwarium, şeýle hem göçme barlaghana üçin awtoduralga girer. Bu merkezleri paýtagtymyzyň demirgazygynda bina etmek meýilleşdirilýär.
Beýleki taslamalaryň hatarynda Sagaldyş – dikeldiş merkeziniň taslamasy hödürlenildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz golaýda Balkan welaýatynda iş sapaynda bolanda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda degişli ýolbaşçylara tabşyryk beripdi. Hormatly Prezidentimiziň şol tabşyrygy esasynda taýýarlanan, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagşy meýilleşdirilýän sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olary işläp taýýarlaýjylara binalaryň keşbi hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak babatda bellikleriň we teklipleriň birnäçesini aýtdy, şeýle hem täze desgalaryň gurluşygynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny içgin seljermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe hem-de wise-premýerler A.Goçyýewe we M.Artykowa ýüzlenip, şeýle desgalary gurmakda dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmek we iş ýüzünde ulanmak, ekologiýa talaplaryny nazara almak bilen ähli desgalaryň gurluşygyna döwlet tehniki gözegçiligini amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şunda milli Liderimiz soňky birnäçe ýylyň dowamynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze lukmançylyk edaralarynyň ençemesiniň gurlandygy we häzirki wagtda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda alysdaky obalarda hem gurulýandygyny belledi. Munuň özi ýerlerde ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Garşy diýen ýerde hem täze Sagaldyş-dikeldiş merkeziniň şahamçasyny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň toplumynyň kemala gelýändigine ünsi çekdi. Şol toplumda serhetçiler üçin döwrebap harby hassahana, Halkara trawmotologiýa merkezi bar. Munuň özi “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýerde infuzion erginleri öndürýän kärhana hem ýerleşýär. Ol ýokary tehnologiýalara esaslanan öňdebaryjy önümçilik enjamlary bilen üpjün edildi. Täze kärhana ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ilatymyzy özümizde öndürilýän ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz taslamalar babatda ýene-de birnäçe anyk bellikleri aýdyp, paýtgatymyzda gurulýän täze lukmançylyk desgalarynyň birnäçe bölümden ybarat bolmalydygyny hem-de iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga hem-de saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmäge hemişe uly üns berer, çünki saglyk ynsana berlen uly baýlykdyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplaryny okatmak üçin ähli şertleri döretmek meselesine ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara bu meseläniň üstünde oýlanyşykly işlemegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem bu ýerdäki ýolbaşçylaryň ünsüni binalaryň inžener-tehniki häsiýetnamalary bilen baglanyşykly meselelere çekdi. Taslamalary işläp taýýarlaýjylar we bezegçiler gurulýan desgalaryň bezegine hem-de içki we daşky keşbine döredijilikli çemeleşmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň gurýan desgalarymyzyň ählisi ýokary hilliligi we döwrebaplylygy bilen tapawutlanmalydyr, çünki biz adamlar üçin, olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin gurýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda aýtdy.
Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarýakasynyň golaýynda ýerleşen mineral çeşmä tarap ugrady. Milli Liderimiz bu ýeriň gözel görnüşini synlap, deňziň şu bölegini adamlaryň dynç almagy, suwa düşülýän ýeriň döredilmegi hem-de seýilgäh zolaklarynyň kemala getirilmegi üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Ýeri gelende aýtsak, Balkan welaýatynyň çäginde islendik howa zolaklaryna we dürli görnüşdäki tebigy ýerlere gabat gelmek bolýar. Bu welaýat syýahatçylyk we şypahana-dynç alyş pudagyny ösdürmek üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir. Irki döwürlerden bäri mineral suwly çeşmäniň boýunda ýerleşýän Garşy günbatar welaýatyň esasy gözel tebigy künjekleriniň biri hasaplanýar. Bu ýeriň gözel tebigaty, arassa deňiz howasy we bejeriji suwy adamyň saglygyny dikeltmek hem-de birgiden keselleri bejermek üçin örän oňaýly şertleri döredýär. Bu sagaldyş toplumynyň taryhy 1975-nji ýyldan başlanýar. Ýöne baryp 1957-nji ýylda geologlaryň gözleg-barlag işlerini geçirmeginiň netijesinde, dik burawlanan 87-nji guýuda 20-880 metr aralykdaky çuňlukda fiziki-himiki düzümi boýunça mineral suwuň akymy ýüze çykaryldy.
Ýurdumyzyň hünärmenleriniň hem-de abraýly halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan örän arassa hasaplanylýar. Munuň özi bu ulgamda maksadalaýyk işleriň yzygiderli geçirilýändigi bilen düşündirilýär. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasadyr. Ol sebitiň şypahana-syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwrülmäge gönükdirilendir. Deňziň kenarynda gurulýan desgalaryň ählisiniň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmegi onuň esasy maksatlarynyň biridir.
Gojaman Hazary türkmenistanlylaryň geljekki nesilleri üçin aýawly saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Özümiziň tebigy baýlyklarymyzy rejeli ulanyp, biz olary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdireris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu babatda Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepesow döwlet Baştutanymyza tebigy melhemlik suwuň düzümi barada habar berdiler. Onuň düzüminde azot, natriniň hloridi, has köp möçberdäki brom bar. Onuň minerallaşan we turşulyk derejesi bir kub desimetrde 53,6 mg/dm3 we pH 6,3 deňdir, bejeriji suwuň hemişelik ýylylygy 36 gradusa barabardyr.
Daşary ýurtlardaky giňden belli bolan şypahanalaryň birnäçesinde mineral suwlaryň, esasan, wanna görnüşinde ulanylýan bolsa, Garşydaky mineral suwuň bejeriş görkezijileriniň has köpdügini hem-de şol durşuna (garylmadyk) görnüşde, şeýle hem oňaýly derejede minerallaşýança süýji suw garylan görnüşde ulanylyp biliner.
Organolepsiki görkezijiler boýunça, suw reňksiz, dury, ajymtyk-şor tagamlydyr. Suwdaky erän azot 97 göterime, kömürli angidrit – 1,4 göterime, kislorod -- 0,97 göterime, wodorod – 0,56 göterime, metan – 0,0283 göterime barabardyr. Biologik taýdan işjeň komponentlerden bir kub desimetr suwda brom – 91,4 milligram we ýod – 4,99 mg./dm3 bar. Şunuň bilen baglylykda, “Garşy” mineral suwy bejeriş taýdan giň mümkinçiliklere eýedir hem-de ýürek-damar ulgamyna, dem alyş ýollaryna, merkezi we daşky nerw ulgamyna, daýanç-hereket synalaryna we derä degişli keselleri bejermekde ulanylýar. Bu suw adamyň bedeniniň basym taplanmagyna, immunitetiniň ýokarlanyp, ýokanç kesellere garşy durmagynyň güýçlenmegine ýardam berýär. Alymlar bu mineral suwuň düzümini we dürli kesellere täsirini ylmy taýdan öwrenmegi dowam etdirýärler.
Ýeri gelende aýtsak, howa arkaly bejeriş, balneofizioterapiýa bilen toplumlaýyn görnüşde bejeriş bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde görkezilýän hem-de türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden peýdalanylýan refleksoterapiýa fitoterapiýa degişli usullar netijeli ulanylýar.
Milli Liderimiz mineral suwly çeşmäniň bejeriji häsiýetlerini kesgitlemek boýunça ylmy barlaglaryň toplumyny geçirmegiň möhümdigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň mineral suwlary, bejeriş palçygyny we dermanlyk ösümlikleri netijeli ulanmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlaýandygy nygtaldy. Ýerli çig mal esasynda ýokary hilli dermanlyk serişdeleri öndürmek, lukmançylyk ylmyny ösdürmegiň ugurlaryny düýpgöter täzelemek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylardan Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda biotehnologiýalary, nanotehnologiýalary we maglumatlar tehnologiýalary boýunça toplumlaýyn ylmy işleri, mineral suwlaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek we seljermek boýunça ylmy barlaglary geçirmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çeşmäniň golaýynda aýak çekip, onuň jany şypaly suwundan içip gördi. Soňra milli Liderimiz kenarýakasy boýunça ýoluny dowam edip, melhem mineral suwunyň çeşme arkaly deňze guýýan ýerine bardy.
Bu ýerdäki ähli zatlar – tebigy şertleriniň melhemlik aýratynlyklary, ýerli çeşmeleriň täsin häsiýetleri, arassa deňiz howasy näsaglaryň çalt sagalmagyna ýardam edýär. Türkmen topragy saglygy dikeltmek we saklamak üçin özünde ägirt uly güýji jemleýän melhemler mekanydyr. Dürli ýerleriň ylmy esasda öwrenilmegi, tebigy-howa aýratynlyklarynyň hem-de tebigy – bejeriş häsiýetleriniň netijeli ulanylmagy (mineral suwlar, bejeriş ukyply palçyklar, suw bilen bejermek, suwa düşmek we beýlekiler) Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde şypahana-bejeriş syýahatçylygynda öňdäkileriň hataryna çykarar.
Ýurdumyzyň sagaldyş-şypahana serişdelerinden netijeli peýdalanmak, türkmen şypahanalaryny dikeltmek möhüm umumymilli wezipedir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy we netijelliligi, diýmek, halkymyzyň saglygy şol wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönüden-göni baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýolbaşçylaryň ünsüni şu meselä çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara Garşy diýen ýerde täze şypahanany gurmaga hem-de şypahana zolagyny döretmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk-şypahana kuwwaty barada aýdyp, häzirki wagtda türkmen şypahanalarynyň ählisinde döwrebap bejeriş- keselleri öňüni alyş toplumlarynyň gurlandygyny belledi. Şunda oňaýly howa şertleri, köpsanly tebigy ajaýyplyklaryň we goraghana künjekleriniň, dürli termal we mineral çeşmeleriniň bolmagy Türkmenistany halkara şypahana merkezine öwürmäge mümkinçilik berýär, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň “Türkmenistan –melhemler mekany” atly kitaby ýerli tebigy çeşmeleriň baý bejeriş kuwwatynyň binýadynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanýar. Onda halkara möçberli şypahana merkezi hökmünde ýurdumyzyň ähli uly kuwwaty we mümkinçilikleri açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kitabynda belleýşi ýaly, türkmen topragynda melhemlik ýerler az däldir. Olary açmak we şol ýerlerde ylmy barlaglary geçirmek zerur bolup durýar. Bu baýlyklaryň ählisi mähriban halkymyza hyzmat etmelidir.
Türkmenistanlylaryň abadançylygy barada alada etmek bilen, biz ýurdumyzyň ähli şypahalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän şertleri döretmäge çalyşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we türkmen topragynyň gözel künjeklerinde täze şypahanalaryň gurulmagynyň Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Bu syýasatyň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün etmegiň we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň esasy gurallarynyň biri hökmünde adamyň saglygy baradaky strategiýany öňe sürdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşýan çäksiz goşandy belent watançylygyň aýdyň nusgasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigatyň täsin künjegine – Garşy diýen ýere baryp görmegi milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin ähli şertleri döretmek meselesine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw edip, döwletimiziň mundan beýläk hem bu pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.