Ï Deňiz ýakasynyň tebigaty – ýurdumyzyň baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňiz ýakasynyň tebigaty – ýurdumyzyň baýlygy

view-icon 927
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç alyşda bolmagynyň şu güni hem baý mazmunly boldy.

Adaty endigine görä, milli Liderimiz bu güni hem Hazaryň kenarynda sport bilen meşgullanmakdan başlap, munuň ynsanyň beden saglygynyň baş şertidigini şahsy göreldesi bilen subut etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz öz egindeşleri bilen Hazar deňziniň kenaryna balyk tutmaga geldi. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde dürli görnüşli balyklaryň köp bolmagyna Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassadygy ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet berilmegi, ilkinji nobatda, dünýä ummanyndan aýra bolan iň iri içerki suw howdany, dünýäniň aýratyn köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigatyň hakyky dürdänesi hasaplanýan Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlenendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň berýän bahasy we abraýly halkara bilermenleriniň çykarýan netijeleri boýunça Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa ýer hasaplanylýar, munuň özi bu ugurda yzygiderli we maksada gönükdirilen işleriň geçirilmegi bilen düşündirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi örän aýawly garalmaga mynasypdyr: «Türkmen halkynyň durmuşynyň ekologiýa taýdan arassa şertlerini üpjün etmek, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak — ine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr».

Hormatly Prezidentimiz balyk tutmagynyň barşynda egindeşlerine arassa we dury suwy, ýakymly howasy, deňiz ösümliklerine we jandarlaryna baý bolan Hazar deňziniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Olara suwotular, leňňeçşekilliler we beýleki birnäçe görnüşler degişlidir.

Hazar deňzinde ýaşaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň möhüm aýratynlyklarynyň biri-de olaryň köpüsiniň diňe şol ýerde ýaşaýan hem-de özge hiç ýerde asla duş gelmeýänligidir. Hazar deňzinde balyklaryň 101 görnüşi duşýar. Şunça mukdardaky görnüşleriň 48-si «Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde türkmen kenarýakasynda duş gelýär. Olar özleriniň daşky keşbi, möçberi, ösüş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Balyklaryň iň ulularynyň uzynlygy 5 metre, iň kiçisiniňki bolsa bary-ýogy 45 millimetre barabar. Deňizde takgazdyr kepir, bekredir maňňalça balyklary köpdür.

Döwlet Baştutanymyz balyk tutmagyny dowam edip, soňky ýyllarda bu ýerde gadymdan bäri Hazaryň baýlyklarynyň biri hasaplanýan mesgen tutan balyklaryň köpdürlüliginiň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň kenarlarynyň türkmen böleginiň biologiýa köpdürlüligini we tebigy keşbini, ekologiýa taýdan arassalygyny gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalar anyk netijelerini berýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň şu günki balyk tutmak bilen meşgullanmagynyň bereketli awy hem aýdyň subutnama boldy. Hemme tutulan balyklary hormatly Prezidentimizi deňze goýberdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gämä münüp, deňiz giňişligi boýunça gezelenç etdi.

Gojaman Hazaryň gözel kenarynda kemala gelýän hem-de gözüň alnynda türkmen topragynyň hakyky merjenine öwrülýän deňiz şypahanasynyň giň gerimli görnüşi aklyňy haýran edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriň, halkymyzyň buýsanjynyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we myhmansöýerligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň aýdyň nyşanydyr. Ýakyn geljekde Hazaryň kenarynda gerimi boýunça uly täsir döredýän binagärlik açylyşlary bolar. Olar parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ýolda täze belentlikleri eýeleýän eziz Watanymyzyň taryhy ýylýazgysyna nobatdaky sahypany ýazar.

Bu ugurda geçirilýän iri göwrümli işler barada gündelik metbugatda, gazetlerde we žurnallarda beýan edilýär. Olaryň sahypalarynda döwletimiz tarapyndan adamlaryň dynç alşynyň guralyşy baradaky alada möhüm orun berilýär. Şol sanda bütin taryhy ajaýyp binagärlik açylyşlarynyň, täsirli tanyşdyryş çäreleriniň tapgyrlary bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada gürrüň berilýär. Olaryň hemmesi ykdysady we tehnologiýa täzelikleri bilen enjamlaşdyrylmaga gönükdirilip, ilkinji nobatda, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan düýpli we iri möçberli özgertmeleriň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz çaý başynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy. Olar öz dynç alyşlary barada, mähriban ýurdumyzyň tebigatynyň bu künjeginiň özüneçekiji we sagdynlaşdyryjy güýji barada milli Liderimize gürrüň berdiler. Şeýle hem olar bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giňden ýaýbaňlandyrylan täze gurluşyklarda işleriň ýagdaýy barada habar berdiler.

Türkmenistanlylar we köpsanly daşary ýurtly myhmanlar üçin halkara ülňülerine kybap dynç alyş şertlerini döretmek işinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginleriniň pesdigine, ony güýçlendirmegiň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi hem-de bu meselä awgust aýynyň ortalarynda ýene-de gaýtadan garaljakdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň her biriniň öz pudaklaryna degişli bolan myhmanhanalaryň, dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinde hyzmat edilişiniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alşynyň dowam edýändigine ünsi çekip, olar hakdaky aladanyň birjik-de gowşadylmaly däldigini aýtdy. Geljegimiz bolan çagalaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy döwletimiziň ileri tutýan ugrudyr we şeýle bolmagynda galar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, adamlaryň gowy dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüş ýoly bilen ynamly barýan mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň şaýatnamasydyr.