Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Hasyl” dynç alyş merkezine gelip, bu ýerde ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen diplomatlarynyň işi Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyny, onuň içeri we daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde wagyz edilmegini, halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň berkidilmegini, şeýle hem daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalary bilen üstünlikli gatnaşyklaryň saklanmagyny göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň wekilleri bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz daşary syýasy ugrumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalara we seçilip alnan ugra laýyklykda biz ähli döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary yzygiderli ösdürýäris diýip belledi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, “açyk gapylar” syýasatyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyna esaslanan daşary syýasaty hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli meseleler boýunça anyk we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, özara bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň käbir daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza daşary ýurtlarda we halkara guramalarynda türkmen döwletiniň bähbitlerine wekilçilik etmekde bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Doly ygtyýarly wekilleriň nygtaýşy ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärlepr. Türkmen döwleti täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam basýar. Doly ygtyýarly wekiller öz gezeginde türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýan jogapkärli we möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen diplomatlaryna eziz Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan hormatly işlerini ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.