Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurlup ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalar bilen baglanyşykly meseleler, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan käbir beýleki gaýragoýulmasyz meseleleri girizildi. Şeýle hem milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän milli baýramçylyklara we halkara möçberindäki hem-de ýurdumyzda we pudak derejesindäki çärelere taýýarlyk görmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Ol şu okuw ýylynyň ilkinji gününde welaýatda umumybilim berýän mekdepleriň 9-synyň, çagalar baglarynyň bolsa biriniň ulanmaga beriljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dabaralandyryljak şanly baýramçylyklary ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy üpjün etmek işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz obada alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň ylmy ugrunyň wajypdygyny belläp, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň döwrüň wajyp meselesidigini bellemek bilen, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn nygtady.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, sebitiň senagat düzümini ösdürmek babatda hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Mundan başga-da, häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, welaýatyň çäklerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, döwrebap orta mekdepleriň täze binalarynyň 7-siniň, çagalar baglarynyň bolsa 8-siniň gurlup ulanmaga beriljekdigini, olarda ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime ýüzlenip, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ilerledilişi bilen gyzyklandy hem-de welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän iri halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkeziniň ähmiýetini nygtap, häkime sebitiň şypahana ulgamyny kämilleşdirmek we adamlaryň dynç alşyny guramak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly ähli meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurlup ulanmaga berlen desgalarda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi we döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, olaryň göwnejaý derejede saklanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyny öz möhletinde we guramaçylykly geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň sowallaryna jogap bermek bilen, häkim durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol desgalaryň gurulmagy bolsa ilatymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň biri bolup durýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzda giňden belleniljek Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, umumybilim berýän orta mekdepleriň 13-siniň, döwrebap çagalar baglarynyň bolsa 3-siniň gurlup ulanmaga beriljekdigini, olarda ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilendigini nygtady.
Mundan başga-da, ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Galla baýramyna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek hem-de netijeliligini üpjün etmek, aýratyn-da, gowaçadan, gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, has takygy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny we hemişe welaýatyň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagynda möhüm orny eýeleýän bilim ojaklarynyň kämil enjamlar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Öz nobatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew hasabatynda babadaýhanlar üçin jogapkärli döwür bolan pagta ýygymyna taýýarlyk işleri, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi, desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak, şanly senelerimizi dabaralandyrmak bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem ol Lebap welaýatynyň çäklerinde şu ýylyň 1-nji sentýabrynda umumybilim berýän mekdepleriň 11-siniň, çagalar baglarynyň 5-siniň açylýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde çebitde bar bolan mekdeplerde abatlaýyş işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm tapgyr bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini nygtady. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyklarymyzyň ýokary derejede geçirilmegi döwrüň möhüm meselesidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdayna ünsi çekip, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi. Welaýatyň ähli mekdeplerinde abatlaýyş işleriniň öz wagtynda we doly tamamlanmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, pagta ýygymyna göwnejaý taýýarlyk görmek, galladan boşan ýerleri wagtynda şüdügärlemek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem ol Galla baýramynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde täze okuw ýyly mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň 19-synyň, çagalar baglarynyň bolsa 2-siniň gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň halk hojalyk toplumynda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, ähli düzümleriň, dolandyryş, önümçilik, durmuş ulgamlarynyň işini utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasynda bellenilen möhüm ähmiýetli durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi. Täze açylýan mekdeplerde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigini bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem gök zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy tamamlanan desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça dabaralandyrylýan şanly senelerimiz mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Türkmen paýtagty tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk maksatnamasy barada aýtmak bilen, şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk çäreleri, mallar üçin ot-iým taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Gallaçy kärendeçileriň durmuşynda möhüm waka bolan Galla baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hem habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, pagta ýygymyny sazlaşykly we guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belläp, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylmagyny hem-de ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, beýleki ekinlere ideg etmek, galladan boşan ýerleri şüdügärlemek, güýzlük ekinleriň ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýjän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şu ýylyň 1-nji sentýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça jemi 31 müň 800 okuwçy orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 59-synyň, ýöriteleşdirilen bilim mekdebiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binalarynyň açylýandygyny, jemi 3255 orunlyk çagalar baglarynyň 20-siniň gurlup ulanmaga beriljekdigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli düzümleri, hususan-da, bilim ulgamynyň düzümini ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak we guramaçylyk-usulyýet taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümlere öňdebaryjy tejribeleri, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli ugurlardaky ylmy-barlaglary höweslendirmek bilen baglanyşykly çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, bu babatda döwrebap bilim ojaklarynyň gurulmagynyň, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ileri tutulýan ugrudygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakyn günlerde goşa baýramyň – Galla baýramynyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.
Şu ýylyň örän gurak gelendigine garamazdan, edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmet çekdiler hem-de bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Olaryň tagallasy bilen ýurdumyzda galla oragy bellenen möhletlerde tamamlandy. Zähmetsöýer gallaçylarymyz bir million iki ýüz müň tonnadan gowrak galla hasylyny ýygnamagy başardylar. Bu bolsa, gallaçylarymyzyň gurak gelen şu ýylda gazanan gowy netijesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz bu netijeleriň zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň ýeňil bolmadyk şertlerde hem dänäniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň oňyn tejribesini toplandygyny görkezýändigini aýdyp, döwletimiziň öz azyk howpsuzlygyny doly gazanandygyny tassyklaýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda orak möwsüminde oňat netijeleri gazanan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň we bu jogapkärli işe gatnaşan beýleki adamlaryň çeken yhlasly zähmetini aýratyn belläp, degişli ýolbaşçylara giňden bellenýän Galla baýramy mynasybetli olara gymmat bahaly sowgatlary we beýleki sylaglary gowşurmagy tabşyrdy.
Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly goldaw berilýär. Daýhanlarymyz kämil traktorlar, kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Elewatorlar we degirmen toplumlary gurulýar. Suw üpjünçiligi bilen bagly meseleler netijeli çözülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň kämil ulgamy döredildi. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu işleriň pudagy ösdürmek, obany galkyndyrmak üçin möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyny we ähli oba hojalyk işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenýän Galla baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, geljekde hem oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini, bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin gallaçy daýhanlarymyza zerur bolan ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz mähriban halkymyza berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan edermen gallaçylarymyza bolsa, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, saçaklarymyz hemişe guşgursak türkmen bugdaýynyň mele-myssyk çöreginden doly bolsun diýip aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz häkimlere ýüzlenip, duşenbe güni ýene-de bir uly baýramyň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy.
Mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, biz «Il saglygy – ýurt baýlygy!» – diýen pähimden ugur alyp, berkarar Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýurdumyzda häzirki zaman saglygy goraýyş merkezlerini, keselleriň öňüni alyş-bejeriş desgalaryny we lukmançylyk okuw mekdeplerini gurmaga uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, iň kämil enjamlary satyn almaga we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem köp serişdeleri goýberýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli hem paýtagtymyzda gurlan Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň, Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde gurlan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleriniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň birnäçesiniň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy.
Täze saglygy goraýyş merkezleriniň açylyş dabarasyndan soň, şäherleriň we etraplaryň häkimlerine öz welaýatlarynyň «Awazadaky» sagaldyş merkezlerinde dynç almaga rugsat berýändigini, şondan soň olaryň orunbasarlaryna hem dynç almaga rugsat berilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini we halkymyzy ýetip gelen goşa baýram – ýurdumyzda giňden bellenýän Galla baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.