Ï Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň deňiz ýakasyndaky iri desgalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň deňiz ýakasyndaky iri desgalary bilen tanyşdy

view-icon 755
Şu gün Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahoryň Türkmenistana resmi sapary dowam etdi. Şonuň çäklerinde belent mertebeli myhman Türkmenbaşydaky deňiz portuna we şäherdäki uly desgalaryň birnäçesine baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sloweniýa Respublikasyngyň Prezidenti Borut Pahoryň arasynda gepleşikler üstünlikli geçirildip, uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Taryhda ilkinji gezek ýokary derejede geçirilen türkmen-slowen duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de Ýewropa Bileleşiginiň, BMG, ÝHHG ýaly iri halkara guramalarynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen düýpli ylalaşyklaryň gazanylmagy dostlukly döwletleriň söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşyladylar.

Howa menzilinden Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna bardy hem-de bu ýerde Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, ony döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan täzeden üpjün etmegiň barşy we ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmenistan deňiz arkaly ýolagçylaryň gatnadylmagynyň we ýükleriň daşalmagynyň ösdürilmegine Merkezi Aziýadaky we Hazar sebitindäki ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna dolulygyna goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty sebitde üstaşyr geçirýän iri merkeziň wezipelerini berjaý edýär. Ýakyn ýyllarda bolsa Hazaryň kenarynda ähli ölçegleri boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň” ýokary hukuk derejesine laýyk gelýän täze port dörediler.

Bu ýerde Merkezi Aziýany, Hazar sebitindäki döwletleri Zakawkazýe we Gara deňiz sebiti bilen baglanyşdyryp, Türkiýä we Ýewropanyň ýurtlaryna ýetýän täze geoykdysady giňişligiň binýadynyň tutulmagy barada gürrüň gidýär. Şeýle hem bu taslama boýunça geljekde-de Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlar ýaly iri ykdysady merkezlere çykmak üçin günorta we gündogara tarap ulag düzüminiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi has giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny aňladyp, ählumumy ykdysadyýetde, ony ösdürmegiň strategiki mümkinçiliklerine garaýyşlarda, hakykatdan-da, täzeçe çemeleşmäniň nusgasy bolup durýar.

Hazaryň gämi duralgalarynda işlenip taýýarlanýan ýükleriň möçberleri ýylsaýyn artýar, şol duralgalaryň üsti bilen, ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikasy, metal önümleri, agaç materiallary, mineral dökünler getirilýär hem-de daşary ýurtlara polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa we gurluşyk senagatynyň önümleri ugradylýar.

“2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda islendik kysymly we ýük göterijilikli gämileri kabul etmäge ukyply köpugurly gämi duralgaly täze deňiz terminallary gurlar. Degişlilikde, üstaşyr daşalýan ýükleri işläp taýýarlamak we saklamak, eksport-import amallaryny berjaý etmek üçin ammarlary bolan döwrebap logistik merkez dörediler. Şeýle hem bu ýerde deňiz gämilerini abatlamak, ýolagçylar üçin deňiz menzili we beýleki desgalar gurlar.

Soňky ýyllarda milli deňiz söwda flotuna her biriniň ýük göterijiligi 7 müň tonna bolan nebit guýulýan “Hazar”, “Summar”, “Jeýhun” we “Etrek” tankerleri, şeýle hem nebit we nebit önümlerini, dürli görnüşdäki himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen “Bitarap” atly tanker goşuldy. Has kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen gämiler Hazaryň türkmen kenarýakasynyň ugrunda ýük daşamakda ulanylýar, bular arkaly Alaja we Ekerem türkmen portlaryndan çig nebit Kenar şäherçesindäki nebit guýulýan terminala ýetirilýär, şol ýerden bu nebit Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna daşalýar. Galyberse-de, tankerler Mahaçkala (Russiýa), Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna yzygilerli ýagdaýda gatnaýar.

Deňiz portundan Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahor Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy toplumy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän “açyk gapylar” syýasaty, milli kanunçylygyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmegi -- bularyň ählisi daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy muňa aýdyň mysal bolup biler, bu ýerde Germaniýanyň, Eýranyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň iri firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap ýangyç we nebithimiýa desgalary guruldy.

Häzirki wagtda deňiz ýakasyndaky şäheriň nebithimiýaçylary dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň onlarça görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar. Bular ýokary oktanly, etillenmedik awtoulag benzinleri, uçar kerosini, gidroarassalaýyşdan geçirilen dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, tehniki çalgy ýaglarynyň ençeme görnüşleri bolup durýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sebitde suwuklandyrylan gazy eksporta has köp möçberde ugradýar, bu önümi saklamak we ugratmak üçin awtoulag, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Özara baglanyşykly tehnologik desgalaryň ulanylyşynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, şu ugurdaky iş dowam etdirilýär.

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolan mahalynda, onuň tehniki we tehnologik taýdan üpjün edilişine ýokary baha berip, Türkmenistanyň islendik ykdysadyýetiň öňdebaryjysy bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň birgiden ugurlary boýunça öňdeligi eýeleýändigini nygtady. Jenap Borut Pahor nebiti gaýtadan işleýän uly toplumyň işi bilen tanyşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Soňra Slowengiýa Respublikasynyň Baştutany üçin “Nebitçi” myhmanhanasynda deňziň kenarynda döredilýän dünýä derejeli şypahana bilen tanyşdyryş çäresi guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda halkara derejeli deňiz şypahanasyny döretmek boýunça uly möçberli taslama bolup durýar. Hazaryň türkmen kenary örän arassa deňiz suwy, ýakymly howasy, mineral çeşmeleri we bejeriji palçyklary bilen meşhurdyr. Munuň özi şypahanada dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin örän oňaýly şertleriň bardygyny görkezýär.

Bu taslama häzirki döwürdäki bazara mahsus şertlerde hojalygy netijeli ýöretmegiň we dolandyrmagyň özbaşdak türkmen nusgasynyň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi, şunda şeýle zolaklary döretmek boýunça dünýäde toplanan tejribe göz öňünde tutulýar. Hazaryň kenarýakasyny ajaýyp şypahanaly ýere öwürmek üçin bu ýerde düzümlere degişli köp milliardlyk desgalaryň toplumlary guruldy we bularyň gurluşygy dowam edýär. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şu ýerde işleýän kompaniýalar we maýadarlar üçin wiza, gümrük we salgyt babatda kadaly özboluşly ykdysady giňişligiň döredilmegi bu görlüp-eşidilmedik möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna degerli badalga berdi.

Bu ýerde syýahatçylyk zolagynyň döredilip ugralmagy dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň ep-esli möçberde çekilmeginiň hasabyna ýurdumyzyň tebigy we ykdysady taýdan örän uly kuwwatyndan peýdalanylmagyna düýpgöter täzeçe çemeleşilmegine itergi berdi. Türkmen döwletiniň taryhy ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan bu innowasion-maýa goýumly taslama dünýäniň işewür we jemgyýetçilik-syýasy toparlarynda uly seslenme döredip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Awaza ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, milli ykdysadyýetimiziň dünýädäki hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär hem-de halkara ähmiýetli möhüm duşuşyklaryň, uly forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Bary-ýogy birnäçe ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, bejeriş-sagaldyş merkezleri, çagalar üçin dynç alyş merkezleri, kottejlerden ybarat şäherjikler guruldy. Şu desgalaryň we binalaryň her birinde binagärlige mahsus bolan döwrebap milli ýörelgeler sazlaşykly utgaşdyrylýar, bular özboluşly görnüşi, bezeg çözgütleri bilen tapawutlanýar. Göwnejaý dynç almak we tomaşa etmek üçin merkezler, restoranlar we kafeler, ýaht-klublar, kinokonsert we mejlisler zallary, suwa düşülýän howuzlar, fitnes-merkezler, çagalar üçin oýun oýnalýan we sport meýdançalary we beýlekiler köpsanly dynç alýan adamlara hyzmat edýär.

Şypahana düzümini ösdürmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara howa menzili, awtoulag ýollary, kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýa, deňiz suwuny süýjetmek üçin zawod guruldy. Awazanyň çäginden 7 kilometrlik gämi gatnawly derýa çekildi. Onuň kenarlarynda dynç almak üçin seýilgähli, amfiteatrly, interaktiw suw çüwdürimli, kafeli we restoranly, deňiz ýahtalary we gezelenç edilýän gämiler üçin duralgaly abadanlaşdyrylan zolak döredilýär. Bu ýerde baýdarkalarda küreklemek we kanoelerde, gämilerde sport ýaryşlaryny geçirmek üçin düzümi döretmek göz öňünde tutuldy.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hazaryň türkmen kenarynda ilkinji gezek halkara derejeli ýaryş – windserfing boýunça 2014-nji ýylda Dünýä kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry geçirildi, munuň özi sportuň suwdaky görnüşleri boýunça abraýly halkara ýaryşlarynyň biri hasaplanýar. Professional windsörfing assosiasiýasynyň (Professional Windsurfing Association – PWA) halkara ýaryşynyň görnüşinde her ýylda guralýan bäsleşikler Türkmenistanda sportuň suwdaky gyzykly, tizlikli, töwekgelçilikli görnüşleriniň ösdürilmegine, Awazada ýahting düzüminiň döredilmegine we gämiçileriň klublarynyň halkara ulgamyna goşulyşmagyna badalga berdi.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda Hazarýaka sebitinde ekologiýa, etnografiýa, sport syýahatçylygynyň ösdürilmeginiň geljegine aýratyn üns berildi. Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – Balkanabat şäheriniň ýanynda palçyk bilen bejerilýän täsin “Mollagara” şypahanasy işleýär, geçen ýylda bu ýerde halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap şypahana toplumy açyldy.

Hazaryň günorta-gündogar kenarýakasyndaky deňiz aýlaglary we ulanylýan suwly-batgalyk ýerler halkara Ramsar konwensiýasynyň özboluşly sanawyna goşuldy. Güýzüne ördekleriň, guwlaryň, gyzylinjikleriň we beýleki guşlaryň ýüzlerçe müňüsi “Hazar” döwlet goraghanasynyň çäginde gyşlamaga galýar. Munuň özi Hazaryň türkmen böleginiň ekologiýa taýdan oňaýlydygyny äşgär edýän ýene-de bir görkezijidir.

Balkan welaýatynyň çäginde dürli howa şertlerine, köp görnüşli tebigy aýratynlyklara duş gelmek bolýandygyny bellemeli. Bu künjek syýahatçylygy, şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Gadymy döwürlerden bäri dermanlyk çeşmesi bilen belli bolan Garşy diýlen ýer günbatar sebitiň tebigy ajaýyplyklarynyň biridir. Bu ýerleriniň tebigy aýratynlygy, arassa deňiz howasy we bejerijilik hjsiýeti bolan suwy adam saglygyny dikeltmek we birnäçe keselleri bejermek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.

Ýurduň sagaldyş-dynç alyş serişdeleriniň doly herekete girizilmegi, şypahana ulgamynyň täze derejede ösdürilmegi möhüm umumymilli wezipe bolup durýar. Olaryň oňyn çözgüdi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň derejesini we netijeliligini ýokarlandyrýar, iň esasy bolsa ynsanlaryň saglygynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Tanyşdyryş çäresi Sloweniýanyň wekiliýetiniň agzalarynda uly gyzyklanma döretdi, olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde durmuşa geçirilýän iri möçberli taslama ýokary baha berip, onuň üstünlige getirjekdigine we örän oňaýly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar.

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistana resmi saparyň taraplaryň özara hoşmeýilliligine we döwletara gatnaşyklaryny özara bähbitlere laýyk gelýän düýpgöter täze derejä çykarmak arkaly, dostlukly iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdi.

* * *

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde Türkmenistanyň käbir misnitrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary Sloweniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, şol duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýumlaryna degişli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borud Pahoryň arasyndaky gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň bellenilen esasy ugurlary bilen baglylykda, şu günki duşuşyga gatnaşyjylar energetika ulgamy, elektronika we elektrotehnika, agajy gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy, azyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işleýän pudak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly ugurlar boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyga iki ýurduň telekeçilerini işjeň çekmegiň möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellenildi.

Sloweniýanyň wekiliýetiniň agzalary ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň artykmaçylyklary barada aýdyp, iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň Türkmenistan we Sloweniýa üçin Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde möhüm ähmiýetli mümkinçiligi döredýändigi baradaky pikiri oňladylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar taraplaryň iki ýurduň we halklaryň bähbitleri üçin netijeli döwletara gatnaşygyny pugtalandyrmaga we giň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.