Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewür türkmen döwletiniň Baştutanyny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Çalyk Holdingiň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş-ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere we dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek öz kompaniýasy üçin uly mertebedir. Şunuň bilen baglylykda, beýleki türk kompaniýalary ýaly, Çalyk Holdingiň hem ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurt bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň köp sanlysynyň uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde örän möhüm milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Muňa mysal hökmünde täze lukmançylyk edaralarynyň – Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleriniň Aşgabatda ýurdumyzyň welaýatlarynda açylmagyny, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Türkmenistany öz milli ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak ugruna eýermek bilen iň gowy dünýä tejribesini çekmäge we iň täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany türkmen bazarynda öz orunlaryny ýyl-ýyldan pugtalandyrýan türk işewürleriniň gyzyklanmalaryny we oňyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde Türkiýäniň “Çalyk Holding” bilen Ýaponiýanyň “Missubişi Corporation” kompaniýalarynyň üstünligini belläp, milli Liderimiz ýakyn wagtda bu desganyň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyny Türkiýäniň “Çalyk Holding” bilen Ýaponiýanyň “Missubişi Corporation” kompaniýalarynyň konsorsiumy amala aşyrar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa pudagynyň häzirki zaman düzümini döretmegiň okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak bilen, täze senagat desgasynyň gurluşygynda gurluşyk işleriniň hiline we desgany ulanmaga bermegi möhletlerine bildirilýän talaplara anyk eýermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, bu desga iň häzirki zaman we ýokary tilsimatlar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen ykdysadyýeti üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslamany durmuşa geçirmek babatynda aýdylan ähli bellikleri we tabşyryklary doly möçberde ýerine ýetirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. Şeýle hem Ahmet Çalyk Çalyk Holding kompaniýasynyň ýakyn wagtlarda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň nobatdaky toplumyny gurmak boýunça taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, kompaniýanyň mundan beýläk hem türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny belledi.