Şu gün 22-nji iýulda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahoryň Türkmenistana resmi sapary başlanyp, şonuň barşynda ýokary derejedäki türkmen-slowen gepleşikleri geçiriler.
Soňky ýyllarda türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilen mahalynda, dostlukly Sloweniýa Respublikasynyň baştutanynyň sapary taraplaryň ykdysady ösüş boýunça örän uly mümkinçiliklere we serişdeleriň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlyk edilmegine gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.
Sloweniýanyň baştutanynyň sapary türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha beýgelýändigini hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasata ýokary baha berilýändigini görkezýän ýene-de bir subutnamadyr. Dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak şol syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hut şu öňdengörüjilikli syýasat hem-de soňky ýyllarda ykdysady taýdan ýokary ösüş derginleriniň gazanylmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň – üstünlikli ösdürilýän türkmen bazaryna aralaşmagy göz öňünde tutýan hem-de eýýäm bilelikdäki iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýan taraplaryň uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirýär.
Aşgabatdaky ýokary derejedäki duşuşyk Türkmenistanyň we Sloweniýanyň gyzyklanma bildirýän ýagdaýlaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen syýasy ugrunyň takykdygyny aýdyň görkezýän subutnama bolup biler.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we syýahatçylyk ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmegiň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna degişli meseleleriň, şeýle hem halkara syýasaty boýunça özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Borut Pahoryň göz öňünde tutulan duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleriniň aýratyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar, şunda geografiki taýdan amatly ýerlerde ýerleşýän iki ýurtda ählumumy energetika we ulag ulgamyna degişli taslamalara bilelikde gatnaşmak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1993-nji ýylda ýola goýlan türkmen-slowen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini aýdyp, ähli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklderden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Gol çekmek üçin taýýarlanan möhüm ähmiýetli ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň we dostlukly halklaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ileri tutulýan ugurlara we milli bähbitlerine dolulygyna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy çaltdandyrmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, dostlukly ýurduň hökümetiniň wekiliýetiniň şu saparynyň maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Sloweniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem hut şu maksada ýetilmegine ýardam eder.
Bir söz bilen aýdanyňda, Türkmenistanyň we Sloweniýanyň arasynda geljegine uly umyt baglanýan ençeme ugurlar boýunça uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertler bar. Iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklaryny has anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýärler, munuň özi örän göwnejaý ýagdaýdyr.
Bularyň ählisi şu gün Aşgabatda türkmen-slowen gepleşikleriniň üstünlikli geçiriljekdigini görkezýär. Şol gepleşiukler bolsa umumy bähbitlere, ynama we özara hormat goýulmagyna esaslanyp guralýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze, möhüm ähmiýetli sahypanyň ýazylmagyna gönükdirilendir.