Ï “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap söwda toplumy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap söwda toplumy açyldy

view-icon 1234
Şu gün bu ýerde, Hazar deňziniň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş düzüminiň täze desgasynyň – ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy bouýnça gurlan döwrebap söwda toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Nobatdaky açylyş dabarasy munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen mazmuny we göwrümi boýunça örän ägirt bolan taslamany durmuşa geçirmekde ýene bir ädimdir. Bu taslama Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň birnäçe möhüm taraplaryny özünde jemleýär. Olar baý tebigy serişdelerini, özboluşly mümkinçiliklerini we Hazar sebitiniň üstaşyr ulag kuwwatyny netijeli peýdalanmakdan, şu esasda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdan, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyndan ybaratdyr.

Bu ýerde durmuşa geçirilen iri möçberli işleriň netijesinde bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde türkmen topragynyň bu bereketli künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Mejlisiň, şeýle hem paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmalary boýunça ajaýyp myhmanhanalaryň we çagalar dynç alyş merkezleriniň, amatly kottejleriň onlarçasy peýda boldy. Olar her ýylda dynç alýanlaryň müňlerçesini kabul edýärler, hemme degişli düzümler depginli ösdürilýär. Mundan başga-da, “Awaza” ýokary derejede duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, festiwallaryň we beýleki forumlaryň geçirilýän iri işewür, medeni merkez derejesine eýe boldy. Ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen windsörfing boýunça dünýä Kubogynyň – 2014 ýaryşynyň üçünji tapgyry bolsa milli sporty ösdürmegiň taryhyna täze sahypany ýazyp, Ýer ýüzüniň sport durmuşynyň merkezi hökmünde Türkmenistanyň has ýokary derejelere göterilmeginde ähmiýetli ädime öwrüldi.

Dabaralaryň geçirilmegine hemme zat taýýar edildi. Dürli-dürli bezeg serişdeleri bilen bezelen köpugurly söwda merkeziniňi ak mermerli binasynyň ýanynda aýdym-sazlar ýaňlanyp, toý ruhy höküm sürýär. Täze binada milli binagärçiligiň iň oňat däpleri, nusgawylyk we zamanabaplyk utgaşykly sazlaşýar. Toplumyň umumy meýdany 40 müň inedördül metrden gowrakdyr. Onuň 15 müň inedördül metri dynç alyş üsin abadanlaşdyrylypdyr. Şol töwerekdäki meýdanda seýilgähler döredilipdir, yşyklandyryjy sütünler we oturgyçlar oturdylypdyr, çüwdürimler enjamlaşdyrylypdyr. 60 orunlyk üsti ýapyk awtoduralga, şeýle hem dynç alýanlaryň awtoulaglaryny wagtlaýyn goýmak üçin ýer gurnalypdyr.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki myhmanlar bar.

“Awaza” söwda toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy gelýär. Ýygnananlar milli Liderimizi-- Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüji täzeçillik syýasatynyň başyny başlaýjyny mähirli garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Sungat ussatlarynyň döredijilik topary özboluşly halk döredijilik äheňlerini, milli sungatyň we döwrüň ajaýyp keşbiniň öwüşginlerini özünde jemleýän aýdym-sazly kompozisiýa bilen çykyş edýär.

Dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň merkezi girelgesine tarap barýar we bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär. Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, ony gözden geçirmek bilen alyjylar we satyjylar üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp başlaýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda harytlaryň görnüşleri hem-de içerki bazara zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny, ýeňil we azyk senagatynyň kuwwatlyklarynyň önümçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, hyzmat ediş we söwda ulgamyny ösdürmeklige iri maýa goýumlary goýulýar. Iň döwrebap söwda enjamlary bilen üpjün edilip, Aşgabatda we sebitlerde gurlan köpsanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, ilata we ýurdumyza gelmekleri ýyl-ýyldan artýan daşary ýurtly myhmanlara edilýän ýokary hilli hyzmaty üpjün edýärler.

Şu babatda “Awaza” söwda merkezi milli syýahatçylyk zolagynyň ýüzi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň nyşany bolmaga gönükdirilendir. Toplumyň birinji gatynda azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşleri bolan ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirilipdir. Giň söwda zallarynda ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan çykarylýan dürli görnüşleri önümleri satyn almak bolýar.

Satuwda özüňe gerekli harydyň bardygyny bilmek üçin merkeziň foýesinde oturdylan ýörite enjamyň hyzmatlaryndan peýdalanmak ýeterlikdir. Onuň kömegi bilen şol harydy haýsy bölümde satyn alyp boljakdygyny kesgitläp bolýar. Hormatly Prezidentimiz enjamy synagdan geçirip, şeýle tehniki serişdeleri ýurdumyzyň beýleki iri söwda nokatlarynda hem ulanmagy maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiz şaý-sepler satylýan dükana girýär. Bu ýerde Türkmenabat şäheriniň “Türkmenaltyn” zawodynyň altyn we kümüş önümleri çykarylypdyr. Olaryň her biri gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan hem-de milli gymmatlygyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär. Türkmen ussat zergärleriniň zehini we ylhamy bilen döredilen ajaýyp bezegler bolan kolýe, broş, braslet, ýüzük, kulonlar, gulakhalka hemmeleriň, esasan-da, ajaýyp zenanlaryň ünsüni çekýär. Milli baýramçylyk we şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýadygärlik altyn we kümüş şaýylary, gürrüňsiz, kolleksionerleriň ünsüni çeker.

Gymmat we ýarymgymmat bahaly daşlar bilen bezelen zergärçilik işleriniň ajaýyplygyny we inçeligini belläp, milli Liderimiz zergärçilik sungatynyň türkmen halkynyň medeniýetiniň ajaýyp ýüze çykmalarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ol köp asyrlaryň dowamynda ilkinji derejeli ähzmiýeti bolan çeperçilik gymmatyny döretdi. Bezeg şaý-sepleri milli lybaslaryň aýrylmaz bölegidir, türkmen zergärleriniň önümleri bütin dünýä boýunça iň oňat muzeý gymmatlyklarynyň düzümine goşuldy. Öňki neislleriň tejribesini kabul edip, häzirki döwrüň ussatlary şol däpleri dowam etmelidirder, kämilleşdirmelidirler we döredijilikli ösdürmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda pawilýonyna tarap barýar, ol ýerde amaly-haşam sungatynyň önümleri ýerleşdirilipdir. Bu önümler gözelligi boýunça ajaýyp, tebigy ýüňden taýýarlanan ölçegleri we taýýarlanylyşy boýunça örän köp dürli haly we haly önümleridir, şeýle hem däp bolan don-halatlar, nagyşly tahýalar we ajaýyp keşdelerdir.

Döwlet Baştutanymyz satyjylar blen söhbetdeş bolýar. Haly önümleriniň hili we aýratynldyklary, olaryň bahalandyrylyşy bilen gyzyklanýar.

Milli halyçylyk—munuň özi biziň halkymyzyň örän gadymy täsin sungaty, onuň adamzat medeni genji-hazynasyna goşan bahasyz goşandy, ol biziň gülläp ösýän Watanymyzyň gymmatlygy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de döwletimiziň dünýäde şöhratlanan milli halyçyk sungatymyzy has-da ösdürmäge mundan beýläk-de aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Başarjaň ussat gelin-gyzlaryň altyn elleriniň eserleri bolup durýan deňsiz-taýsyz halylar munuň özi türkmen topragynyň hakyk gudratydyr. Bu örän çylşyrymly zähmeti köp talap edýän we nepis hünäriň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesli aýawly geçirilip gelnipdir we biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Öz gözelligi, ýokary hili we kämilliligi bilen bütindünýäniň haýran edýän türkmen halysy häzir hem ýer şarynyň ähli künjeklerinde el halysynyň dünýä şöhratyny özünde mäkäm saklap gelýär.

Häzirki wagtda özboluşly amaly sungat, haly dokamagyň gadymy däpleri ýagny ýurdumyzyň medeniýetiniň tutuş “Altyn gaznasy” milli sungatymyza hakyky sarpa goýýan we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasy bilen gurşalandyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň bu baý tarapyna milli Liderimiziň “Janly rowaýat” atly düýpli, ensiklopediki işi bagyşlandy.

Türkmen halylary ägirt uly çeper gymmaty bolan we kaşaň ekzotiki öwüşgini bolan zat hökmünde hemişe bütindünýäde arzylanyp gelipdir. Olaryň gadymy nusgalary häzirki wagtda hem daşary ýurtlaryň köpüsiniň we dünýäniň dürli künjekleriniň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeperçilik galereýalarynda saklanýar. Täze taryhy eýýamda häzirki döwürde gözellige sarpa goýýanlarda uly gyzyklanma we haýran galma döredip türkmen halysy asyrlaryň we müňýyllyklaryň üsti bilen haly dokamagyň syrlaryny alyp gelen halkymyzyň ýüzi bolup bütin dünýäde şöhrat gazanmagyny dowam edýär.

Halk senetleriniň önümleri döwlet Baştutanymyzyň baryp gören beýleki dükanlarynda hem giňden hödürlendi. Bular giň haly horjunlardyr we däp bolan halk doga-tumary bolan alajanyň dürli reňkli sapaklaryndan örülen owadan zenan torbalarydyr, dürli öwüşginli ýüň we ýüpek ýaglyklary, milli saz gurallary bolan owazly dutarlardyr, gopuzlar we beýlekilerdir.

Kädiden ýasalan we nagyşlanan oýnawaç-adam, gadymy nusgalarda keşdelenen dagdan we beýleki milli sowgatlyklar milli Liderimiziň ünsüni özlerine çekdi. dynç alýanlaryň agramly böleginiň Awaza tomusda gelýändigini nazara almak bilen, söwdany guraýjylar alyjylara günden goraýan äýnekleriň giň toplumyny teklip edýärler.

Sowgatlyk önümleriň hatarynda ýapyk binalarda we söyeş umngaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan önümlere aýratyn orun berildi, şol oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçip, dünýäniň sport äleminde Türkmenistanyň abraýynyň ýokarlanmagy babatda hem, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hatarlaryna ýaşlaryň we çagalaryň barha köpüsini çekmek babatda hem bu wakanyň örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesi ýagny Merkezi Aziýada iň iri bolan bu desga, bu iri halkara ýaryşlary üçin esasy binýat bolar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem ýurdumyzyň sportunyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz mälim bolşy ýaly, sportuň Türkmenistan üçin täze bolan görnüşlerini, şol sanda ýelkenli sporty, şeýle hem ýakynda Olimpiýa maksatnamasyna giren sportuň gyşky görnüşlerini ýurdumyzda has işjeň ösdürmek üçin mümkinçilikleri öwrenmek hem-de ulanmak barada tabşyryklary berdi. Şeýle hem Aziada-2017-ini mahabatlandyryş we maglumat taýdan goldamaga aýratyn üns berilmelidir.

Parfýumeriýa önümleri bölümini bezemek babatda hem dizaýnerler alada edipdirler. Bu ýerde dünýä belli, ýakymly ysly atyrlary, dürli kosmetiki serişdeleri, şol sanda günden goraýan kremleri, gelleri, losýonlary we beýlekileri satyn almak bolýar.

Bu ýerde, birinji gatda şeýle hem öýjükli telefon önümler dükany ýerleşýär. Ýaş hünärmen hormatly Prezidentimize öýjükli telefonlaryň täze nusgalary, olaryň aýratynlyklary we “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň türkmen operatorynyň ilata hödürleýän köpsanly hyzmatlary hakynda gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz önümleri synlap, maglumatlary alyşmagyň häzirki döwründe ygtybarly aragatnaşygyň möhümdigini belledi.

Söwda merkezini gözden geçirmegini dowam edip, döwlet Baştutanymyz supermarkete barýar. 826,7 inedördül metr bolan has uly meýdany eýeleýäp, ol azyk önümleriniň hemme görnüşlerini: et we et önümlerini, balyk önümlerini, çörek önümlerini we süýji-köke önümlerini, ter we gaplanan gök önümleri we miweleri, miwe şireleriniň dürli görnüşlerini, gazly içgileri, mineral suwlary satmak üçin niýetlenendir.

Geçi süýdi, peýnir, syryň dürli görnüşleriniň alyjylarda uly isleg döretjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Şol önümler bu ýere ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumyndan getirilýär. Şol toplumyň ýakynda bolan açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Alyjynyň türkmen balynyň dürli görnüşlerini satyn alyp bilýän bölümini aýratyn bellemek gerek. Olaryň arasynda üýtgeşik tagamly güllerden taýýarlanan bal, örän ýakymly ysly dag baly, bal arylarynyň saglyk üçin örän peýdaly bolan ýandak güllerinden, gowaça güllerinden, arynyň öýjüklerinden emele gelip taýýarlanan çagalaryň we beýlekileriň örän halaýan ballary bar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerinde haýran galan seslenme döreden ajaýyp ylmy işinde beýan edilen dermanlyk ösümliklerinden ýygnalyp alnan nektar ballaryň iň gymmatly görnüşleriniň gözbaşy bolup hyzmat edýär.

Bir söz bilen aýdylanda, “Awaza” söwda merkezinde ähli islegleriňi ýerine ýetirmek üçin hemme mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, önümleriň giň görnüşleri ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagatynyň artýan isleglerine şaýatlyk edýär. Täze söwda toplumynyň tekjeleriniň baýlygy ýurdumyzyň azyk bolçulygyny aýdyň görkezýär. Onuň üpjünçiligi Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz satyjylar bilen gürrüňdeş bolýar. Satylýan önümleriň hili we aýratynlyklary, olaryň bahalary, şeýle hem iň döwrebap täze söwda merkezinde işleriň şertleri bilen gyzyklandy. Toplumyň işgärleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty üçin türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakdaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Birinji gatda göwnejaý enjamlaşdyrylan barlaghananyň we degişli tehniki jaýyň, şol sanda göwrümli ammarlaryň we sowadyjy kameranyň ýerleşýändigini belläp geçmeli. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen dükany ýerleşýär. Olarda çagalar we ulular üçin egin-eşikler, şol sanda açyk reňk görnüşindäki sport we dynç alyş üçin lybaslar, häzirki zaman modasynyň alamatlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan ajaýyp trikotaž we jinsi önümler hödürlenýär. Tebigy pagtadan taýýarlanyp, ýokary hili halkara derejede ykrar edilen ýorgan-düşek daşlarynyň toplumy, tüýjümek matalardan edilen önümler, aşhanada ulanylýan önümler giňden görkezilýär. Dürli matalary – pambarhatlary, milli keteni matalaryny, ştapyllary we beýlekileri satyn almak bolýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti eskalatorda “Awaza” söwda merkeziniň ikinji gatyna çykýar we internet-kafeni gözden geçirýär, şol ýerde giňmöçberli maglumatlar ulgamyna çalt aralaşmagy üpöün edýän häzirki zaman kompýuterleri oturdylypdyr.

Bu ýeriň golaýynda çagalar üçin oýun oýnalýan meýdança, ýagny oýun oýnalýan awtomatlary we atreksionlary, aýdyň we köpdürli çagalar oýnawaçlary bilen hakyky, “çagalar dünýäsi” ýerleşýär, ol diňe bir körpeleriň däl, eýsem uly ýaşlylaryň ünsüni çekýär.

Bu ýerde oýnap ýören körpeler milli Liderimizi şadyýan sesleri bilen garşylýarlar. Döwlet Baştutanymyz çagalary merkeziň açylmagy bilen gutlady hem-de olara şadyýanlyk we bagtyýarlyk arzuw etdi. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp ýurdumyzdaky bagtly çagalyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu ýerde, ikinji gatda bilýard zaly, stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin meýdança, kafe-garbanyşhana ýerleşýär. 30 orunlyk amatly kafeteriýada doňdurmadan hem-de süýji-kökelerden garbanmak bolar.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumy bilen tanyşmagyny dowam etdirip, üçünji gata çykýar, şol ýerde birwagtyň özünde 200 adamyny kabul edip biljek restoran ýerleşýär. Restoranlara barýanlara hyzmat etmegiň ýokary hili kepillendiriler hem-de islendik tagamdaky naharlary giňden seçip almak teklip ediler, olary öz işiniň ussatlary bolan tejribeli aşpezler taýýarlar. Bu ýerde göwnejaý enjamlaşdyrylan aşhana we degişli tehniki jaýlar, işgärleriň iş otaglary bar.

Restoranyň içki bezeginde milli bezegiň we bu ugurdaky häzirki zaman meýilleriniň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiz adamlara hyzmat etmegiň ýokary medeniýetiniň we birkemsiz hiliniň üpjün edilmeginiň, olaryň has oňaýly dynç almagy we wagtlaryny ýakymly geçirmegi üçin hemişe ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny nygtaýar.

Restoranyň tagamnamasynda milli aşhanamyzyň naharlary aýratyn orun eýeleýär. Bu naharlary taýýarlamagyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däpleri aýawly saklanyp galandyr we nesilden-nesle geçirilip biziň günlerimize çenli ýetip gelendir. Milli tagamlar türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar we gönüden-göni onuň baý taryhy hem-de durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Milli däpler boýunça ussatlyk bilen taýýarlanylan naharlar restoranyň naharlarynyň sanawyna aýratyn öwüşgün çaýýar we gürrüňsiz suratda, Awazanyň köpsanly myhmanlarynyň gürrüňsiz göwnünden turar.

Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" söwda merkeziniň açylmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň ahyrynda bu ýere ýygnananlary täze söwda toplumynyň açylyşy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ýurdumyzyň önümleriniň bäsleşige ukyplydygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm orny eýelejek Watanymyzyň hyzmatlar ulgamyny pugtalandyrmak baradaky işde olara şowlulyklar hem-de zähmet üstünliklerini arzuw edip dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy. Myhmanlaryň we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz bu ýerden ugrady.

...Tükmen haly asyrlaryň dowamynda myhmansöýerleriň we mähirliligiň baý däplerine eýedir, ol ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir. Şu günler hem bu asyrlardan bäri dowam edip gelýän däpler täze aýdyň öwüşgine eýe boýlar, şol sanda hyzmatlar we söwda ulgamynda iň häzirki zaman innowasiýalarynyň emmesini özünde jemleýär, gadymy Hazaryň kenarynda Berkarar döwletimiz bagtyýarlyk döwründe gurlan täze "Awaza" söwda merkezi munuň subutnamasydyr.