Şu gün Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahor Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Sloweniýanyň baştutanynyň Türkmenistana bu sapary ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn hem-de dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda has işjeňleşdirildi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabarary hasabat berýär. Sloweniýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Borut Pahor hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Sloweniýanyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, Sloweniýanyň lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Sloweniýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Borut Pahory “Altyn zala” çagyrýar, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Baştutany sloweniýaly kärdeşini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Sloweniýanyň Prezidentiniň ýurdumyza şu ilkinji resmi saparynyň hem-de ýokary derejedäki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine, iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň dünýä syýasatynda alyp barýan ugurlarynyň birmeňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini hem-de taraplaryň esasy maksadynyň dünýäniň ähli halklarynyň parahatçylykly, abadançylykly durmuşda ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyp, hususan-da, Sloweniýanyň Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy babatda öňe süren başlangyçlaryny diňe goldamak bilen çäklenmän, eýsem, ko-sponsor bolup çykyş edendigini belledi we şu babatda slowen tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda Sloweniýanyň lideriniň şu saparyna uly ähmiýet berýär. Sloweniýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we haryt dolanyşygyny artdyrmagyň möhümdigini belläp, halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýän wajyp şerti hökmünde gumanitar-medeni ulgamda gatnaşyklaryň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň we tejribe alyşmagyň, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Sloweniýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, türkmen-slowen hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Sloweniýanyň wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri girdiler. Olar hem türkmen hyzmatdaşlary bilen birnäçe gepleşikleri we duşuşyklary geçirerler. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz bu gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk ulgamyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ol iki ýurduň hem ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ýurdumyza saparynyň ikinji gününde Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň Hazar deňziniň türkmen kenarynda kemala gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen tanşyp biljekdigini aýtdy. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, sport ulgamynda tejribe alyşmak maksadalaýyk bolardy.
Şeýlelikde, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de kärdeşine döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, öz ýurdunda bu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm hem-de şanly waka hökmünde uly ähmiýet berilýändiginiň nygtady. “Türkmenistana gelip görmek biziň üçin uly hormat-sarpadyr” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de Sloweniýanyň iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Prezident Borut Pahor bu saparynyň ýurdumyza ilkinji saparydygyny belläp, ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň ösüşine ýokary baha berdi. Sloweniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ymtylmasy hem şunuň bilen şertlendirilendir. Nygtalyşy ýaly, slowen tarapy şu gepleşiklere uly umyt bildirýär. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunda belent mertebeli myhman Sloweniýanyň Türkmenistan bilen söwda – ykdysady ulgamda, şol sanda syýahatçylykda gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdi. Sloweniýanyň wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň hem girendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sloweniýa Respublikasynyň baştutany Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň döredijilik häsiýetine eýedigini nygtap, öz saparynyň maksadynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Dostlukly, özara düşünişmek, oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Borut Pahor türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň ençeme meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Türkmenistanyň we Sloweniýanyň baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan gumanitar-medeni ulgamda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmegiň wajypdygyny bellediler.
Duşuşygyň barşynda taraplar şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda giňişlýein düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Borut Pahory we Sloweniýa Respublikasynyň wekiliýetini Türkmenistanda mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanda ýokary derejedäki ilkinji türkmen-slowen duşuşygyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm waka hökmünde baha berilýär hem-de uzak geljege niýetlenen giň gerimli hyzmatdaşlygyň başlanmagy hökmünde garalýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Sloweniýanyň halkara giňişliginde özara hyzmatdaşlyk etmekde belli bir derejede oňat tejribe toplandygyny belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşi, Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşi ýaly möhüm edaralaryna geçirilen saýlawlaryň dowamynda Sloweniýa Türkmenistana uly goldaw berdi. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýasyny hem Sloweniýa goldap çykyş etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany Sloweniýanyň şeýle garaýşyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna düşünmek bilen garaýandygy we olary durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi üçin Sloweniýanyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň komitetleriniň birnäçesine geçirilen saýlawlarda Sloweniýa goldaw berendigini belledi. Türkmenistan halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ösüşiniň esasy meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, dünýäde durnukly ösüş we howpsuzlyk ulgamyny berkitmek bilen bagly meselede Türkmenistanyň we Sloweniýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny belledi. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň alyp barýan sazlaşykly syýasatynyň möhüm orny bardyr. Bu, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň degişli çözgütlerinde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde bütin dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň durnukly we sazlaşykly ösmeginde hem bu mesele möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda Türkmenistanyň we Sloweniýanyň garaýyşlary birmeňzeşdir.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Sloweniýa geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtap, bu ugurda ikitaraplaýyn esasda hem, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda energetika ulgamynda uzakmöhletli gatnaşyklaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada gepleşiklere başlamaga taýýardygyny tassyklady.
Diňe döwletleriň bilelikdäki tagallalary, halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine – halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy üstünlikli göreşip boljakdygy babatda iki ýurduň garaýyşlary gabat gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary meselelerine geçip, Türkmenistanyň we Sloweniýanyň bu ileri tutulýan ugurda hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny iki ýurduň hakyky mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin döwletleriň ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döretmegiň zerurdygyny aýdyp, iki ýurduň arasynda hökümet derejesinde yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň hem-de maýa goýum işjeňliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işini ýola goýmagyň oňat netijeleri berip biljekdigini nygtady. Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, oňa innowasion häsiýet bermegi göz öňünde tutýandygymyz nazara alnanda, bu mesele aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda özara hyzmatdaşlyk iki tarapa hem uly bähbit getirip biler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sloweniýaly hyzmatdaşlarynyň tejribesine we tehnologiýalaryna uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de elektronika we elektrotehnika, agaç işläp bejermek senagaty, oba hojalygy, azyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek ýaly pudaklarda ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady. Şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Türkmen hünärmenleri Sloweniýanyň derman öndürýän «KRKA» kompaniýasy tarapyndan saglygy goraýyş ulgamy boýunça guralýan halkara maslahatlaryna we okuwlaryna işjeň gatnaşýarlar. Biz geljekde hem bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we kämilleşdirmek isleýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagyny özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki bir geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana we Sloweniýa Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde möhüm orny eýelemäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde – Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösdürilýän döwründe bu mesele aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Şu babatda Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçiriş we logistik üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň hem ähmiýeti uludyr. Bu ulag-üstaşyr ulgamlary geljekde Hazar deňziniň, Gara deňziň, Ortaýer deňziniň we Baltika deňziniň sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri hem öz içine alar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň ýöriteleşdirilen halkara edaralarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde bilelikde has-da netijeli işleri amala aşyryp biljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, Sloweniýanyň wekiliýetini bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem, biziň ýurtlarymyzyň arasynda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar. Biziň sloweniýaly hyzmatdaşlarymyz, ilkinji nobatda bolsa, «ISKRATEL» kompaniýasy türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ilkinji taslamalary üstünlikli amala aşyrdy. Häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamyny türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Biziň ýurdumyz Sloweniýanyň häzirki zaman syýahatçylyk üpjünçilik ulgamlaryny we hyzmatlar ulgamyny döretmekde toplan örän baý tejribesini öwrenmäge we ulanmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sloweniýanyň kompaniýalarynyň we hünärmenleriniň Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň oňat geljeginiň bardygyny belledi.
Iki ýurduň telekeçilerini söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge has işjeň çekmegiň uly ähmiýeti bar. Bu ugurda anyk maksatlara gönükdirilen işewürlik maslahatlaryny guramaga aýratyn üns bermeli. Biz türkmen telekeçileriniň wekiliýetini özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Sloweniýa ibermäge taýýar. Şeýle hem biz sloweniýaly işewürleri Türkmenistanda höwes bilen kabul ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gumanitar gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmeginde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, biz medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam bermegi teklip edýäris diýip belledi. Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamakda we ylmy barlaglary geçirmekde Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen talyplaryny we hünärmenlerini Sloweniýanyň bilim we ylym merkezlerinde okatmagyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Borut Pahora, onuň baştutanlygyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryna netijeli işländikleri, ýurdumyz bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge we berkitmäge çalyşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hemişe Sloweniýa Respublikasynyň wepaly dosty, ygtybarly hyzmatdaşy bolar diýip, milli Liderimiz nygtady we Sloweniýanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti çykyş etdi. Belent mertebeli myhman Sloweniýanyň wekiliýetiniň adyndan we öz adyndan mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.
Prezident Borut Pahor ýurdumyza resmi saparynyň maksatlary barada aýdyp, onuň, ilkinji nobatda, özara düşünişmek we netijelilik esasynda ösdürilýän türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Dostlukly ýurduň döwlet baştutany daşary syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini aýdyp, bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljekki meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Sloweniýanyň Prezidenti ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň hem geljekki gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Sloweniýanyň baştutany Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine üns berýändigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Borut Pahor Sloweniýa Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistana gelen işewürler üçin özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda oňat mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Belent mertebeli myhman Sloweniýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegine ýardam berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Sloweniýada hem türkmen hyzmatdaşlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady. Umuman, bularyň ählisi türkmen-slowen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge oňyn täsirini ýetirer.
Prezident Borut Pahor esasy halkara meseleleriniň ençemesi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, Sloweniýanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny we başlangyçlaryny, şol sanda energiýa serişdelerini Ýewropa bazaryna ibermäge degişli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady we bu ugurda mundan beýläk-de tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Belent mertebeli myhman şu gün Aşgabatda geçirilýän gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belläp, özara bähbitli türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam etjek täze ylalaşyklaryň üstünde işlemegi dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy.
Sloweniýanyň baştutany türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, bu ugruň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Prezident Borut Pahor hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Sloweniýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Sloweniýanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilenTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahor Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüniň şu gün ýurdumyzyň Aragatanşyk ministrliginde gol çekilen “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen “Iskratel, Telekomunikacijski sistemi, d.o.o., Kranj” (Sloweniýa Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bilen ýetirilendigini bellemelidiris.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň baştutanlary “Baýram han” zalyna barýarlar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirläp, sloweniýaly kärdeşine we Sloweniýa Respublikasynyň wekiliýetine özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Prezident Borut Pahoruň Türkmenistana şu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ýokary derejedäki ilkinji resmi duşuşykdyr. Biz bu duşuşyga doly esas bilen Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda uzakmöhletleýin, ulgamlaýyn we köpugurly hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde garaýarys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Türkmen-slowen gatnaşyklaryny talaba laýyk mazmun bilen baýlaşdyrmak we olary geljekde ösdürmäge gowy itergi bermek üçin, gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu gün hyzmatdaşlygyň birnäçe ugry boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, şeýle hem söwda-ykdysady, aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.
Gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän, häzirki wagtda möhüm bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara durmuşynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da birmeňzeşdigini belledi. Bu bolsa Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň dünýä giňişliginde mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyk etmeginiň ýene-de bir möhüm şerti bolup durýar. Iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi we peýdalydygy tassyk edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Prezident Pahor bilen daşary syýasat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşylandygyny habar berdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gepleşikler Türkmenistanyň we Sloweniýanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga taýýardyklaryny görkezdi. Bu maksada ýetmegiň ýolunda biziň garaýyşlarymyz köp derejede birmeňzeşdir. Bu garaýyşlar jogapkärli we hakykata laýyk gelýän çemeleşmä, dünýä energetika giňişliginde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligini nazara almagyň zerurdygyna esaslanýar. Türkmenistan bu ugurda Sloweniýa geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, biz bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri hakynda ikitaraplaýyn esasda hem, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky energetika ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem anyk gepleşikleri geçirip başlamaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda aýdylanda bolsa, taraplaryň pikirine görä, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegi bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň hem-de Sloweniýanyň iki tarapyň hem mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmaga taýýardygyny tassyklady. Söwdada we ykdysadyýetde gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi diýip, milli Liderimiz nygtady we sloweniýaly hyzmatdaşlaryň, işewür toparlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sloweniýaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda maýa goýum we önümçilik işine işjeň gatnaşmaga çagyrandygyny aýdyp, sloweniýaly hyzmatdaşlarymyz üçin energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, syýahatçylyk, lukmançylyk we derman senagaty, oba hojalygy we azyk senagaty ýaly ugurlary geljegi aýratyn uly ugurlar hökmünde görkezdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Sloweniýa bilen özara bähbitli we uzakmöhletleýin ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmak üçin açykdygyny nygtap, ulag ulgamynda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Gündogar–Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek babatda geljegi uly bolan gowy mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Sloweniýanyň ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde bilelikde alyp barýan işleriniň depginini has-da güýçlendirip biljekdigini nygtady.
Milli Liderimiz şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň eýeleýän ornuna bagyşlanyp ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçiriljekdigini aýdyp, Sloweniýanyň wekiliýetiniň bu maslahatyň işine gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, taraplar gatnaşyklarda medeni meselelere uly üns bermek bilen, iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Sloweniýanyň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramakda birek-birege ýardam bermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri öwreniler.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Sloweniýa Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary giňeltmek babatda hem möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy. Soňky wagtda bolsa, Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösýär.
Biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýäde durnuklylygyň, öňe gitmegiň we abadançylygyň hatyrasyna sebit we halkara syýasatynyň häzirki wagtda möhüm meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Borut Pahoruň saparynyň we geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, bu gepleşikler Türkmenistan bilen Sloweniýanyň öz gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip alyp barýandyklaryny tassyklady diýip belledi. Biziň ýurtlarymyz özara gatnaşyklaryny giňeltmäge we berkitmäge çalyşýar. Bu bolsa, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahora açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Sloweniýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, gepleşikleriň netijelerini beýan etmezden öň, türkmen halkynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Belent mertebeli myhman şu saparyň Türkmenistana ilkinji saparydygyny, ýokary derejedäki duşuşygyň hem aýratyn ähmiýetiniň şunuň bilen şertlendirilendigini belläp, ýurdumyza gelip görmäge çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Borut Pahor türkmen Liderine Sloweniýa Respublikasyna özi üçin amatly islendik wagtda sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Belent mertebeli myhman gepleşikleriň netijeleri barada durup geçip, iki ýurduň gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny nygtady. Hususan-da, Sloweniýanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, taraplar bilelikdäki Hökümetara toparyny döretmek baradaky ylalaşyga geldiler. Munuň özi netijeli türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam eder.
Prezident Borut Pahor saparyň barşynda öz ýanyndaky wekiliýetiň düzüminde sloweniýaly işewürleriň Türkmenistana gelendigini belläp, Sloweniýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, şeýle hem olaryň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiziň ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ösdürmek babatdaky teklipleriniň oňyn häsiýete eýedigini nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Borut Pahor şu gepleşikleriň möhümdigini ýene-de bir gezek aýratyn belläp, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny, şol sanda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Gypjaga geldi, şol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, kümmete gül dessesini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Soňra belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Ajaýyp däbe görä, Sloweniýanyň baştutany hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Şol gün Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi. Dostlukly döwletiň baştutany bütin dünýäde şan-şöhrata eýe bolan türkmen halylarynyň ajaýyp nusgalary jemlenen bu täsin muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahoryň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär. Garaşylyşy ýaly, ertir saparyň çäklerinde Sloweniýanyň baştutany deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine baryp görer.