Şu gün ýurdumyzda babadaýhanlaryň, mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmetine bagyşlanan umumymilli Galla baýramy giňden we dabaraly bellenildi. Döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli alada yhlasly zähmetleri bilen jogap bermek arkaly bol hasyl ösdürip ýetişdirýän gallaçylaryň şanyna guralýan baýramçylyk dabarasy örän belent boldy.
Her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän bolçulygyň we abadançylygyň nyşany bolan Galla baýramy çörege hormat goýmak ýaly gadymy däplere belent sarpa goýan halkymyz üçin şanly senä öwrüldi. Çünki gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyran türkmenler müňýyllyklaryň dowamynda bugdaý ösdürip ýetişdiripdir. Bu ugurdan köp asyrlyk tejribe toplan türkmen halky bol hasyl ýetişdirmek üçin yhlasly zähmetiň zerurdygyna daşýany bilen düşünýär.
Galla baýramy türkmen ekerançylarynyň zähmetsöýerliginiň, dörediji zehininiň senasyny alamatlandyrýan dabaradyr. Baýramçylygyň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda uly dabaralar, gallaçylary hormatlamak çäreleri, bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar, sport ýaryşlary we at çapyşyklary, muzeýlerde bu gura degişli çeperçilik sergileri we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mähriban topragymyzyň rysgal-döwletinden habar berýän bereketli toý-saçaklary ýazyldy, dabaraly çäreler guraldy.
Her ýylda galla oragy tamamlanandan soňra, Ahal welaýatyndaky “Ak bugdaý” milli muzeýinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda obasenagat pudagynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçirmek asylly däbe öwrüldi. Alymlaryň toplan subutnamalaryna görä, hut şu ýerde Jeýtun diýen at bilen tutuş dünýä belli adamzadyň taryhynda iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri döräpdir. Häzirki wagtda türkmenleriň öz zähmeti bilen adamzada gymmatly baýlygy miras galdyran ata-babalarynyň berk we döredijilikli zehini baradaky hakyda hökmünde döredilen muzeýde türkmen halkynyň täsin gymmatlyklary saklanýar.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren dabaraly duşuşygyna ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna degişli düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, oba hojalygy boýunça tanymal hünärmenler, alymlar, belli-belli ugurlar boýunça ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ussat daýhanlar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar.
Maslahata gatnaşyjylar baý ekspozisiýa bilen tanşyp, muzeýiň işgärleriniň adamzadyň taryhynda ilkinji gezek bugdaý we arpa ösdürip ýetişdirmek bilen, bugdaýyň ak unundan çörek bişirilip ugralandygy baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Muzeýiň eýwanynda ekerançylygyň gadymy ýörelgeleri barada söz açýan hem-de ata-babalarymyzyň irki döwürlerde ekin meýdanlarynyň hasyllylygy barada ýadawsyz alada edendigine güwä geçýän gymmatlyklar görkezildi. Biziň günlerimizde şol ýörelgeler has täze tehnikanyň kuwwaty, ylmy oý-pikirler arkaly utgaşdyrylyp, ekerançylygyň döwrebap medeniýetiniň özenini düzýär. Türkmenistan hut şundan ugur alyp, dänäni eksport edýän ýurtlaryň abraýly sanawyna ynamly goşuldy.
Hut birnäçe müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri muzeýdäki seýrek duşýan gymmatlyk hasaplanýar. Ak bugdaýyň bu däneleri ýurdumyzyň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýe bolan ekiniň köpsanly belli görnüşleriniň altyn genofondy bolup durýar. Täze hasyldan taýýarlanylan bugdaý desseleri şu günki baýramçylyk dabaralarynyň baş bezegine öwrüldi.
Bu çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşdaky ülňüleriň ýokarlandyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzda dürli görnüşdäki oba hojalyk hem-de zerur azyk önümleriniň, şol sanda çörek-bulka önümleriniň we süýji nygmatlaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek bu pudagyň öňünde goýlan we ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda gallaçylygy we oba senagatynyň ugurdaş ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, pudagyň düzüminiň tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, öňdebaryjy ylmy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar we zerur mineral dökün bilen üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Muňa ýurdumyzyň welaýatlarynda çörek önümlerini öndürýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze iri kärhanalaryň ulanmaga berlendigini mysal getirmek bolar. Ýurdumyzda galla oragynyň başlanmagyna gabatlanyp, Ahal, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda umumy göwrümi 360 müň tonna barabar bolan täze elewatorlaryň 8-siniň şol bir wagtyň özünde ulanmaga berilmegi ajaýyp waka öwrüldi. Welaýatlaryň däne ýetişdirilýän esasy ýerleriniň golaýynda gurlan döwrebap desgalar bol hasylyň gysga möhletde we ýokary hilli gaýtadan işlenmegini we aýawly saklanmagyny üpjün eder.
Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, onuň işi paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda bölümçeler boýunça mejlisleri geçirmek arkaly dowam etdirildi. Onuň gün tertibine oba hojalyk pudagyny, hususan-da, gallaçylygy, tohumçylygy we saýlap-seçmek işini ösdürmek, dänäni senagat derejesinde gaýtadan işlemek boýunça täze tilsimatlary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler girizildi.
Çäre tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Uruş weteranlarynyň guramasynyň Merkezi Geňeşleri tarapyndan “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi hem-de “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary bilen bilelikde guralýan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň her bir welaýatyndan has tapawutlanan hem-de hormat hatlaryna mynasyp bolan kombaýnçylara we gallasçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba zähmetkeşleri barada yzygiderli alada edýändigi, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi babatda döredilýän şertler üçin milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri bar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Galla baýramy mynasybetli esasy baýramçylyk çäreleri şu gün agşam paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde, Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirildi. Bu ýerde däp boýunça ýurdumyzyň däneçilik pudagynda gazanylanlaryň sergisi guraldy, daýhanlaryň we önümçilikde öňdebaryjylaryň şanyna tanymal estarada we teatr artistleriniň uly konserti boldy. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriň wekilleri, ýaşlar, paýtagtymyzyň ilaty we köpsanly myhmanlar gatnaşdylar.
Paýtagtymyzda guralan baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hormatly ýaşulular, döredijilik toparlary we asylly zähmetleri bilen uly üstünlik gazanan gallaçylar gatnaşdylar.
Seýilgäh toplumynyň çäginde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän baýramçylyk sergisi ýerleşdirildi. Bu ýerde türkmen topragynyň berekedi, oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň önümleri görkezildi. Gallaçylyk pudagynyň önümleri sergide esasy orun eýeledi.
Şeýle hem onda oba hojalyk önümleriniň görnüşleri, ýurdumyzyň tohumçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berýän bölümleriň ýany köp adamly boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň seçgiçleriniň gazanan üstünlikleri, bugdaýyň geljegi uly hasaplanylýan görnüşleri, türkmen topragynda synagdan geçirilen täze görnüşler görkezildi. Olaryň hatarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Türkmenbaşy”, “Türkmenbaşy-1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, “Irişka”, “Wassa”, “Nota” ýaly görnüşler bar. Geçen ýyl bugdaýyň şu görnüşleri 860 müň gektar meýdana ekildi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän bölümlerinde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň altynsow desseleri, tamdyr çörekleri, köp görnüşli çörek we bulka önümleri, unaş hem-de süýji önümleri görkezilýär. Şeýle hem olarda gadymy döwürlerde türkmenleriň oba hojalyk işlerini alyp barşy, sürüm geçirişleri, bugdaý üwelişi we çörek bişirilişi barada gürrüň berýän gymmatlyklar öz beýanyny tapdy. Altyn başly ak bugdaýa, mele myssyk çörege bagyşlanan amaly-haşam sungatynyň eserleri serginiň bezegine öwrüldi.
Türkmen halky asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, hormatly myhmanlary çörek-duz bilen garşylaýar we saçak başyna çagyrýar. Şu günki baýramçylyk çäresinde hem bu asylly däp dowam etdi. Myhmanlara tamdyrdan çykan çörek, pişme, külçe we beýleki milli tagamlar hödür edildi.
Folklor we tans toparlarynyň, estrada ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesini, Watanymyzyň galla harmanyny beýgeldýän gallaçy daýhanlaryň asylly zähmetini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.
Bu ýere ýygnananlaryň öňüne Gadyr diýen ajaýyp ahalteke bedewiniň getirilmegi baýramçylygyň ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Bu bedew ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize sowgat berildi.
Baýramçylygyň esasy bölümi “Aşgabat” konsert merkezinde dowam etdi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna, zähmetsöýer ekerançylara, edermen gallaçylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Halkymyzy Galla baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz gallaçy daýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen bugdaý hasyly bagtyýar halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal-berkedidir, barha galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk bolçulygynyň kepilidir diýip belleýär.
Türkmenistanyň azyklyk dänäni eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşulmagynyň onuň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belläp, milli Liderimiz: “Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bereketli hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyz, edermen mehanizatorlarymyz sanardan köpdür” diýip nygtady.
Baýramçylyk münberinden ýurdumyzyň öňdebaryjy we ýokary görkezijilere eýe bolan gallaçylarynyň, mehanizatorlarynyň we kombaýnçylarynyň ady agzaldy. 2014-nji ýylyň galla oragynyň gahrymanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylyk çäresiniň baş bezegine öwrülen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýurdumyzyň ähli gallaçylaryna, ýer eýelerine, hasyl ussatlaryna bagyşlandy. “Aşgabat” konsert merkeziniň sahnasynda öňdebaryjy folklor we tans toparlary, estarada aýdymçylary çykyş etdiler. Olar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, türkmen halkynyň edermenlidigini, bagtyýarlygyny, agzybirligini, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döredijilikli zähmetini wasp etdiler.
Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Galla baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerinde edermen gallaçylaryň yhlasly zähmetiniň şanyna köpçülikleýin dabaralar, konsertler, dürli görnüşdäki medeni-sport çäreleri guraldy.