Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

view-icon 708
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib bin Tun Abdul Razaka Malaýziýa howa ýollarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyna gynanç bildirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem –Aleksandra Malaýziýa howa ýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we onuň netijesinde ýurduň köp sanly raýatynyň heläk bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň general-gubernatoryna gynanç bildirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň general-gubernatory Piter Kosgrouwa Malaýziýanyň howa ýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köp sanly raýatynyň heläk bolmagy zerarly gunanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.