Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

view-icon 660
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň metropoliteninde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.