Şu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylan pursadynda lukmançylyk ulgamyna degişli möhüm desgalaryň açylyşy we köpugurly saglyk düzümini kemala getirmekde möhüm ähmiýeti bolan ýöriteleşdirilen beýleki edaralaryň düýbüni tutmak mynasybetli tutumly çäreler guraldy. Şanly seneler mynasybetli geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän giň lukmançylyk hyzmatlaryna eýe bolmagyny şertlendiren saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu günki waka ýurdumyzda halkyň saglygy, her bir raýatyň bähbidiniň abadançylygy hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ugry ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekden, ösdürmekden, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmakdan hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.
Aşgabatda täze häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň gurulmagy, olaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda soňky ýyllaryň dowamynda döwrüň talabyna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurlandygyny we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, obalarynda gurulýandygyny hem-de ýerlerde ilata ýokary derejedäki lukmançylyk kömeginiň berilýändigini aýratyn bellemeli.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly hem-de durmuş ulgamyny ugur edinýän we dünýä bileleşiginiň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) giň ykrarnamasyna eýe bolan syýasatynyň anyk netijeleridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
... Şu gün säher bilen döwlet Baştutanymyz Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu döwrebap desgalaryň işi azyk tehnologiýasy we sagdyn iýmitlenmek ulgamynda ylmy barlaglary we tehnologik işläp taýýarlamalary alyp barmaga gönükdiriler.
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, dürli düzümleriň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Olaryň arasynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem bu ýere şu gün hünär baýramçylygyny belleýän saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri geldiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralýan dabara özbolşuly öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz ýörite gurnalan ýere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralar dabara gatnaşyjylary bu günki şanly baýramçylyk bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerine berk jan saglyk, uzak ömür, bagt we asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Milli Liderimiz ilatyň saglygyny goramagyň Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan mesele bolup durýandygyny belledi. «Saglyk» döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» we kabul edilen beýleki maksatnamalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de özgertmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeleri kesgitleýär.
Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmäge borçludyr. Sebäbi, sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz şoňa görä-de, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär diýip aýtdy. Ýurdumyzda iň döwrebap saglygy goraýyş - anyklaýyş merkezlerini, şypahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Geçirilen tutumly işleriň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumy döredildi. Muňa mysal hökmünde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen sagaldyş-dynç alyş toplumlarynyň hem-de dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhanalaryň onlarçasyny görkezmek bolar.
Ýurdumyzda «Ene mähri» we keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar we beýleki saglygy goraýyş maksatly desgalar hem yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Türkmenistanyň Prezidenti biz şu gün hem şeýle merkezleriň birnäçesini dabaraly açýarys, täze desgalaryň düýbüni tutýarys diýip, Aşgabatda we welaýat merkezlerinde Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň, «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleriniň, şeýle hem düýbi tutulýan saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.
Milli Liderimiz täze desgalar we binalar barada aýtmak bilen, olary ýörite ugurlara gönükdirmek, şeýle hem saglygy goraýyş we döwletiň halk, adam baradaky aladasy bilen bagly bellenilen wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde zyýanly endiklere garşy göreşmegiň aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Nesillerimizi temmäkini ulanmagyň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen başlangyçlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň biri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara derejesinde ykrar etmegi ähli halkymyz üçin guwandyryjy waka boldy. Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli gatnaşyklary saklaýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu ulgamyň mümkinçilikleriniň ýokary derejede ulanylmagy oňat netijeleri gazanmaga, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Watanymyzda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny, şeýle hem unuň demir we foliý turşusy hem-de duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda biziň edýän tagallalarymyzy halkara derejesinde ykrar edýän aýdyň subutnamalarydyr diýip belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, şol sanda keselleriň ähli görnüşleriniň öňüni almak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýandygyny aýdyp, halkymyzyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, 2000-nji ýyldan başlap ýurdumyzda temmäkä garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012–2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlandy hem-de häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2013-nji ýylyň dekabrynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk–2020» syýasatynyň çäklerinde «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly Ýewropanyň ministrler derejesinde geçirilen maslahatynda Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy.
Alnyp barlan netijeli işler ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berilýändigine, ynsan saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz mähriban halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak barada hemişe alada ederis diýip aýtdy.
Milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda dabaraly bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Kardiologiýa ylmy - kliniki merkezli hassahananyň, Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, mähriban halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa, ynsan saglygyny goramak we berkitmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagy bilen kabul edildi.
Soňra Ýaponiýanyň milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň rektory Kei Sato söz berildi.
Jenap Sato ýyganananlary şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, nobatdaky lukmançylyk edaralarynyň ulanmaga berilmegi we täze desgalaryň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň Şahadatnamasynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bäş kitapdan ybarat bolan işiniň dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagyny wagyz etmek işine önjeýli goşant bolup durýandygynyň ykrar edilmegidir.
Myhman bu kitabyň Hirosaki uniwersitetiniň lukmançylyk we farmasewtika fakultetleri üçin zerur çeşmä öwrüljekdigine ynam bildirdi. Rektor ýolbaşçylyk edýän ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasynda türkmen Lideriniň ylmy-teoretiki we amaly taýdan gymmatly kitaplary üçin ýörite burçuň dörediljekdigini aýtdy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen, Hirosaki uniwersitetiniň professor-mugallymlar toparynyň we talyplarynyň adyndan Kei Sato türkmen döwletiniň Baştutanyna ýörite Şahadatnamany gowşurdy. Hirosaki uniwersitetiniň Şahadatnamasynyň gowşurylmagy türkmen döwletiniň Baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bäş kitapdan ybarat bolan işiniň dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagyny wagyz etmek işine önjeýli goşant bolup durýandygyny ykrar etmekdir.
Jogap hökmünde çykyş edende hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçylygyna we mugallymlaryna minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatoryna, Premýer-ministrine we Parlamentiniň başlygyna öz salamyny ýollady hem-de soňky ýyllarda turkmen-ýapon gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşdyrylandygyny we bulara täzeden badalga berlendigini nygtady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Hirosaki uniwersitetiniň dünýäde öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridigini we bu ýerde sintez, organiki we organiki däl himiýa, biohimiýa, fitoterapiýa boýunça ylmy-barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy. Eger Türkmenistanyň baý tebigatynda duş gelýän dermanlyk ösümlikleri barada aýdanyňda, onda olaryň görnüşleriniň sany 3 müň 550-den geçýär. Şolardan 1660-sy ýabany bitýän, dermanlyk ösümlikleriň 300 görnüşi bolsa endemiki tebigat dünýäsine degişlidir, ýagny bular dünýäniň başga hiç bir künjeginde gabat gelmeýär. Taryha “lukmançylygyň atasy” hökmünde giren meşhur gadymy grek lukmany Gippokrat keseli lukmanyň bejerýändigini, ýöne adamy tebigatyň sagaldýandygyny aýtdy. Awisenna bolsa: “Ilki näsagy söz bilen bejer, kömek etmese, dermanlyk ösümliklerini ulan, ahyry bolmadyk halatynda – tyg ulan” diýipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürdäki tejribede fitoterapiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça bilelikdäki işiň geljegine degişli gürrüňe geçip, entek köp işleriň edilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz şunuň ýaly peýdaly hyzmatdaşlygyň girewi hökmünde, Hirosaki uniwersitetiniň rektoryna ýakynda çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze, altynjy jildini sowgat berip, uly üstünlikleri hem-de tebigatyň eçilen saglygynyň berk bolmagyny arzuw etdi.
Soňra ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň wekili bolan oglanjyk bilen gyzjagaz hormatly Prezidentimize ýadygärlik ýazgy ýazylan gutuny getirip berýärler. Bu ýere ýygnananlaryň şowhynly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki nesillere niýetlenen ýazga gol çekýär we ony guta salyp, täze guruljak binanyň binýadyna goýýar. Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygyna ak pata berýär. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň göreldesine eýerýärler.
2012-2016-njy ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Tejribe-önümçilik we iýmit merkezi häzirki zaman barlaghana we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Munuň özi amaly we ylmy –barlag meselelerini, tejribe-önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmek üçin öňdebaryjy tilsimatlary işjeň ulanmaga mümkinçilik berer. Bu merkez ilatyň saglygyny goramak ulgamynda ylmy-barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň alnyp barylmagyny, daşky gurşawyň barlanmagyny, iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça seljerme işiniň geçirilmegini, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini, adamlaryň ýaşaýan we işleýän gurşawynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, ilatyň arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş ulgamy boýunça üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga ýardam berer.
Merkeziň açylmagy bilen, häzirki zaman we ylmy-tehniki çemeleşmeleriň kömegi arkaly “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasynyň”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda 2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno-öňüni alyş milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Bioindikasiýa usullary arkaly daşky gurşawy barlamak, iýmit önümlerine, şol sanda daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk önümlerine gözegçiligi kämilleşdirmek, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş ulgamynyň kadalaryna we tertiplerine laýyk gelýän ylmy esaslary işläp taýýarlamak merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Toplumdaky üç binada edara ediş otaglary, häzirki zaman barlaghanalar, keselleriň öňüni almaga niýetlenen serişdeler üçin ýöriteleşdirilen jaýlar, ylmy kitaphana bolar. Tejribe-önümçilik we iýmit merkezinde azyk önümlerine döwlet hasabatyny ýöredýän, bazarlarda barlag işini alyp barýan bölümler, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşawyň, zähmet, jemagat we radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa barlaghanalary, immuno-biologik serişdelerini saklamak üçin niýetlenen merkezi ammar hereket eder.
Şeýle hem bu ýerde maglumat-seljeriş we ylmy-tejribe bölümleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi ähli welaýatlardaky barlaghanalary özünde jemlemek bilen, umumy barlaghanalaryň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň, daşky gurşawyň hili we howpsuzlygy ulgamy, iýmit we suw bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak boýunça barlaglary alyp bararlar.
Şu gün düýbi tutulan binanyň düzüminde okuw merkezi hereket eder, şonda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugynyň hünärmenleriniň bilim derejesini we tejribesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik açýan okuw maslahatlary geçiriler.
Täze binanyň düzüminde waksinalaryň we beýleki immunobiologik serişdeleriň merkezi ammarynyň döwrebap dünýä ölçpegleriniň talaplaryna laýyklykda gurulmagy bolsa, tutuş ilatyň ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny mugt amala aşyrýan dünýäde ilkinji we ýeke-täk ýurt bolan Türkmenistanda milli immuno-öňüni alyş maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň kämilleşdirilmegine ýardam berer.
Şeýlelikde, Tejribe-önümçilik we iýmit merkezi Döwlet arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugynda ylym-barlag, usuly-tejribe, maglumat-seljeriş we barlaghana ulgamynyň merkezine öwrüler.
...Täze binanyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanan soň, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, awtoulagyna tarap bardy we bu ýerden täze Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Görogly köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda bina edilen ak mermerli belent desga şäheriň şu künjegindäki döwrebap binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Düýn ak mermerli Aşgabadyň bu künjeginde täze awtomobil köprüsiniň we ýerasty geçelgesiniň açylyş dabarasy boldy. Täze desgalar toplumy paýtagtymyzyň ulag ýollarynda awtomobilleriň hereketiniň sazlaşygyny üpjün etdi. Täze desgalaryň ýanaşýyk ýerleriniň döwrebap derejede abadanlaşdyrylmagy, ýörite yşyklandyryjylaryň oturdylmagy şäheriň bu künjegine özbolşuly öwüşgin çaýdy. Täze gurlan hassahananyň binasy baýramçylyk äheňinde bezelipdir.
Bu ýerde milli Liderimize milli lybasdaky gyzlar gül desselerini gowşurdylar. Ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurtlardaky türkmen diplomatlary döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ellerindäki baýdajyklary, dürli reňkdäki howa şarlaryny ýokaryk galdyran dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşmazdan öň, durky täzelenen, ýol aýrytly we ýerasty geçelgeli çatrygy, ýolagçylar üçin niýetlenen ýan ýodalaryň abadanlaşdyrylyşy, gök zolaklary, bu ýerde oturdylan yşyklandyryş ulgamlary synlady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ulag ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň ösüşe we täze düzümiň ösdürilmegine gönükdirilendigini hem-de bar bolan mümkinçiliklere daýanmak arkaly bu düzümiň berk bolmagyna gönükdirilendigini we onuň ulanyş taýdan göwnejaý ýagdaýda saklanmalydygyny aýtdy hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine degişli gulluklaryň bu desgalary we binalary oýlanyşykly ulanmalydygyny, olary ulanyş taýdan göwnejaý ýagdaýda saklamalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz munuň ýylyň islendik döwründe inženerçilik-tehniki, estetiki häsiýetnamalar, adamlara – sürüjilere we pyýadalara amatly şertleri döretmek bilen baglydygyny nygtap, ýoldaky ýerasty geçelgelerde ýagyş suwunyň toplanmagynyň öňüni almak boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini nygtady.
Şol bir wagtyň özünde täze lukmançylyk merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň belli artistleri we döredijilik toparlary şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz täze binanyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze bina açyldy. Döwlet Baştutanymyz hassahananyň bölümleri bilen tanşyp başlaýar.
Bu ýerde keselleri bejermek, ýürek – gan damarlary keselleriniň öňüni almak üçin ähli şertler döredildi. Hassahana 350 näsaga niýetlenip, onda gije-gündiz işleýän we gaýragoýulmasyz kömek otagy bolan merkezleşdirilen kabul ediş bölümi, kardiohirurgiýa ylmy-kliniki, funksional we şöhle bilen anyklaýyş, kardiologiýa, infarkt miokarda, fizioterapiýa we dikeldiş, üç zaly bolan operasiýa bölümleri bar. Şeýle hem bu ýerde hirurgiýa aritmologiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, angiohirurgiýa, toksikologiýa we gemodializ, rentgen-endowaskulýar hirurgiýa, rewmatologiýa we çaga rewmotologiýasy, terapiýa, endokrinologiýa, endoskopiýa bölümleri göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, merkezde masalahat beriş-anyklaýyş bölümi, kliniki-anyklaýyş barlaghanasy, gan banky, ylmy guramaçylyk we usulyýet bölümi hereket edýär.
Merkezde näsaglara ýokary derejeli kömek bermek we keselleriň göze görünmeýän görnüşlerini gijikdirmän anyklamak hem-de kardiologiýa, gan-damar ulgamlarynyň keselleri boýunça möhüm ugurlar babatda ylmy barlaglary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Onuň bölümleri we barlaghanalary ýöriteleşdirien türgenleşik, fantom, kompýuter we beýleki zerur enjamlar, okuw gollanmalary bilen doly üpjün edilipdir. Munuň özi bu ýerde tejribe geçýän talyplara, ýaş hünärmenlere, lukmanalara we kliniki ordinatorlara hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge, ýokarlandyrmaga, lukmançylygyň ähli ulgamlary boýunça iň täze işläp taýýarlamalara çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň hünärmenleriniň köpüsi Germanýianyň we Awstriýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda tejribe geçdiler.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň ýokarky gatyna galyp, rentgen-endowaskulýar bölümine bardy we angiografiýa otagyna girdi. Bu ýerde ýaş lukman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa otagyň enjamlaşdyrylyşy, Germaniýanyň dünýä belli “Siemens” kompaniýasynyň iň täze işläp taýýarlamalarynyň mümkinçiligi barada gürrüň berdi. Lukman döwlet Baştutanynyň sowallaryna jogap bermek bilen, “Artis zee” ulgamyň artykmaçlyklary barada aýtdy. Bu ulgamyň öňdebaryjy tehniki häsiýetnamasy bolup, pes şöhle berlişi, ýokary hili we anyk rentgen şekilini üpjün edýär. Angiografiýada iň inçejik damar düzümlerini we beýleki serişdeleri görmek bolýar. Enjamyň kuwwatly, çalt täsir ediji ulgamy şekilleri tiz almaga we işläp taýýarlamaga, barlaglaryň, seljermeleriň ýöriteleşdirilen kadasy üçin maksatnamalaýyn üpjünçiligi ýola goýmaga ýardam berýär.
Soňra milli Liderimiz toksikologiýa we gemodializ bölümine barýar, bu ýerde hünärine ökde toksikologlar, reanimatologlar we nefrologlar işleýärler. Zäherlenen adamlara bu ýerde himiki maddalar, dermanlyk serişdeler, kömelekler arkaly kömek berler. Ýylan ýa-da mör-möjek çakanda, iýmit babatda allergiýa we dürli görnüşdäki intoksikasiýa arkaly ýüze çykýan beýleki ýiti keseller dörände kömek berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bölümiň reanimasion otagyny synlaýar. Bu otag Germaniýanyň belli “Fresenius Medical Care”, “Drager” we “BBraun” kompaniýalarynyň Ýewropanyň ülňülerine laýyk gelýän enjamlary bilen üpjün edildi.
Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyza adamyň bedenindäki ganyň adsorbentiniň kömegi arkaly, bedeni zyýanly maddalardan we birleşmelerden arassalamak üçin niýetlenen “ART – Universal” enjamynyň işleýşini görkezýär. Şeýle hem bu enjamyň ulanylmagy damarlaryň gapdal tarapynda çöküp galyp, dürli agzalardaky ganyň aýlanyşyny bozýan holesteriniň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bir amaly geçirmek arkaly, bir ýarym – iki sagadyň dowamynda ganyň düzüminden holesteriniň 60 göterimden gowrak möçberini aýryp bolýar. Bu enjam aterosklerozyň, gipertenziýanyň, miokardyň infarktynyň, ýüregiň işemik keseliniň, insultyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bu ýerde böwregi çalşyrmak arkaly terapiýa we plazmoterapiýa üçin multifunksional ulgam ýaly enjam bar, ol “emeli böwrege” degişli enjamlary öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Fresenius Medical Care” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Bu ulgam böwrekleriň suwuklyk çykaryjy, süzüji we dezintoksiasion funksiýalary ýaramazlaşanda ýa-da dolulygyna işlemedik halatynda gaýragoýulmasyz kömek bermäge niýetlenendir. Germaniýanyň “Dräger” kompaniýasynyň öýkeniň emeli wentillýasiýasy boýunça “Sawina 300” kysymly enjamy hatda iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da wentelýasiýanyň göwnejaý we ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
Bejerişiň çylşyrymly bolmagyna we uzak wagtlap geçirilýändigine garamazdan, näsaglarda gaýraüzülmeleriň ýüze çykmazlygy görkezilen enjamyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly kämil enjamlary howpsuz ulanmagyň düzgünlerini birkemsiz we takyk berjaý etmegiň möhümdigine hünärmenleriň ünsüni çekip, şol enjamlar näçe kämil, ygtybarly dolandyrmak üçin ýönekeý bosa-da, ahyrky netije üçin jogapkärçiligiň tehnika däl-de lukmanyň boýnuna düşýändigini nygtady. Şoňa görä-de ýörite lukmançylyk enjamlary bilen işlemäge diňe hünär taýdan ýokary derejeli işgärlere hukuk berilmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine barýar. Bu ýerde lukman-reanimatolog bölümi dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň – işläp taýýarlaýjylaryň enjamlary, şol sanda otagda ýatanda we ondan-oňa geçirilende, näsaglaryň ýagdaýyna degişli görkezijilere (EKG, ýüregiň urşuna, pulsa, bedendäki temperatura we ş.m.) yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän “Infmiti Gamma XL” kysymly innowasion seljeriş ulgamy bilen üpjün edilişi barada jikme-jik gürrüň berdi.
Häzirki döwürde anyklaýyş we kliniki lukmançylyk boýunça tehnologiýanyň döwrebap derejesi, şuňa degişli ählumumy maglumatlar binýadynyň elýeterli bolmagy we yzygiderli ýagdaýda täzelenmegi bejerişiň empiriki usullarynyň dolulygyna diýen ýaly aradan aýrylmalydygyny görkezýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, ýaramaz netije bermeginiň öňüni almak üçin zerur dermanlaryň takyk ölçegini neneňsi derejede kesgitläp bolýandygy bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “BBraun” kompaniýasynyň infuzion we şprisli nasoslary görkezildi, hünärmeniň düşündirmegine görä bular anesteziýa we intensiw terapiýa üçin öňki ulgamlar bilen deňeşdireniňde howpsuzdyr. Bular derman serişdelerini ulanmagyň parametrleriniň, şol sanda has pes möçberler – sagatda 0,01 millimetr boýunça has pes tizligiň awtomatiki hasabynyň çykarylmagyny üpjün edýär.
Bölümde merkezi barlag stansiýasy gurnaldy, ondaky sensorly displeýde şol bir wagtyň özünde 32 sany monitorda näsaglara degişli maglumatlar görkezilip bilner. Stansiýanyň ýörite programmasy edil şol pursatda, şol sanda amallaryň geçirilýän wagtynda näsaglar baradaky ähli maglumatlary toplamaga we gözden geçirmäge, bu maglumatlary awtomatiki usulda ýazmaga we arhiwe tabşyrmaga mümkinçilik berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz kardiohirurgik operasion bölümiň işi we enjamlary bilen tanyşdy. Zenan lukman – kardiohirurg bu ýerde goýlan hem-de häzirki wagtda dünýäde şu ugur boýunça has öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän täze we özboluşly enjam barada gürrüň berdi.
Mysal üçin aýdanyňda, “Stockert” kompaniýasynyň emeli gan aýlanyşyna degişli enjamy ýürek boýunça operasiýa geçirilende adamyň bedenindäki ähli ýagdaýlaryň saklanmagyna mümkinçilik berýän enjamlaryň has soňkusydyr, şunda howpsuzlyga we esasy görkezijileriň barlanmagyna degişli ähli ulgamlaryň çatylmagyna mümkinçilik döredildi.
Döwlet Baştutanymyz hirurglaryň we anesteziologlaryň iş orunlarynda işiň awtomatiki usulda alnyp barlyşyna we gurallar bilen üpjün edilişine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, elektro we mehaniki-gidrawliki usulda dolandyrylýan operasion stol operasiýalar uzaga çeken mahalynda näsagyň we hirurglaryň has oňaýly ýerleşmeginiň esasy özeni hökmünde Germaniýanyň “Maquet” kompaniýasynyň önüminiň “altyn” standarty bolup durýar.
“Dräger” kompaniýasynyň “Perseus A500” kysymly has döwrebap narkoz – dem alyş enjamynda ulgamyň integrasiýasynyň täze ýörelgeleri öz beýanyny tapýar, bu enjam täze dogan çagalaryň anesteziýasyny amala aşyrmagy, anestetigiň takyk möçberde berilmegini üpjün edýär. Operasiýa geçirilen wagtynda maglumatlaryň monitorda görkezilmegi kardiohirurga, anesteziologa, perfuzologa näsagyň ýagdaýyna degişli görkezijilere, ganynyň kislorod bilen üpjün edilişine yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.
CS300 ballonly kontrpulsasiýasy üçin niýetlenen “DATASCOPE” kysymly ulgamy has töwekgelçilikli topara degişli nähoşlarda emeli gan aýlanyşygyny döretmek arkaly operasiýa geçirilmänkä, operasiýa geçirilende we şondan soňra ulanylýar. Şeýle hem bu ulgam doganda ýüreginde kemçiligi bolan çagalar operasiýa edilende yzygiderli gemodinamikany saklamak we işemiýanyň öňüni almak, koronar gan aýlanyşygyny gowulandyrmak üçin ulanylýar.
Ýaponiýanyň “Nihon Kohden” kompaniýasynyň “Cardiolife TEC –5531 k” deffibrillýatory kardiostimuliýasiýa boýunça has döwrebap enjamlaryň biri hasaplanýar. Ol ýarym awtomatiki usulda işläp, aritmiýa ýüze çykanda sesli duýduryş berýär. Ol elektroulgama çatylmadyk ýagdaýynda, iki ýarym sagatlap işlemäge ukyplydyr.
Döwlet Baştutanymyz operasiýadan soňky reanimasion bölüme baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işlpeýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolan mahalynda, kynçylykly ýagdaýa düşen adamlara gözegçilik etmek, özbaşdak bejermegiň usulyny saýlap almagyň ýörelgeleri, lukmanlaryň ygtyýaryna berlen lukmançylyk enjamlarynyň neneňsi mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy barada jikme-jik sorady.
Ozal bellenilişi ýaly, hassahanada näsaglara gözegçilik edýän lukmançylyk ulgamy goýuldy, şeýle hem oňa ýüregiň işleýşine gije-gündiz gözegçilik etmek boýunça holterowsk monitorirlemek usulyny ulanýan kardioregistrator goşulýar. Bu usul diagnozy takyk goýmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, ýürek-damar kesellerini (gipertoniýany, infarkty, aterosklerozy, miokarditleri) bejermegiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Lukman Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryň köp ugurlara degişli enjamlary bilen tanyşdyrmak arkaly, nähoşlaryň çalt bejerilmegine yzygiderli gözegçilik edilişi barada aýdyp, ulularda we çagalarda öýkeniň wentilýasiýasyny amala aşyrmak üçin toplumyň, şeýle hem esasy gan damarlarynda ganyň akyşy barada maglumat almaga mümkinçilik berýän we doplerografiýa üçin “Sonicaid MD 200” (Beýik Britaniýa) kysymly enjam bilen tanyşdyrdy.
Angiohirurgik bölümde meýilleşdirilen tertipde, wena degişli keselli adamlar kabul ediler. Şeýle hem bu ýerde, meselem, damarlaryna şikes ýetip, gyssagly kömege mätäç bolan näsaglaryň gije-gündiziň dowamynda kabul edilmegi göz öňünde tutuldy. Olara gaýragoýulmasyz hirurgik kömek berler. Bölümde enjamlaryň toplumlary goýlup, şolaryň kömegi arkaly, aterosklerozly, endoarteriitli, tromboflebitli näsaglary konserwatiw görnüşde bejeriler. Arteriýalar gyssagly ýagdaýda bejerilende, emeli wenalary ulanmak arkaly protezirlemek, hem-de autobifemorally, arterial autowenozly şuntirlemek, endarterektomiýa, flebektomiýa ýaly amallary berjaý etmek bilen bagly mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek çetki damarlary stentirlemek boýunça operasiýalary geçirmek ýola goýlar.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ýene-de köp işler ilkinji gezek amala aşyrylar, çünki bu hassahana önüm öndürijiniň şunuň ýaly tehnika bilen iş salyşýan hünärmenleriň düzedişleri we maslahatlary boýunça ozalky nusgalary täzeden taýýarlanan has täze enjamlar bilen üpjün edildi hem-de sebitde şunuň ýaly enjamlar bilen işleýän hassahana ýok. Munuň özi lukmanlaryň iş başarjaňlygynyň we hünär ussatlygynyň derejesi babatda has ýokary talaplaryň bildirilýändigini hem-de ussat hünärmenleriň taýýarlanmagy boýunça tejribäniň alşylmalydygyny görkezýär.
Kardiologiýa boýunça ylmy-kliniki merkezli hassahana Mýunhende tanymal professor – kardiolog Kalin Wikolyň işlemek üçin çagyrylmagy-da köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň dowamy bolup durýar. Hassahananyň gurulýan wagtynda ol Türkmenistana gelip, bu desgany synlady hem-de bilermen hökmünde zerur enjamlaryň saýlanyp alynmagyna kömek etdi we maslahat berdi. Professor ýurdumyzda bir ýyllap işlär, şonda ol diňe bir çylşyrymly operasiýalary geçirmek bilen çäklenmän, leksiýalary okar. Şeýle hem ýörite tele ulgamyň kömegi arkaly operasiýalaryň geçirilişine şol bir wagtyň özünde distansion görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik döredildi, munuň özi talyplar – geljekki hirurglar we ýaş lukmanlar üçin wirtual görnüşde tälim berilmegine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň binasyndan çykmanka, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Milli Liderimiz hemmeleri bu toplumyň açylyşy bilen ýene-de bir gezek gutlap, onuň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi. Muňa jogap hökmünde, lukmanlar Türkmenistanyň Prezidentine saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk ylmyny ösdürmegiň meselelerine içgin üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ata Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidi üçin köp ugurly işinde täze ajaýyp üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulag bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýene-de bir dabaranyň – Görogly köçesiniň ugrunda gurlan “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň açylyşynyň geçiriljek ýerine tarap ugrady.
Bu ýerde köpsanly adamlar ýygnanypdyr, Olar döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.
Merkeziň binasynyň öňündäki meýdançada ýaş artistler – sazandalar we tans toparlary çykyş edýärler.
Ine, bu gün milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesip, ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň düzüminde möçberi we ähmiýeti boýunça örän uly merkezi açýar.
Şäheriň merkezindäki täze 10 gatly binada ýerleşýän paýtagtymyzyň “Gaýragoýulmasyhz tiz kömek” merkezi dünýä ülňülerine laýyk gelýän has döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem onuň düzüminde göçme “Tiz kömek” gullugy işleýär. Merkeziň esasy işi hadysanyň bolup geçen ýerinde, ýolda, öýde, şeýle hem stasionar şertlerde ilata gije-gündiziň dowamynda gyssagly we gaýragoýulmasyz kömek bermekden ybaratdyr.
Aşgabatdaky “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi 25 orunlyk kabul ediş, maslahat beriş – anyklaýyş, ýanyk, 25 orunlyk endoskopik hirurgiýa, 50 orunlyk neýrotrawmatologiýa, 50 orunlyk torako-abdominal hirurgiýa, 50 orunlyk umumy hirurgiýa, 18 orunlyk intensiw terapiýa (reanimasiýa) boýunça bölümlerden, 4 operasion zally operasion bölümden, barlaghanadan, fizioterapiýa we beýleki bölümlerden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti merkezde ilki bilen çagyryşlaryň kabul edilýän ýeri bilen tanyşdy. Indiden beýläk hut şu ýerde çagyryşlar kabul ediler hem-de operatorlar şol çagyryşlary degişli ugurlar boýunça lukmanlara aýdarlar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde GPS-monitoring arkaly ony bölümleriň 11-si bilen baglanyşdyrýan radioaragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şu ulgamyň kömegi arkaly, Aşgabadyň elektron kartasynda “tiz kömek” awtoulagynyň haýsy ýerde ýerleşýändigini we nirä barýandygyny kesgitläp bolýar hem-de çagyryşlaryň kabul edilýän ýerindäki umumy uly ekranda we operatorlaryň monitorlarynda görkezilýär. Wagtyň has tygşytlanmagy şu ulgamyň artykmaçlygy bolup durýar, çünki has gyssagly ýagdaý ýüze çykyp, “tiz kömege” ýüz tutulanda her bir pursat möhüm ähmiýete eýedir, galyberse-de bu ulgam jemlenen toparlaryň çagyryşa dessine seslenmegine - nähoşyň ýerleşýän ýerine çenli barylýança wagtyň kesgtlenmegine mümkinçilik berýär.
Radioserwer merkeziň we bölümleriň sesli aragatnaşygy saklap, SMS-ýazgylar görnüşinde çagyryşlaryň kabul edilmegine we degişli adamlara ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Çagyryşlar baradaky ähli maglumat kompýuter ulgamynyň ýadynda saklanar. Merkezde elektron görnüşdäki resminamalaryň dolanyşygy boýunça döwrebap ulgam goýuldy, munuň özi zerur maglumaty hasaba almak, saklamak we ulanmak boýunça işiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bularyň ählisi we başga-da bir giden ýagdaýlar gaýragoýulmasyz kömek boýunça gullugyň takyk, sazlaşykly we bökdençsiz işelmegini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
“Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezinde ýöriteleşdirilen gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin reanimasiýa, kardologiýa, newrologiýa, trawmatologiýa, pediatriýa, akuşerçilik boýunça ýörite toparlar guraldy.
Merkeziň birinji gatynda ýerleşýän kabul ediş bölüminde şoga garşy otag ýerleşýär. Bu ýerdäki iş ilkinji gezek ýola goýuldy, onda “Tiz kömek” gullugy tarapyndan getirilen hassalar kabul ediler.
Döwlet Baştutanymyz täze merkeziň otaglaryny synlap, bar bolan ykjam enjamlar arkaly ejir çekenlere ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek we takyk anyklamak üçin niýetlenen ýeriň enjamlar bilen üpjün edilişi bilen jikme-jik gyzyklandy.
Şoga garşy otag ejir çekenlere ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek hem-de otagdaky ykjam enjamyň kömegi bilen, keseli doly anyklamak üçin niýetlenendir.
Otagda döwrebap defibrillýator, emeli dem alyş boýunça enjam, intubasiýa boýunça laringoskop, ultra sesli barlag üçin portatiw enjamy, elektrokardiograf, portatiw rentgen apparaty, glýukometr we beýleki anyklaýyş enjamlary, şeýle hem dermanlyk serişdeleri we sargy serişdeleri bilen üpjün edildi, bular Ýewropanyň ülňülerine laýyk gelýär.
Bu enjamlar näsagyň keselini anyklamaga hem-de gysga wagtyň içinde bejeriş boýunça zerur usulyň saýlanyp alynmagyna ýardam edýär. Şeýle hem bu ýerde näsag merkeze getirilenden soňra gyssagly operasiýalar geçirmek üçin şertler döredildi, lukmanlar hassalara dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly ilkinji soňra stasionar bejeriş geçirmek üçin näsaglar merkezdäki degişli bölümlerde ýerleşdirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölümine bardy, bu bölüm lukmançylyk boýunça soňky gazanylanlar – kompýuter tomografiýasy, rentgen-- flýurografiýa boýunça enjamlar, ultra sesli enjam, elektrokardiograf, spirograf, fibrogastroduodenoskop, bronhoskop we halkara ülňülerine laýyk gelýän beýleki döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.
Bular adamyň bedeninde bolup geçýän ähli özgerişleri äşgär etmäge mümkinçilik berýär, munuň özi diagnozy takyk bellemegiň hem-de doly we dürs bejeriş geçirmegiň zerur şertidir. Merkezde göçme rentgen enjamyň bolmagy kynlyk bilen hereket edýän näsagyň ýatan otagynda degişli diagnozy takyk bellemäge mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem bu bölümde belli bir ugurly hünärmenler günüň dowamynda hirurgiýa, trawmatologiýa, umumy hirurgiýa, newrologiýa, oftalmologiýa, endokrinologýa, ginekologiýa, otorinolaringologiýa, stomatologiýa ýaly ugurlar boýunça zerur maslahatlary berýärler.
Ikinji gatda ýerleşýän intensiw terapiýa (reanimasiýa) bölüminde näsaga gijikdirilmän we dolulygyna gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin ähli şertler döredildi. Bejeriş otaglarynda emeli dem alyş boýunça enjamlar, kardiomonitorlar, defilbrillýatorlar, multifiltratlar we dünýä ülňülerine laýyk gelýän beýleki enjamlar bar.
Barlaghana bölüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar goýlup, zerur barlaglary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Barlaghana umumy kiliniki, biohimiki, serologik, bakteriologik we beýleki barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir. Goýlan analizatorlaryň, fotometrleriň we dünýä ülňülerine laýyk gelýän beýleki enjamlaryň kömegi arkaly zerur barlaglary gysga wagtda we ýeterlik möçberde geçirmek üçin, barlaghanada ähli şertler döredildi. Barlaghanada immunofermentli seljerişi geçirmek üçin niýetlenen multiskanirleýji enjam işledilýär.
Operasion bölüm operasiýa geçirmek boýunça zallaryň 4-sinden ybaratdyr, bular birbada gaýragoýulmasyz operasiýalaryň birnäçesini geçirmek üçin niýetlenendir. Bölümde endoskopik hirurgiýa, neýrotrawmatologiýa, torako-abdominal hirurgiýa ýaly ugurlar boýunça çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ähli şertler döredildi. Bu ýerde endoskopik operasiýalary geçirmek üçin “Ştors” nemes kompaniýasynyň endoskopik we hirurgik enjamlary, neýrotrawmotologiýa operasiýalaryny geçirmek üçin Germaniýanyň “Leýka Mikro” önümçilik kompaniýasynyň operasion mikroskopy we beýleki enjamlary işledilýär. Ýanykly näsaglar üçin operasion zallarda uzak wagtlap bitmeýän hem-de bedeniň köp ýeri ýanan ýerleri autodermokpastik usul arkaly bejermek üçin elektrodermatomlar, perfaratorlar ýaly enjamlar ýerleşdirildi. Munuň özi agyr derejede ýanyk keselli adamlary halas etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bölümle öýkeniň emeli wentilýasy we anesteziýa boýunça Germaniýanyň öňdebaryjy “Drager” önümçilik kompaniýasynyň “Fabius Tiro” kysymly enjamy işledilýär. Operasiýalaryň gijikdirilmän geçirilmegi näsaglaryň gysga döwürde sagalmagyna, raýatlaryň maýyp bolmagynyň öňüniň alynmagyna we olaryň zähmete ukyplylygynyň dikeldilmegine ýardam berer.
Binanyň 3-nji gatynda ýerleşýän ýanyk bejeriş bölümi häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlar bilen üpjün edilipdir, onda suwa düşülýän otaglar, aeroterapiýa otaglary, ionizirlenen suwa düşülýän otaglar bar. Bu enjamlar ýangyn zerarly düşen ýaralary bejermek üçin niýetlenendir. Ýanyk alan näsaglaryň otaglarynda ýürek urgusyny, gan basyşyny we her bir hassanyň saglyk ýagdaýynyň beýleki görkezijilerini özbaşdak barlamak üçin ýörite enjamlar oturdylypdyr.
Binanyň dördünji gatynda ýerleşýän endeskopiýa hirurgiýasy bölüminde ýörite endeskopiýa enjamynyň kömegi bilen dürli bejeriş amallary geçirilýär, bu bolsa operasiýany näsaga goşmaça şikes ýetirmezden geçirmäge, näsagyň hassahanada ýatmaly wagtyny azaltmaga hem-de raýatlaryň zähmete ukyplylygyny tiz dikeltmäge ýardam berýär.
Merkeziň bäşinji we altynjy gatlarynda ýerleşdirilen umumy hirurgiýa bölüminde, ýedinji, sekizinji gatlaryndaky neýrotrawmatologiýa we dokuzynjy hem-de onunjy gatlarda ýerleşdirilen torako-abdominal hirurgiýasy bölümlerinde näsaglara bu ugurlar boýunça ýokary derejeli gaýragoýulmasyz bejeriş hyzmatlary ediler. Olarda syrkawlar üçin ähli amatly şertler döredilip, bir we iki otaglar näsagyň ýagdaýyna baglylykda üýtgedilýän krowatlar, telewizorlar, sowadyjylar bilen üpjün edilendir, egin-eşik çalşyrylýan we arassaçylyk otaglary göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem näsaglar üçin niýetlenen otaglar kislorod üpjünçilik ulgamy, nobatçy şepagat uýalaryny çagyrmak üçin ýörite düwmeler, merkezi ýyladyş ulgamy we howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilendir.
Merkezde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş kafedralarynyň ýerleşdirilmegi bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary tarapyndan näsaglara ýokary hilli lukmançylyk maslahatlaryny bermäge, ähli ugurlar boýunça gyssagly lukmançylyk geňeşmelerini geçirmäge, şeýle hem degişli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň işini kämilleşdirmäge ýardam berer.
Binada 200 orunlyk uly zal we her biri 80 orunlyk üç sany kiçi zal ýerleşýär, olar dürli maslahatlary, ylmy maslahatlary, duşuşyklary, mejlisleri geçirmek üçin niýetlenendir. Şu geljekki merkez saglygy goraýyş ulgamynda ylym we bilim babatda täze görnüşli klinikasynyň döredilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, lukmançylyk boýunça ussat işgärleriň taýýarlanylmagynyň we döwrebap ylmy barlaglaryň alnyp barylýandygyny aňladýar.
... Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, 230 awtoulaga niýetlenen ulag binasyna barýar. Bu ýerde merkeziň hünärmeni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk merkeziniň açylmagy mynasybetli berlen “Mersedes-Bens” kysymly dürli görnüşli ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 50-siniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Olaryň 5-si Türkmenistana ilkinji gezek getirilen täze kysymly reanimobillerdir.
Bu reanimobiller agyr näsaglara lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilendir. EKG ykjam enjamy, infuzion we şpris sorujylary, öýken üçin emeli dem alyş enjamy, aradaşlykdan hereketi kadalaşdyrýan howa düşekçeleri (zerur bolan halatynda operasiýa geçirilýän stol hem bolup biler) we näsaga tizden-tiz lukmançylyk kömegi zerur bolanda ulanylýan beýleki serişdeleriň toplumy – bir söz bilen aýdylanda, näsag ulag bilen äkidilýän wagty ýolda lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermek üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr. Şunuň ýaly reanimobilde lukmanlaryň örboýuna galyp durmagy üçin hem mümkinçilik bardyr. Bu bolsa olaryň arkaýyn işlemegine mümkinçilik berýär.
Soňra milli Liderimiz ýörite meýdançadaky dikuçaryň ýanyna barýar. Bu ýerde duran ýokary tizlikli “SuperPuma AS 332 L2” dikuçary hormatly Prezidentimiziň merkeze beren ajaýyp sowgadydyr.
Oturmak üçin 5 adama we ýatmak üçin 4 adama niýetlenen, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini öz wagtynda talabalaýyk bermegi üpjün edýän ýokary tizlikli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dikuçarda ykjam elektrokardiograf we monitorly defibrilýator enjamy, ergin guýmak üçin infuziomat, emeli dem beriş enjamy, awtomatiki sorujy, ykjam ultrases barlag we beýleki enjamlar, adam bedeninde süýjüniň mukdaryny, ganyň basyşyny, bedeniň gyzgynlygyny ölçeýji enjamlar bar.
Şeýle hem dikuçar derman serişdelerini saklamak üçin sowadyjy we ýyladyjy ulgamlar, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin dürli görnüşdäki saglygy goraýyş gurallary we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilipdir.
Sanitariýa awiasiýa bölümi merkeziň 5-nji gatynda ýerleşýär, bu ýerde “tiz kömege” degişli lukmanlaryň gije-gündiziň dowamynda işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Olaryň ygtyýarynda ýöriteleşdirilen lukmançylyk enjamlary we abzallar bar, munuň özi ýurduň islendik ýerinden çagyryş gelen badyna, çalt we gijikdirmän ýerlikli kömek bermäge mümkinçilik döredýär.
Umuman alanyňda, merkezdäki binalaryň toplumy 53,2 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýar. Şu ýerde gullugyň awtoulaglaryna tehniki taýdan hyzmat edilýän ýerler, şol sanda abatlaýyş-mehaniki ussahana, awtoulaglaryň ýuwulýan we ýangyç guýulýan ýerleri bar. Şeýlelikde, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi saglygy goraýyş ulgamynda kuwwatly düzüm, köpugurly özbaşdak lukmançylyk toplumy bolup durýar hem-de bu toplum tejribe bilen bagly lukmançylygy ösdürmekde özbaşdak ugurdyr.
Hormatly Prezidentimiz täze binalar bilen tanyşandan soňra, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde Aşgabat şäherinde býujetden maliýeleşdirilýän hem-de tölegli hyzmatlar edýän “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi döredilipdi, şeýle merkezler Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem döredilip, şu gün dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Her biri 30 adama niýetlenen welaýatlaryň 2 gatly “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezleri kabul ediş, maslahat beriş –anyklaýyş, operatiw, intensiwteropiýa (reanimasiýa), neýrohirurgiýa, torako-abdominal hirurgiýasy, dikeldiş-bejeriş bölümlerini, “Tiz kömek” gullugyny, barlaghanany we beýlekileri öz içine alýar.
Şeýle hem, şu gün Morfologiýa merkeziniň, 120 orunlyk Newrologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Morfologiýa merkezi üç binadan we kömekçi jaýlardan ybarat bolar. Onuň umumy tutýan meýdany 6,2 gektara deňdir. Merkez Çoganlyda, Ýokanç keselleri müdirliginiň golaýynda gurlar. Merkezde morfologiýa edaralary (Merkezi kazyýet-lukmançylyk, Merkezi patologiýa-anatomiýa edarasy) we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň morfologiýa ugurly kafedralary (kazyýet lukmançylyk we hukuk, patologiýa-anatomiýa, adamyň anatomiýasy, operatiw hirurgiýa hem-de topografiýa anatomiýasy kafedralary) tarapyndan amala aşyryljak işler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýeke-täk Morfologiýa merkeziniň döredilmegi morfologiýa barlaglaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer. Şunda bu merkeziň lukmançylyk ulgamynda bejeriş-anyklaýyş işleri amala aşyrylanda täze, iň häzirki zaman sepgitlere ýetmäge aýratyn ähmiýet berler. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bu merkezde gistohimiýa we sitohimiýa usullary arkaly gistologiýa, elektron-mikroskopiýa barlaglaryny geçirmek üçin şert dörediler. Bu bolsa anyk netijeleri almaga mümkinçilikleri has giňelder.
Morfologiýa merkezinde lýuministent mikroskopiýasy we immunogistohimiki barlaglary usullarynyň ornaşdyrylmagy düwnük mäzleriniň antigenlerini kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolar. Netijede, munuň özi olary anyklamagy we bejerişi täze derejä çykarmaga ýardam berer. Ýokary häzirki zaman derejesinde geçirilen autopsiýa, gistologiýa we biohimiki barlaglar ylmy taýdan seljeriler we lukmançylyk iş tejribesine giriziler. Käbir patologiýa häsiýetli keselleriň morfologiýa esaslaryny çuňňur we giňden öwrenmek, şol sanda synag usullary arkaly öwrenmek bejeriş-anyklaýyş işleriniň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Gurulmagy meýilleşdirilýän 120 orunlyk Newrologiýa merkezi bejeriş binasyndan we kömekçi jaýlardan ybarat bolup, 4,5 gektar meýdany eýelär. Ol Çandybil şaýolunyň we Atatürk köçesiniň çatrygynda Berzeňňidäki “Sanlyk” şäherjiginde bina ediler. Merkezde newrologiýa keselli çagalary we ululary bejermek üçin ähli şertler dörediler. Bu lukmançylyk edarasy magnit-rezonans terapiýasyny, kompýuter tomografiýany, angiografiýany, ehoensefalografiýany, ultrases we beýleki bejeriş-anyklaýyş barlaglaryny geçirmek hem-de beýni gan aýlanmasynyň ýiti bozulmalaryny, oňurga kesellerini bejermek üçin zerur bolan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän degişli enjamlar bilen üpjün ediler.
Düýbi tutuljak ýene bir desga – Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, geljekki Tejribe-önümçilik we iýmit merkezi ýaly ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzümlerini innowasiýa derejesinde ösdürmäge ýardam berer. Onuň düzümine dolandyryş binasy, häzirki zaman barlaghanalary, barlaghana jandarlaryny saklamak üçin wiwarium, şeýle hem göçme ykjam barlaghana üçin awtoduralga girer. Bu merkeziň işiniň eýesy maksady Türkmenistanyň çäklerine aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almakdyr, bu işler ygtybarly usullar we häzirki zaman tilsimatlary arkaly amala aşyrylar.
Şu gün düýbi tutulan desgalary ulanmaga doly taýýar edip, 2016-nji ýylyň iýul aýynda tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, olaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

* * *