Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets”
meşhur fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze iri gurluşyk taslamalarynyň birnäçesi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan täze Hökümet binasyna geldi. Mälim bolşy ýaly, bu iri desgany bina etmek şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolan “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Häzirki wagtda bu ýerde binanyň içki bezeg işleri, olary degişli tehniki taýdan enjamlaşdyrmak , şeýle hem töwerekdäki meýdançany abadanlaşdyrmak işleri tamamlanyp barýar.
Tanyşdyryş çäresi guralan Hökümet binasynda döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alen Bonno we bu kompaniýanyň sebit direktory Şarl Santer garşyladylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize türkmen paýtagtynda hem-de Ahal welaýatynda bina etmek meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary görkezildi.
Häzirki wagtda türkmen paýtagtyny, şeýle hem ýurdumyzyň hemme sebitlerini gurşap alan iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda öňdebaryjy gazanylanlary, innowasiýalary we dünýäniň iň oňat tejribesini işjeň ornaşdyrmagyň, adamlaryň durmuşynyň ýokary ülňülerini üpjün etmegiň esasy ugurlar bolup çykyş edýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşjek Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň taslamasy hödürlendi. Milli Liderimize ol ýerde bina ediljek binalaryň we desgalaryň baş meýilnamasy, ýerleşiş çyzgylary, täze şäheriň umumy görnüşi, taslamalary we çyzgylary görkezildi. Geljekki täze gurluşyklaryň hatarynda dolandyryş, durmuş-medeni we beýleki ähmiýetli desgalar, şol sanda şäher häkimliginiň belent binasy bar. Şeýle hem bu ýerde birnäçe edaralar, orta mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş toplumlary ýerleşer. Hususan-da, fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri amatly ýaşamak üçin hemme şertler dörediljek 5 we 10 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, 1 we iki gatly kottežleriň taslamalaryny taýýarlapdyrlar. Mundan başga-da, bu ýerde milli baýramçylyklary geçirmek üçin meýdançanyň, drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň, “Baky ot” hem-de ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadýgärlikleriniň taslamalary görkezildi.
Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatda bina ediljek halk senetkärleriniň dürli ussahanalary ýerleşjek Döredijilik we hünärmentçilik “şäherçesiniň” taslamasy görkezildi. Fransuz hyzmatdaşlary “Ertekiler dünýäsi” seýilgähiniň taslamasyny taýýarlapdyrlar. Bu ýerde ýaş türkmenistanlylaryň, boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin hemme şertler dörediler.
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň taslamasy degişli inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümlerini goşmak bilen durmuş üpjünçiliginiň hemme zerur ulgamlaryny göz öňünde tutýar. Taslamada täze şäheriň köçeleriniň enjamlaşdyrylyşy hem görkezildi. Onuň çäklerinde dynç alyş seýilgähleri we bagy-bossanlyklar dörediler, suw çüwdürimleri gurlar.
Tanyşdyryşyň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna fransuz hyzmatdaşlarynyň alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmak, hususan-da, Gün energiýasyny, şeýle hem zir-zibili gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan energiýany peýdalanmak boýunça teklipleri hödürlenildi. Mundan başga-da, zir-zibili gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman tehnologiýalary gurluşykda giňden ulanylýan inert serişdelerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Görkezilen taslamalar bilen ünsli tanşyp, milli Liderimiz olar barada birnäçe belliklerini we tekliplerini, şol sanda desgalaryň binagärlik keşbiniň kemala getirilmegine, iş ýüzünde innowasion işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna degişli tekliplerini aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk ulgamynda döwrebap öwüşginleriň hem-de öňdebaryjy inžener-tehniki pikirleriniň iň oňat milli binagärlik däpleri bilen sazlaşykly utgaşmagynyň hemme täze binalaryň we desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolmalydygyny belledi.
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň maksatnamasyny, umuman, oňlap, milli Liderimiz bu wajyp taslamany ýene-de goşmaça işlemegi tabşyryp, täze şäheriň çäklerinde bina ediljek her bir binanyň täze taryhy eýýamyň ruhuna we talaplaryna doly gabat gelmelidigini, ajaýyp binagärlik çözgütleri bilen tapawutlanmalydygyny nygtady. Ýaşaýyş jaýlary barada aýdylanda bolsa, olar ýaşaýjylar üçin aňrybaş amatly bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taslamalar taýýarlananda desgalaryň meýilleşdirilen ugry, ýerleşýän ýeri, degişli inžener-tehniki aragatnaşyk ulgamynyň geçirilmegi we beýlekiler göz öňünde tutulyp, düýpli oýlanyşylmalydyr. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz gurluşyk we içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň oýlanyşykly saýlanylmagy ýaly işlere aýratyn üns berdi. Olar hil babatda bolşy ýaly, ekologiýa we gözellik taýdan hem ähli ölçegler boýunça iň ýokary talaplara laýyk gelmelidir.
Suwdan netijeli peýdalanmak meselesini gozgap, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimine degişli wise-premýerler bilen bilelikde, peýdalanylandan soň arassalanan suwy hem-de ýagyş suwuny suwaryş üçin peýdalanmak meselesini öwrenmegi tabşyrdy.
Tanyşdyryşyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabatda gurmak meýilleşdirilýän durmuş-medeni ulgamyna degişli birnäçe täze desgalaryň taslamalarynyň görnüşleri hödürlendi. Olaryň hatarynda 780 talyba niýetlenen türkmen milli konserwatoriýasynyň we onuň ýanyndaky 500 okuwçy üçin niýetlenen D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň taslamalary bar. Hormatly Prezidentimiz bu taslamalar bilen tanşyp, Aşgabat şäheriniň häkimine bu ulgamyň hünärmenleri bilen bilelikde, şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplary düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Hususan-da, konsert zallarynyň ses aýratynlygy ýaly möhüm ýagdaýlara ünsi çekip, milli Liderimiz sazandalar üçin bolşy ýaly, diňleýjiler üçin hem has amatly ses eşidilişini üpjün etmek üçin hemme degişli şertleri nazara almagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz saz eserleri ýerine ýetirilende sesleriň doly we arassa ýaňlanmagyny gazanmak üçin ses ölçeglerini dogry hasaplamagyň möhümdigini nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz binalaryň daşky we içki bezeglerine, otaglarynyň bezeg aýratynlyklaryna degişli meselelere özboluşly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Olarda milli öwüşgin aýratyn tapawutlanmalydyr. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady. Munuň özi olaryň buýrujylaryna we potratçylaryna bildirilýän esasy talap bolup durýar. Elbetde, şol täze binalar häzirki wagtda ajaýyp binalar we desgalar, giň döwrebap şaýollar, bagy-bossanly seýilgähler we gözel suw çüwdürimleri bezeýän, binagärlik keşbi gün-günden özgerýän türkmen paýtagtynyň gözelligine sazlaşykly goşulmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz tanyşdyrylşa gatnaşýan degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bar bolan energiýa serişdelerini sarp etmek we olary netijeli peýdalanmak maksady bilen, täze binalaryň energiýa tygşytlylyk meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Bu ulgamda innowasion tehnologiýalaryň iş ýüzünde peýdalanylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, milli Liderimiz gurluşyk we içki bezeg serişdeleri saýlanylanda, ýurdumyzyň howa aýratynlyklaryny nazara alyp, bu işe oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz haýsydyr bir desganyň gurluşygyna girişmezden öňürti, degişli inžener-tehniki düzümi döretmek hakda alada etmegiň wajypdygyny belledi. Şunda ähli aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanyş wagtynda ygtybarlylygyny we işleýän döwründe üznüksizligini üpjün etmek üçin iň öňdebaryjy tehnologiýalar herekete getirilmelidir.
Şu babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar taýýarlananda, ilkinji nobatda, her bir desganyň ýöriteleşdirilen ugruny göz öňünde tutmagyň hem-de degişli ulgamlaryň hünärmenleriniň pikirlerini we tekliplerini nazara almagyň maksada laýykdygyny nygtady.
Binalaryň töweregini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz tebigatyň gözelligi babatda innowasion pikirleri we aýratyn işläp taýýarlamalary peýdalanyp boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara täze gurluşyklardaky işleriň hilini we ulanmaga tabşyrylmaly möhletleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu işler ýerine ýetirilende her bir işe ylmy esasda çemeleşip, oňa ösen innowasion tejribeleriň ornaşdyrylmalydygyny we degişli hünärmenler bilen bilelikde işleri amala aşyrmalydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
“VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Alen Bonno öz gezeginde döwlet Baştutanynyň ähli bellikleriniň, teklipleriniň we islegleriniň hökman göz öňünde tutuljakdygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga kompaniýa bildirýän ynamy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
Tanyşdyrylyş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp hem-de hemmelere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.