Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýapon uniwersitetiniň rektoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon uniwersitetiniň rektoryny kabul etdi

view-icon 612
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň uniwersitetleriniň Milli korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň rektory jenap Keý Satony kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen döwletiniň Baştutanyny şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we däp boýunça bu baýramçylyga gabatlanyp, möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň dabaraly açylmagy bilen gutlady.

Jenap Keý Sato “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilen gününi taryhyň sahypasyna ýazan bu senäniň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, dostlukly Türkmenistana hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen Lideriniň aýratyn hyzmatyny göz öňünde tutup hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda uly seslenmä eýe bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly haýran galdyryjy kitaby döretmek bilen dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini ýer ýüzünde wagyz etmäge goşan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde Hirosaki uniwersitetiniň Şahadatnamasyny gowşurmak ýaly aýratyn tabşyryk bilen gelendigini buýsanç bilen nygtady.

-- Dünýäniň dürli dillerine, şol sanda ýapon diline hem terjime edilen bu köp jiltli düýpli ensiklopediki ylmy işiň diňe bir Ýaponiýada däl-de, eýsem bütin dünýäde iň abraýly okuw mekdepleriniň biri hasap edilýän uniwersitetde örän gymmatly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär -- diýip, myhman belledi.

Nygtalyşy ýaly, Ýaponiýada özüniň döwlet işiniň juda köpdügine garamazdan, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-barlag işlerini alyp barmagy dowam etdirýändigini bilýärler we ýokary baha berýärler, türkmen Lideri uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk etmek bilen, saglygy goraýyş babatynda döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlady.

Myhmanyň pikirine görä, bu ugurda gazanylan ägirt uly üstünlikler düýn Aşgabatda açylan “Saglyk-2014” halkara sergisinde aýdyň görkezilýär, Ol bu ulgamda uzakmöhletleýin, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz öz ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýola goýlan we hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň kemala gelendigini kanagatlanma bilen belledi, saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek bolsa iki ýurduň hem döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna laýyk gelýär.

Ýaponiýanyň iri okuw merkeziniň ýolbaşçysynyň şu gezekki saparynyň ylmy ugurda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýapon hünärmenleriniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallymçylyk işlerini alyp barmaklarynyň hasabyna has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredendigini nygtady. Bu ugurda hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklaryny guramagyň zerurdygy bellenildi.

Bar bolan hyzmatdaşlygyň örän baý tejribesini we netijeli hyzmatdaşlyk üçin açylýan giň mümkinçilikleri bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hirosaki uniwersiteti, Ýaponiýanyň beýleki iri ylym we bilim merkezleri bilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem-de ýakynda açylan häzirki zaman Tehnologiýa merkeziniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň ylmy toparlarynyň wekiliniň gyzyklanma bildirip aýdanlaryny nazara almak bilen häzirki zaman dünýäsiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan gün energiýasyny, hususan-da, Garagum çölüniň çäksiz çägelerinden peýdalanmak arkaly kremniniň esasynda gün batareýalaryny öndürmegi ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümmkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Jenap Keý Sato hoşlaşanda, türkmen Liderini lukmanlaryň hünär baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, iri möçberli döwlet we ylmy işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.